Gümrük resminamalarynda maglumatlary mälim etmek hem-de gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan klassifikatorlary tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 154 belgili buýrugy

Gümrük resminamalarynda maglumatlary mälim etmek hem-de gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan klassifikatorlary tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýyndaky 64 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň Tertibine» hem-de 2019-njy ýylyň 5-nji dekabryndaky 142 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Yük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň Tertibine» laýyklykda, gümrük resminamalarynda maglumatlary mälim etmek hem-de giimrük maksatlary üçin peýdalanýan klassifikatorlaiy tassyklamak maksady bilen, buýurýaryn:

l. Gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan şu klassifikatorlary tassyklamaly:

Gümrük düzgünleriniň klassifikatory (1-nji goşundy);

Harytlaryň deklarirlenilmeginiň aýratynlyklarynyň klassifikatory (2-nji goşundy);

Ykdysady bileleşikleriň we birleşikleriň klassifikatory (3-nji goşundy);

Ibermegiň şertleriniň klassifikatory (4-nji goşundy);

Geleşigiň häsiýetiniň klassifikatory (5-nji goşundy);

Ulaglaryň we harytlary ulagly daşamagyň görnüşleriniň klassifikatory (6-njy goşundy);

Halkara daşamalaryň ulag serişdeleriniň görnüşleriniň klassifikatory (7-nji goşundy);

Yüküň, gaplaryň we gaplama materiallarynyň görnüşleriniň klassifikatory (8-nji goşundy);

Gümrük töleglerini tölemek boýunça ýeňillikleriň klassifikatory (9-njy goşundy);

Harytlaryň geçirilmeginiň aýratynlyklarynyň klassifikatory (10-njy goşundy);

Gümrük taýdan resmileşdirmek mahalynda ulanylýan resminamalaryň görnüşleriniň klassifikatory (11-nji goşundy);

Gümrük bahasynyň kesgitlemegiň usullarynyň klassifikatory (12-nji goşundy);

Töledip alynmagy gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen gümrük we beýleki tölegleriň görnüşleriniň klassifikatory (13-nji goşundy);

Töledip alynmagy gümrük edaralarynyň üsttine ýüklenilen gümrük we beýleki tölegleri tölemegiň usullarynyň klassifikator (14-nji goşundy);

Gümrük tölegleriniň tölenilmeginiň üpjün edilmeginiň görnüşleriniň klassifikatory (15-nji goşundy);

Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça çäreleriň klassifikatory (16-njy goşundy);

Awtomobil ýol ulag serişdeleriniň kysymlarynyň klassifikatory (17-njy goşundy).

2. Şu buýruk 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

3. Şu buýrugy gümrük resmileşdirmesi bilen bagly işleri alyp baiyan işgärleriň dykgatyna ýetirmeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Gullugyň başlygynyň orunbasarlaiy we gümrükhanalaryň başlyklary gözegçilik etmeli.

Gullugyň başlygy maýor                    M.Hudaýkulyýew

Attachments

Klassifikatorlar
Download