GÜMRÜK TÖLEG RESMINAMASYNY DOLDURMAGYŇ TERTIBI

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda 1353 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykaran 68-nji buýrugy

Gümrük töleg resminamasyny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky taslamalaýyn Ylalaşygy baglaşmagy hakynda»  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 23‑nji sentýabrynda çykaran 14961-nji karary esasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ornaşdyrylýan gümrük maglumat ulgamyna laýyk getirmek maksady bilen,

B U Ý U R Ý A R Y N

1. Gümrük töleg resminamasyny doldurmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2009-njy ýylyň 12-nji fewralynda 480 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Gümrük töleg resminamasyny doldurmagyň we ulanmagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2009-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran 17 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň birinji we ikinji böleklerini 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizmeli.

4. Şu buýrugy Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ýerine ýetirmek üçin ibermeli.

5. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarlary we gümrükhanalaryň başlyklary gözegçilik etmeli.

Gullugyň başlygy                                              M.Hudaýkulyýew

Attachments

GTR tertip TM
Download