Customs Service News

 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hünärmeni bilen duşuşyk geçirildi
20 Sen
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hünärmeni bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hünärmeni Romeş Pol bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda gümrük statistikasy bilen bagly maglumatlaryň taýýarlanylyşy we olaryň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MORE
Hasabatlylyk ýygnanyşygy
27 Aug
Hasabatlylyk ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 27-nji awgustynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi. Onda ýurdumyzyň gümrük edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylan işleriň netijelerine garaldy. Ýygnanyşygyň barşynda Gullugyň başlygynyň gol çeken buýrugyna laýyklykda işinde has tapawutlanan harby gullukçylara Bitarap Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşandy hem-de döwletimiziň çäklerine gadagan edilen harytlaryň getirilmeginiň öňüni almakda bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirildi. Ýygnanyşygyň jemi jemlenende oňa gatnaşyjylar...

MORE
Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň gazanan ýeňişi
9 Jul
Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň gazanan ýeňişi

Şu ýylyň 25-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçirilen türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary Agamyrat Orazsähedow, Gülnar Haýtbaýewa, Zöhre Mädreýimowa üstünlikli çykyş edip, birinji orunlara mynasyp boldular. Harby gullukçylarymyz sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşda jemi 8 medaly (7 altyn we 1 kümüş) gazanmagy başardylar.  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda alty aýyň j...

MORE
Alty aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk
9 Jul
Alty aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2016-njy ýylyň 9-njy iýulynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda 2016-njy ýylyň geçen alty aýynda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Gün tertibine laýyklykda Gümrükhanalaryň we degişli gümrük postlarynyň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.  Ýygnanyşygyň barşynda işinde oňat netijeleri görkezen harby gullukçylara Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulamalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
2 Jul
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň harby-watançylyk terbiýesini güýçlendirmek we hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Mähriban halkymyzyň asuda durmuşynyň goragynda berk duran harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şol sand...

MORE
 Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad şäherine iş sapary
2 Jul
Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad şäherine iş sapary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy kapitan M.Kakalyýew Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad şäherinde 2016-njy ýylyň 28-nji iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda “Strategiki harytlaryň söwdasyna gözegçiligiň çäreleri babatynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 (2004) kararnamasynyň meseleleri boýunça aragatnaşyk nokatlary” ady bilen geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy.

MORE