News

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2 Jul
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi.



Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň ygtybarly goragyny, milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwletimizde we jemgyýetimizde durnuklylygy saklamak maksady bilen degişli düzümler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylan çäreler barada habar berildi.



Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Milli goşunymyzyň kuwwatyny we goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem bu edaralaryň şahsy düzümleriniň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.



Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we goranyş häsiýetine eýe bolan harby-syýasy strategiýasynyň Watanymyzyň diňe bir tutuş dünýäde howpsuzlyga hem-de parahatçylyga pugta ygrarlydygyny äşgär etmän, eýsem, öz bähbitlerini goramaga we saklamaga gyzyklanmasyny alamatlandyrýandygyny belledi. Milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.



Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, biz döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris diýip belledi.



Soňra hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, döwletimiziň harby gullukçylar, olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada etjekdigini aýtdy. Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Watana halal gulluk edip uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirýäris we bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis. Döwletimiz harby gullukçylarymyz barada hemişe alada eder diýip, milli Liderimiz nygtady.



Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşanlara jan saglyk we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.