News

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
25 Jul
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.



Milli Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet Pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.



Döwlet Baştutanymyz her bir musulmanyň durmuşynda şanly waka bolan we yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan bu ajaýyp senäniň möhümdigini belläp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda hem-de Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň ýetilen derejesine ýokary baha berip, strategiki hyzmatdaşlyga, gadymdan bäri mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýän doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.



Bellenilişi ýaly, köpýyllyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi köp babatda bähbitleriň umumylygy hem-de ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bilen şertlendirilendir.



Söhbetdeşler däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de, köptaraplaýyn görnüşde — iri halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk edýän GDA-nyň çäklerinde işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler.



Telefon gürrüňdeşliginiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şeýle hem dünýä meseleleriniň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alşyp, gün tertibiniň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.



Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýetilen ýokary derejesiniň geljekde hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.



Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli Liderimiz özbek kärdeşini doglan güni bilen ýene bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.