News

Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak hukuklary
25 Dec
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak hukuklary

Garaşsyzlygyň 25 ýylynyň dowamynda dünýäniň batly ösýän döwletleriniň hatarynda pugta ykrar edilen Türkmenistanda raýatlaryň syýasy hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, hukuk döwletini kämilleşdirmäge, demokratik prosesleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan raýat jemgyýetini has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleriň esasy wezipesidir.

Hormatly Prezidentimiziň her bir raýatyň asuda we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ösüşiň täze tapgyrynda yglan eden belent özgertmeleriniň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmek maksady bi¬len, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Yaşulularynyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunyň adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary baradaky bölüminiň kadalarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleriniň we toplanan milli tejribeleriň nazara alnyp kämilleşdirilendigini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň “Saýlaw ulgamy, sala salşyk” atly V bölüminde degişli düzgünleriň beýan edilendigini bellemek zerur.

Saýlawlar döwletiň syýasy durmuşynda aýratyn orny eýeleýär, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň esasy guraly bolup durýar. Demokratik saýlawlar – bu raýatlaryň erk-islegini gönüden-göni we erkin beýan etmeginiň milli kanunçylyga laýyklykda geçirilýän görnüşidir.

Türkmen halkynyň durmuşynda saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Wezipeli adamlar saýlanylanda adalatlylyk, açyklyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanypdyrlar. Pederlerimiz tarapyndan goldanylan halkyň erkin saýlamaga hukugyna eýeren kadalary türkmen jemgyýetçilik durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Döwlete dahylly ýa-da beýleki meseleler babatda geçirilýän maslahatlarda her bir çözgüt diňe saýlaw arkaly halkyň erk-isleginiň esasynda kabul edilipdir.

Türkmen halky öz ýurduny dolandyrmak üçin wezipeli adamlary saýlanynda haýsy demokratik ýörelgelere esaslanypdyr? Olar muny, ozaly bilen, dalaşgäri açyk ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak, geňeşmek we ses bermek bilen baglanyşykly demokratik ýörelgelere goldanmak arkaly amala aşyrypdyrlar. Netijede, il içinde uly abraýa, hormata we ynama eýe bolan giň dünýägaraýyşly adamlar wezipeli orunlara saýlanypdyrlar.

Munuň özi türkmen halkynyň esaslanan demokratik ýörelgeleriniň taryhylygynyň aýdyň mysalydyr. Olar ata-babalarymyzyň mirasy hökmünde Watanymyzyň mundan beýläk hem özgerdilmegine hyzmat etmäge gönükdirilendir.