News

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
21 Mar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji marty. Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi ajaýyp şadyýan dabaralar bilen garşyladylar. Milli öwüşginli folklor – etnografik çykyşlar gadymy däpleriň äheňindäki sahnalaşdyrmalar, bize asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten milli lybaslar, aýdym-sazlar we tanslar tebigatyň ýazky oýanyşynyň hem-de janlanmasynyň hormatyna bu gadymy baýramçylygyň çuňňur özboluşlylygyny ýüze çykardy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bellenilýän Nowruz ajaýyp däpleriň, milli medeniýetiň nesilden-nesle geçijiligini şöhlelendirip, öz ähli durkun...

MORE
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşliginden
20 Mar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşliginden

2016-njy ýylyň 20-nji martynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.  Bellenip geçilişi ýaly, geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi.  Mohammad Aşraf...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
19 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 19-njy marty. Ýurdumyzyň şu güni möhüm waka—eziz Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk ýowaryna beslendi. Bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nobatdaky çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar. Milli Liderimiz mähriban topragymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine zähmet çekmegiň belent nusgasyny görkezmek bilen, şeýle çärelere yzygiderli gatnaşýar. Ählihalk ýowaryna gatnaşmak üçin irden köpsanly ýowara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çäginde—il arasynda Paryzdepe diýlip tanalýan gadymy taryhy ýadygärligiň ýanyna ge...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary
17 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary

2016-njy ýylyň 16-njy marty irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady.  Saparyň birinji gününde özara düşünişmek, ynanyşmak we işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda deňhukukly we özara peýdaly ýörelgelere daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ozal gazanylan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berip, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, türkmen-pakistan hyzmtadaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.  Tarap...

MORE
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
12 Mar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer DIM-niň alyp barýan işleri, 16–17-nji martda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän ta...

MORE
 Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
11 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyp, ony mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Oýunlara taýýarlyk görmek meselelerine yzygider...

MORE