Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar. 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, häzirki wagtda milli tejribelere esaslanyp, halkara hukugynda umumy ykrar edilen ýörelgelerinden we binýatlyk düzgünlerinden ugur alyp gümrük kanunçylyklaryny döwrebaplaşdyrýar hem-de iň kämil derejelerde gümrük edaralarynyň desgalaryny täzelemek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmek, döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen online görnüşinde elektron gümrük işini amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýar. Gullugyň düzümine merkezi edarasy, onuň ýanyndaky Okuw merkezi, welaýat we welaýat hukukly şäher gümrükhanalary, olaryň Türkmenistanyň çäklerindäki we döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük postlary, gümrük gullugynyň beýleki edaralary girýär.Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy 6 sany gümrükhanadan we 49 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr. Gümrük postlarynyň ýerleşýän ýeriniň iş aýratynlyklaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlara gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmeler Aşgabat şäher we Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary welaýat gümrükhanalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistan Bütindünýä Gümrük Guramasynyň agzasydyr.