Bildirişler

Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça harytlary daşamak bilen bagly täze kadalar

Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyrylýar. Bu ulgamyň T1/T2 üstaşyr moduly häzirki wagtda doly işe girizildi. Şunuň bilen baglylykda, agzalan üstaşyr modulynyň üsti bilen Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri awtomatlaşdyrylan usulda gümrük taýdan resmileşdirilip, gümrük üstaşyry gümrük amalyna ýerleşdiriler. Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda gümrük dellallarynyň işi ýola goýlan we ýük daşaýjylar gümrük dellallarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Türkmenistanyň gümrük...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hyzmatdaşlyga çagyrýar!

Harytlary we ulag serişdelerini serhetýaka gümrük postlarynda deklarirlemegiň synag taslamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gümrük dellallaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bildirilýän talaplar barada goşmaça maglumatlar bilen tanyşdyrmak we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyzyklanýan taraplar 2019-njy ýylyň 5-nji martynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda kabul edişlige çagyrylýar.

DOWAMY
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli: 1) 73-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly: «731-nji madda. Gümrük işi babatda hukuk bozulmalarynyň amala aşyrylan halatynda harytlary wagtlaýyn saklamagyň...

DOWAMY