Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlary babatda ýörite gümrük düzgünini ulanmagyň tertibi hakynda  DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent 
Serkerdebaşysynyň 
2014-nji ýylyň 2-nji iýunynda çykaran 13683-nji 
karary bilen tassyklandy 

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlary babatda ýörite gümrük düzgünini ulanmagyň tertibi hakynda 
DÜZGÜNNAMA

I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny (mundan beýläk-Aziýa oýunlary) guramak we geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilmegi boýunça Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda Aziýa oýunlaryndan öň geçirilýän synag ýaryşlaryny, çärelerini guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlaryny (mundan beýläk-Harytlar) ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertlerini hem-de ýörite gümrük düzgüniniň talaplaryny kesgitleýär.

2. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet tarapyndan, bellenen tertipde ylalaşylyp, tassyklanýan sanawda görkezilen şahslar Harytlary ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmäge hukuklydyr.

3. Harytlar gümrük paçlary, salgytlar tölenmezden we olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan, şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan tertipde ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilýär.

4. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilende Harytlar üçin gümrük ýygymlary we gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegler tölenilmeýär.

5. Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilende türkmen harytlarynyň statusyna eýe bolmaýar.

II. Harytlary ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

6. Ýörite gümrük düzgüni Harytlar babatda, olar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçenden soň, gümrük düzgünine ilkinji gezek ýerleşdirilende ulanylýar. Ýörite gümrük düzgüni öň wagtlaýyn getirmek, gümrük ammary hem-de başga ýörite gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen harytlar babatynda, eger olar Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenen halatynda, ulanylyp bilner.

7. Ýörite gümrük düzgünine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlar hem-de goşmaça töleg (aksiz) bellenen harytlar ýerleşdirilmeýär, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynyň 8703 haryt pozisiýasynyň ulag serişdeleri muňa degişli däldir.

8. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilýän Harytlaryň deklaranty bolup, Harytlaryny ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmäge we Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 77-nji maddasyna laýyklykda deklarant hökmünde çykyş etmäge hukugy bolan şahslar çykyş edýär

9. Sport we duýduryş ýaragy, onuň düzüm bölekleri we komponentleri hem-de ok-därileri ýörite gümrük düzgünine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýaragy Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirmäge rugsatnama alan sport türgenleri ýa-da sport toparlarynyň wekilleri tarapyndan ýerleşdirilýär.

10. Harytlaryň ýörite gümrük düzgüninde bolmak möhleti, deklarant tarapyndan mälim edilen olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň çak edilýän möhletinden ugur alnyp, gümrük edarasy tarapyndan bellenilýär.

d) eger deklarirlenilýän Harytlar babatda daşary ykdysady geleşik baglaşylan bolsa, şeýle geleşigiň baglaşylandygyny tassyklaýan resminamalar;

Harytlaryň ýörite gümrük düzgüninde bolmagynyň gümrük edarasy tarapyndan bellenen möhleti, deklarantyň esaslandyrylan arzasy boýunça Harytlaryň ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen gümrük edarasy ýa-da bu gümrük düzgüniniň tamamlanýan gümrük edarasy tarapyndan uzaldylýar.

Bellenen möhlet tamamlanandan soň berlen deklarantyň esaslandyrylan arzasy boýunça möhletiň uzaldylan ýagdaýynda, Harytlaryň ýörite gümrük düzgüninde bolmak möhleti ilkibaşdaky bellenen möhletiň tamamlanan gününden başlap uzaldylan hasap edilýär.

11. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynyň 8703 haryt pozisiýasynyň ulag serişdeleriniň ýörite gümrük düzgüninde bolmagynyň aňryçäk möhleti olaryň ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününiň yzyndan gelýän günden başlap, bir ýyldan artyk bolup bilmez.

12. Şu Düzgünnamanyň 10-njy we 11-nji bölümlerine garamazdan ýörite gümrük düzgüni 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli tamamlanmalydyr.

13. Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilýän mahaly, gümrük edarasyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan bellenen görnüşde we tertipde gümrük deklarasiýasy berilýär.

14. Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilýän mahaly we ýörite gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanýan mahaly, olary deklarirlemek gümrük deklarasiýasyny resmileşdirmäge ygtyýarly edilen Türkmenistanyň islendik gümrük edarasynda amala aşyrylýar, harytlaryň aýratyn görnüşlerini resmileşdirmäge ýöriteleşdirilen gümrük edaralary muňa degişli däldir.

15. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilýän Harytlary kybaplamak maksady bilen, gümrük edaralary deklarant tarapyndan berilýän gümrük, ulag (daşaýyş), täjirçilik we (ýa-da) başga resminamalary ulanýar.

III. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlary peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge çäklendirmeler

16. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlar Türkmenistanyň çäklerinde diňe Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek maksatlary üçin ulanylyp bilner.

17. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlary ýerlenilmegini ýa-da başga usul bilen aýrybaşgalanmagyny goşmak bilen, haýsydyr bir täjirçilik işi üçin ulanmaga, olaryň kärendesine berilmegine we şol Harytlaryň ulanylmagy bilen tölegli hyzmatlaryň edilmegine ýol berilmeýär.

Deklarant Harytlaryny ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmäge hukugy bolan başga şahslara Harytlary kärendesine berip biler we şol Harytlaryň ulanylmagy bilen tölegli hyzmatlary edip biler.

18. Deklarant tarapyndan ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlaryň şu Düzgünnamanyň 17-nji bölüminiň talaplary berjaý edilen şertinde, şeýle hem ýörite gümrük düzgüniniň talaplaryny we şertlerini berjaý etmek boýunça borçnamalaryň deklarantda galýan şertinde, eýelik etmegi we (ýa-da) peýdalanmagy üçin başga şahsa geçirilmegine ýol berilýär.

19. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen sport öwseleleri, sport egin-eşigi we esbaplary, iýmit önümleri, derman serişdeleri, sport we duýduryş ýaragynyň oklary we başga sarp edilýän Harytlar özleriniň adaty niýetlenişine görä sarp edilip, harç edilip we ulanylyp bilner.

20. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlar, eger harydyň bir birliginiň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary geçmeýän bolsa, umumy bahasy 2000 (iki müň) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary geçmeýän mukdarda, mahabat, marketing we başga täjirçilik däl maksatlar üçin mugt paýlanylyp bilner.

21. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlar Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin ulanylandan soň Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň eýeçiligine bellenen tertipde muzdsuz berlip bilner. Harytlaryň Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin ulanylandan soň, görkezilenlerden başga şahslaryň eýeçiligine berilmegine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli çözgüdi bolan ýagdaýynda ýol berilýär.

IV. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy

22. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketi, Harytlaryň ýörite gümrük düzgüninde bolmagynyň bellenen möhletiniň gutarmagyna çenli olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi bilen, talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilmegi boýunça başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen, şu Düzgünnamanyň 24-27-nji bölümlerinde görkezilen Harytlar babatda bolsa, şol bölümlerde göz öňünde tutulan hereketleriň amala aşyrylmagy bilen tamamlanýar.

23. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketi bu gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi bilen tamamlananda, deklarant gümrük edarasyna Harytlaryň gümrük deklarasiýasyny berýär.

24. Sport öwseleleri, sport egin-eşigi we esbaplary, iýmit önümleri, derman serişdeleri, sport we duýduryş ýaragynyň oklary, harç edilýän we sarp edilýän materiallar, harç edilen, doly sarp edilen ýa-da mundan beýläk adaty niýetlenilişine görä ulanmak üçin ýaramsyz ýagdaýda bolan Harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi, Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän (mundan beýläk – alnyp gidilýän) Harytlaryň gümrük deklarasiýasy (Harytlaryň alnyp gidilýän ýagdaýynda) bilen bir wagtda, harç edilen, sarp edilen ýa-da ulanmak üçin ýaramsyz bolan Harytlaryň atlaryny, mukdaryny, bahalaryny görkezmek bilen, olaryň sanawy beýan edilen, şeýle hem Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda olar babatda resmileşdirilen gümrük deklarasiýalarynyň belgileri görkezilen deklarantyň arzasynyň gümrük edarasyna berilmegi bilen tamamlanýar.

25. Bir birliginiň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollaryna barabar möçberden, umumy bahasy 2000 (iki müň) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary bolmadyk mugt paýlanylan Harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi, alnyp gidilýän Harytlaryň gümrük deklarasiýasy (Harytlaryň alnyp gidilýän ýagdaýynda) bilen bir wagtda, mugt paýlanylan Harytlaryň atlaryny, mukdaryny, bahalaryny görkezmek bilen, olaryň sanawy beýan edilen, şeýle hem Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda olar babatda resmileşdirilen gümrük deklarasiýalarynyň belgileri görkezilen deklarantyň arzasynyň gümrük edarasyna berilmegi bilen tamamlanýar.

26. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça başga şahslaryň eýeçiligine muzdsuz berlen Harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi, alnyp gidilýän Harytlaryň gümrük deklarasiýasy (Harytlaryň alnyp gidilýän ýagdaýynda) bilen bir wagtda, muzdsuz berlen Harytlaryň atlaryny, mukdaryny, bahalaryny görkezmek bilen, olaryň sanawy beýan edilen, şeýle hem Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda olar babatda resmileşdirilen gümrük deklarasiýalarynyň belgileri görkezilen deklarantyň arzasynyň, şeýle hem Harytlaryň görkezilen şahslaryň eýeçiligine berlendigini tassyklaýan resminamanyň gümrük edarasyna berilmegi bilen tamamlanýar.

27. Heläkçiligiň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da tebigy azalma netijesinde, şeýle hem ogurlyk ýa-da Harytlary ýörite gümrük düzgünine ýerleşdiren şahslaryň hereketine bagly bolmadyk başga garaşylmadyk ýagdaýlaryň netijesinde ýok edilen ýa-da ýitirilen Harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi:

1) Harytlaryň umumy bahasy 2000 (iki müň) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary geçmeýän bolsa, alnyp gidilýän Harytlaryň gümrük deklarasiýasy (Harytlaryň alnyp gidilýän ýagdaýynda) bilen bir wagtda, ýok edilen we (ýa-da) ýitirilen Harytlaryň atlaryny, mukdaryny, bahalaryny görkezmek bilen, olaryň sanawy beýan edilen, şeýle hem Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda olar babatda resmileşdirilen gümrük deklarasiýalarynyň belgileri görkezilen deklarantyň arzasynyň gümrük edarasyna berilmegi bilen;

2) Harytlaryň umumy bahasy 2000 (iki müň) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary bolsa, alnyp gidilýän Harytlaryň gümrük deklarasiýasy (Harytlaryň alnyp gidilýän ýagdaýynda) bilen bir wagtda, ýok edilen we (ýa-da) ýitirilen Harytlaryň atlaryny, mukdaryny, bahalaryny görkezmek bilen, olaryň sanawy beýan edilen, Harytlar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda olar babatda resmileşdirilen gümrük deklarasiýalarynyň belgileri görkezilen deklarantyň arzasynyň, şeýle hem degişliligine görä, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ýa-da Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýa-da Türkmenistanyň Söwda - senagat edarasynyň çäk boýunça degişli edarasynyň harytlaryň ýok edilmegine we (ýa-da) ýitirilmegine getiren ýagdaýy tassyklaýan namasynyň gümrük edarasyna berilmegi bilen tamamlanýar.

28. Şu Düzgünnamanyň 23-27-nji bölümlerinde görkezilen harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi şeýle harytlary başga gümrük düzgünine ýerleşdirmezden tamamlanýar.

Şu Düzgünnamanyň 24-27-nji bölümlerinde görkezilen harytlar babatda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi tamamlananda, şol harytlar boýunça gümrük deklarasiýasynyň berilmegi talap edilmeýär. Şu Düzgünnamanyň 24-27-nji bölümlerine laýyklykda ýörite gümrük düzgüniniň hereketi tamamlanandan soň, görkezilen harytlar gümrük gözegçiligi astynda bolmaýan diýlip hasap edilýär.

29. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi, olaryň başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi ýa-da olar bilen Şu Düzgünnamanyň 24-27-nji bölümlerinde göz öňünde tutulan hereketleriň geçirilmegi bir ýa-da birnäçe haryt tapgyrlary esasynda amala aşyrylýar.

30. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketi tamamlananda, Harytlary kybaplamak maksady bilen, gümrük edaralary deklarant tarapyndan berilýän gümrük, ulag (daşaýyş), täjirçilik we (ýa-da) başga resminamalary ulanýar.

V. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketiniň Harytlaryň erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen tamamlanmagy

31. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketiniň Harytlaryň erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen tamamlananda, getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberleri, harytlaryň gümrük bahasy we (ýa-da) olaryň fiziki häsiýetnamasy (mukdary, agramy ýa-da beýleki häsiýetnamasy), erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin berlen gümrük deklarasiýasynyň gümrük edarasy tarapyndan bellige alnan gününe görä, olar şol gün Türkmenistanyň gümrük çägine getirilendäkisi ýaly ýa-da deklarantyň saýlap almagy boýunça, Harytlary ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin berlen gümrük deklarasiýasynyň gümrük edarasy tarapyndan bellige alnan gününe görä kesgitlenilýär.

32. Erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirilýän Harytlara erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin berlen gümrük deklarasiýasynyň gümrük edarasy tarapyndan bellige alnan gününde hereket edýän ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýar.

33. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketiniň Harytlaryň erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen tamamlanmagy, Harytlary gümrük edarasyna hakykatda görkezmezden amala aşyrylyp bilner.

34. Ýörite gümrük düzgüniniň hereketi Harytlaryň erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen tamamlananda, gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça, ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen Harytlaryň hakykatda ýerleşýän ýeri hakyndaky, şeýle hem olaryň Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin ulanylandygy hakyndaky resminamalar we maglumatlar berilýär.

VI. Jemleýji düzgünler

35. Şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminde bellenilen möhlet geçenden soň, özleri babatda ýörite gümrük düzgüni tamamlanmadyk Harytlara ygtyýarlyk etmek Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 39-njy babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

36. Harytlary ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmek bilen bagly şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.