Gümrük gözegçiligi

Harytlaryň içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bagly gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibi

Harytlaryň içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bagly gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibi (Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 30-njy dekabrynda çykaran 159-njy buýrugy bilen tassyklanyldy) I bap. Umumy düzgünler 1. Harytlaryň içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bagly gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 9-njy babyna we 16-njy babynyň 3-nji paragraf...

DOWAMY
Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibi hem-de olar üçin talaplar

Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibi hem-de olar üçin talaplar   (Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda çykaran 153 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy)   I bap. Umumy düzgünler 1. Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibi hem-de olar üçin talaplar (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 311-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we gümrük gözegçiligi zolaklaryny (mundan beýläk - GGZ-leri) döretmegiň, belgilemegiň hem-de ýatyrmagyň ter...

DOWAMY
Gümrük resminamalarynda maglumatlary mälim etmek hem-de gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan klassifikatorlary tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 154 belgili buýrugy Gümrük resminamalarynda maglumatlary mälim etmek hem-de gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan klassifikatorlary tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýyndaky 64 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň Tertibine» hem-de 2019-njy ýylyň 5-nji dekabryndaky 142 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Yük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň Tertibine» laýyklykda, gümrük resminamalarynda maglumatlary mäli...

DOWAMY
Ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda 1285 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran 142 belgili buýrugy Ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini tassyklamak barada Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 75-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda we «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagy düzgünleşdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, BUÝURÝARYN: 1. Ýük gümrük...

DOWAMY
Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi

24.07.2019 ý. herekete girýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy   Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi I bap. Umumy düzgünler 1. Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 46-njy maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine (mundan beýläk - gümrük üstaşyry) ýerleşdirilen mahalynda şu Tertibiň goşundysynda bellenile...

DOWAMY
Harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri hem-de ol gümrük düzgünini ulanmagyň we tamamlamagyň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 114 belgili buýrugy bilen tassyklandy (Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 25-nji dekabrynda 1180 san bilen bellige alnan) Harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri hem-de ol gümrük düzgünini ulanmagyň we tamamlamagyň Tertibi   I bap. Umumy düzgünler          1. Harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri hem-de ol gümrük düzgünini ulanmagyň we tamamlamagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip...

DOWAMY
Gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemegiň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 28-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan (Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 4-nji maýynda 1136 san bilen bellige alnan) Gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemegiň Tertibi I. Umumy düzgünler 1.  Gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmeni...

DOWAMY
Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän şahslaryň gümrük serhedinden geçirýän harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmegiň TERTIBI

Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 13-nji martynda çykaran №27/68/89/iş belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklandy. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde 1132 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän şahslaryň gümrük serhedinden geçirýän harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi I. Umumy düzgünler 1. Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän şahslaryň gümrük serhedinden geçir...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň buýrugy bilen Harytlar demir ýol ulag serişdelerinde daşalanda içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhleti bellenildi

Harytlar demir ýol ulag serişdelerinde daşalanda içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhletini içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan gününden şu aýratyn halatlarda ýigrimi gün diýip bellenildi: harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende, serhetleşýän goňşy döwletiň kabul edip ýetişmeýändigi ýa-da deňiz gämileriniň daşap ýetişmeýändigi sebäpli demir ýol ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň serhetýaka demir ýol bekedinde kadadan artyk toplanan ýagdaýlarynda; harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende, ýük alyjynyň düşürip ýetişmeýändigi sebäpli, demir ýol ulag serişdeleri...

DOWAMY
Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda çykaran 638/197-Ö/275 belgili buýrugy bilen tassyklandy   Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň Tertibi I. Umumy düzgünler          1. Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksi...

DOWAMY
Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň SANAWY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralyndaky 14594-nji karary bilen Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawy tassyklandy. Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň sanawy I.    Uglewodorod önümleri -    Çig nebit we nebit önümleri -    Tebigy gaz -    Suwuklandyrylan gaz -    Gaz kondensaty -    Polietilen -    Polipropilen II.    Oba hojalyk önümleri -    Pagta we pagta süýümi -    Bugdaý...

DOWAMY
Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 7-nji maýynda çykaran № 250 buýrugy bilen tassyklanyldy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 17-nji maýynda 644 san bilen bellige alyndy. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama (Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2013-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2013-nji ýylyň 1-nji awgustynda 698 san bilen bellige alnan) I. Umumy düzgünler 1. Şu Düzgünnama, Türkmenistanyň Gümrük kodeks...

DOWAMY
Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüni hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 13-nji iýunyndaky 330 belgili buýrugy bilen tassyklandy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 26-nji iýunynda 650 san bilen bellige alyndy. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama I. Umumy düzgünler 1. Şu Düzgünnama, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 160-165-nji maddalaryna laýyklykda taýýarlandy we Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolan harytlary wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň we olara gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär. 2. Wagtl...

DOWAMY
Paçsyz söwda dükanlary hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet  gümrük gullugynyň başlygynyň 2010-njy ýylyň  29-njy dekabrynda çykaran № 522 buýrugy bilen tassyklanyldy  Paçsyz söwda dükanlary hakynda düzgünnama I. Umumy düzgünler 1. Şu Düzgünnama, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna esaslanýar we paçsyz söwda dükanlarynda we beýleki paçsyz söwda nokatlarynda (mundan beýläk-paçsyz söwda dükanlary) harytlary ýerleşdirmegiň we olary hasaba almagyň tertibini belleýär. 2. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler: paçsyz söwda-Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen daşary ýurt harytlarynyň ýa-da türkmen ha...

DOWAMY
Okuw esbaplaryny Türkmenistanyň gümrük serherinden geçirmegiň tertibi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 2010-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 46/94 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanyldy. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 15-nji martynda 517 san bilen bellige alyndy. Okuw esbaplaryny Türkmenistanyň gümrük serherinden geçirmegiň tertibi 1. Şu Tertip Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, «Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we okuw esbaplaryny (depderler, umumy depderler, okuwcy gündelikle...

DOWAMY
Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 31-nji martynda çykaran 204-nji buýrugy bilen tassyklanyldy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen ylalaşyldy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 16-njy aprelinde 640 san bilen bellige alyndy. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň tertibi I. Umumy düzgünler 1. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk-Terti...

DOWAMY
Gümrük gözegçiligine degişli harytlary wagtlaýyn saklamagyň tertibi hakyndaky Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2009-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 15 buýrugy bilen tassyklanyldy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda 481 san bilen bellige alyndy. Gümrük gözegçiligine degişli harytlary wagtlaýyn saklamagyň tertibi hakynda düzgünnama 1. Umumy düzgünler 1.1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenip düzüldi we gümrük gözegçiligine degişli harytlary (mundan beýläk-harytlar) wagtlaýyn saklamagyň tertibini kesgitleý...

DOWAMY
Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2005-nji ýylyň 4-nji aprelinde tassyklanyldy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2005-nji ýylyň 18-nji aprelinde 342 san bilen bellige alyndy. Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama I. Umumy düzgünler 1.1. Döwletiň peýdasyna ýüz döndermek - munuň özi gümrük düzgüni bolup, onda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen we gümrük gözegçiligi astynda duran harytlar salgytlary, gümrük paçlary tölenmezden we Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň çäreleri ulanmazdan...

DOWAMY
Harytlary ýok etmek gümrük düzgünı hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2005-nji ýylyň 4-nji aprelinde tassyklanyldy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2005-nji ýylyň 18-nji aprelinde 341 san bilen bellige alyndy. Harytlary ýok etmek gümrük düzgünı hakynda düzgünnama I. Umumy düzgünler 1.1. Harytlary ýok etmek - gümrük düzgüni, munda Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiligi astynda durýan harytlar salgytlar, gümrük paçlary we ýygymlary tölenmezden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň çäreleri ulanylmazdan ýok edilýär, şol sanda ulanyp...

DOWAMY
Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň 1999-njy ýylyň 5-nji martynda çykaran № 6 buýrugy bilen tassyklanyldy Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1999-njy ýylyň 25-nji martynda 208-1 san bilen bellige alyndy. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni hakynda düzgünnama 1. Umumy düzgünler 1.1. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemek-gümrük düzgünidir, şunda daşary ýurt harytlary, soňra erkin dolanyşyga goýbermek bilen, gümrük gözegçiligi astynda harytlara ykdysady syýasatyň çäreleriňi ulanmak arkaly Türkmenista...

DOWAMY