Gümrük habarlary

“Bagtly Zamana” hojalyk jemgyýeti täze önümleri hödürleýär
27 Noý
“Bagtly Zamana” hojalyk jemgyýeti täze önümleri hödürleýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli görnüşli önümleriň uly tapgyry öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ösen senagat önümçiligiň mesgenine öwrülýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär, şonuň netijesinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňelýär. “Bagtly Zamana” hojalyk jemgyýeti 2019-njy ýyldan bäri ýok...

DOWAMY
Türkmen plastmas we polietilen önümleri dünýä bazaryna çykarylýar
21 Noý
Türkmen plastmas we polietilen önümleri dünýä bazaryna çykarylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Ahal welaýatynyň senagat pudagynyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrmagyny gazanmak, sebitinde häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyndan ugur alyp «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti öz ýurdymyzda öndürilýän çig malyndan hojalyk harytlaryna degişli bolan özüniň ýokary hilli plastmas we polietilen önümlerini öndürip kärhananyň agzybir işgärleri bilen halal zähmet çekip gelýär. Kärhananyň esasy...

DOWAMY
Üstünlikli geçen futbol duşuşygy
16 Noý
Üstünlikli geçen futbol duşuşygy

Häzirki wagtda Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary örän gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyçylygy mynasybetli badalga berilen bu bäsleşik sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň futbol toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirildi. Bije esasynda geçirilen bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hasabyna utuş bilen tamamlandy.  Häzirki wagtda çekeleşikli dowam edýän bu sport bäsleşigi uly ruhubelentlige besle...

DOWAMY
«Şatumar» ýokary hiliň we elýeter bahanyň sazlaşygy
12 Noý
«Şatumar» ýokary hiliň we elýeter bahanyň sazlaşygy

Türkmenistanda hususy ulgamyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe telekeçileriň daşary ýurtly önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde öndürýän önümleriniň hil derejesi ýokarlanyp, olaryň görnüşleri barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şatumar» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileri halkymyzyň durmuşda gündelik ulanýan ýuwujy we arassalaýjy serişdelerini öndürip, ilatyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. «Şatumar» hususy kärhanasy öz işine 2009-njy ýylda gap ýuwuj...

DOWAMY
Ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýük tirkegleri üçin ýygymlaryň möçberi bellenildi
5 Noý
Ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýük tirkegleri üçin ýygymlaryň möçberi bellenildi

Ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük tirkegleriniň eýeleri üçin ýygymlaryň möçberi bellenildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri...

DOWAMY
Harby türgenlerimiz ussatlygyny basketbol meýdançasynda görkezdiler
3 Noý
Harby türgenlerimiz ussatlygyny basketbol meýdançasynda görkezdiler

Häzirki wagtda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň türgenleriniň arasynda sport ýaryşlary dowam edýär.  Şu gün hem sportuň basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň toparlary güýç synanyşdylar. Diýseň dartgynly ýagdaýda geçen ýaryşda serhetçi basketbolçular garşydaşyndan üstün çykmagy başardy. Muňa garamazdan, iki toparyň türgenleri hem örän ajaýyp oýunlary görkezdiler. Toparlaryň türgenleriniň ählisine berekella diýesiň gelýär. Şeýle ýaş türgenlerimiziň bardygy türkmen sportunyň geljegini...

DOWAMY