Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlaryň sanawy

                                                                                                                        

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 02-nji dekabrynda çykaran

 10716-njy  kararyna 1-nji goşundy

 

Döwlet edaralarynyň ygtyýarnamasy boýunça Türkmenistana getirilýän we onuň

çäginden alnyp gidilýän harytlaryň
SANAWY

T/B

Harytlaryň ady

Ygtyýarnama berýän döwlet edarasy

1

Ozon zaýalaýjy maddalar, pestisidler we beýleki agrohimiki maddalar*

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni

2

Alkogolly içgiler we alkogolly piwo, temmäki önümleri (raýatlaryň şahsy hajatlarynda ulanmagy üçin el goşlarynda getirýänleri muňa girmeýär) *

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi

3

Sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýän: 
-niýetlenişi boýunça adamlaryň bejergisi üçin öndürilip, mallaryň, guşlaryň we haýwanlaryň bejergisinde ulanylýanlaryny hem goşmak bilen derman serişdeleri, dermanlyk çig mallar, dermanlyk kömekçi serişdeler (düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlary saklaýanlar muňa girmeýär), 
-dermanlary gaplamak üçin gaplar, lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly önümler, abzallar, gurallar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

4

Düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlary saklaýan dermanlar

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy

5

Gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň bölekleri, şol sanda gymmat bahaly metallary we daşlary düzüminde saklaýan önümçilik galyndylary**

Türkmenistanyň Merkezi banky

6

Spirtiň ähli görnüşleri (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänler hem-de raýat1aryň şahsy hajatlarynda ulanmagy üçin el goşlarynda getirýänleri muňa girmeýär)*

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi

7

Weterinariýa üçin dermanlyk harytlar (düzüminde neşe serişdelerini, psihotrop we prekursor serişdelerini saklaýanlar muňa girmeýär) *

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi

8

Garaköli bagana**

Türkmenistanyň Döwlet

maldarçylyk

birleşigi

9

Ýabany haýwanlaryň we guşlaryň, ýabany ösümlikleriň görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilenler hem-de satuwy ýa-da goraglylygy Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary esasynda kadalaşdyrylýan görnüşleri (anyk sanawyny Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi kesgitleýär); balyk we balyk önümlerinden başga

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

 

Bellik:

* Ygtyýarnama diňe getirmek üçin berilýär.

* * Ygtyýarnama diňe alyp gitmek üçin berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ministrler Kabinetiniň rugsady esasynda ygtyýarnamalar boýunça Türkmenistanyň çäklerinden çykarylýan we Türkmenistana getirilýän harytlar üçin ygtyýarnamalar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan resmileşdirilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 02-nji dekabrynda çykaran

10716-njy  kararyna 2-nji goşundy

Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawy

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.03.2012 senede çykaran № 12146 we 04.06.2013 senede çykaran № 13034 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

1. Edara görnüşli we şahsy taraplaryň Türkmenistana getirmegi gadagan edilýänler:

plastmassa we beýleki oklary atýan oýnawaç sapançalar, naganlar, awtomatlar, beýleki serişdeler;

ulanylan şinalar (söwda maksady üçin niýetlenen bolsa);

ýörite ulaglardan, tehnikalardan we mehanizmlerden başga, dolandyryjysy sag tarapynda bolan ýa-da sagyndan çepe geçirilip enjamlaşdyrylan awtoulag serişdeleri, Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleri muňa girmeýär;

öndürilen ýyly hasaba alynmanda 5 ýyly dolan hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy sebäpli, zyýan ýetmeginiň ýa-da zaýalanmagynyň derejesini bellenen tertipde kesgitlemek arkaly, ýol hereketiniň kadalaryna laýyk gelmeýän awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary we tehnikalary (Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan başga);

sport nusgadaky ýokary tizlikli awtoulaglary hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3 500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglary (ýolsuz ýerlerde hem sürmäge niýetlenen awtoulaglardan, kiçi awtobuslardan, Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan getirilýänlerden başga);

pornografiýany özünde saklaýan audio, wideo, foto, kino we beýleki çap edilen önümler*;

Türkmenistanyň syýasy we ykdysady bähbitlerine, onuň döwlet howpsuzlygyna, ilatyň saglygyna we ahlagyny gorap saklamaga zyýan ýetirip biljek maglumatlar bolan, çap edilen we audiowizual materiallar, beýleki habar beriş materiallary*.

Bellik:

* Türkmenistanyň çäkleri boýunça üstaşyr geçirilmegi hem gadagan edilýär.

2. Şahsy taraplaryň Türkmenistana getirmegi, alyp gitmegi (ibermegi) gadagan edilýär:

harby maksatly ýaraglar, ok-däriler, tehnika we olary (öndürmek) taýýarlamak üçin ýörite niýetlenen üpjünleýji enjamlar we materiallar;

partlaýjy maddalar;

ýadro serişdeleri, şol sanda ýylylyk bölüp çykaryjy gurnama görnüşli materiallar;

ionlaşdyryjy şöhleleriň çeşmeleri;

ýaraglary we harby tehnikany döretmek üçin peýdalanylyp bilinjek tehnologiýalar we ýörite enjamlar;

pirotehniki serişdeler (feýerwerkler (bengal ody we çakmagy, däri ulanylmagy bilen alawlaýan şemler we fakel muňa girmeýär) pitardalar, raketa atyjylar,);

neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olary taýýarlamak ýa-da ulanmak üçin tehnologiýalar, esbaplar;

zäherler we zäherleýji maddalar; ýatyrylan gymmatly kagyzlar;

alkogolly önümleriň ähli görnüşlerini ýasamak üçin ýarlyklar (etiketkalar), gapaklar, dykylar we beýleki gaplaýyş serişdeleri.

3. Şahsy taraplaryň Türkmenistandan alyp gitmegi (ibermegi) gadagan edilýär:

mumiýa;

buýan köki;

buýan köküniň şiresi;

propolis;

reňkli metallar, olaryň erginleri, olardan ýasalan zatlar, şeýle hem reňkli metal bölekleri we galyndysy (eger gündelik durmuşda ulanylýan enjamlar, önümler we zatlar söwda maksady bilen alnyp gidilmeýän bolsa, muňa girmeýär);

gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar hem-de olaryň kem-käsleýin işlenip bejerilenleri;

mäheklenmedik zergärçilik önümleri; diri mallar, öý guşlary;

janly we jansyz bekre balygy, onuň bölekleri we ondan alynýan önümler;

bugdaý, tüwi-şaly we beýleki däneler, olary işläp geçmegiň netijesinde alnan önümler, emele gelen galyndylar;

oba hojalyk tehnikasy we olaryň ätiýaçlyk şaýlary;

mineral dökünler;

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlar, ösümlikler hem-de olaryň bölekleri;

ulag serişdeleriniň öndüriji zawod tarapyndan göz öňünde tutulan ýangyç guýulýan gabyndakydan başga benzin we dizel ýangyjy;

garaköli baganadan başga, dowarlaryň we gara mallaryň derisi;

gowaça çigidi;

gysylan gaz üçin ballonlar (kislorod ballonlary);

seçgi-tohumçylyk ähmiýeti bolan ahalteke tohumyndaky atlar.