Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 90-njy madda )

(Türkmenistanyň 23.09.1994 ý. № 968–XII, 01.10.2007 ý. № 144-III, 18.04.2009 ý.

№ 32-IV we 31.03.2012 ý. № 297-IV kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun erkin telekeçiligiň ykdysady zonalarynyň guralyşynyň we amal etmeginiň hukuk hem ykdysady taýdan umumy esaslaryny kesgitleýär, erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň çäginde hereket edýän hojalyk ýörediji subýektleriň gatnaşyklary düzgünleşdirilýär.

Şu Kanun daşary ýurt maýa goýujylaryny (inwestorlaryny) hem-de ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk sektorynyň hojalyk ýörediji subýektlerini çekmek arkaly regional ykdysady we ylmy-tehniki güýç-kuwwatyň ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

I bölüm

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. «Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy» diýen düşünje

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy munuň özi ýörite bölünip berlen adminstratiw araçäkleri anyk kesgitlenen hem-de aýratyn hukuk düzgüni bellenen territoriýa.

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň eýeleýän territoriýasynyň araçägi Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda kesgitlenen.

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň territoriýasynda Türkmenistaтyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk sektorynyň hojalyk ýörediji subýektleriniň hem-de daşary ýurt maýa goýujylarynyň Türkmenistanyň kanunlarynda gadagan edilen işlerden başga hojalyk, maliýe işleriniň we başga işleriň islendik görnüşini alyp barmagyna ýol berilýär.

2-nji madda. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy hakyndaky kanunlar

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary şu Kanun bilen hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Eger Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamasynda bellenen kadalar şu Kanunda kesgitlenen kadalardan başga hili bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyny döretmek

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyny döretmek we ony ulanmagyň tärini kesgitlemek işi Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda amala aşyrylýar.

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda syýahatçylyk we onuň bilen ugurdaş işiň görnüşleri esasy bolup durýar, milli syýahatçylyk zonasy görnüşinde döredilýär.

Milli syýahatçylyk zonasyny döretmek we onuň iş tertibi "Syýahat hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

4-nji madda. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda kärhanany döretmek we ýatyrmak

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky kärhanalar we guramalar Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde bellige alynýar (registrirlenýär).

Daşary ýurtlaryň gatnaşmagy bilen döredilen kärhanalar Ministrler kabinetiniň ygtyýarly eden organynyň ygtyýar bermegi esasynda bellige alynýar.

Daşary ýurtlaryň gatnaşmagy bilen döredilen kärhana ýuridiki tarapyň hukugyna döwlet belligine alnanlygy (gaýtadan bellige alnanlygy) hakyndaky şahadatnamany eýeçiligiň we hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşlerindäki kärhanalary hem-de guramalary bellige alýan Ýeke-täk döwlet organyndan alnan pursatyndan başlap eýe bolýar.

2. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky kärhanalary we guramalary ýatyrmak işi (olaryň haýsy guramaçylyk-hukuk formalaryna degişlidigine garamazdan) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda geçirilýär.

5-nji madda. Hojalyk ýörediji subýektleriň hukuklaryny we bähbitlerini kepillendirmek

1. Türkmenistan erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky hojalyk ýörediji subýektleriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär.

2. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky hojalyk ýörediji subýektleriň emläginiň döwlet tarapyndan millileşdirilmegine ýol berilmeýär.

3. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda daşary ýurt maýalary (inwestisiýalary) çekilen kärhanalaryň erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda işleýän beýleki kärhanalara garanda nähilidir bir kemsidilmegine, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny (inwestisiýalaryny) ellerinden mejbur edip almak (millileşdirmek, rekwizisiýa, konfiskasiýa) çäreleriniň ýa-da şolar ýaly netijelere getirýän başga hili çäreleriň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Maýa goýlan emläge erk etmegiň gadagan edilmegine (sekwestrlenmegine) ýol berilmeýär, ýöne maýa goýujynyň öz borçlaryny üzýänçä hukugynyň wagtlaýyn togtadylýan halatlary muňa girmeýär.

Maýalaryň mejbur edilip alynmagyna diňe suduň karary esasynda, özem şol mejbury suratda alynýan maýalaryň degişli hakyny (bazar) gymmatynyň öwezini tölemek, şol sanda hem maýalaryň iş ýüzünde yzyna alnan ýa-da şol hereketi amala aşyrmak barada öňde durýan çäreler hakyndaky kararyň kabul edilen pursatynda kesgitlenilişi ýaly elden giderilen peýdanyň öwezini tölemek şerti bilen ýol berlip bilner.

Öwez puly ilki başda maýa (inwesitisiýa) haýsy walýuta boýunça goýlan bolsa, şol walýuta boýunça tölenilýär.

4. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda iş alyp barýan daşary ýurt maýa goýujylaryna olaryň öz gazanan daşary ýurt walýutasyny salgytlary töländen soň daşary ýurda ibermek (perewod etmek) hukugy kepillendirilýär.

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda daşary ýurt maýa goýujylarynyň erkin çalşylýan (konwertirlenýän) walýuta maýalaryny ibermek (perewod etmek), bermek, girew goýmak, eksport etmek we maýa goýmagy bes etmek barada çäklendirilmedik hukugy bardyr.

5. Döwlet we ýerli dolandyryş organlary Türkmenistanyň graždanlarynyň erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy bilen ýurdumyzyň beýleki regionlarynyň arasynda erkin gelip-gidip durmagyna päsgel berip bilmezler.

II bölüm.

ERKIN TELEKEÇILIGIŇ YKDYSADY ZONASYNDA IŞ ALNYP BARYLMAGY

6-njy madda. Hojalyk ýörediji subýektleriň işiniň esasy prinsipleri

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda ýerleşen kärhanalaryň girýän hojalyk gatnaşyklary şertnama esasynda guralýar. Önümçilik programmasyny kärhanalaryň özi özbaşdak düzýär hem-de öndürýän önümini (hyzmatlary) özbaşdak ýerleýär. Kärhanalaryň önümi bütinleý olaryň ygtyýaryna degişli bolýar.

2. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň emele getirilmegi we onda iş alnyp barylmagy öz-özüňi maliýeleşdirmek, şol sanda hem walýuta bilen maliýeleşdirmek esasynda ýola goýulýar.

3. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda iş alyp barýan hojalyk ýörediji subýektleriň daşary ýurt banklarynyň berýän karz pularyndan (kreditlerinden) peýdalanmagy hem-de strahowaniýe geleşikleriniň ähli görnüşini baglaşmak üçin daşary ýurtlaryň strahowaniýe kompaniýalaryny çekmäge haky bardyr.

4. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda ýerleşen kärhanalaryň sarp ediş üçin gönükdirýän serişdeleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär.

5. Özleriniň hojalyk iş şertleri, ýagny täzeden dikeldilýän we dikeldilmeýän tebigy resurslary, şol sanda deňiz boýunça ykdysady zonanyň resurslaryny hem agtarmak, gözleg geçirmek, ulanmak we gazyp almak bilen baglanyşykly bolan hojalyk iş şertleri daşary ýurt maýa goýumçylary üçin Türkmenistanyň degişli kanunlary boýunça kesgitlenýär.

7-nji madda. Eksport-import operasiýalaryny amala aşyrmagyň aýratynlyklary

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda eksport-import operasiýalaryny amala aşyrmagyň sadalaşdyrylan tertibi ulanylýar, ol şu aşakdakylary göz öňünde tutýar:

önümleriň aýry-aýry görnüşi bolaýmasa (olaryň sanawyny Ministrler kabineti belleýär), öndürilen harytlary eksport etmek işi kwotalanmaga (normalanmaga) we lisenziýalanmaga (rugsat berilmegine) degişli däldir;

eger harydy işläp bejermek arkaly onuň artdyrylan gymmatynyň möçberi onuň umumy gymmatynyň 30 prosentinden geçýän bolsa, onda şol haryt erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda öndürilen hasap edilýär;

kärhanalaryň we guramalaryň erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda öndürilýän harytlar we edilýän hyzmatlar barada haryt alyş-çalyşygyny (barter alyş-çalyşygyny) hem-de dellallyk hereketlerini etmäge haky bardyr;

erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyna harytlar (hyzmatlar) kwotalanman we lisenziýalanman import edilýär, ýöne şolardan ýörite dowam edýän kadalara we hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda import edilýänleri muňa girmeýär.

8-nji madda. Gümrük düzgüniniň (režiminiň) aýratynlyklary

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň çäginde gümrük düzgüniniň aşakdaky aýratynlykalary bolýar:

erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň çägine import edilýän harytlar we gaýry emläk gümrük pajyny tölemekden boşadylýar;

erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndan beýleki ýurtlara eksport edilýän harytlar we gaýry emläk gümrük pajyny tölemekden boşadylýar, ýöne daşary ýurt harytlary we emlägi muňa girmeýär;

erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň çägine getirilýän hem-de şondan çykarylýan harytlar we gaýry emläk hökmany suratda deklarirlenmelidir.

2. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda işlenip taýýarlanylmadyk harytlary bu zonanyň çäginden Türkmenistanyň beýleki sebitlerine üstaşyr (tranzit) geçirmek ýa-da alyp gaýtadan satmak işi, şeýle hem harytlary erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň üsti bilen Türkmenistanyň beýleki sebitlerinden eksport edip ibermek işi tarif-gümrük ýeňillikleri berilmezden amala aşyrylýar.

3. Gümrük pajy tölenilmän getirilen daşary ýurt harytlarynyň we emläginiň erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndan çykarylyşyna gözegçiligi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy degişli resminamalary barlamak arkaly amala aşyrýar.

9-njy madda Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

III bölüm.

WALÝUTA WE MALIÝE-KREDIT MEHANIZMI, NYRH ÇYKARYŞ

10-njy madda. Pul we walýuta dolanyşygy

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda iş alyp barýan maýa goýujylaryň Türkmenistanyň banklarynda goýum (tekuşiý) we hasaplaşyk sçýotlary (walýuta görnüşinde we Türkmenistanyň pul birligi görnüşinde) bolup biler, şunda olaryň degişli serişdeleri dowam edýän kanunlara laýyklykda Türkmenistanyň bütin territoriýasynda harçlamak hukugy hem berilýär.

Özleriniň hasaplaşyk sçýotlaryndaky puly daşary ýurda ibermek (perewod etmek) üçin, daşary ýurt maýa goýujylary Türkmenistanyň walýuta biržasynda emele gelýän pul hümmeti (kurs) boýunça daşary ýurt walýutasyny satyn alyp bilerler.

2. Daşary ýurt maýa goýujylary möhüm halk hojalyk ähmiýeti bolup, import önümleriniň ýerini tutýan önümleri öndürýän mahalynda, daşary ýurt maýa goýujysyna Türkmenistanyň pul birliginde düşýän peýdasynyň bir bölegini ibermek (perewod etmek) işi gyzyklanýan taraplaryň walýuta serişdeleriniň hasabyna özara ylalaşylan pul hümmeti (kurs) boýunça amala aşyrylyp bilner.

3. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky banklaryň we beýleki kredit edaralarynyň, şol sanda hem daşary ýurt banklarynyň bölümleriniň we filiallarynyň hem-de daşary ýurtlular gatnaşýan banklaryň bellige alnyşyna (registrirlenişine), zonanyň çäginde walýutanyň ähli görnüşiniň dolanyşyga girizilmegine kontrollygy Türkmenistanyň Merkezi banky edýär.

4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň nagt (nagt däl) daşary ýurt walýutasy bilen operasiýa geçirilmegine rugsat bermäge hem-de zonada erkin telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmek üçin erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň çäginde walýutany harçlamagyň we daşary ýurda geçirmegiň aýratyn tertibini bellemäge hukugy bardyr.

5. Zonanyň banklarynyň Türkmenistanyň pul birliginde hem-de başga walýutada Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridiki we fiziki taraplaryna sçýot açmaga haky bardyr.

11-nji madda. Nyrh çykarmak

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň ähli görnüşi üçin erkin nyrh çykarmak düzgüni hereket edýär.

12-nji madda. Kärende gatnaşyklary

1. Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynyň çäginde iş alyp barýan ýuridiki we fiziki taraplary kärende şertnamasynyň baglaşylan pursatyndan beýläk ýer üçin kärende hakyny tölemekden üç ýyllap boşadylýar.

Ýeňillikli döwür gutarandan soň, ýer üçin kärende haky peseldilen stawka boýunça alynýar: gatnaşýan daşary ýurtlularyň ustaw fondundaky paýy 30 prosentden geçýän kärhanalardan – 50 prosent möçberinde, Türkmenistanyň ýuridiki we fiziki taraplaryndan – 20 prosent möçberinde alynýar.

2. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň maýa goýujylarynyň kärende ylalaşygyna gol çeken taraplaryň ýa-da olaryň oruntutarlarynyň ikitaraplaýyn ylalaşmagy esasynda emlägi hem-de emläk hukuklaryny tirkeşikli kärendä bermek hukugyna we peýdalanmak hukugyny başga birine bermek (geçmek) hukugyna eýe bolýarlar. Peýdalanmak hukugyny maýa goýujy girew hökmünde peýdalanyp biler.

3. Ýer uçastoklaryny, jaýlary, desgalary we beýleki obýektleri kärendä bermek hakyndaky şertnamalaryň şertleriniň üýtgedilmegine Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda taraplaryň özara ylalaşygy ýa-da hojalyk sudunyň karary esasynda ýol berilýär.

13-nji madda. Daşary ykdysady iş

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda iş alyp barýan ähli ýuridiki taraplar we graždanlar daşary ykdysady işi, şol sanda kommersiýa dellallygyny özbaşdak ýerine ýetirýärler.

Daşary ykdysady işe gatnaşyjylary bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

14-nji madda. Zähmet baradaky hukuk gatnaşyklary

1. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda ýerleşen kärhanalarda zähmet baradaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunlaryna laýykykda kollektiwleýin we indiwidual şertnamalar (kontraktlar) esasynda düzgünleşdirilýär. Iş hakyny düzgünleşdirmek meselelerinde tarif sistemasy diňe maslahat beriji tertibinde peýdalanylýar.

2. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda bellenilen iş hakynyň, stipendiýalaryň, pensiýalaryň, posobiýeleriň we beýleki sosial tölegleriň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen şolar ýaly tölegleriň möçberinden pes bolup bilmez.

3. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky kärhanalaryň işgärlere iş hakyny daşary ýurt walýutasynda hasaplap ýazmaga haky bardyr.

4. Daşary ýurtly işgärleriň zähmet şertleri indiwidual kontraktlarda kesgitlenýär. Şol işgärleriň daşary ýurt walýutasynda alan girdejisi tölenmeli salgytlar tölenenden soň, olar tarapyndan daşary ýurda päsgelsiz geçirilip bilner.

5. Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda işe kabul edilende Türkmenistanyň graždanlarynyň ýaşaýan ýerine baglylykda kontraktlar baglaşmak barada çäklendirmelere ýol berilmeýär.

15-nji madda. Jedellere garamagyň tertibi

Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasynda hojalyk ýörediji subýektleriň Türkmenistanyň döwlet organlary bilen, beýleki ýuridik taraplary we graždanlary bilen erkin telekeçiligiň ykdysady zonasyndaky işe degişli meseleler baradaky jedellerine, şeýle hem hojalyk ýörediji subýektleriň öz aralaryndaky jedellere Türkmenistanyň sudlarynda garalmalydyr.

 

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýyl, 8-nji oktýabr

№ 893-ХП