Uglewodorod serişdeleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Uglewodorod serişdeleri hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 3, 40-nji madda)

(Türkmenistanyň 12.03.2010 ý. № 96-IV, 04.08.2011 ý. № 217-IV,

01.10.2011 ý. № 238-IV, 04.05.2012 ý. № 302-IV we 22.12.2012 ý. № 368-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit ışleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýär we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmäge we Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

I bölüm. Umumy düzgünler

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjelerden peýdalanylýar:

1) Agentlik - Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi - şu Kanuna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça ygtyýarlyklar berlen edara görnüşli tarap.

2) Blok - Türkmenistanyň hukuk taýdan garamagynda durýan, gury ýerde ýa-da suwda doly ýa-da bölekleýin ýerleşýän we bloklaryň ýörite düzülen kartalarynda degişli görnüşde bellenilen çägiň bir bölek ýeri.

3) Içki suw howdanlary - Türkmenistanyň hukuk taýdan garamagynda durýan köller, emeli suw howdanlary we daş töweregi gury ýer bilen gurşalan başga suwly ýerler.

4) Gazyp almak - Şertnama laýyklykda ýa-da Agentligiň tabşyrygy boýunça Uglewodorod serişdeleriniň ilkibaşlangyç usullar arkaly ýa-da gatlagyň energiýasynyň emeli goldanylmagy bilen ýerastyndan çykarylmagy, Uglewodorod serişdeleriniň (şol sanda Agentligiň paýynyň) saklanylmagy, taýýarlanylmagy, ýüklenilmegi, ammarlanylmagy, ulagly daşalmagy, ölçelmegi, eltilmegi we marketingi (satylmagy) boýunça işleriň ähli görnüşleri hem-de işleriň başga görnüşleri, şol sanda infrastrukturanyň obýektleriniň gurluşygynyň we beýleki gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, maddy we maddy däl aktiwleriň satyn alynmagy we kärendesi.

5) Şertnama - Nebit işlerini amala aşyrmak üçin Agentligiň ýa-da Konserniň (korporasiýanyň) we Potratçynyň arasynda baglaşylýan ylalaşyk.

6) Şertnamalaýyn çäk - Potratça Nebit işlerini geçirmäge rugsat edilen we şertnamanyň goşundylarynda häsiýetlendirme berlen, konturlary geçirilen hem-de geografık koordinatlar bilen kesgitlenen çäk.

7) Konsern (korporasiýa) - Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň Nebit işlerini özbaşdak ýa-da Bilelikde iş alyp barmaklygyň çäklerinde ýa-da başga görnüşlerde amala aşyrýan önümçilik gurluş birligi.

8) Ygtyýarnama - Potratça we Operatora Agentlik tarapyndan berilýän we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda Nebit işlerini ýa-da olaryň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukuk berýän hukuk namasy görnüşindäki ýuridik gural.

9) Şahs - şahsy ýa-da edara görnüşli tarap.

10) Senagat ähmiýetli ýatak - tapylyp açylandan we ähli degişli maglumatlary, operatiw, tehniki we ykdysady görkezijileri öwrenilenden soň, Şertnamanyň şertlerine laýyklykda senagat gerimlerinde özleşdirilip bilinjek Uglewodorod serişdeleriniň ýatagy.

11) Nebit işleri - Gözleg we Gazyp almak boýunça Şertnama laýyklykda amala aşyrylýan ähli işler.

12) Kadaly atmosfera basyşy we temperatura - atmosferalaryň 1,01325 basyşy we Farengeýt boýunça 60 gradus temperaturasy.

13) Ygtyýarnamanyň eýesi - şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Ygtyýarnama alan Şahs.

14) Tapylma - Uglewodorod serişdeleriniň Şertnamalaýyn çäkde amala aşyrylan we gerekli ýagdaýda Potratçy tarapyndan Senagat ähmiýetli ýatakdygynyň kesgitlenilmegi üçin obýekt bolup biljek islendik täze tapylmasy.

15) Operator - Operatoryň Ygtyýarnamasyna laýyklykda Potratçynyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça Nebit işlerini gös-göni her günde we tiz wagtda amala aşyrýan Şahs.

16) Potratçy - Ygtyýarnamanyň eýesi bolup durýan we şu Kanuna laýyklykda Agentlik we (ýa-da) Konsern (korporasiýa) bilen Şertnama baglaşan Şahs (Şahslar).

17) Işläp taýýarlamagyň düzgünleri -1999-njy ýylyň 22-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň düzgünleri.

18) Tebigy gaz - Kadaly atmosfera basyşyndaky we temperaturadaky gazgörnüşli ýagdaýda bolýan uglewodorodlar, Çig nebite ugurdaş we ugurdaş bolmadyk gazlar.

19) Içerki turbageçirijisi - Uglewodorod serişdelerini Gazylyp alynýan ýerinden Eltilmeli nokada çenli geçirmek üçin peýdalanylýan ýer üsti, suw asty we başga desgalary, kommunikasiýalary we enjamlary öz içine alýan tehniki desga.

20) Eltiliş nokady - Şertnamalaýyn çäkdäki ýa-da onuň çäginden daşardaky gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň eltilýän, ölçegleri geçirilýän we Şertnamanyň taraplarynyň Şertnama laýyklykda Uglewodorod serişdelerinden öz paýyny alýan ýeri ýa-da ýerleri.

21) Gözleg işi - Şertnama laýyklykda Uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny tapmak maksady bilen geçirilýän, şol sanda şpurlary burawlamagy, kernleri almagy, stratigrafık synaglary, guýulary burawlamagy, aerokosmiki surata düşürmegi, maddy we maddy däl aktiwleri satyn almagy hem-de kärendä almagy öz içine alýan geologik, geofıziki we başga işler.

22) Baş kompaniýa - Potratçyny dolandyrmaga we oňa gözegçilik etmäge hukuk berýän paýlarynyň, bölekleriniň, paýnamalarynyň 50 göteriminden hem gowragyna ýa-da onuň kontrol paketine eýelik edýän edara görnüşli tarap.

23) Garyndaş kompaniýa -Potratça gözegçilik edýän ýa-da Potratçy tarapyndan gözegçilik edilýän, ýa-da şol bir wagtda Potratça gözegçilik edýän başga edara görnüşli tarapyndan gözegçilik edilýän edara görnüşli tarap. Şu düşünjäniň maksatlary üçin, gözegçilik diýip dolandyrmaga we gözegçilik etmäge hukugy bolan 50 göterimden köp paýlara, böleklere, paýnamalara degişli gös-göni ýa-da araçylyk eýeçilik hukugy arkaly, edara görnüşli tarapyň ýa-da Potratçynyň strategiýasyny kesgitlemek boýunça ygtyýarlyklara düşünilýär.

24) Serwis hyzmatlary - Nebit işleriniň töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin Şertnama laýyklykda amala aşyrylýan aýry-aýry görnüşleri.

25) Bilelikde iş alyp barmak - Agentligiň we täze edara görnüşli tarapyny döretmeýän Şahslaryň birleşiginiň arasynda baglaşylan Şertnamany amala aşyrmak üçin tehniki, maliýe we başga serişdeleri bermäge bilelikde gatnaşýan şonuň ýaly Şahslaryň birleşiginiň amala aşyrýan işleri.

26) Şertnamanyň taraplary -Şertnamany baglaşan Agentlik ýa-da Konsern (korporasiýa) we Potratçy.

27) Çig nebit - islendik uglewodorodlar, şol sanda guýularyň agzynda ýa-da nebit-gaz separatorynda Kadaly atmosfera basyşynda we temperaturada suwuk ýagdaýynda bolýan, Tebigy gazdan alynýan distillýatlar we kondensatlar.

28) Kömekçi potratçy - Potratçynyň Şertnamasynyň çäklerinde Nebit işleriniň aýratyn görnüşlerini (şol sanda bilelikdäki işleri hem) ýerine ýetirmek boýunça Potratçy bilen baglaşylan Şertnamada beýan edilen harytlaryň Potratçy üçin üpjün edilmegini, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini amala aşyrýan Şahs. Başga şertnamany ýerine ýetirmeginiň çäklerinde Kömekçi potratçy üçin Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirýän Şahs hem Kömekçi potratçy hökmünde kesgitlenilýär.

29) Turbageçiriji ulag - Içerki turbageçirijisini we Eksport magistral turbageçirijisini öz içine alýan tehniki desgalar.

30) Uglewodorod serişdeleri - Çig nebit we Tebigy gaz, şeýle hem olardan öndürilýän ýa-da olar bilen bile gazylyp alynýan komponentler.

31) Eksport magistral turbageçirijisi - Uglewodorod serişdelerini Eltiliş nokadyndan Eksport nokadyna çenli geçirmek üçin peýdalanylýan, kommunikasiýanyň ýerüsti, suwasty we başga desgalaryndan hem-de enjamlaryndan ybarat bolan tehniki desgasy.

32) Eksport nokady - Şertnamanyň taraplarynyň Uglewodorod serişdelerinden Şertnama laýyklykda eksport üçin niýetlenen paýlarynyň Türkmenistanyň çägindäki eltilýän ýeri ýa-da ýerleri.

2-nji madda. Şu Kanunyň ulanylyş çygry

1. Şu Kanun Türkmenistanyň hukuk taýdan garamagynda durýan çäkde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde we Içki suw howdanlarynda, Nebit işleriniň geçirilýän döwründe Ygtyýarnamalary bermekligiň tertibini, şunuň ýaly işleriň geçirilmegi barada Şertnamalar baglaşylanda we ýerine ýetirilende ýüze çykýan gatnaşyklary döwlet edaralarynyň, şeýle hem Nebit işlerini amala aşyrýan Şahslaryň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny düzgünleşdirýär.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda şu Kanunda göz öňünde tutulan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen ýagdaýynda şu Kanunyň düzgünleri ulanylýar.

3. Şu Kanun Nebit işleriniň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ýüze çykýan we şu maddanyň birinji böleginde görkezilen gatnaşyklaryň alamatlaryna gabat gelýän haýsydyr bir gatnaşyklary düzgünleşdirmeýän halatynda, onda şunuň ýaly gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda düzgünleşdirilýär.

4. Eger Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamasynda şu Kanunda bar bolan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

3-nji madda. Ulanylýan hukuk

Şu Kanun boýunça ulanylýan hukuk diňe Türkmenistanyň hukugy bolup durýar we şu Kanun boýunça baglaşylan Şertnama oňa laýyklykda düzgünleşdirilýär we düşündirilýär.

4-nji madda. Uglewodorod serişdelerine eýeçilik etmek hukugy

1. Türkmenistanyň çägindäki ýer astyndaky öz tebigy ýagdaýyndaky Uglewodorod serişdeleri diňe Türkmenistanyň eýeçiligine degişli emläk bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) Uglewodorod serişdelerine eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek boýunça hukuk güýjüne eýelik edýär.

3. Şu Kanunda bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde Uglewodorod serişdeleriniň dolandyrylmagyny we ulanylmagyny Agentlik amala aşyrýar.

II bölüm. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň), Agentligiň we Konserniň (korporasiýanyň) Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak hem-de peýdalanmak babatyndaky ygtyýarlyklary

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) ygtyýarlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti):

1) Uglewodorod serişdelerini peýdalanmagyň baş ugruny kesgitleýär;

2) Uglewodorod serişdelerini peýdalanmagyň tertibini, şeýle hem olary goramagyň kadalaryny belleýär;

3) Türkmen halkynyň däbe öwrülen ruhy ýörelgelerini, medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan mukaddes ýerleri, taryhy we medeni ýadygärlikleri hem-de başga obýektleri gorap saklamak we baýlaşdyrmak maksady bilen aýry-aýry meýdançalarda Nebit işleriniň geçirilmegine çäklendirmeleri girizýär;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda bellenilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

6-njy madda. Agentligiň hukuk statusynyň esaslary

1. Agentlik edara görnüşli tarapyň statusyna eýedir, ol ykdysady iş boýunça özbaşdak subýekt bolup durýar, onuň eýeçiliginde aýratynlaşdyrylan emlägi bar we ol öz borçnamalary boýunça şol emlägi bilen jogap berýär, öz adyndan emläk we emläge degişli däl şahsy hukuklary edinip we amala aşyryp, öz üstüne borçlary alyp, kazyýetde, araçy kazyýetde, halkara sudunda we arbitražda talapkär we jogapkär bolup bilýär.

2. Agentlik Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda kärhanalary (kompaniýalary) döretmäge, başga kärhanalaryň (kompaniýalaryň) paýlaryny we aksiýalaryny satyn almaga, şahamçalaryny, wekilhanalaryny hem-de başga bölümlerini açmaga haklydyr.

7-nji madda. Agentligiň esasy wezipeleri we ygtyýarlyklary

1. Agentlik Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak babatynda şu esasy wezipeleri amala aşyrýar:

1) Nebit işlerini alyp barmagyň halkara tejribesiniň ölçeglerine laýyk gelýän Uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmegiň bir umumy kadalaryny, şeýle hem Nebit işlerini alyp barmagyň beýleki kadalaryny we iş tapgyrlaryny belleýär;

2) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen kadalar boýunça geçirilýän tenderi taýýarlamak we geçirmek barada işi alyp barýar; geçirilen tenderiň netijeleri boýunça Ygtyýarnamany bermek we dalaş edýän bilen Şertnama baglaşmak üçin gepleşikleri geçirýär;

3) Ygtyýarnama almaga we Şertnama baglaşmaga dalaş edýän bilen göni (eksklýuziw däl) gepleşikleri geçirýär;

4) Ygtyýarnama berýär we olary bellige alýar;

5) Şertnamalara gol çekýär we olaryň degişli döwlet dolandyryş edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alynmagyny üpjün edýär;

6) Nebit işleri geçirilende işleriň alnyp barlyşyna, bu işleriň alnyp barlyşynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine, şeýle hem Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

7) Nebit işleri geçirilende Potratçy tarapyndan daşky gurşawy, ilatyň janyny we saglygyny goramak, sagdyň we howpsyz zähmet şertlerini üpjün etmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

8) Nebit işleri geçirilende Potratçylaryň arasyndaky işleriň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

9) Uglewodorod serişdeleriniň statistik hasabatynyň ýöredilmegini guraýar;

10) şu Kanuna laýyklykda Ygtyýarnamanyň hereketini togtadýar, täzeden dikeldýär, uzaldýar we ýatyrýar;

11) gazylyp alnan Uglewodorod serişdelerini başga döwletleriň çäginiň üstünden geçirmek üçin turba geçirijileri we başga daşaýyş-geçiriş desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň meseleleri boýunça, şeýle hem şol ýurtlarda bar bolan we ulanylýan şoňa meňzeş daşaýyş-geçiriş desgalaryny peýdalanmagyň meseleleri boýunça agzalan döwletleriň degişli Şahslary bilen gepleşikleri alyp barýar we ylalaşyklary baglaşýar;

12) içerki we daşarky bazarlarda aktiwleriň we maliýe serişdeleriniň ynanyşykly dolandyrylyşyny amala aşyrýar;

13) Nebit işlerini geçirmek baradaky Şertnama laýyklykda Agentlige degişli bolup durýan Uglewodorod serişdelerini almagyň we peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär;

14) Nebit işlerini geçirmek baradaky Şertnama laýyklykda özüne degişli bolup durýan Agentlige gowuşýan girdejilere ygtyýarlyk edýär;

15) içerki we daşarky bazarlarda özüniň islendik görnüşdäki emlägini (aktiwlerini) dolandyrmagy, eýeçilik etmegi, peýdalanmagy we oňa ygtyýarlyk etmegi amala aşyrýar;

16) şu Kanunyň 54-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen ýagdaýlara laýyklykda Potratçynyň emläginiň ulanylyşyny we Agentlige geçýän emlägi hasaba alýar;

17) Şertnamadan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýetde, araçy kazyýetde, halkara sudunda we arbitražynda talapkär ýa-da jogapkär hökmünde çykyş edýär we özüne degişli emläk bilen borçnamalary öz üstüne alýar;

18) Türkmenistanyň kanunlarynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda Agentlige berlen başga wezipeleri amala aşyrýar.

2. Agentlik Potratçydan bank kepilliginiň ýa-da onuň Baş kompaniýasynyň kepilliginiň berilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Agentlik öz üstüne ýüklenilen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen aşakdaky hukuklara eýedir:

1) Nebit işleri geçirilende ulanylýan enjamlaryň we gurallaryň barlagyny ýa-da synagyny geçirmäge;

2) Nebit işleriniň geçirilýän islendik çäginden Uglewodorod serişdeleriniň ýa-da başga maddalaryň nusgalaryny almaga;

3) Nebit işlerine degişli tehniki, maliýe we başga resminamalaryň barlagyny geçirmäge we olaryň göçürmesini we nusgasyny almaga;

4) Nebit işlerini geçirmäge ýa-da olaryň geçirilmegini Potratça tabşyrmaga.

Şertnama laýyklykda ýa-da Agentligiň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan Agentligiň Uglewodorod serişdeler paýynyň Agentlik tarapyndan ýa-da onuň tabşyrygy boýunça Potratçy tarapyndan saklanylmagy, taýýarlanylmagy, ýüklenilmegi, ammarlanylmagy, ulagly daşalmagy, ölçelmegi, eltilmegi we marketingi (satylmagy) boýunça işleriň ähli görnüşleri, şeýle hem işleriň başga görnüşleri, şol sanda infrastrukturanyň obýektleriniň gurluşygynyň we başga gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, maddy we maddy däl aktiwleriň satyn alynmagy we kärendesi Nebit işleri hasaplanylýar;

5) Potratçy hökmünde Şertnama gatnaşmak üçin Şahsy hödürlemäge;

6) daşky gurşawyň goralyp saklanmagyny, Potratçynyň işgärleriniň we ilatyň howpsuzlygyny we saglygynyň goragyny üpjün etmek bilen bagly görkezmeleri bermäge we Potratçynyň işine çäklendirmeleri girizmäge;

7) tehniki, ekologik we maliýe auditlerini, analitik we başga barlaglary geçirmäge, şeýle hem Potratçynyň Türkmenistanyň kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerini berjaý etmeginiň meseleleri boýunça maglumaty ýygnamagy amala aşyrmaga;

8) şu Kanunyň, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň Potratçy we Operator tarapyndan berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmäge;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Agentlige berlen başga hukuklary amala aşyrmaga.

4. Agentligiň ygtyýarly wezipeli adamlarynyň Nebit işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly peýdalanylýan islendik çäklere, şol sanda Şertnamalaýyn çäge, islendik bina, ulag serişdesine päsgelçiliksiz girmäge haky bardyr.

5. Agentligiň öz üstüne ýüklenen wezipelerini we ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän wagtynda, ýerli we daşary ýurtly hünärmenleri we bilermenleri işe çekmäge hukugy bardyr.

6. Agentlik öz üstüne ýüklenen wezipeleri we ygtyýarlyklary ýerine ýetirýän wagtynda şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem Şertnamanyň şertlerinde göz öňünde tutulan başga borçnamalary berjaý etmäge borçludyr.

8-nji madda. Konserniň (korporasiýanyň) ygtyýarlygy

1. Konsern (korporasiýa) Agentlige öz wezipelerini we ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

2. Konserniň (korporasiýanyň) Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky şertnama gol çekmäge we Bilelikde iş alyp barmaklygyň gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge haky bardyr.

III bölüm. Nebit işleriniň ygtyýarlylandyrylmagy

9-njy madda. Ygtyýarnamalaryň görnüşleri

1. Şu Kanunda Nebit işleriniň amala aşyrylmagy üçin Ygtyýarnamalaryň aşakdaky görnüşleri bellenilýär:

1) Gözleg işleri üçin Ygtyýarnama;

2) Gazyp almak üçin Ygtyýarnama;

3) Gözleg işleri we Gazyp almak üçin Ygtyýarnama.

2. Kömekçi potratçydan Şertnamanyň çäginde Potratçy ýa-da beýleki Kömekçi potratçy bilen şertnamasy boýunça Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin Ygtyýarnama almak talap edilmeýär.

10-njy madda. Ygtyýarnamalaryň berliş usullary

1. Ygtyýarnama tender ýa-da Agentlik tarapyndan dalaş edýän tarap bilen geçirilýän göni (eksklýuziw däl) gepleşikler esasynda berlip bilner.

2. Ygtyýarnamanyň berliş usulyny saýlap almak Agentlik tarapyndan kesgitlenilýär.

11-nji madda. Tender geçirmegiň görnüşleri we tertibi

1. Gatnaşyjylary seçip almagyň görnüşine baglylykda tender aşakdaky görnüşlerde bolup biler:

1) açyk, ýagny onda ähli gyzyklanýan Şahslar gatnaşyjylar bolup çykyş edýärler;

2) ýapyk, ýagny onda tendere gatnaşmak üçin Agentlikden ýörite çakylyk alan Şahslar gatnaşyjylar bolup çykyş edýärler.

2. Tenderiň geçiriliş tertibini Agentlik kesgitleýär.

12-nji madda. Ygtyýarnama almak üçin ýüztutma

1. Dalaş ediji tarapyndan Ygtyýarnamany almak üçin ýüztutma göni (eksklýuziw däl) gepleşikler başlanmazyndan öň berilýär, şonuň esasynda hem Agentlik tarapyndan agzalan gepleşikleri geçirmegiň maksada laýyklygy barada karar kabul edilýär.

Tender geçirilen halatynda Ygtyýarnama almak üçin ýüztutma tenderi geçirmegiň tertibine laýyklykda berilýär.

2. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamany almak üçin ýüztutmada aşakdakylar görkezilmelidir:

1) dalaş edijiniň ady, onuň salgysy, onuň haýsy döwlete degişliligi (edara görnüşdäki taraplar üçin), raýatlygy (şahsy taraplar üçin) hakynda maglumatlar;

2) dalaş edijiniň Baş kompaniýalary, eýeleri we onuň ýolbaşçylary (edara görnüşdäki taraplar üçin), tender geçirilende ýa-da göni (eksklýuziw däl) gepleşikler alnyp barlanda, şeýle hem Ygtyýarnama alnanda we Şertnama gol çekilende oňa wekilçilik etmäge hukuk berlen wekilleri hakynda maglumatlar;

3) dalaş edijiniň tehniki, dolandyryş, guramaçylyk we maliýe mümkinçilikleri hakynda maglumatlar;

4) dalaş edijiniň soňky bäş ýylyň içinde Nebit işlerini geçiren döwletleriniň sanawyny, şeýle hem görkezilen döwür üçin maliýe hasabatlaryny goşmak bilen, ozalky işi hakyndaky maglumat;

5) ýüztutma berilýän Bloklaryň san belgileri;

6) Nebit işlerini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri;

7) Gözleg işlerini geçirmek üçin ýüztutma berilýän döwür;

8) dalaş edijiniň işleriniň möçberlerini we olary amala aşyrmak üçin harajatlary görkezmek bilen, iň az borçnamalar boýunça Nebit işlerini geçirmäge degişli teklipleri;

9) geologik we ykdysady ülňüleri (modelleri), şeýle hem başga möhüm maglumaty öz içine alýan taslamanyň deslapky tehniki- ykdysady esaslandyrmasy;

10) Şertnamalaýyn çäkde rekultiwasiýa we dikeldiş işlerini goşmak bilen, dalaş edijiniň daşky gurşawy goramak boýunça borçnamalary;

11) dalaş edijiniň Agentligiň ýa-da Agentlik tarapynban Potratçy hökmünde hödürlenen Şahsyň Gözleg işleri döwründe Şertnama gatnaşmak paýy babatda teklibi. Gatnaşyk paýynyň möçberi Şertnamada kesgitlenilýär.

3. Gazyp almak üçin Ygtyýarnama almak üçin ýüztutmada şu aşakdaky maglumatlar görkezilmelidir:

1) geologiýa-gözleg işleri barada maglumat;

2) Senagat ähmiýetli ýatagyň tapylandygy barada resmi habar, degişli maglumatlary we netijenamalary goşmak bilen (Gazyp almak üçin Ygtyýarnamany almaga dalaş edýän Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň eýesine degişli);

3) geologik gorlaryň möçberi, Uglewodorod serişdeleriniň subut edilen we gazyp alyp bolýan gorlary görkezilen Senagat ähmiýetli ýataklaryny özleşdirmegiň giňişleýin meýilnamasy;

4) Senagat ähmiýetli ýataklary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň amala aşyrylyp başlanjak möhleti we Uglewodorod serişdelerini Gazyp almagyň başlanjak senesi;

5) Gazyp almagyň çaklanylýan möhleti we onuň ýokarky derejesine ýetmeginiň garaşylýan möhleti;

6) Uglewodorod serişdelerini özleşdirmek, Gazyp almak bilen baglanyşykly düýpli we başga çykdajylar boýunça hem-de olary ýerlemekden alynýan girdejiler boýunça çaklama hasaplamasy;

7) geologiýa, tehniki we ykdysady ülňüleriň (modelleriň) esasynda Senagat ähmiýetli ýataklaryň tehniki-ykdysady netijeliliginiň seljermesi;

8) Şertnamalaýyn çäkde rekultiwasiýa we dikeldiş işlerini goşmak bilen dalaş edýän tarapyň daşky gurşawy goramak babatda borçnamalary;

9) taslamanyň çäklerinde bilim we durmuş maksatnamalaryny maliýeleşdirmek boýunça teklipler;

10) dalaş edijiniň Agentligiň ýa-da Agentlik tarapyndan Potratçy hökmünde hödürlenen Şahsyň Gazyp almak döwründe Şertnama gatnaşmak paýy babatda teklibi. Gatnaşyk paýynyň möçberi Şertnamada kesgitlenilýär.

4. Gözleg işleri we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamany almak üçin ýüztutmada, Gözleg işleri üçin Ygtyýarnama almak baradaky ýüztutmada hem-de Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky ýüztutmada gerek bolan şertler görkezilmelidir.

13-nji madda. Ygtyýarnamanyň berliş şertleri we tertibi

1. Tenderiň ýa-da göni (eksklýuziw däl) gepleşikleriň netijeleri boýunça Agentlik tarapyndan Nebit işlerine çekilmegi maksadalaýyk diýlip karara gelnen Şahsa Ygtyýarnama berilýär.

2. Ygtyýarnamany bermegiň tertibi şu Kanunyň düzgünleri boýunça we şu Kanuna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Ygtyýarnama daşary ýurtly şahsy tarapa onuň hususy telekeçi hökmünde Türkmenistanda bellige alynmagy we daşary ýurtly edara görnüşli tarapa Türkmenistanda onuň şahamçasynyň açylmagy şerti bilen berilýär.

4.Ygtyýarnama Agentlik tarapyndan bellige alynýar.

14-nji madda. Ygtyýarnamanyň wezipesi

1. Degişli Ygtyýarnamasy bolmazdan Nebit işlerini amala aşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Ygtyýarnamanyň eýesiniň diňe Ygtyýarnamada görkezilen Nebit işleriniň görnüşlerini geçirmäge hukugy bardyr.

2. Şertnamanyň şertleri Ygtyýarnamanyň şertlerine laýyk gelmelidir.

15-nji madda. Ygtyýarnamanyň mazmuny

1. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň mazmunynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1)Ygtyýarnamany alýan baradaky maglumatlar;

2) Ygtyýarnamada geçirilmegi göz öňünde tutulan Nebit işleriniň görnüşi;

3) Şertnamada görkezilen geografık koordinatlara görä, Şertnamalaýyn çägiň araçäkleri;

4) Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletleri we olary uzaltmagyň şertleri;

5) Şertnamanyň taraplarynyň arasynda baglaşylýan Şertnamanyň görnüşi;

6) Ygtyýarnamanyň eýesiniň daşky gurşawy goramak boýunça talaplary berjaý etmek baradaky borçnamalary we başga borçnamalar;

7) Agentlik tarapyndan kesgitlenilýän başga maglumatlar.

2. Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň mazmunynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) Ygtyýarnamany alýan hakynda maglumatlar;

2) Ygtyýarnamada geçirilmegi göz öňünde tutulan Nebit işleriniň görnüşi;

3) Şertnamada görkezilen geografık koordinatlara görä, senagat ähmiýetli ýatagyň ýerleşýän Şertnamalaýyn çäginiň bölümleriniň araçäkleri;

4) Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletleri we olary uzaltmagyň şertleri;

5) Daşky gurşawy goramak boýunça talaplary berjaý etmek barada Ygtyýarnamanyň eýesiniň borçnamalary we başga borçnamalar;

6) Agentlik tarapyndan kesgitlenýän beýleki maglumatlar.

3. Gözleg we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň mazmunyna Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamada we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamada bar bolan ähli şertler goşulýar.

16-njy madda. Ygtyýarnamalaryň hereket edýän möhletleri

1. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnama 6 ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

2. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň möhleti, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda her döwrüň dowamlylygy iki ýyla çenli bolmak bilen iki gezek uzaldylyp bilinýär.

3. Potratçy Şertnamalaýyn çäkde Tapmagy amala aşyrsa, ýöne Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň uzaldylmagyny göz öňünde tutmak bilen onuň möhletiniň ahyryna çenli, agzalan tapylma esasly baha berip bilmese, onda Potratçynyň bu Tapylma baha bermegiň tamamlanmagy üçin esaslandyrylan zerur bolan möhlete şol Şertnamalaýyn çäkde Gözleg işleri üçin täze Ygtyýarnamany almak barada Agentlik bilen gepleşikleri geçirmäge haky bardyr.

4. Gazyp almak üçin Ygtyýarnama 20 ýyl möhlet bilen berilýär. Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhleti, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda 5 ýyla çenli uzaldylyp bilner.

5. Ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak hakyndaky ýüztutma Agentlige gelip gowşan gününden üç aýdan gijä galman seredilýär.

6. Gözleg işleri we Gazyp almak üçin Ygtyýarnama Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhletlerini, şol sanda olary uzaltmagyň mümkin bolan döwürlerini hem öz içine alýar.

7. Ygtyýarnamanyň hereket edýän möhleti Şertnamanyň güýje giren gününden hasaplanylyp başlanýar.

17-nji madda. Ygtyýarnamanyň eýesiniň hukuklary

1. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň eýesiniň şu Kanuna we Ygtyýarnamanyň şertlerine laýyklykda Uglewodorod serişdeleriniň Gözleg işlerini geçirmäge we Şertnamada göz öňünde tutulan Gözleg işleri bilen baglanşykly Nebit işleriniň zerur görnüşlerini ýerine ýetirmäge aýratyn hukugy bardyr.

2. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň eýesi Senagat ähmiýetli ýatagy tapan ýagdaýynda Şertnamanyň şertlerine laýyklykda ýüztutma bermek şerti bilen Gazyp almak üçin Ygtyýarnamany almaga aýratyn hukugy bardyr.

3. Gazyp almak üçin Ygtyýamamanyň eýesi şu Kanuna we Ygtyýarnamanyň şertlerine laýyklykda aşakdaky aýratyn hukuklara eýedir:

1) Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Şertnamalaýyn çäkde Gazyp almak işlerini geçirmäge;

2) Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Uglewodorod serişdelerinden öz paýyna düşýän bölegine ygtyýarlyk etmäge;

3) Şertnamalaýyn çäkde we onuň çäklerinden daşarda Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Nebit işlerini amala aşyrmaga.

18-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketiniň bes edilmegi

1. Ygtyýarnamanyň hereketi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) Ygtyýarnamanyň hereket edýän möhleti ýa-da Ygtyýarnamanyň hereket edýän uzaldylan möhleti tamamlananda;

2) şu Kanuna laýyklykda Ygtyýarnama ýatyrylanda;

3) Şertnamada göz öňünde tutulan esaslar boýunça Şertnama bozulan ýagdaýynda.

2. Aýratyn ýagdaýlarda, haçan-da Şertnamalaýyn çägiň işlenilip taýýarlanylmagy üçin Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň göz öňünde tutulan möhletinden artykmaç wagtyň, Şertnamanyň taraplarynyň täjirçilik bähbitlerine laýyk gelýän ýagdaýynda we täjirçilik taslamasy bilen delillendirilen bolsa, onda Agentligiň çözgüdiniň esasynda, onuň ýene on ýyla çenli uzaldylmagy göz öňünde tutulyp, Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhleti uzaldylyp bilner.

Bu ýagdaýda, Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli maksatnamanyň we işläp taýýarlamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilmezligi, şu madda laýyklykda onuň ýaly Ygtyýarnamanyň möhletiniň uzaldylmagy üçin, eger Agentlik başga çözgüdi kabul etmese esas bolup durmaýar.

19-njy madda. Şertnamanyň hereketiniň togtadylmagy we täzeden dikeldilmegi

1. Şertnamanyň hereketi şu aşakdaky ýagdaýlarda Agentlik tarapyndan togtadylýar:

1) Ygtyýarnamanyň eýesi Ygtyýarnamada göz öňünde tutulmadyk Nebit işlerini geçirýän bolsa;

2) Ygtyýarnamanyň eýesi işleri Ygtyýarnamanyň çäklerinde amala aşyrýar, ýöne Şertnamanyň ýerine ýetirilmegi barada Agentlik bilen ylalaşylan Nebit işlerini geçirmek boýunça maksatnama we meýilnama eýerilmeýän bolsa;

3) Ygtyýarnamanyň eýesi öz işleriniň barşynda ýerasty baýlyklary, daşky gurşawy goramak we işleri howpsuz alyp barmak ugrunda, Türkmenistanyň kanunçylygyny yzygiderli we (ýa-da) düýpli bozýan bolsa;

4) Şu Kanunda bellenilen başga ýagdaýlarda.

2. Ygtyýarnamanyň hereketi togtadylan mahalynda Agentlik şeýle togtadylmanyň sebäpleri hakynda Ygtyýarnamanyň eýesine ýazmaça habar berýär we olary aradan aýyrmak üçin oýlanyşykly möhleti belleýär. Ýgtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy Ygtyýarnamanyň eýesiniň kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça işleriniň duruzylmagyny aňlatmaýar.

3. Şertnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren sebäpler aradan aýrylanda, onuň güýji täzeden dikeldilýär we bu barada Ygtyýarnamanyň eýesine ýazmaça duýdurylýar.

4. Ygtyýarnamanyň güýjüniň togtadylmagy Şertnama boýunça Nebit işleriniň saklanmagyna getirýär. Şertnamanyň güýji Ygtyýarnamanyň güýjüniň täzeden dikeldilmegi bilen bir wagtda dikeldilýär.

5. Ygtyýarnamanyň güýjüniň togtadylmagy Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagy üçin esas bolup bilmeýär.

20-nji madda. Ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy

1. Agentlik şu aşakdaky ýagdaýlarda berlen Ygtyýarnamany ýatyrmaga haklydyr:

1) Ygtyýarnamanyň eýesi Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy barada çözgüdiň kabul edilmegine getiren sebäpleri aradan aýyrmakdan ýüz dönderen halatynda ýa-da bu sebäpleriň bellenilen möhletde aradan aýrylmadyk ýagdaýynda;

2) Ygtyýarnamanyň eýesiniň Agentlige, onuň Ygtyýarnamany bermek baradaky çözgüdine düýpli täsir eden, ýalan maglumaty berendigi aýan edilende;

3) Nebit işlerini geçirmäge başlamagyň Şertnamada göz öňünde tutulan möhletleriniň bozulmagynda;

4) Şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy şol bir wagtda Şertnamanyň güýjüniň hem bes edilmegine getirýär.

IV bölüm. Şertnamalar

21-nji madda. Şertnamalaryň görnüşleri

1. Şu Kanuna laýyklykda Nebit işlerini geçirmek üçin Şertnamalaryň aşakdaky görnüşleri ulanylýar:

1) Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama;

2) Roýalti we salgyt şertlerindäki konsessiýa barada şertnama;

3) Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky şertnama;

4) Töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin şertnama.

2. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, roýalti we salgyt şertlerinde konsessiýa barada şertnama we töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin şertnama Agentlik bilen Potratçynyň arasynda baglaşylýar. Onda Potratçy hökmünde Konsern (korporasiýa) hem çykyş edip biler.

3. Konsern (korporasiýa) bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnama Potratçy hökmünde gatnaşyp bilýär.

4. Nebit işleriniň anyk häsiýetine we beýleki ýagdaýlaryna görä Şertnamalaryň görkezilen görnüşleriniň we Şertnamalaryň beýleki görnüşleriniň utgaşdyrylmagyna ygtyýar berilýär.

22-nji madda. Şertnamanyň hereket ediş möhleti we şertleri

Şertnamanyň hereket ediş möhleti we şertleri şu Kanuna we Ygtyýarnama laýyklykda Şertnamanyň taraplarynyň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär.

23-nji madda. Şertnamany baglaşmagyň we bellige almagyň tertibi

1. Nebit işleri geçirilende Şertnamanyň daşky gurşawy, ýerasty baýlyklary goramaga, ilatyň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli düzgünleri Agentlik tarapyndan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylýar. Şeýle ylalaşmanyň tertibi we möhletleri Agentlik tarapyndan kesgitlenilýär.

Agentligiň bellän möhletinde agzalan edaralar tarapyndan Şertnamanyň ylalaşylmasynyň bolmazlygy ygtyýarly edaralaryň Şertnamany bellige almakdan boýun gaçyrmaklary üçin esas bolup durmaýar.

2. Şertnama onuň degişli döwlet dolandyryş edaralarynda bellige alnan gününden öz güýjüne girýär.

24-nji madda. Şertnamanyň şertleriniň üýtgedilmegi we onuň hereketiniň bes edilmegi

1. Eger şu Kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Şertnamanyň şertleri diňe Şertnamanyň taraplarynyň oňa ýazmaça razylygy bolan ýagdaýynda üýtgäp biler.

2. Agentlik we Potratçy Şertnamada göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde Şertnamanyň hereketini bes edip bilerler.

3. Şu Kanuna laýyklykda Ygtyýarnama ýatyrylan ýagdaýynda Şertnama hem bes edilýär.

4. Şertnamanyň taraplary Şertnamanyň hereketiniň bes edilen pursadyna çenli ýerine ýetirilmän galan borçnamalaryny ýerine ýetirmekden boşadylmaýarlar.

5. Eger Şertnamada başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Şertnama möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda, Potratçy öz eýeçiliginde bolan emläge özbaşdak ygtyýarlyk etmäge haklydyr. Onda Agentligiň onuň ýaly emlägi satyn almaga artykmaçlyk hukugy bar.

6. Şertnamanyň hereket edýän döwründe, şeýle hem onuň möhleti tamamlanandan soňra, Potratça degişli emläge bolan eýeçilik hukugynyň geçiş meseleleri Şertnamada şertleşilýär.

7. Şertnamanyň hereketi bes edilen ýagdaýynda, Potratçy öz serişdeleriniň hasabyna Nebit işleriniň geçirilýän çägini daşky gurşawy, ýerasty baýlyklaryny, ilatyň howpsuzlygyny we saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we Nebit işlerini amala aşyrmak boýunça halkara tejribesiniň düzgünlerine laýyk gelýän ýagdaýa getirmäge borçludyr.

V bölüm. Nebit işleriniň geçirilmegi

25-nji madda. Nebit işlerini geçirmegiň şertleri

1. Nebit işlerini geçirmegiň şertleri Şertnamada kesgitlenilýär.

2. Eger Gözleg işleri netijesinde Uglewodorod serişdeleriniň ýatagy açylan bolsa, Potratçy şol açyş barada Agentlige habar bermäge, şol ýataga, şol sanda onuň gorlaryna baha bermäge hem-de onuň senagat ähmiýeti hakyndaky netijenamany taýýarlamaga borçludyr. Açyş barada habar bermegiň, ýataga baha bermegiň, şol sanda ýatagyň gorlary we açylan ýatagyň senagat ähmiýeti baradaky meselesi boýunça netijenamany taýýarlamagyň möhletleri Şertnamada kesgitlenilýär.

3. Senagat ähmiýetli ýatak tapylanda, Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Potratça Nebit işlerini geçirmek boýunça çykdajylarynyň öwezini dolmaga hukuk berilýär, onuň her çärýekdäki möçberi Uglewodorod serişdeleriniň Potratça degişli paýyndan gelýän girdejiniň möçberinden ýokary bolup bilmeýär.

Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga Şertnamalaryň şertlerinde Senagat ähmiýetli ýatak tapylanda, Potratça Nebit işlerini geçirmek boýunça çykdajylaryň öwezini dolmaga hukuk berilýär, onuň her çärýeklik möçberi Şertnamanyň şertlerine laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Eger Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň möhletiniň ýa-da onuň hereketiniň uzaldylan möhleti dolanda Senagat ähmiýetli ýatak açylmadyk bolsa, Potratçynyň çykdajylarynyň öwezini dolmaga hukugy bolmaýar. Şonda Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň hereketi bes edilýär.

5. Eger Potratçy Ýatagyň senagat ähmiýeti ýok diýip hasaplasa ýa-da Senagat ähmiýetli ýatagy özleşdirmekden boýun gaçyran ýagdaýynda, ol şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ýedinji böleginiň şertlerini berjaý etmek bilen bu ýatagyň ýerleşýän Şertnamalaýyn çäginiň meýdançasyndan gitmäge borçludyr.

26-njy madda. Ýatagyň bilelikde özleşdirilmegi

1. Ýatagyň bilelikde özleşdirilmegi bir-birine ýanaşýan Şertnamalaýyn çäklerinde ýerleşýän şol bir ýatagy Işläp taýýarlamak boýunça öz işlerini amala aşyrýan iki ýa-da ondan köp Potratçylaryň arasynda işleriň utgaşdyrylmagyny aňladýar.

Munuň ýaly Potratçylar şol Ýatagy ýeke-täk obýekt hökmünde bilelikde özleşdirmek boýunça öz aralarynda şertnama baglaşmaga borçludyrlar we bu ýatak Potratçylaryň işläp taýýarlan ýeke-täk meýilnamalary boýunça özleşdirilmelidir. Bilelikde özleşdirmegiň şertnamasy we ýeke-täk meýilnamasy Agentlik tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.

2. Eger Potratçylaryň islendik biri Bilelikde özleşdirme boýunça şertnamany beýleki Potratçy bilen baglaşmakdan ýüz dönderýän bolsa, onda Agentlik ony şol şertnamany baglaşmaga borçly etmäge haklydyr.

Eger Potratçylaryň islendik biri ýatagyň bilelikdäki özleşdirmesiniň ýeke-täk meýilnamasyny işläp taýýarlamakdan ýüz dönderýän bolsa, onda Agentlik munuň ýaly meýilnamanyň Potratçylaryň hasabyna işläp taýýarlanylmagyny garaşsyz bilermene tabşyrmaga haklydyr. Munuň ýaly meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi Potratçylar üçin hökmanydyr. Haýsydyr bir Potratçynyň bu borçlary ýerine ýetirmekden ýüz dönderen ýagdaýynda, ol agzalan ýatagyň degişli meýdançasyny yzyna bermäge borçludyr.

27-nji madda. Emeli adalar, bentler we başga desgalar

1. Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde we Içki suw howdanlarda Nebit işlerini geçirmek maksady bilen döredilýän emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy, ulanylyşy we peýdalanylyşy, Agentlik tarapyndan Potratça, onuň daşky gurşawy we bioserişdelerini goramak we gorap saklamak şerti bilen, aýratyn berilýän rugsatnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Şeýle emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň töwereginde daşky araçäkleriň her bir nokadyndan 500 metre çenli aralyga uzalyp gidýän howpsuzlyk zolaklary bellenilýär.

2. Emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň ýerleşişi gämi gatnawy we balykçylyk üçin möhüm ähmiýeti bolan oňat ýola goýlan deňiz ýollaryna päsgelçilikleri döretmeli däldir.

3. Emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň gurluşygyna, saklanylmagyna hem-de ulanylmagyna jogapkär Potratçy ýa-da Kömekçi potratçy şolaryň goralmagyny we olaryň ýerleşýän ýerlerini görkezýän duýduryjy belgileriň hemişe bolmagyny üpjün etmäge borçludyr.

4. Taşlanan ýa-da ulanylmaýan emeli adalar, bentler we beýleki desgalar başga maksatlar üçin peýdalanylyp bilinmejek bolsa, adamlaryň, tebigy baýlyklaryň howpsuzlygyna zeper ýetirmez ýaly, gämi gatnawyna ýa-da balykçylyga päsgelçilik bermez ýaly edilip sökülip aýrylmalydyrlar.

28-nji madda. Agentligiň Uglewodorod serişdelerini satyn almaga bolan hukugy

1. Agentligiň islendik wagtda bazar bäsdeşligi esasynda Potratçynyň paýynyň Uglewodorod serişdelerini täjirçilik ýoly bilen satyn almaga artykmaçlyk hukugy bardyr.

2. Agentligiň içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen we Uglewodorod serişdeleriniň doly ulanylmagynyň hasabyna munuň ýaly zerurlyklaryň kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda, Potratçynyň paýynyň Uglewodorod serişdelerini satyn almaga artykmaçlyk hukugy bar.

Şonda satyn alynýan Uglewodorod serişdeleriniň çäkli möçberleri, nyrh emele geliş tertibi, tölegiň görnüşi we töleg walýutasy Şertnama esasynda kesgitlenilýärler.

29-njy madda. Uglewodorod serişdeleriniň yzyna gaýtarylmak şerti bilen mejbury alynmagy (rekwizisiýasy) we olaryň ýeriniň doldurylmagy

1. Uruş, uruş howpy, tebigy betbagtçylyk ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen we adatdan daşary häsiýetli beýleki ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) Potratça degişli Uglewodorod serişdeleriniň bölegini ýa-da tutuş paýyny mejbury tölegli yzyna gaýtarylmak şerti bilen mejbury almaga (rekwizisiýa) haky bar. Yzyna gaýtarylmak şerti bilen mejbury almak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) tarapyndan kesgitlenilýän we adatdan daşary ýagdaýlaryň tutuş döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň mätäçliklerini üpjün etmek üçin gerek bolan möçberlerde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) Potratçynyň rekwizirlenen Uglewodorod serişdeleri üçin hakyky önümler görnüşinde ýa-da olaryň bahasyny erkin ýörgünli pulda adalatly nyrhlar boýunça tölemek arkaly öweziniň doldurylmagyny kepillendirýär.

30-njy madda. Nebit işleriniň geçirilmegine döwlet gözegçiligi

1. Şu Kanuna laýyklykda Agentlik Nebit işleriniň geçirilmegine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar.

Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlygynyň çäklerinde degişli döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar.

Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary şonuň ýaly gözegçiligi amala aşyranda alan islendik maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

2. Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary, döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň ygtyýarlygynyň çäklerinde degişli barlaglary we gözegçilikleri geçirmekden ozal munuň ýaly barlaglaryň we gözegçilikleriň geçirilmegini Agentlik bilen öňünden hat üsti bilen ylalaşýarlar.

3. Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen barlaglaryň we gözegçilikleriň barşynda Şertnama taraplarynyň gatnaşyklaryna goşulmaga haklary ýokdur.

4. Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary, barlaglaryň we gözegçilikleriň netijeleri boýunça taýýarlanan öz netijenamalaryny, güwanamalaryny, hasabatlaryny we beýleki namalaryny Kanuna, Ygtyýarnama we Şertnama laýyklykda garalmagy we çäreleriň görülmegi üçin Agentlige iberýärler.

5. Hukuk goraýjy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Nebit işleriniň geçirilmeginde kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Hukuk goraýjy edaralar geçiriljek barlaglar barada Agentlige habar berýärler. Munuň ýaly barlaglaryň güwanamalaryny, netijenamalaryny, teswirnamalaryny we beýleki namalary Agentlige iberilýär.

6. Agentlik öz netijenamalaryny, güwanamalaryny, hasabatlaryny we beýleki namalaryny iberen ministrliklere, beýleki döwlet dolandyryş edaralaryna we hukuk goraýjy edaralaryna şol resminamalara garamagyň netijeleri barada habar berýär.

301-nji madda. Nebit işlerini amala aşyrmak boýunça Agentligiň döwlet dolandyryş edaralary bilen özara hereketi

1. Şu Kanuna we Işläp taýýarlamagyň düzgünlerine laýyklykda Agentligiň, Potratçynyň Nebit işleriniň maksatnamasynyň we meýilnamasynyň netijeliligini we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini kesgitlemek maksady bilen, degişli döwlet edaralaryna (guramalaryna) olary muzdsuz ekspertiza etmegi tabşyrmaga hukugy bardyr.

2. Nebit işlerini amala aşyrmak boýunça Agentligiň döwlet dolandyryş edaralary bilen özara hereketiniň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenilýär.

31-nji madda. Gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň ölçenilişi we agramynyň çekilişi

1. Şertnamalaýyn çäkde gazylyp alnan Şertnamalaýyn çäkde we (ýa-da) ondan daşarda saklanýan Uglewodorod serişdeleriniň ölçenilişi we agramynyň çekilişi Potratçy tarapyndan Şertnamada kesgitlenilen döwürlerde Nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesinde ulanylýan usulyýeti peýdalanmak bilen yzygiderli geçirilýär.

Uglewodorod serişdelerini ölçemegiň we agramyny çekmegiň beýleki usullaryny ulanmak, şeýle hem şonda enjamlaryň we gurallaryň peýdalanylmagy Potratçy tarapyndan diňe Agentligiň rugsatnamasy bar bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar.

2. Agentlik Uglewodorod serişdeleriniň agramyny çekmek we ölçemek üçin peýdalanylýan enjamlary we gurallary yzygiderli belli bir wagtyň geçmeginde, synagdan geçirmegi, synaglaryň netijeleriniň Agentlige tabşyrylmagyny Potratçydan talap etmäge haklydyr.

3. Eger Uglewodorod serişdeleriniň agramyny çekmek we ölçemek üçin peýdalanylýan enjamlar we gurallar synagdan geçirilende, kemçilikler ýa-da nätakyklyklar ýüze çykarylsa we olaryň emele gelen wagtyny kesgitlemek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, onda agzalan enjamlar ýa-da gurallar, o