Daşary ykdysady iş hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Daşary ykdysady iş hakynda

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunyň esasy maksatlary

Türkmenistanyň dünýäniň ykdysadyýetine netijeli goşulmagy üçin şertleriň üpjün edilmegi, daşary ykdysady iş amala aşyrylan mahalynda milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň höweslendirilmegi we Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegi şu Kanunyň esasy maksatlary bolup durýar.

2-nji madda. Daşary ykdysady iş

Daşary ykdysady iş diýlip Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, beýleki ýuridik şahslaryň, fiziki şahslarynyň daşary ýurt döwletleri, olaryň ýuridik we fiziki şahslary, halkara guramalary bilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de ösdürilmegine gönükdirilen iş ýüzündäki hereketleriniň jemine düşünilýär.

3-nji madda. Türkmenistanyň daşary ykdysady iş hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň daşary ykdysady iş hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Şu Kanunyň düzgünleriniň uglewodorod serişdeleriniň gözleg işleri, gazylyp alynmagy we ýerlenilmegi babatdaky gatnaşyklara ulanylmagy “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünleriniň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4-nji madda. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty

1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen daşary ykdysady iş babatda gatnaşyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň we kadalarynyň esasynda guralýar.

2. Daşary ykdysady syýasaty amala aşyrylan mahalynda Türkmenistan ýurduň halkara borçnamalarynyň hasaba alynmagy bilen, içerki bazarynyň we ýurduň haryt öndürijileriniň bähbitleriniň goralmagy boýunça çäreleri görýär, şeýle hem ýurduň harytlarynyň daşarky bazarlara iberilmegine ýardam edýär.

3. Türkmenistan Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda meýletinlik esasynda erkin söwda zolaklaryna we beýleki döwletara ykdysady birikmelere gatnaşmaga haklydyr.

5-nji madda. Türkmenistandaky daşary ykdysady işiň esasy ýörelgeleri

Şu aşakdakylar Türkmenistandaky daşary ykdysady işiň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) daşary ykdysady işiň subýektleriniň, ýurduň haryt öndürijileriniň we sarp edijileriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegi;

2) daşary ykdysady iş amala aşyrylan mahalynda özara bähbitlilik;

3) daşary ykdysady işiň subýektleriniň telekeçilik işiniň erkinligi we ykdysady özbaşdaklygy;

4) daşary ykdysady işiň subýektleriniň deňligi we olaryň kemsidilmegine ýol berilmezligi;

5) daşary ykdysady iş boýunça hyzmatdaşlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk;

6) daşary ykdysady şertnamalar boýunça kabul edilen borçnamalaryň yhlaslylyk bilen ýerine ýetirilmegi;

7) Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

8) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň berjaý edilmegi.

6-njy madda. Daşary ykdysady işiň esasy ugurlary

Şu aşakdakylar daşary ykdysady işiň esasy ugurlary bolup durýar:

1) halkara ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy;

2) daşary söwda işi;

3) daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi;

4) Türkmenistanyň çäginden daşardaky maýa goýum işi.

7-nji madda. Halkara ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy

Halkara ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň daşary ykdysady işiň subýektleriniň önümçilik, maliýe çygrynda, bank we ätiýaçlandyryş işinde, bilimde we işgärleri taýýarlamakda, syýahatçylykda, saglygy goraýyşda, ylmy-tehniki, medeni, ekologiýa, ynsanperwerlik we beýleki çygyrlarynda daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslary, şeýle hem halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýola goýulmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen daşary ykdysady işiň amala aşyrylmagyny özünde jemleýär.

8-nji madda. Daşary söwda işi

1. Harytlaryň halkara alyş-çalşy (satyn alynmagy-satylmagy) babatdaky iş daşary söwda işi bolup durýar.

Alyş-çalşyň (satyn almagyň-satmagyň) obýektleri bolup durýan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öndürilýän ähli görnüşdäki harytlyk serişdeler, işler, hyzmatlar, islendik emläk, şol sanda intellektual eýeçiligiň obýektleri halkara alyş-çalşynyň (satyn alynmagynyň-satylmagynyň) harytlaryna degişlidir, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda daşary söwda işinde ulanylmagy gadagan edilýän harytlar degişli däldir.

2. Daşary söwda işi harytlaryň eksport we import edilmegi arkaly amala aşyrylýar.

9-njy madda. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi

Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

10-njy madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky maýa goýum işi

1. Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky maýa goýum işi çäginde bu iş amala aşyrylýan döwletiň kanunçylygyna, döwletara şertnamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylyp bilner:

1) ýuridik şahslaryň döredilmegi ýa-da olaryň esaslyk gaznalaryna (maýalaryna) paýly gatnaşmagy;

2) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda wekillikleriň, şahamçalaryň we beýleki aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň döredilmegi, bergi borçnmalaryny hem goşmak bilen daşary ýurt döwletleriniň dahyllylary tarapyndan çykarylan gymmatly kagyzlaryň satyn alynmagy; tebigy serişdeleriň gözleg işine, işlenip taýýarlanylmagyna, gazylyp alynmagyna ýa-da peýdalanylmagyna bolan konsessiýalary goşmak bilen, konsessiýalaryň edinilmegi; emläk hukugynyň, şeýle hem ýere we beýleki tebigy serişdelere eýeçilik etmäge we olardan peýdalanmaga bolan hukugynyň edinilmegi.

2. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda maýa goýum işi daşary ýurt döwletiniň kanunçylygynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan başga usullar bilen hem amala aşyrylyp bilner.

II BAP. DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

11-nji madda. Daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, şeýle hem öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki döwlet dolandyryş edaralary (mundan beýläk – ygtyýarlyk berlen edaralar) daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

12-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan

düzgünleşdirilmegi babatda ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatda:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we ykdysady bähbitleriniň goralmagy boýunça çäreleri görýär;

4) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşýar;

5) daşary ykdysady işiň subýektleriniň, şol sanda daşary ýurtly maýadarlaryň Türkmenistanyň çäginde hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

13-nji madda. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady

aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ykdysady

işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

babatda ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatda:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklary babatda halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň daşarky bazardaky bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär;

3) ygtyýarlyk berlen edaralar bilen bilelikde Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň subýektleriniň daşary söwda işini utgaşdyrýar we oňa gözegçilik edýär;

4) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýäniň ykdysadyýetine netijeli goşulyşmagy boýunça çäreleri işläp düzýär we durmuşa geçirýär;

5) Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklar babatda halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi, türkmen tarapynyň olardan gelip çykýan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleri görýär;

6) daşary ykdysady işiň seljeriş-maglumat beriş üpjünçiligini guraýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

14-nji madda. Ygtyýarlyk berlen edaralaryň daşary ykdysady

işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

babatda ygtyýarlylygy

1. Ygtyýarlyk berlen edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatda:

1) şu aşakdakylary durmuşa geçirýärler:

a) döwlet syýasatyny;

b) daşary ykdysady iş amala aşyrylanda Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerini goramak boýunça çäreleri;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýarlar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýärler;

3) daşary ykdysady işiň subýektleriniň işini utgaşdyrýarlar we düzgünleşdirýärler;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Ygtyýarlyk berlen edaralaryň wezipeleriniň aýdyňlaşdyrylmagy Türkmenistanyň Kanunlary we bu edaralaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalary esasynda amala aşyrylýar.

15-nji madda. Daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan

düzgünleşdirilmeginiň esaslary

1. Türkmenistanda daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi daşary ykdysady syýasaty amala aşyrmak we daşary ykdysady işi netijeli dolandyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan bellenilýän çäreleriň ulgamyny özünde jemleýär.

2. Daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) kanunçylyk binýadynyň döredilmegi we kämilleşdirilmegi;

2) milli ösüş maksatnamalarynyň kabul edilmegi;

3) daşary ykdysady işi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň bellige alynmagy;

4) önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) sertifikatlaşdyrylmagy;

5) nyrh taýdan we nyrh däl düzgünleşdirmek;

6) pul taýdan düzgünleşdirmek;

7) salgyt taýdan düzgünleşdirmek;

8) Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň berjaý edilmegi üçin goranyş, öwezini doluş we beýleki çäreleriň ulanylmagy;

9) daşary söwda işini amala aşyrmagyň, şol sanda harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň eksporty we importy üçin san taýdan çäklendirmegiň we döwlet monopoliýasynyň tertibiniň ýola goýulmagy;

10) tehniki, farmokologik, sanitariýa, weterinariýa, fitosanitariýa, ekologiýa talaplarynyň bellenilmegi;

11) harytlar we tehnologiýalar babatda eksport gözegçiliginiň bellenilmegi;

12) daşary ykdysady işiň derhal düzgünleşdirilmeginiň çäreleriniň görülmegi.

3. Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen çäreleri daşary ykdysady işiň subýektleri tarapyndan amala aşyrylýan göni önümçilik, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary, serhetýaka söwdasyny, haryt alyşmak amallaryny hem goşmak bilen, daşary ykdysady işiň ähli görnüşlerine degişlidir.

16-njy madda. Içerki bazaryň, ýurduň haryt öndürijileriniň

bähbitleriniň goralmagy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti içerki bazary, ýurduň haryt öndürijileriniň bähbitlerini goramak we olaryň kemsidilmegine ýol bermezlik maksady bilen, halkara şertnamalaryna laýyklykda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şu aşakdakylary ulanyp biler:

1) import edilýän harytlaryň käbirlerine ýörite öwezini doluş we antidemping paçlaryny;

2) harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň import edilmegini wagtlaýyn mukdar taýdan çäklendirmegi.

17-nji madda. Türkmenistana getirilýän harytlara

bildirilýän talaplar

1. Türkmenistana getirilýän harytlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tehniki, farmokologik, sanitariýa, weterinariýa, fitosanitariýa we ekologiýa talaplaryna laýyk gelmelidir.

2. Şu aşakdaky harytlaryň Türkmenistana getirilmegi gadagan edilýär:

1) şu maddanyň birinji böleginde görkezilen talaplara laýyk gelmeýän;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen laýyklyk sertifikaty bolmadyk.

18-nji madda. Nyrh taýdan düzgünleşdirmek

Nyrh taýdan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwletiň gümrük serhediniň üstünden geçirilýän harytlara getirilýän we alnyp gidilýän gümrük paçlarynyň, şeýle hem goşmaça tölegleriň bellenilmegi arkaly amala aşyrylýan eksporty we importy düzgünleşdirmegiň esasy usuly bolup durýar.

19-njy madda. Nyrh däl düzgünleşdirmek

1. Türkmenistan paýlaryň bellenilmegi, harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň getirilmegi we alnyp gidilmegi boýunça işiň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamalaryň ulanylmagy, aýry-aýry harytlaryň eksport ýa-da import edilmeginiň gadaganlygynyň we çäklendirilmeginiň bellenilmegi arkaly Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän ýa-da Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda eksportyň we importyň nyrh däl düzgünleşdirilmeginiň çärelerini ulanýar.

2. Türkmenistan düzgünleşdirmegiň nyrh däl çärelerini şu maksatlar bilen ulanýar:

1) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek;

2) adamlaryň janyny we saglygyny goramak, jemgyýetçilik ahlagyny berjaý etmek we hukuk tertibini goramak;

3) haýwanat we ösümlik dünýäsini hem-de daşky gurşawy goramak;

4) medeni gymmatlyklary bikanun alnyp gidilmeginden, getirilmeginden we olara bolan eýeçilik hukuklarynyň başgalara geçirilmeginden goramak;

5) öwezini dolup bolmaýan tebigy gorlaryň gutarylmagynyň öňüni almak;

6) ýurduň milli howpsuzlygyny üpjün etmek;

7) Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerini goramak;

8) daşary ýurt döwletleriniň ulanýan çäklendiriji çärelerine jogap çärelerini ulanmak.

20-nji madda. Eksport gözegçiligi

        1. Ýaraglandyrma, harby tehnika, iki wezipeli harytlar we tehnologiýalar babatda daşary ykdysady iş amala aşyrylan mahalynda Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, şeýle hem halkara borçnamalaryny berjaý etmek maksady bilen Türkmenistanda eksport gözegçiligi ulgamy ulanylýar.

        2. Daşary ykdysady işiň eksport gözegçiligine degişli bolup durýan obýektleriniň sanawy, şeýle hem olaryň alnyp gidilmeginiň ýa-da üstaşyr geçirilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

21-nji madda. Daşary ykdysady işiň statistikasy

Türkmenistan daşary ykdysady işiň statistik hasaba alnyş we hasabatlylyk döwlet ulgamynyň döredilmegini, halkara derejesinde degşirilip bilinjek Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynyň, şular barada statistik maglumatlaryň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýan ýeke-täk usulyýet boýunça toplamagy we ulgamlaşdyrmagy üpjün edýär:

1) döwlet statistik hasabatlylygy we gümrük statistikasy esasynda döwletiň daşary söwdasy we söwda deňagramlylygy boýunça;

2) döwletiň töleg deňagramlylygy boýunça.

III BAP. DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ SUBÝEKTLERI,

OLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

22-nji madda. Daşary ykdysady işiň subýektleri

1. Daşary ykdysady işiň gatnaşyjylary hökmünde Türkmenistanda bellige alnan şu aşakdakylar Türkmenistandaky daşary ykdysady işiň subýektleri bolup bilerler:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda döredilen ýuridik şahslar;

2) daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary, olaryň Türkmenistanda bellige alnan wekilhanalary we şahamçalary;

3) fiziki şahslar, şol sanda daşary ýurt fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlar;

4) halkara guramalary.

Türkmenistanyň kanunlary bilen daşary ykdysady işiň gatnaşyjylary hökmünde bellige alynmazdan, daşary ykdysady işi amala aşyrýan subýektler kesgitlenilip bilner.

2. Daşary ykdysady işiň gatnaşyjylarynyň bellige alynmagy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

23-nji madda. Daşary ykdysady işiň subýektleriniň hukuklary

Daşary ykdysady işiň subýektleriniň şulara hukuklary bardyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işe gatnaşmagyň görnüşini, şekillerini we ugurlaryny özbaşdak kesgitlemäge, ýuridik we fiziki şahslary bellenilen tertipde şertnama esasynda daşary ykdysady işi amala aşyrmagy üçin çekmäge;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň karz edaralarynda we (ýa-da) daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryny açmaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işiň netijelerine özbaşdak eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýarlyk etmäge;

4) döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň hukuga garşy etmişlerinden (hereketlerinden ýa-da hereket etmezliklerinden) öz hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet goragyna;

5) eger bu maglumatlaryň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik bolsa ýa-da çäklendirilmedik bolsa, döwlet edaralaryndan we olaryň wezipeli adamlaryndan eýelik etmegi olaryň daşary ykdysady iş çygryndaky hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň amala aşmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan maglumatlary almaga.

Daşary ykdysady işiň subýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklary hem bolup biler.

24-nji madda. Daşary ykdysady işiň subýektleriniň borçlary

1. Daşary ykdysady işiň subýektleri şulara borçludyrlar:

1) öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrmaga;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda harytlaryň eksport (import) edilmegi üçin şertnamalaryň bellige alynmagy boýunça talaplary öz wagtynda ýerine ýetirmäge;

3) salgytlaryň, ýygymlaryň we beýleki hökmany tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz wagtynda we doly möçberde tölenilmegini üpjün etmäge;

4) daşary ykdysady geleşikleriň baglaşylmagynyň, ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünlerini berjaý etmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini üpjün etmäge;

6) halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň, gözlegleriň we taslamalaryň sanitariýa-gigiýena, ekologiýa, seýsmik we beýleki talaplara laýyk gelmegi babatda bilermenler seljermesiniň geçirilmegini üpjün etmäge;

7) Türkmenistana getirilýän harytlaryň Türkmenistanda tassyk edilen tehniki, farmokologik, sanitariýa, weterinariýa, fitosanitariýa, ekologik talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli döwlet edaralaryna hödürlemäge.

2. Daşary ykdysady işiň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary hem çekip bilerler.

IV BAP. DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ

AMALA AŞYRYLMAGY ÜÇIN AÝRATYN ŞERTLER

25-nji madda. Daşary ykdysady işiň amala aşyrylmagy üçin

aýratyn hukuk düzgünleri

1. Türkmenistanyň çäginde daşary ykdysady işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagy üçin aýratyn hukuk düzgüni bellenilip bilner:

1) serhetýaka söwdasynyň amala aşyrylmagy üçin serhetýaka çäginde;

2) paçsyz söwda gümrük düzgüninde işleýän dükanlarda, şeýle hem paçsyz söwdanyň beýleki nokatlarynda;

3) erkin ykdysady zolaklarynyň (erkin telekeçilik zolaklarynyň, syýahatçylyk zolaklarynyň) çäginde;

4) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda – erkin söwda zolaklarynyň we başga halkara birikmeleriniň çäklerinde.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen daşary ykdysady işiň aýry-aýry görnüşleri ýa-da aýry-aýry daşary ykdysady amallar amala aşyrylanda salgyt, gümrük we başga ýeňillikler bellenilip bilner.

26-njy madda. Serhetýaka söwdasy

Serhetýaka söwdasynyň amala aşyrylmagynyň tertibi we serhetýaka çäginiň degişli çäkleri Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

27-nji madda. Paçsyz söwda gümrük düzgüninde işleýän

dükanlar, şeýle hem paçsyz söwdanyň beýleki

nokatlary

Paçsyz söwda gümrük düzgüninde işleýän dükanlaryň, şeýle hem paçsyz söwdanyň beýleki nokatlarynyň işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

28-nji madda. Erkin ykdysady zolaklar

Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän erkin ykdysady zolaklar (erkin telekeçilik zolaklary, syýahatçylyk zolaklary) üçin daşary ykdysady işiň aýratyn düzgüni (gümrük, pul, salgyt, nyrh emele getiriş we başga) bellenilip bilner.

V BAP. DAŞARY YKDYSADY IŞ BABATDA

DÖWLETARA GATNAŞYKLARY WE

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

29-njy madda. Daşarky bazarlara baryp bilmek üçin amatly

şertleriň üpjün edilmegi

Türkmenistan özüniň ygtyýarly edaralarynyň wekilliginde, şol sanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşiklere goşulmak hem-de halkara şertnamalaryny baglaşmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berjek halkara guramalarynyň we döwletara toparlarynyň döredilmegine we işine gatnaşmak bilen, ýurduň öndürijileriniň harytlarynyň beýleki ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi boýunça çäreleri görýär.

30-njy madda. Türkmenistanyň söwda-ykdysady meseleler

boýunça daşary ýurt döwletlerindäki wekillikleri

1. Türkmenistan daşary ýurt döwletlerinde Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary esasynda Türkmenistanyň söwda-ykdysady meseleler boýunça wekilliklerini (söwda wekilliklerini) döredýär.

2. Söwda wekillikleri bolunýan ýurtlarda daşary ykdysady işiň ähli meseleleri boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýän we olaryň goragyny üpjün edýän döwlet edaralary bolup durýarlar.

3. Söwda wekillikleri daşary ykdysady işiň subýektleriniň daşary ýurtlarda Türkmenistanyň bähbitlerini berjaý edişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

31-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky söwda-ykdysady meseleler boýunça wekillikleri

Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň söwda-ykdysady meseleler boýunça wekillikleri halkara şertnamalary esasynda esaslandyrylyp bilner.

VI BAP. DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ

SUBÝEKTLERINIŇ JOGAPKÄRÇILIGI

32-nji madda. Daşary ykdysady işiň subýektleriniň öz

borçnamalary boýunça jogapkärçiligi

1. Daşary ykdysady işiň subýektleri bolup durýan fiziki we ýuridik şahslar öz borçnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jerime salnyp bilinjek özlerine degişli emlägi bilen jogap berýärler.

2. Daşary ykdysady işiň subýekti hökmünde döwlet öz borçnamalary boýunça degişli döwletara we hökümetara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna laýyklykda bellenilen çäklerde jogap berýär.

33-nji madda. Döwletiň we daşary ykdysady işiň

subýektleriniň jogapkärçiliginiň

tapawutlandyrylmagy

Daşary ykdysady işiň subýektleri – fiziki we ýuridik şahslaryň döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýşi ýaly, döwlet hem görkezilen fiziki we ýuridik şahslaryň borçnamalary boýunça jogap bermeýär.

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

34-nji madda. Daşary ykdysady işde ätiýaçlandyryş

1. Türkmenistanyň çäginde daşary ykdysady işi ätiýaçlandyrmak ätiýaçlandyryş babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistan eksporty höweslendirmek maksady bilen eksport töwekgelliklerinden ätiýaçlandyryş ulgamyna gatnaşyp biler.

3. Daşary ykdysady işdäki telekeçilik töwekgelliklerinden ätiýaçlandyryş meýletinlik esasynda amala aşyrylýar.

35-nji madda. Daşary ykdysady işiň togtadylmagy we

bes edilmegi

1. Şu Kanunyň 22-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen subýektleriň daşary ykdysady işi şu aşakdaky ýagdaýlarda degişli ygtyýarly edara tarapyndan togtadylyp bilner:

1) Türkmenistanyň daşary ykdysady iş hakynda kanunçylygy bozulanda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünleri berjaý edilmese, şeýle hem daşary ýurtlaryň kanunçylygynyň Türkmenistana ykdysady ýa-da syýasy zeper ýetiren bozulmalary bolan halatynda;

2) tertipnama hukuk ukyplylygynyň bozulmagy bilen daşary ykdysady amallar, şeýle hem tassyklanylmadyk barter amallary amala aşyrylanda;

3) mahabatlandyrmada, gümrük, pul-maliýe we bellige alyş resminamalarynda görnetin ýalan maglumatlar habar berlende;

4) terrorçylyk işine (ekstremistik işe, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine) gatnaşýandygy barada maglumatlar bolanda;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň amala aşyrylmagyny ýa-da synanyşmaklygyny tassyklaýan ýeterlik esaslar bolanda.

2. Kararyň kabul edilmegine getiren sebäpler aýrylanda togtatmak hakynda karar üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner.

3. Daşary ykdysady işiň togtadylmagy hakynda karar kazyýete şikaýat edilip bilner.

4. Daşary ykdysady işiň bes edilmegi daşary ykdysady işiň subýektleri tarapyndan özbaşdak ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça kazyýetiň karary boýunça amala aşyrylyp bilner.

36-njy madda. Jedelleriň çözülişi

1. Daşary ykdysady işiň amala aşyrylmagy netijesinde ýüze çykýan jedeller şertnamalaýyn tertipde çözülýär.

2. Şertnamada jedelleriň çözülmeginiň tertibini düzgünleşdirýän düzgünler bolmadyk halatynda ulanylýan hukuk we seredilýän ýeri halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

3. Daşary ykdysady işiň subýektleriniň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen jedelleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda çözülýär.

37-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1992-nji ýylyň 19-njy maýyndaky “Türkmenistanda daşary ykdysady iş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 5, 36-njy madda);

1993-nji ýylyň 12-nji aprelindäki “Türkmenistanda daşary ykdysady iş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 4, 35-nji madda).

Türkmenistanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ 103-V.