Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda

Şu Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär, pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň, ygtyýarly edaranyň we beýleki döwlet edaralarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejiler – jemgyýetçilik howply etmişi etmegiň netijesinde edinilen pul serişdeleri we gaýry emläk;

2) emläk – görünýän ýa-da görünmeýän, maddy ýa-da maddy däl, gozgalýan ýa-da gozgalmaýan, şeýle hem edinilmeginiň usulyna we ýerleşýän ýerine garamazdan islendik aktiwler, şonuň ýaly-da bank karzlaryny, ýol çeklerini, bank çeklerini, poçta geçirmelerini, akkreditiwleri, paýnamalary, obligasiýalary, wekselleri we beýleki töleg gurallaryny we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen şeýle aktiwlere bolan hukugy ýa-da bähbidi ýa-da olara gatnaşmagy tassyklaýan islendik görnüşli ýuridik resminamalar ýa-da namalar, şol sanda olaryň elektron ýa-da sanly görnüşleri we şeýle islendik emläkdäki doly ýa-da bölekleýin ýuridik ýa-da adalatly bähbidi öz içine alýar;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy – bikanun ýol bilen alnan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen maliýe amallarynyň edilmegi ýa-da beýleki geleşikleriň baglaşylmagy, şonuň ýaly-da görkezilen pul serişdeleriniň we emlägiň telekeçilik ýa-da başga ykdysady işi amala aşyrmak üçin peýdalanylmagy, olaryň başga görnüşe öwrülmegi, geçirilmegi, şeýle hem olara eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we ygtyýar edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen şol pul serişdeleriniň we emlägiň bikanun gelip çykyşynyň gizlenilmegi, ýaşyrylmagy ýa-da şol hereketlerden peýda ýa-da beýleki bähbitleriň alynmagy;

4) terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi – terrorçylyk maksatly hereketi amala aşyrmak üçin, terrorçy, terrorçylykly topar, terrorçylykly gurama tarapyndan peýdalanylmagynyň maksadyna ýa-da olar tarapyndan doly ýa-da bölekleýin peýdalanyljaklygyna düşünmek bilen göni ýa-da gytaklaýyn ýa-da islendik başga usulda pul, maddy-tehniki we gaýry serişdeleriň ýygnalmagy ýa-da berilmegi ýa-da maliýe hyzmatlaryň edilmegi, şonuň ýaly-da terrorçylyk maksatly hereket bilen bagly ýa-da bagly bolmazdan terrorçynyň, terrorçylykly toparyň, terrorçylykly guramanyň ýa-da şol maksatlara ýetmek üçin döredilýän guramaçylykly toparyň, bikanun ýaragly düzümiň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň işini üpjün etmek boýunça hereketler (hereketsizlik);

5) predikat jenaýat – Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan, netijesinde pul serişdeleri we gaýry emläk edinilýän, edilmegi başga jenaýatyň hökmany alamaty bolan we ol babatda hem öňünden edilen bolup durýan jenaýat;

6) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal – amala aşyrylmagynyň görnüşine we usulyna garamazdan fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdeleri we gaýry emläk bilen edýän olar bilen bagly raýatlyk hukuklary we borçlary bellemäge, üýtgetmäge ýa-da bes etmäge gönükdirilen hereketleri;

7) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen şübheli amal (mundan beýläk – şübheli amal) – müşderiniň amaly (şol sanda şeýle amaly geçirmäge edilen synanyşyk, geçirilmegi dowam edip duran amal ýa-da eýýäm geçirilen amal) babatda onuň edilmegi üçin peýdalanylýan pul serişdeleriniň we gaýry emlägiň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdeji bolmagyna ýa-da amalyň özi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga ýa-da terrorçylygy ýa-da gaýry jenaýatçylykly işi maliýeleşdirmäge gönükdirilenligine şübhe döreýän amal;

8) döwlet syýasaty boýunça edarasy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýän hem-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly döwlet syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilen degişli çäreleri geçirmäge ygtyýarly edilen döwlet edarasy;

9) ygtyýarly edara – şu Kanuna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi ýa-da predikat jenaýatlar bilen bagly bolmagynyň mümkinligine şübhe döredýän amallar we ýagdaýlar barada maglumaty almaga, toplamaga, gaýtadan işlemäge, seljermäge, peýdalanmaga we bermäge ygtyýarly edilen döwlet edarasy;

10) içerki gözegçilik – pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahsyň şu Kanunda görkezilen çäreleri amala aşyrmak boýunça işi;

11) benefisiar – bu peýda edinýän, ýagny şertnama ýa-da bergi resminamasyna laýyklykda pul tölegini, girdejileri we beýleki artykmaçlyklary we peýdalary alýan şahs.

Şular benefisiarlar bolup bilerler:

a) ynançly dolandyrmakda bolan ýa-da üçünji şahslar tarapyndan peýdalanylýan eýeçiliginden girdeji alýan şahslar (gozgalýan we gozgalmaýan emlägi kireýine ýa-da kärendesine bermek, paýnamalary dellallaryň peýdalanmagyna geçirmek we ş.m.);

b) ätiýaçlandyrýan tarapyndan bellenen ätiýaçlandyryş tölegini alýanlar, şu halatda benefisiar ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilýär. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen benefisiar töleg edilýänçä aradan çyksa, bu hukugy mirasa alan şahs benefisiar bolup durýar;

ç) bank, bank-emitent tarapyndan resminamalaýyn akkreditiwiň eýesi hökmünde görkezilen şahslar;

d) trastdan maliýe peýdasyny alýan şahslar;

e) inkassodan pul sereşdelerini alyjylar;

ä) bank depozit sertifikatyny alyjylar we beýlekiler.

12) işjeň gatnaşyklar – kesgitli bir möhletiň çäklerinde, belli bir maksada ýetmäge gönükdirilen resminama esasynda ya-da resminamasyz yola goýlan hyzmatdaşlyk;

13) örtük banklar – bellige alnan ýa-da bank işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan döwletlerinde we çäklerinde bolmaýan we bu döwletleriň we çäkleriň netijeli gözegçiliginde bolýan haýsydyr-bir kadalaşdyrylýan maliýe toparyna girmeýän bank;

14) hökmany gözegçilik – ygtyýarly edara we pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar barada maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, seljermek we peýdalanmak boýunça çäreleriň jemi;

15) offşor zolaklar – degişlilikde bank, ätiýaçlyk we beýleki amallary we geleşikleri amala aşyrmakda, ýeňillikli salgyt salmakda ýa-da ýuridik şahslary bellige almakda dahylsyzlara hyzmat etmek üçin döwlet tarapyndan bellenilen aýratyn amatly şertleri bolan zolaklar;

16) ulgamy laýyk däl ýurt – Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny ýerine ýetirmeýän ýa-da ýeterlik derejede ýerine ýetirmeýän ýurt;

17) jemgyýetçilik wezipeli adam – bu daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamyny, milli jemgyýetçilik wezipeli adamyny, halkara guramasynyň wezipeli adamyny öz içine alýar:

a) daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamy – daşary ýurt döwletiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, administratiw ýa-da kazyýet edarasynda haýsydyr bir wezipäni eýeleýän, bellenilýän ýa-da saýlanylýan adam, şeýle hem daşary ýurt döwleti üçin haýsydyr bir jemgyýetçilik wezipäni ýerine ýetirýän ýa-da ýerine ýetiren islendik adam;

b) milli jemgyýetçilik wezipeli adamy – kanuna laýyklykda bellenilen ygtyýarlyklarynyň möçberi we jogapkärçiliginiň kesgitlenen derejesi bolan döwlet wezipesini eýeleýän ýa-da eýelän, döwlet gullugynyň wezipelerini amala aşyrmak bilen baglanyşykly kararlary kabul etmäge hukugy bar bolan ýa-da ozal bolan döwlet wezipeli adam, şeýle hem syýasy partiýalaryň görnükli işgärleri;

ç) halkara guramasynyň wezipeli adamy – bu guramanyň dolandyryş düzümine girýän agzalar, şol sanda başlyklar, olaryň orunbasarlary, müdirýetiniň agzalary ýa-da şolara meňzeş wezipeleri eýeleýän ýa-da eýelän adam.

18) milli töwekgelçiliklere baha bermek we töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmak – kabul edilen çäreleriň ýüze çykarylan töwekgelçiliklere laýyk gelmegini üpjün etmek maksatlary bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini kesgitlemek we oňa baha bermek;

19) seljerme – şübheli amallar, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallar bilen bagly maglumatlaryň, predikat jenaýatlar we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly beýleki maglumatlaryň seljermesi;

20) barabarlamak – müşderler, olaryň ygtyýarly eden taraplary we benefisiarlar barada maglumatlary anyklamak we bu maglumatlary anyklamak üçin resminamalaryň asyl nusgasyny ýa-da olaryň bellenilen tertipde tassyklanan göçürme nusgasyny ulanmagyň usullaryny tassyklamak boýunça şu Kanunda görkezilen çäreleriň toplumy;

21) nagt pullar we görkeziji üçin dolanyşykdaky gurallar – nagt pullar we çäklendirmesiz dolanyşykda bolup biljek we tölegiň hakyky alyjysy bolmadygyň adyna ýa-da alynmagy boýunça oňa hukugyň geçendigini görkezýän görnüşde ýazylyp bilinjek ýol çekleri, çalşyk gurallary (çekleri, wekselleri we pul tabşyryklaryny hem goşmak bilen) ýaly görkeziji üçin atsyz görnüşindäki beýleki pul gurallary. Olara gol çekilen, ýöne alyjynyň ady görkezilmedik, doldurylmadyk gurallar (çekleri, wekselleri we pul tabşyryklaryny hem goşmak bilen) degişlidirler;

22) jenaýatçylykly ýol bilen alnan pullary nagtlaşdyrmak – nagt pul almak maksady bilen pullary kanunlaşdyrmaga gönükdirilen ýalan geleşik baglaşylanda resminamalary peýdalanmak arkaly fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan edilýän hereketler;

23) trast – bir şahsyň (dolandyryjynyň) özüne berlen pul serişdelerine we gaýry emläge degişli hereketlerinde beýleki şahsyň (trasty esaslandyryjynyň) talaplaryny we gözükdirijilerini goldanmagy şerti bilen trasty esaslandyryjy tarapyndan dolandyryja pul serişdeleriniň we gaýry emlägiň ynançly peýdalanmaga berilmegi;

24) daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy – daşary ýurt döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegi amala aşyrýan daşary ýurt döwlet edarasy.

2-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň wezipeleri we ulanylýan çygry

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi ýa-da predikat jenaýatlar bilen baglanyşykly işi durýurmak, ony ýüze çykarmak şu Kanunyň esasy wezipesi bolup durýar.

2. Şu Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly etmişleri duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen şulary düzgünleşdirýär:

1) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirmegiň tertibini;

2) Türkmenistanyň dahyllysy bolan ýuridik şahslaryň daşary ýurt döwletlerinde ýerleşen golçur kärhanalarynyň, wekillikleriniň we şahamçalarynyň işini;

3) Türkmenistanyň çäginde pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işiniň tertibini.

3. Şu Kanun şübheli amallar, şonuň ýaly-da şu Kanuna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallar babatda maglumatlary almak, seljerme geçirmek we olary ýaýratmak ygtyýarlyklar berlen döwlet edarasyny döretmegiň hukuk esaslaryny belleýär.

4. Şu Kanunyň talaplary pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary Türkmenistanyň çäginden daşarda amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda degişli edilip bilner.

5. Şu Kanunyň talaplary köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň we ekstremizmiň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly hukuk gatnaşyklaryna hem degişlidir.

II BAP. JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNY WE TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINI DUÝDURMAK

4-nji madda. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslar

Şu Kanunyň maksatlary üçin pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslara (mundan beýläk – amallary amala aşyrýan şahslar) şular degişli edilýär:

1) karz edaralary;

2) biržalar;

3) ätiýaçlandyryş guramalary, ätiýaçlandyryş dellallary;

4) lizing işi bilen meşgul bolýan edaralar;

5) lombardlar;

6) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary;

7) notariuslar;

8) adwokatlar we beýleki hukuk kömegini berýän ygtyýarnamalylar – olaryň aşakdaky işler babatda müşderileriniň adyndan ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallara gatnaşýan halatlarynda:

a) gozgalmaýan emlägi satyn almak we satmak;

b) müşderiniň pullaryny, gymmatly kagyzlaryny we gaýry emlägini dolandyrmak;

ç) müşderiniň bank hasabyny ýa-da gymmatly kagyzlarynyň hasabyny dolandyrmak;

d) ýuridik şahslary döretmek, ýuridik şahsy dolandyrmagy üpjün etmek ýa-da kärhanalary satyn almak we satmak boýunça geleşikleri taýýarlamak ýa-da amala aşyrmak;

9) buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy çygrynda telekeçilik işini amala aşyrýan buhgalterçilik düzümleri, auditorçylyk guramalary, auditorlar;

10) söwdalaryň we auksionlaryň guramaçylary;

11) humarly oýunlaryň we lotereýalaryň guramaçylary bolan ýuridik we fiziki şahslar;

12) kazino;

13) riýeltorlar we rieltorçylyk guramalary;

14) pullary geçirmek boýynça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalar;

15) trast ýa-da telekeçilik düzümlerini döretmek boýunça hyzmatlary hödürleýän ýuridik şahslar;

16) gozgalmaýan emlägi, gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary, olardan önümleri, şeýle hem şeýle önümleriň döwük böleklerini satyn almagy we satmagy amala aşyrýan şahslar;

17) Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary tarapyndan nagt pullar we görkeziji üçin dolanyşykdaky gurallaryň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üsti bilen geçirilmegine gözegçilik edýän gümrük edaralary;

18) Türkmenistana getirilýän, ondan alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän harytlara we gaýry emläklere, şol sanda ulag serişdelerine gözegçiligi we olary resmileşdirmegi amala aşyrýan we maglumatlar binýadyny ýöredýän edaralar;

19) döwlet belligine alynmaga degişli ulag serisdelerini we gaýry emläkleri resmileşdirmegi amala aşyrýan we maglumatlar binýadyny ýöredýän edarlar.

5-nji madda. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar

1. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal, şol sanda on günüň dowamynda edilen özara baglanyşykly birnäçe amallar (geleşikler), eger olar özleriniň häsiýeti boýunça şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan amallaryň birine degişli bolsa ýa-da edilýän amalyň (geleşigiň) häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan bellenýän amallaryň çäklendirme möçberine deň ýa-da şondan ýokary möçberde edilýän bolsa, hökmany gözegçilige degişlidir.

Eger pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal daşary ýurt pulunda amala aşyrylýan bolsa, onuň milli puldaky möçberi şeýle amalyň edilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen puluň resmi hümmeti boýunça kesgitlenilýär.

2. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallara şular degişlidirler:

1) bank hasaplaryny (goýumlaryny) açmak we alyp barmak hukugy bolan banklar we beýleki karz edaralary tarapyndan amala aşyrylýan amalyň (geleşigiň) häsiýeti boýunça onuň amala aşyrylmagy şübhe döredýän içerki we daşarky amallar (geleşikler);

2) offşor zolakda degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan, şonuň ýaly-da offşor zolakda bellige alnan bankda hasaba eýelik edýän fiziki ýa-da ýiridik şahs tarapyndan amala aşyrylýan müşderiniň bank hasabyna pul gowşurmak ýa-da geçirmek ýa-da müşderi tarapyndan görkezilen topar şahslaryň peýdasyna bir gezeklik amal, şeýle hem yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde pul geçirmek;

3) maliýe amallary geçirilende taraplaryň bolmanda biriniň maglumatyň açylmagyny ýa-da berilmegini göz öňünde tutmaýan ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaýan döwletde (çäkde) degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan fiziki ýa-da ýiridik şahs bolan halatynda, ýa-da taraplaryň biri görkezilen döwletde (çäkde) bellige alnan bankda hasabyň eýesi bolan amallar, şol sanda pul serişdelerini hasaba gowşurmak ýa-da geçirmek, karz bermek ýa-da almak, gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallar we beýlekiler;

Şeýle döwletleriň we çäkleriň sanawy jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen meşgullanýan halkara guramalary tarapyndan tassyklanýan sanawlaryň esasynda döwlet syýasaty boýunça edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär;

4) nagt görnüşli pul serişdeleri bilen amallar:

a) ýuridik şahsyň hojalyk işiniň häsiýeti bilen şertlendirilmedik halatlarynda pul serişdeleriniň nagt görnüşinde onuň hasabyndan alynmagy ýa-da hasabyna gowuşmagy;

b) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde puluň müşderiniň fiziki şahsyň bank hasabyndan alynmagy ýa-da onuň bank hasabyna gowuşmagy;

ç) fiziki şahs tarapyndan daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen nagt satyn alynmagy, satylmagy ýa-da çalşylmagy;

d) gymmatly kagyzlaryň fiziki şahs tarapyndan nagt hasaplaşyga edinilmegi;

e) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde çek ýa-da weksel boýunça pul almak;

ä) dahylsyzlar tarapyndan berlen görkeziji üçin çek boýunça fiziki şahs tarapyndan pul serişdeleriniň alynmagy;

f) bir hümmetli banknotlaryň başga hümmetli banknotlara çalşyrylmagy;

g) ýuridik şahsyň esaslyk maýasyna fiziki şahs tarapyndan nagt görnüşinde pul serişdeleriniň girizilmegi;

h) nagt pullary, görkeziji üçin resminamalaýyn gymmatly kagyzlary, wekselleri, çekleri Türkmenistana getirmek ýa-da ondan alyp gitmek, muňa Türkmenistanyň Merkezi banky, banklary we poçta aragatnaşygy edaralary tarapyndan amala aşyrylýan getirmek ýa-da alyp gitmek girmeýär;

5) bank hasaplary (goýumlary) boýunça amallar:

a) görkeziji üçin goýumy (depoziti) tassyklaýan resminamalary resmileşdirmek bilen goýuma (depozite) pul serişdeleriniň ýerleşdirilmegi;

b) goýuma (depozite) nagt görnüşinde pul serişdelerini ýerleşdirmek bilen onuň üçünji şahslaryň peýdasyna açylmagy;

ç) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde amala aşyrylan daşary ýurda näbelli eýäniň adyna açylan hasaba (goýuma) pul serişdeleriniň geçirilmegi we daşary ýurtdan näbelli eýäniň adyna açylan hasapdan (goýumdan) pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy;

d) bellige alnan gününden üç aýdan köp wagt geçmedik iş döwri bolan ýuridik şahsyň hasabyna (goýumyna) pul serişdeleriniň gowuşmagy ýa-da onuň hasabyndan (goýumyndan) pul serişdeleriniň öçürilmegi ýa-da ýuridik şahsyň görkezilen hasaby (goýumy) boýunça onuň açylan pursatyndan amallaryň geçirilmedik halatynda ýuridik şahsyň hasabyna (goýumyna) pul serişdeleriniň gowuşmagy ýa-da pul serişdeleriniň onuň hasabyndan (goýumyndan) öçürilmegi;

e) müşderi tarapyndan başga şahsyň peýdasyna muzdsyz esasda amala aşyrylýan pul tölegleri we geçirmeleri;

ä) meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň girizilmegi, geçirilmegi, şeýle hem pensiýa gatançlaryň hasabyna meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyndan tölegiň amala aşyrylmagy;

6) gozgalýan emläkler bilen gaýry geleşikler:

a) gymmat bahaly metallary, gymmat bahaly daşlary, olardan önümleri we şeýle önümleriň döwük böleklerini ýa-da gaýry gymmatlyklary lombarda ýerleşdirmek;

b) ätiýaçlandyryş tölegini amala aşyrmak ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) almak;

ç) lizingi şertnamasy boýunça emlägi almak ýa-da bermek;

d) gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly daşlar we olaryň önümleri bilen satyn almak-satmak we gaýry amallar;

e) medeni gymmatlyklaryň edinilmegi (satylmagy), Türkmenistana getirilmegi ýa-da ondan alnyp gidilmegi;

ä) lotoreýa, totalizatora (özara jedelleşmäge) we töwekgelçilige esaslanýan gaýry humarly oýunlara (şol sanda elektron görnüşde) gatnaşylmagy üçin töleg görnüşinde pul serişdelerini almak we görkezilen oýunlara gatnaşmakdan ýeňilşi utuk görnüşinde alnan pul serişdelerini tölemek;

f) fiziki şahslara ýa-da beýleki ýuridik şahslara göterimsiz zaýmlary bermek, şeýle hem şeýle zaýmlary almak;

g) hyzmatlary etmek, şol sanda potratçylyk, daşaýyş, ulag ekspedisiýasy, saklamak, komissiýa, emlägi ynançly dolandyrmak boýunça geleşikler, muňa seýf hyzmatlary girmeýär;

h) gymmatly kagyzlar bilen geleşikler.

3. Şübheli amallar olaryň amala aşyrylmagynyň görnüşine we geçirilýän ýa-da geçirilip bilinjek möçberine garamazdan hökmany gözegçilige degişlidir.

Şübheli amallary kesgitlemegiň alamatlaryny döwlet syýasaty boýunça edarasy tassyklaýar.

4. Döwlet belligine alynmaga degişli gozgalmaýan we gaýry emläk bilen edilýän geleşik, eger onuň möçberi edilýän geleşigiň häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan bellenýän çäklendirme möçberine deň ýa-da şondan ýokary bolsa, hökmany gözegçilige degişlidir.

5. Taraplaryň bolmanda biriniň ol babatda ýuridik ýa-da fiziki şahsyň terrorçylyga ýa-da ekstremistik işe gatnaşygy barada şu Kanunda bellenilen tertipde alnan maglumat bar bolan ýa-da şeýle şahslaryň göni ýa-da gytaklaýyn eýeçiliginde ýa-da gözegçiliginde ýerleşýän ýuridik şahs bolan ýa-da fiziki we ýuridik şahslar şeýle şahslaryň adyndan ýa-da görkezmesi boýunça hereket edýän halatlarynda pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal hökmany gözegçilige degişlidir.

Şeýle şahslaryň sanawyny kesgitlemegiň we amallary amala aşyrýan şahslaryň dykgatyna ýetirmegiň tertibi döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan bellenýär.

Fiziki ýa-da ýuridik şahslary görkezilen sanawa goşmagyň esaslary şular bolup durýar:

a) ýuridik şahsyň terrorçylyga ýa-da ekstremistik işe gatnaşygy bilen baglylykda ony ýatyrmak ýa-da onuň işini gadagan etmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;

b) fiziki şahsy terrorçylyk häsiýetli jenaýatlary etmekde günäli diýip bilmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi;

ç) terrorçylyk bilen göreşi amala aşyrýan halkara guramalary ýa-da olaryň ygtyýarly edaralary tarapyndan düzülýän we Türkmenistan tarapyndan ykrar edilýän terrorçyylykly ýa-da ekstremistik guramalar ýa-da terrorçylar bilen baglanyşygy bolan guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawy;

d) terrorçylykly ýa-da ekstremistik işi amala aşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahslar babatda Türkmenistanda onuň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň hökümleri (çözgütleri) we gaýry ygtyýarly edaralarynyň çözgütleri.

6. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara gös-göni berilýär.

7. Müşderi tarapyndan geçirilýän amallaryň amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan öwrenilmegi we şeýle öwrenilmeginiň netijeleriniň şu Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda berkidilmegi üçin şular hökmany esaslar bolup durýarlar:

1) müşderi tarapyndan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da görnüp duran ykdysady manysy ýa-da görünýän kanuny maksady bolmadyk amallaryň edilmegi;

2) müşderi tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan talabalaýyk barlagdan we hökmany gözegçilikden boýun towlamaga gönükdirilen hereketleriň edilmegi;

3) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar jenaýatçylykly ýol bilen alnan pullary nagtlaşdyrmaga gönükdirilen diýip çaklamaga esas bar bolanda müşderi tarapyndan şeýle amallaryň edilmegi;

4) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň ulgamy laýyk däl ýurt bolan döwletde (çäkde) bellige alnan (ýaşaýan) şahsyň gatnaşmagynda, şonuň ýaly-da şeýle döwletde (çäkde) bellige alnan bankdaky hasaby peýdalanmak bilen edilmegi.

Ulgamy laýyk däl ýurtlaryň sanawy Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF) tarapyndan neşir edilýän resminamalary hasaba almak bilen ygtyýarly edara tarapyndan düzülýär we degişli döwlet edaralaryna ugradylýar, olar ony amallary amala aşyrýan şahslara ýetirýärler.

6-njy madda. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan müşderileriň talabalaýyk barlagy

1. Amallary amala aşyrýan şahslar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagyny geçirmek boýunça çäreleri görmelidirler.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar şu halatlarda müşderileriň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagyny geçirýärler:

1) müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlanda;

2) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar, şol sanda şübheli amallar amala aşyrylanda;

3) müşderi (onuň wekilleri) we benefisiar barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda;

3. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagy şu çäreleriň amala aşyrylmagyny öz içine alýar:

1) fiziki şahsyň barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň: onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň maglumatlarynyň, hususy barabarlyk belgisiniň (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki şahsa hususy barabarlyk belgisiniň berilmedik halatlary muňa girmeýär), şeýle hem ýuridik salgysynyň berkidilmegini;

2) ýuridik şahsyň (onuň şahamçasynyň, wekilliginiň) barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň: ýuridik şahsyň (onuň şahamçasynyň, wekilliginiň) döwlet belligi barada maglumatlaryň, barabarlyk belgisiniň (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahsa barabarlyk belgisiniň berilmedik halatlary muňa girmeýär) ýa-da ýuridik şahslara-dahylsyzlara daşary ýurt döwletinde bellige alnan belgisiniň, şeýle hem ýerleşýän ýeriniň salgysynyň berkidilmegini;

3) benefisiaryň ýüze çykarylmagyny we onuň şu bölegiň 1-nji bendine laýyklykda barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň berkidilmegini, muňa ýuridik salgysy girmeýär.

Ýuridik şahsyň-müşderiniň benefisiaryny ýüze çykarmak maksady bilen amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan şeýle müşderiniň esaslandyryjy resminamalarynyň we paýnamalaryny saklaýjylaryň sanawynyň ýa-da beýleki çeşmelerden alnan maglumatlaryň esasynda onuň eýeçiliginiň we dolandyrylyşynyň gurluşy anyklanylýar.

Şu bentde göz öňünde tutulan çäreleriň netijesinde ýuridik şahsyň-müşderiniň benefisiary ýüze çykarylmadyk halatynda şeýle ýuridik şahsyň-müşderiniň ýekelikde ýerine ýetiriji edarasynyň ýa-da kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçysynyň onuň benefisiary diýlip ykrar edilmegine ýol berilýär.

Benefisiary barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlaryň berkidilmegi müşderi (onuň wekili) tarapyndan berlen ýa-da gaýry çeşmelerden alnan maglumatlaryň we resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar;

4) işjeň gatnaşyklaryň çak edilýän maksadynyň we häsiýediniň anyklanylmagyny;

5) işjeň gatnaşyklary barlamagyň hemişelik esasda geçirilmegini we zerur bolanda edilýän amallaryň (geleşikleriň) maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri barada maglumatlaryň alynmagyny we berkidilmegini hem goşmak bilen müşderi tarapyndan bu amallary amala aşyrýan şahsyň üsti bilen amala aşyrylýan amallaryň (geleşikleriň) öwrenilmegini;

6) müşderi (onuň wekili) we benefisiar barada maglumatlaryň hakykylygynyň barlanylmagyny we täzelenilmegini.

Müşderini (onuň wekilini), benefisiary barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlaryň hakykylygynyň barlanylmagy olary degişli resminamalaryň asyl nusgalarynyň ýa-da notarial tertipde şaýatlyk edilen nusgalarynyň maglumatlary bilen deňeşdirmek ýoly bilen ýa-da elýeterli çeşmeleriň maglumatlary bilen deňeşdirmek ýoly bilen amala aşyrylýar.

Müşderiniň wekili babatda şeýle şahsyň müşderiniň adyndan we onuň bähbitlerine hereket etmek ygtyýarlyklary goşmaça barlanylýar.

Maglumatlaryň täzelenilmegi müşderi, benefisiar barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda, şeýle hem içerki gözegçiligiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan halatlarda amala aşyrylýar.

4. Eger amalyň (geleşigiň) möçberi döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan kesgitlenen möçberden geçmeýän bolsa, şu halatlarda şu maddada göz öňünde tutulan çäreler geçirilmeýär:

1) müşderi-fiziki şahs tarapyndan nagt pullary kabul etmek üçin niýetlenilen gurallaryň kömegi bilen fiziki şahsyň bank hasabyna pullary gowuşurmak boýunça amal (geleşik) amala aşyrylanda;

2) müşderi tarapyndan bank hasaby peýdalanylmazdan nagt däl pullary tölemek ýa-da geçirmek amala aşyrylanda, muňa müşderi tarapyndan şübheli amallaryň edilýän halatlary girmeýär;

3) müşderi-fiziki şahs tarapyndan alyş-çalyş nokadynda nagt daşary ýurt puluny satyn almak, satmak ýa-da çalyşmak boýunça amal (geleşik) amala aşyrylanda, muňa müşderi tarapyndan şübheli amallaryň edilýän halatlary girmeýär;

4) müşderi-fiziki şahs tarapyndan şeýle müşderiniň bank hasabyna elýeterlik serişdeleri bolmadyk töleg kartlaryny peýdalanmak bilen amal (geleşik) amala aşyrylanda;

5. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagy içerki gözegçiligiň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Amallary amala aşyrýan şahsyň müşderini (onuň wekilini) barabarlamak, benefisiary ýüze çykarmak üçin zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini, şeýle hem salgyt dahyllylygy, işiniň görnüşi we edýän amallarynyň (geleşikleriniň) maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri barada maglumatlaryň berilmegini müşderiden (onuň wekilinden) talap etmäge hukugy bardyr.

Müşderiler (olaryň wekilleri) amallary amala aşyrýan şahslaryň şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin olara zerur bolan maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyrlar.

7. Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-3-nji we 6-njy bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar aşakdaky şertler berjaý edilende beýleki amallary amala aşyrýan şahslar, şeýle hem daşary ýurt maliýe guramalary tarapyndan degişli müşderiler (olaryň wekilleri) we benefisiarlar babatda kabul edilen şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri hasap edip bilerler:

1) talabalaýyk barlagy boýunça beýleki amallary amala aşyrýan şahs, şeýle hem daşary ýurt maliýe guramasy tarapyndan kabul edilen çäreleri hasap edýän amallary amala aşyrýan şahs tassyklaýjy resminamalaryň nusgalaryny hem goşmak bilen müşderi (onuň wekili), benefisiar barada maglumatlary şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde haýal etmezden almalydyr;

2) talabalaýyk barlagy boýunça daşary ýurt maliýe guramasy tarapyndan kabul edilen çäreleri hasap edýän amallary amala aşyrýan şahs şeýle daşary ýurt maliýe guramasynyň işiniň onuň bellige alnan döwletinde ygtyýarlylandyrylmaga, düzgünleşdirilmäge we gözegçilige degişliligini we şeýle daşary ýurt maliýe guramasynyň talabalaýyk barlagy boýunça şu maddanyň talaplaryna meňzeş çäreleri kabul edýänligini anyklamalydyr.

7-nji madda. Müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlan halatynda müşderiniň talabalaýyk barlagy

Amallary amala aşyrýan şahslar müşderiler bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýulmazyndan öň şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görýärler, muňa şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginde görkezilen halatlar girmeýär.

8-nji madda. Hökmany gözegçilige degişli amallar amala aşyrylanda müşderiniň talabalaýyk barlagy

1. Şu Kanunyň 5-nji masddasyna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallary geçirmezden öň amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görýärler, muňa şeýle çäreleriň müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlanda görlen halatlary girmeýär.

2. Töleg kartlaryny peýdalanmak bilen edilýän pul töleglerinden we geçirmelerinden, şeýle hem şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginiň 1-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga müşderiniň görkezmesi boýunça nagt däl görnüşinde pul tölegleri we geçirmeleri amala aşyrylanda karz edaralary şulary hem goşmak bilen töleg resminamasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan rekwizitleriň bolmagyny we pul tölegine (geçirmesine) gatnaşyja geçirilmegini üpjün edýärler:

a) puly iberijiniň we alyjynyň (benefisiaryň) familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň (bar bolanda) ýa-da doly we gysgaldylan adynyň (ýuridik şahslar üçin);

b) eger puly geçirmek bank hasabyny peýdalanmak bilen amala aşyrylan bolsa, puly iberijiniň we alyjynyň (benefisiaryň) hususy barabarlyk belgisiniň ýa-da eger puly geçirmek bank hasabyny peýdalanmazdan amala aşyrylan bolsa, puly ibermek ýa-da geçirmek boýunça görkezmäniň belgisiniň;

ç) puly iberijiniň (fiziki we ýuridik şahslar üçin) barabarlyk belgisiniň ýa-da salgysynyň ýa-da puly iberijiniň (fiziki şahs üçin) şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň belgisiniň.

3. Daşary ýurt maliýe guramasyndan pul tölegi we geçirmesi gelip gowşanda karz edaralary töleg resminamasynda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlaryň bolmagyna gözegçilik edýärler, şeýle hem bank hasabyny peýdalanmazdan puly geçirmek boýunça alyjyny barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlary berkidýärler we abat saklaýarlar.

9-njy madda. Jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň talabalaýyk barlagy

1. Amallary amala aşyrýan şahslar daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlar we halkara guramasynyň wezipeli adamlary babatda şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çärelerden başga-da goşmaça şulara borçludyrlar:

1) müşderiniň daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adama we halkara guramasynyň wezipeli adamyna, olaryň maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna degişliliginiň we gatnaşygynyň barlygynyň barlagyny amala aşyrmaga;

2) şol daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamynyň we halkara guramasynyň wezipeli adamynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi halatlaryna gatnaşygynyň barlygy babatda onuň abraýyna baha berilmegini amala aşyrmaga;

3) şeýle müşderiler bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, dowam etdirilmegine guramanyň ýolbaşçy işgäriniň rugsadyny almaga;

4) serişdeleriň çeşmelerini anyklamak üçin elýeterli çäreleri görmäge.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan milli jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň talabalaýyk barlagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

10-njy madda. Daşary ýurt maliýe guramalary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýulanda talabalaýyk barlagy

1. Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar daşary ýurt maliýe guramalary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýulanda şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çärelerden başga-da, goşmaça şulara borçludyrlar:

1) daşary ýurt maliýe guramasynyň-respondentiň iş abraýy we häsiýeti barada, şol sanda onuň bellige alnan ýurdunyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda kanunçylygyny bozanlygy üçin oňa temmileriň ulanylanlygy barada maglumatlary toplamagy we resminamalaýyn berkitmegi amala aşyrmaga;

2) daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan onuň bellige alnan ýurdunyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda kanunçylygyna laýyklykda, görýän içerki gözegçilik çäreleri barada maglumatlary resminamalaýyn berkitmäge, şeýle hem görülýän içerki gözegçilik çäreleriniň netijeliligine baha berilmegini amala aşyrmaga;

3) örtük banklar bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýmazlyga we saklamazlyga;

4) daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan öz hasaplarynyň örtük banklaryň peýdalanmagyndan ýüz dönderýänligine göz ýetirmäge;

5) täze korrespondent gatnaşyklaryň ýola goýmagyna guramanyň ýolbaşçy işgäriniň rugsadyny almaga.

2. Daşary ýurt maliýe guramasynyň-respondentiň örtük banklar bilen korrespondent gatnaşyklarynyň barlygy, daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan berilýän we amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan gaýry çeşmelerden alynýan maglumatlaryň esasynda kesgitlenýär.

11-nji madda. Talabalaýyk barlagy geçirilende maglumatlaryň toplanylmagy we resminamalaýyn tassyklanmagy

1. Amallary amala aşyrýan şahslar müşderiniň talabalaýyk barlagyny geçirenlerinde degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak boýunça ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýän, amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça müşderiniň talabalaýyk barlagy üçin zerur resminamalaryň sanawy esasynda müşderi barada maglumatlary resminamalaýyn berkitmäge borçludyrlar.

2. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara düzüminde şu bölümler bolan görnüş boýunça berilýär: giriş maglumatlar, amallary amala aşyrýan şahslar barada maglumatlar, amallar (geleşikler) we amallaryň (geleşikleriň) gatnaşyjylary barada maglumatlar, hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada goşmaça maglumatlar. Bu görnüş döwlet syýasaty boýunça edara tarapyndan tassyklanýan düzgünler bilen kesgitlenýär.

Şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlar resminamalaýyn berkidilýär we amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara döwlet dilinde berilýär:

1) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-3-nji, 6-njy we 14-nji bentlerinde görkezilenler – bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda amalyň (geleşigiň) edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan, muňa işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar girmeýär;

2) işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan;

3) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 7-13-nji we 15-16-njy bentlerinde görkezilenler – bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň (geleşigiň) edilen we ýüze çykarylan gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan.

3. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlar berilmeýär:

1) adwokatlar tarapyndan, eger bu maglumatlar fiziki we ýuridik şahslara anyklaýyş, deslapky derňew, kazyýet edaralarynda wekilçilik etmek we goramak meseleleri boýunça, şeýle hem olar tarapyndan çözülmegi ýuridik bilimleri, talap arzalaryny, şikaýatlary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzmegi talap edýän meseleler boýunça maslahatlar, düşündirişler we ýazmaça netijeler görnüşinde ýuridik kömegi berlende alnan bolsa;

2) notariuslar tarapyndan, eger bu maglumatlar olar tarapyndan çözülmegi ýuridik bilimleri talap edýän meseleler boýunça maslahatlar, düşündirişler görnüşinde ýuridik kömegi berlende alnan bolsa.

4. Öň amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan berlen hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler), şol sanda şübheli amallar boýunça zerur maglumatlary almak maksatlary bilen ygtyýarly edara zerur maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini sorap amallary amala aşyrýan şahsa haýyşnama ugradýar.

Şu Kanunyň 21-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen maksatlar bilen ygtyýarly edara amallary amala aşyrýan şahslara zerur maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini sorap haýyşnama ugradýar.

Amallary amala aşyrýan şahslar ygtyýarly edara onuň haýyşy boýunça hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) boýunça zerur maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyrlar:

1) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda degişli haýyşyň alnan gününden üç iş gününiň dowamynda;

2) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda degişli haýyşyň alnan pursatyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda.

5. Müşderiniň talabalaýyk barlagy geçirilende alnan hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlaryň ygtyýarly edara berilmegi bilen bagly çykdajylary amallary amala aşyrýan şahslar çekýärler.

12-nji madda. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan içerki gözegçiligiň alnyp barylmagy

1. Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň edýän hyzmatlarynyň beýleki şahslar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň edilmegi ýa-da olara ýardam berilmegi maksatlaryna peýdalanylmazlygy üçin degişli çäreleri, şol sanda töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmagy amala aşyrmak boýunça çäreleri görýärler.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň oňüni almak maksatlary bilen içerki gözegçilik kadalaryny we olary amala aşyrmagyň maksatnamalaryny işläp düzýärler, şeýle hem ol kadalaryň we maksatnamalaryň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler.

3. Içerki gözegçilik kadalary amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan işlenilip düzülýär, kabul edilýär we ýerine ýtririlýär we şu Kanunda göz öňünde tutulan içerki gözegçilik geçirilende amallary amala aşyrýan şahslaryň işine bildirilýän talaplardan başga-da şulary öz içine almalydyr:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasyny;

2) müşderiniň töwekgelçiligini we tehnologik gazananlary peýdalanmagyň töwekgelçiligini hem goşmak bilen hyzmatlaryň jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagynyň töwekgelçiligini hasaba alýan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini dolandyrmagyň maksatnamasyny;

3) müşderileri barabarlamagyň maksatnamasyny;

4) müşderileriň çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da adaty bolmadyk beýleki amallaryny (geleşiklerini) hem goşmak bilen müşderileriň amallaryna (geleşiklerine) gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasyny;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça amallary amala aşyrýan şahslaryň işgärlerini taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasyny;

6) amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda işlenilip düzülip bilinjek gaýry maksatnamalary.

4. Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem eger bu olaryň şahamçalarynyň, wekillikleriniň, golçur kärhanalarynyň ýerleşýän döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, onda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri, golçur kärhanalary tarapyndan içerki gözegçilik kadalarynyň berjaý edilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler.

Amallary amala aşyrýan şahslar şahamçalarynyň, wekillikleriniň, golçur kärhanalarynyň ýerleşýän döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelýänligi sebäpli özleriniň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri, golçur kärhanalary tarapyndan içerki gözegçilik kadalarynyň berjaý edilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň mümkin dälliginiň hakyky ýagdaýlary barada ygtyýarly edara habar bermäge borçludyrlar.

5. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýe