Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly

kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2011 ý., № 4, 74-nji madda)

(Türkmenistanyň 29.08.2013 ý. № 429-IV Kanuny we Türkmenistanyň 27.03.2015 ý. № 211-V Kanuny

esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Şu Kanun daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini belleýär, IITürkmenistanda döwletiň ýeke-täk pul syýasatyny amala aşyrmaga, Türkmenistanda milli puluň pugtalygyny we pul bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir, puly kadalaşdyryş edaralarynyň ygtyýarlylygyny, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň, pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär .

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda._Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) pul:

a) döwletde (döwletler toparynda) kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilen we dolanyşykda duran banknotlar, gazna biletleri we şaýy pul görnüşindäki, şol sanda gymmat bahaly metallardan ýasalan pul belgileri (dolanyşykdan aýrylan ýa-da aýrylýan, emma dolanyşykda duran pul belgilerine çalşylmaga degişlilerini hem goşmak bilen);

b) döwletde (döwletler toparynda) kabul edilen pul birliklerindäki, şeýle hem halkara pul ýa-da hasaplaşyk birliklerindäki bank hasaplarynda (goýumlarynda) duran serişdeler;

2) milli pul - hasaplaşyklarda we töleglerde ulanylmagy üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga göýberilýän Türkmenistanyň puly;

3) daşary ýurt puly - daşary ýurt döwletiniň puly, şeýle hem halkara pul ýa-da hasaplaşyk birlikleri;

4) puluň hümmeti - bir döwletiň (döwletler toparynyň) pul birliginiň başga döwletiň (döwletler toparynyň) pul birliklerinde aňladylýan bahasy, şol sanda:

a) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän puluň resmi hümmeti;

b) islegiň we teklibiň esasynda pul bazarynyň gatnaşyjylary tarapyndan bellenilýän puluň bazar hümmeti;

5) ätiýaçlyk pul - Türkmenistanyň daşary söwda işinde ulanýan erkin ýörgünli pulunyň (halkara amallarynda çäklendirilmesiz çalşylýan) esasy görnüşi (esasy görnüşleri);

6) pul gymmatlyklary:

a) milli pul, özleri bilen dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky, şeýle hem dahylsyzlaryň arasyndaky amallar ýerine ýetirilen ýagdaýynda bellenilen gymmaty milli pulda aňladylan gymmat bahaly kagyzlar we töleg resminamalary;

b) daşary ýurt puly;

ç) daşary ýurt pulundaky gymmat bahaly kagyzlar (paýnamalar, obligasiýalar we beýlekiler), şeýle hem töleg resminamalary (çekler, wekseller, güwälendiriş hasaplar we beýlekiler);

7) pul hasaby - pul gymmatlyklaryny hasaba almak we saklamak hem-de pul amallaryny amala aşyrmak üçin niýetlenilen, ygtyýarly karz edarasynda fiziki şahsa (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçä-fiziki şahsa) ýa-da ýuridik şahsa (şahamçasyna, wekilhanasyna) açylýan hasap (goýum);

8) pul amallary:

a) eýeçilik hukugynyň we beýleki hukuklaryň pul gymmatlyklaryna geçmegi bilen baglanyşykly amallar, şeýle hem pul gymmatlyklarynyň töleg serişdesi hökmünde ulanylmagy;

b) pul gymmatlyklarynyň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi we Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi;

ç) pul gymmatlyklarynyň şol bir şahsyň Türkmenistanyň çäginden daşarda açylan hasabyndan (goýumyndan) Türkmenistanyň çäginde açylan hasabyna (goýumyna) we Türkmenistanyň çäginde açylan hasabyndan (goýumyndan) Türkmenistanyň çäginden daşarda açylan hasabyna (goýumyna) geçirilmegi;

9) dahyllylar:

a) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýa-da Türkmenistanyň çäginden daşarda wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlary-fiziki şahslar (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler-fiziki şahslar), muňa daşary ýurt döwletinde ýaşamaga hukuk berýän, şol döwletiň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan Türkmenistanyň raýatlary degişli däldir;

b) Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar-fiziki şahslar (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler-fiziki şahslar);

ç) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda ýerleşýän ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary);

d) Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň başga resmi wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary;

10) dahylsyzlar:

a) şu bölegiň 9-njy bendiniň "a" we "b" kiçi bentlerine laýyklykda dahyllylar bolup durmaýan fiziki şahslar;

b) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän ýuridik şahslar;

ç) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän ýuridik şahslar bolup durmaýan guramalar;

d) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, şu bendiň "b" we "ç" kiçi bentlerinde görkezilen dahylsyzlaryň şahamçalary, wekilhanalary we beýleki aýrybaşgalanan birlikleri;

e) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we şol döwletleriň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary;

ä) daşary ýurt döwletleri, olaryň dolandyryş-çäk birlikleri;

f) döwletara, hökümetara, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekilhanalary;

g) şu bölegiň 9-njy bendinde görkezilmedik başga şahslar;

11) ygtyýarly bank däl karz edaralary - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda pul gymmatlyklary bilen bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan bank däl karz edaralary;

12) ygtyýarly karz edaralary:

a) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda pul gymmatlyklary bilen bank amallarynyň islendik ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan banklar we dahyllylar-bank däl karz edaralary;

b) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, pul gymmatlyklary bilen bank amallarynyň islendik ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde bellige alnan we hereket edýän banklaryň we başga maliýe institutlarynyň-dahylsyzlaryň şahamçalary;

13) daşary ýurt karz edaralary:

a) Türkmenistanyň çäginden daşarda döredilen we olaryň bellige alnan döwletleriniň kanunçylygy boýunça bank amallaryny ýerine ýetirmäge hukugy bolan banklar, şeýle hem başga maliýe institutlary;

b) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginden daşarda bellige alnan we hereket edýän, bank amallarynyň islendik ýa-da aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge hukugy bolan, Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralarynyň şahamçalary, wekilhanalary;

14) ygtyýarly banklar - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşikleri amala aşyrmaga hukugy bolan banklar;

15) pul biržasy - işiniň esasy görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde we şertlerde daşary ýurt puly bilen birža söwdalaryny guramak bolup durýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs ýa-da onuň aýrybaşgalanan birligi;

16) alyş-çalyş amallary - bir puluň başga bir pula çalşylmagy, ýagny daşary ýurt pulunyň milli pula (konwertirlenmegi) we özleri babatda alyş-çalşyň deňeçerligi bahalandyrmagyň ýa-da puluň hümmetiniň üsti bilen bellenilýän başga daşary ýurt pullaryna (konwersiýa) satyn alynmagy we satylmagy;

17) alyş-çalyş nokady - daşary ýurt nagt puly bilen alyş-çalyş amallaryny geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýer;

18) ygtyýarly dellal - özüne berlen ygtyýarnama laýyklykda öz adyndan müşderiniň tabşyrygy boýunça we onuň hasabyna puly satyn almagyň-satmagyň söwda geleşiklerine gatnaşýan karz edarasy;

19) ygtyýarly diler - özüne berlen ygtyýarnama laýyklykda öz adyndan we öz hasabyna puly satyn almagyň-satmagyň söwda geleşiklerine gatnaşýan karz edarasy;

20) pul ýagdaýy - dileriň belli bir pul boýunça talaplarynyň we borçlarynyň deňliginde - ýapyk, olaryň deň gelmezliginde bolsa - açyk hasaplanylýan, balansdan daşary amallaryny goşmak bilen, daşary ýurt pulundaky talaplarynyň (satyn alnan we (ýa-da) gazanylan puluň möçberi) we borçlarynyň (satylan we (ýa-da) harç edilen puluň jemi) gatnaşygy:

a) açyk gysga pul ýagdaýy - satylan we (ýa-da) harç edilen pul boýunça passiwleriň we borçlaryň aktiwlerden we oňa bolan talaplardan ýokarlanmagy (şol pul boýunça ýetmezçiligiň emele gelmegi);

b) açyk uzyn pul ýagdaýy - satyn alnan we (ýa-da) gazanylan pul boýunça aktiwleriň we talaplaryň passiwlerden we borçlardan ýokarlanmagy (puluň gelýän akymynyň onuň gidýän akymyndan ýokarlanmagy, puluň satyn alnyşynyň we (ýa-da) gazanylyşynyň onuň satylyşyndan we (ýa-da) harç edilişinden ýokarlanmagy);

21) pul ýagdaýynyň çägi - ygtyýarly dilerleriň bank gününiň ahyryna çäkli açyk gysga ýa-da uzyn pul ýagdaýynyň kadalaşdyryjysy;

22) söwda karzlary - harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijiler (satyjylar) bilen alyjylaryň (satyn alyjylaryň) arasynda gönüden-göni amala aşyrylanda, alyşyk şertnamasy boýunça özara ibermeler mahalynda eksport boýunça tölegiň yza süýşürilmegi, import boýunça deslapky töleg (hakujy töleg) ýa-da eksportyň importdan öňe düşmegi (ýokarlanmagy);

23) göni maýa goýumlary:

a) döredilen ýa-da täzeden döredilýän ýuridik şahsyň esaslyk maýasyndaky paýnamalarynyň (paýyň, goýumyň) azyndan on göterimine maýa goýujynyň eýelik etmegi, edinmegi;

b) ýuridik şahsyň döredilýän şahamçasynyň esasy gaznalaryna maýanyň goýulmagy;

24) Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklary:

a) affinirlenen guýma altyn, banknotlar ýa-da şaýy görnüşindäki daşary ýurt puly, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşardaky bank hasaplaryndaky (goýumlaryndaky) daşary ýurt pulunyň galyndylary;

b) Halkara pul gaznasyndan onuň ätiýaçlyklarynyň bölegini satyn almaga hukuk, Halkara pul gaznasynyň maliýe karzyny almaga ýörite hukuklar;

ç) daşary ýurt pullarynda tölenilýän, daşary ýurt döwletleri ýa-da daşary ýurt döwletleriniň merkezi banklary, ýa-da halkara maliýe guramalary tarapyndan goýberilen ýa-da kepillendirilen bergidarlyk borçnamalary;

d) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýän başga aktiwler;

25) erkin aýlanýan puluň çägi - Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ätiýaçlyk pulda (ýa-da oňa barabar derejede milli ýa-da daşary ýurt pulunda) bellenýän ululyk, onuň çäklerinde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň şu Kanunda bellenilen birwagtlaýyn pul amallaryny çäklendiriji çäreler ulanylmazdan amala aşyrylýar;

26) bank güni - bankda müşderileri kabul etmek we olara hyzmat etmek, bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin bölünip berilýän döwür;

27) puluň kadalaşdyrylmagy - puly kadalaşdyrýan edaralaryň pul gymmatlyklarynyň dolanyşygynyň tertibini, şol sanda olara eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýarlyk etmegiň kadalaryny bellemek boýunça işi;

28) pula gözegçilik etmek - pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan Türkmenistanyň puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek babatdaky kanunçylygynyň (mundan beýläk - Türkmenistanyň pul kanunçylygy) talaplarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen işi;

29) pul şertnamasy - esasynda we (ýa-da) ýerine ýetirilmegi üçin hasaplar (goýumlar) açylýan, pul amallary amala aşyrylýan şertnama, ylalaşyk, kontrakt, esaslandyryş şertnamasy, şol sanda olara girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem beýleki resminamalar;

30) eksport - dahylsyza dahylly tarapyndan harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende, gümrük çäginden serhediň daşyna harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), intellektual işiň netijeleriniň, şol sanda olara bolan aýratyn hukuklaryň yzyna getirilmäge borçlanman alnyp gidilmegi. Eksportyň amal edilendigi harydyň Türkmenistanyň gümrük serhedini geçen, hyzmatlaryň we intellektual işiň netijelerine hukuklaryň berlen pursadynda bellenilýär;

31) import - dahylla dahylsyz tarapyndan harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende gümrük çägine serhediň daşyndan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), intellektual işiň netijeleriniň, şol sanda olara bolan aýratyn hukuklaryň yzyna alnyp gidilmäge borçlanman getirilmegi. Importyň amal edilendigi harydyň Türkmenistanyň gümrük serhedini geçen, hyzmatlaryň we intellektual işiň netijelerine hukuklaryň berlen pursadynda bellenilýär.

2-nji madda._Türkmenistanyň pul kanunçylygy

1. Türkmenistanyň pul kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde pul amallaryny ýerine ýetirýän dahyllylara we dahylsyzlara, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda pul amallaryny ýerine ýetirýän dahyllylara degişlidir.

2. Şu Kanunyň düzgünleri pul amallaryny geçirmegiň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda, "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen aýratynlyklaryň hasaba alynmagy bilen ulanylýar.

3. Şu Kanun özüniň güýje gireninden soň ýüze çykýan gatnaşyklar babatda ulanylýar, şu Kanunda gös-göni göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

4-nji madda. Puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri

Şu aşakdakylar puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri bolup durýar:

1) puly kadalaşdyrmak babatda döwlet syýasaty amala aşyrylanda bazar mehanizmleriniň ulanylmagy;

2) pul amallary ýerine ýetirilende dahyllylaryň we dahylsyzlaryň hukuklaryny we ykdysady bähbitlerini goramak;

3) puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň ulgamynyň bitewiligi;

4) pula gözegçilik edýän edaralaryň dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallaryna esassyz goşulmaklaryna ýol berilmezligi.

II BÖLÜM. PULY KADALAŞDYRMAK

1-nji bap. Puly kadalaşdyryjy edaralar. Puly kadalaşdyrmagyň esasy usullary we tärleri

5-nji madda. Puly kadalaşdyryjy edaralar

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanda puly kadalaşdyryjy edaralar bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) puluň kadalaşdyrylmagy babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) puluň kadalaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) puluň kadalaşdyrylmagy babatda başga wezipeleri amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň Merkezi banky:

a) pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşiklerini geçirmäge ygtyýarly karz edaralarynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrýar;

b) Türkmenistanyň çäginde pul gymmatlyklarynyň dolanyşygynyň, şol sanda dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan pul amallaryny geçirmegiň tertibini kesgitleýär;

ç) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde puly kadalaşdyrmak babatda dahyllylaryň we dahylsyzlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

d) milli pula gatnaşykda daşary ýurt pullarynyň resmi hümmetlerini belleýär;

e) pul amallary boýunça hasaba almagyň we hasabatlylygyň görnüşlerini, olaryň dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tertibini we möhletlerini belleýär;

ä) Türkmenistanyň töleg balansyny düzmek maksady bilen, dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan geçirilýän pul amallary boýunça maglumatlaryň berliş tertibini belleýär;

f) puly kadalaşdyrmak babatda başga wezipeleri amala aşyrýar.

4. Eger puly kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan Türkmenistanyň pul kanunçylygyna laýyklykda pul amallaryny geçirmegiň tertibi we hasaplary (goýumlary) ulanmagyň tertibi bellenilmedik bolsa, dahyllylar we dahylsyzlar pul amallaryny geçirmegi, hasaplary (goýumlary) açmagy hem-de hasaplar (goýumlar) boýunça amallary çäklendirilmezden amala aşyrmaga haklydyrlar.

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanun arkaly kadalaşdyrylýan pul amallarynyň ähli görnüşlerini çäklendirilmezden amala aşyrýarlar.

6-njy madda. Puly kadalaşdyrmagyň esasy usullary we tärleri

1. Şu aşakdakylar puly kadalaşdyrmagyň esasy usullary bolup durýarlar:

1) pul gymmatlyklary bilen geçirilýän bank amallarynyň ygtyýarlylandyrylmagy;

2) pul amallarynyň, hasaplaryň (goýumlaryň) bellige alynmagy;

3) pul amallary, hasaplar (goýumlar) hakynda ýazmaça habarly etmek.

Aýry-aýry ýagdaýlarda pul amallarynyň bellige alynmagy we (ýa-da) pul amallarynyň ýazmaça habarly etmek bilen geçirilmegi geleşigiň pasporty bilen çalşyrylyp bilner.

2. Pul amalynyň bir görnüşi üçin puly kadalaşdyrmagyň dürli usullarynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Türkmenistanyň çäginde nagt pula bölek-satuw söwdasyny we hyzmat etmek dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan diňe milli pulda amala aşyrylýar, Türkmenistanyň pul kanunçylygynda, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

4. Dahyllylara we dahylsyzlara paçsyz söwda gümrük düzgününde işleýän dükanlarda, şeýle hem halkara gatnawlaryny amala aşyrýan deňiz, içerki suw, howa, demir ýol we awtomobil ulaglarynda daşary ýurt nagt pulunda bölek-satuw söwdalarynyň we hyzmatlaryň edilmegi üçin puly kadalaşdyryjy edaralaryň rugsatnamalaryny almak talap edilmeýär.

5. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, puly kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallaryny geçirmek üçin şahsy häsiýetli rugsatnamalary almak baradaky talaplaryň bellenilmegine ýol berilmeýär.

6. Şu aşakdakylar puly kadalaşdyrmagyň esasy tärleri bolup durýarlar:

1) dahyllylaryň milli we daşary ýurt puluny öz ýurduna gaýtarmagy (repatriasiýasy);

2) dahyllylaryň pul düşewündiniň bir bölegini hökmany satmagy;

3) dahyllylaryň Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleri.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Kanunyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2014-nji ýyl, № -nji madda)

7-nji madda. Pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşikleri geçirmek boýunça bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

Pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşikleri geçirmek boýunça ygtyýarly karz edaralarynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

8-nji madda. Pul amallarynyň, daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryň bellige alynmagy

1. Pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky maýanyň hereketiniň pul amallary, şeýle hem dahyllylar tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy Türkmenistanyň pul kanunçylygynda bellenilýän tertipde bellige alynmaga degişlidir.

Bellige almak diýlip, pul şertnamasynyň bellige alynmagyna hem-de soňra geçirilen pul amallary we pul şertnamasyndaky üýtgetmeler hakynda habar berilmegine düşünilýär.

2. Şu aşakdakylar bellige alynmaga degişlidir:

1) dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasynda maýanyň hereketiniň söwda karzlarynyň berilmegi, göni maýa goýumlaryň amala aşyrylmagy, ssudalar, zaýomlaryň we bank karzlarynyň berilmegi, pul serişdeleriniň ynanyşykly dolandyrmak üçin hasaplara (goýumlara) çekilmegi we ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly pul amallary;

2) dahyllylar-ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy.

3. Dahylly bilen dahylsyzyň arasynda maýanyň hereketiniň pul amalyny bellige almak üçin, dahylly özüniň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary berýär:

1) pul şertnamasynyň möçberi barada maglumatlary bolan pul amalyny bellige almak hakynda arzany;

2) pasportyň ýa-da şahsyýeti tassyklaýan başga resminamanyň göçürme nusgasyny - fiziki şahs üçin;

3) bellige alyş şahadatnamasynyň we degişli patentiň göçürme nusgasyny - ýuridik şahsy döretmezden telekeçi-fiziki şahs üçin;

4) Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasyny - ýuridik şahs üçin;

5) maýanyň hereketiniň pul amalyny geçirmäge ygtyýar berýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahs (şahamça, wekilhana) üçin;

6) ýuridik şahsyň eýesiniň (eýeleriniň) maýanyň hereketiniň pul amalyny geçirmäge ygtyýar berýän çözgüdiniň teswirnamasynyň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahs (şahamça, wekilhana) üçin;

7) pul şertnamasynyň göçürme nusgasyny;

8) pul şertnamasy boýunça borçnamalaryň döremegini, ýerine ýetirilmegini we bes edilmegini tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalaryny.

4. Şu maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, daşary ýurt karz edarasynda açylýan hasaby bellige aldyrmak üçin dahylly-ýuridik şahs onuň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary berýär:

1) hasabyň açylmaly ýurdunyň ady we hasabyň açylýan daşary ýurt karz edarasynyň doly ady hakynda maglumatlary bolan bellige almak hakynda arzany;

2) Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň nusgasyny;

3) ýuridik şahsyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasyny;

4) daşary ýurt karz edarasynda hasaby açmak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdiniň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahs (onuň şahamçasy, wekilhanasy) üçin;

5) esaslandyryjy şertnamanyň, esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynyň teswirnamasynyň, şol sanda bu ýuridik şahsyň eýesiniň (eýeleriniň) daşary ýurt karz edarasynda hasaby açmak hakyndaky çözgüdiniň teswirnamasynyň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahs (onuň şahamçasy, wekilhanasy) üçin;

6) dahyllynyň-ýuridik şahsyň (onuň şahamçasynyň, wekilhanasynyň) tertipnamasynyň (düzgünnamasynyň) göçürme nusgasyny.

5. Ygtyýarly karz edarasynyň şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen resminamalaryň, şeýle hem dahyllynyň pul şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýan başga resminamalaryň asyl nusgalaryny göçürme nusgalary bilen deňeşdirmek üçin dahyllydan soramaga haky bardyr. Bu resminamalaryň göçürme nusgalary dahyllynyň öz goly we möhüri (bolan halatynda) bilen tassyklanylýar.

6. Pul amalyny we hasaby bellige almak hakynda arza ygtyýarly karz edarasy tarapyndan onuň alnan gününden başlap on bank gününiň dowamynda seredilýär.

Bellenilen möhlet geçenden soň ýgtyýarly karz edarasy bellige almaga (bellige alyş resminamasyny bermäge) ýa-da bellige almazlygynyň esaslandyrylan jogabyny bermäge borçludyr.

7. Bellige almazlyga diňe şu aşakdaky halatlarda ýol berilýär:

1) bellige almak üçin talap edilýän resminamalaryň doly däl sanawy berlende;

2) berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmedik halatynda;

3) berlen resminamalarda nädogry maglumatlar ýüze çykarylanda;

4) özi bilen pul şertnamasynyň baglaşylmagy göz öňünde tutulýan dahylsyzda dahyllylara pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallary boýunça bellenilen möhletde üzülmedik bergisi bolan halatynda;

5) eger dahylly daşary ýurt karz edarasynda hasabynyň bellige alynmagy üçin ýüz tutan gününde daşary ýurt karz edarasynda hasaby açylan bolsa;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda maýanyň hereketiniň pul amallarynyň geçirilmegine gadaganlyk (çäklendirmeler) ýa-da dahyllylar tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagyna gadaganlyk (çäklendirmeler) girizilende.

Bellige almakdan başga sebäplere görä, şol sanda daşary ýurt karz edarasynda hasabyň açylmagynyň we pul amallarynyň geçirilmeginiň ykdysady taýdan maksadalaýyk däldigi sebäpli boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.

8. Bellige almakdan boýun gaçyrylmagyna kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

9. Daşary ýurt karz edarasyndaky hasaby ýapylanda, hasaby ýapylýan daşary ýurt karz edarasynyň doly adyny görkezmek bilen onuň ýapylandygy hakynda ýazmaça habary we hasabyň ýapylandygy hakynda daşary ýurt karz edarasynyň ýazmaça tassyknamasyny dahylly-ýuridik şahs öz pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna berýär.

9-njy madda. Pul amallary, daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplar hakynda ýazmaça habarly etmek

1. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallary, şeýle hem dahyllylar tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy (ýapylmagy) Türkmenistanyň pul kanunçylygynda bellenilen tertipde ýazmaça habarly etmek arkaly amala aşyrylýar.

Ýazmaça habarly etmek diýlip pul şertnamasynyň bellige alynmagyna hem-de soňra geçirilen pul amallary we pul şertnamasyna girizilen üýtgetmeler hakynda maglumat berilmegine düşünilýär.

2. Şu aşakdakylar ýazmaça habarly edilmäge degişlidir:

1) esaslyk maýadaky on göterimden ýokary bolmadyk gatnaşygy, şeýle hem ýurduň çäginden daşarda ýerleşýän gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugynyň ýa-da intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan aýratyn hukugyň edinilmegi bilen baglanyşykly, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky maýanyň hereketiniň pul amallary;

2) dahyllylaryň-ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt karz edaralarynda hasaplary açmagy (ýapmagy).

3. Pul şertnamasyny baglaşanlaryndan we ol boýunça pul amalyny geçirenlerinden soň dahyllylar bu barada pul amaly geçirilen günden başlap on bank gününden gijä galman özleriniň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyny ýazmaça habarly edýärler.

10-njy madda. Geleşigiň pasporty

1. Pul amallary boýunça hasaba alşy we hasabatlylygy üpjün etmek maksady bilen geleşigiň pasporty resmileşdirilýär, onda daşary ykdysady geleşik hakynda maglumatlar beýan edilýär.

2. Geleşigiň pasportynyň görnüşi, ony resmileşdirmegiň düzgünleri we şertleri, şeýle hem amala aşyrylan mahalynda geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi talap edilýän pul amallarynyň görnüşleri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.

11-nji madda. Dahyllylaryň milli we daşary ýurt pullaryny öz ýurduna gaýtarmagy

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, dahylsyzlar bilen daşary söwda geleşikleri boýunça dahyllylara geçirilmeli milli we daşary ýurt pullary dahyllylaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna geçirilmäge - öz ýurduna gaýtarylmaga degişlidir.

2. Dahylsyzlar bilen baglaşylýan daşary söwda geleşikleriniň şertlerinde göz öňünde tutulan möhletlerde dahyllylar şu aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:

1) eksport geleşiginiň şertlerine laýyklykda dahylla geçirilmeli milli ýa-da daşary ýurt pulunyň dahylsyzdan alynmagyny;

2) dahylsyz öz borçlaryny ýerine ýetirmedik we (ýa-da) doly ýerine ýetirmedik halatynda, dahylly tarapyndan import geleşigi boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin dahylsyzyň haýryna geçirilen milli we daşary ýurt pulunyň öz ýurduna gaýtarylmagyny.

3. Dahyllylaryň şu aşakdaky ýagdaýlarda ygtyýarly karz edaralaryndaky öz hasaplaryna milli we daşary ýurt puluny geçirmezlige haky bardyr:

1) şu Kanunda bellenilen tertipde pul düşewündini özleriniň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryna geçiren halatlarynda;

2) dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky borçnamalar boýunça garşylyklaýyn hasaplaşyklar geçirilen halatlarynda;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga halatlarda.

4. Eksport we import geleşikleri boýunça hasaplaşyklar amala aşyrylanda dahyllylaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasabyna gelip gowuşmadyk milli we daşary ýurt pulunyň möçberleri boýunça, şu Kanuna laýyklykda dahyllynyň haýryna serişdeleri geçirmek boýunça borçnama şu aşakdaky ýagdaýlarda bölekleýin ýa-da dolulygyna ýerine ýetirilen diýlip hasaplanylýar:

1) garşylyklaýyn birmeňzeş talaplaryň hasaplaşygy bilen dahylsyzyň borçlary tamamlananda;

2) şol bir taraplaryň arasynda başga zat ýa-da usul bilen ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan, ozal bar bolan ilkibaşky borçlaryň beýleki borçlara çalşylmagy bilen dahylsyzyň borçlary tamamlananda;

3) dahylsyzdan talap etmek hukugy başga şahsa geçirilende;

4) dahylsyz tarapyndan borçnamalaryň ýerine ýetirilmezliginiň töwekgelliginiň ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş tölegi alnanda.

5. Dahyllylar tarapyndan serişdeleri öz ýurduna gaýtarmak talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda pul şertnamasynyň her biriniň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän eksport we import pul geleşikleri boýunça özara hasaplaşyklar, geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi bilen amala aşyrylýar.

Şu ýagdaýda pul şertnamasynyň möçberi eksport edijiniň we import edijiniň şertnamany baglaşan senesine pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän eksport we import geleşikleri boýunça geleşigiň pasporty resmileşdirilmeýär.

6. Dahyllylar baglaşylýan eksport we import geleşiklerinde dahylsyzlar tarapyndan borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň anyk möhletlerini görkezmäge borçludyrlar.

7. Şu maddanyň düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli we daşary ýurt pulunda amallary geçirýän ygtyýarly karz edaralaryna we pul biržalaryna degişli däldir.

12-nji madda. Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimler

1. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň ýeterlik derejesini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk gory döredilýär.

2. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) özleriniň alan daşary ýurt pullarynyň möçberinden Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleri geçirýärler. Dahyllylaryň-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslaryň (olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň) sanawy we Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleriň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.

3. Pul düşewündinden Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna amala aşyrylýan geçirimiň möçberi, baglaşylan geleşikler boýunça dahyllylara geçirilmäge degişli, ygtyýarly we daşary ýurt banklardaky hasaplaryna gelýän daşary ýurt pullaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenýän beýleki gelýän daşary ýurt pullaryny öz içine alýar.

4. Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimler dahyllynyň özbaşdak ýa-da şertnama boýunça ygtyýarly karz edarasy tarapyndan daşary ýurt pulunda gelen serişdeleriň resminamaly kybaplanylan gününden soň gelýän bäş bank gününden gijä galman ýerine ýetirilýän gümansyz borçnamasydyr.

13-nji madda. Pul düşewündiniň bir böleginiň dahyllylar tarapyndan hökmany satylmagy

1. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimlerden soň öz ygtyýarynda galýan pul düşewündiniň bir bölegini pul interwensiýasyny amala aşyrmagyň maksatlary üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna satýarlar.

2. Pul düşewündiniň bir bölegini hokmany satmagyň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.

3. Pul düşewündini hökmany satmagyň möçberi baglaşylan geleşikler boýunça dahyllylara düşýän, ygtyýarly we daşary ýurt banklarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky gelen pullary öz içine alýar, muňa şu aşakdakylar degişli däldir:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ol tarapyndan ygtyýarlylyk berlen ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrýan amallaryndan we geleşiklerinden alýan daşary ýurt pullarynyň möçberi;

2) ygtyýarly banklaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan bank amallaryndan we başga geleşiklerden alýan daşary ýurt pullarynyň möçberi;

3) dahyllylaryň dahylsyzlar-daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň agentleri bolup durýan guramalar bilen ssuda şertnamalary, zaýom şertnamalary we bank karzy şertnamalary boýunça borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan möçberleriň çäklerindäki dahyllylaryň pul düşewüntleri.

4. Dahyllylaryň pul düşewündiniň umumy möçberi onuň bir böleginiň hökmany satylmazyndan öň özleri bilen hasaplaşyklar daşary ýurt pulunda amala aşyrylýan degişli geleşikleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylara we başga töleglere kemeldilmäge degişlidir. Olara şu aşakdakylar degişlidir:

1) ýükleriň daşalmagynyň, ugradylmagynyň we ätiýaçlandyrylmagynyň tölenilmegi;

2) alnyp gidilýän ýükler üçin gümrük paçlarynyň, şeýle hem gümrük ýygymlarynyň tölenilmegi;

3) karz edaralaryna komission hak-heşdekleriniň tölenilmegi;

4) daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalaryna syýahatçylyk hyzmatlaryny edeni üçin düşýän pullaryň möçberi;

5) sanawy Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýän amallar boýunça başga çykdajylar we tölegler.

5. Pul düşewündiniň bir böleginiň hökmany satylmagy dahyllylaryň özbaşdak ýa-da ygtyýarly karz edarasy tarapyndan şertnama boýunça daşary ýurt pulunda gelýän serişdeleriň resminamaly kybaplanylan gününden soň gelýän bäş bank gününden gijä galman ýerine ýetirilýän gümansyz borçnamasydyr.

6. Dahyllylaryň pul düşewündiniň bir böleginiň hökmany satylmagy, satylýan gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen puluň resmi hümmeti boýunça amala aşyrylýar.

14-nji madda. Dahylsyzlaryň pul gymmatlyklaryny alyp gitmäge bolan hukugy

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dahylsyzlar şu aşakdakylara çäklendirilmesiz haklydyrlar:

1) ozal Türkmenistanyň çägine getirilen pul gymmatlyklaryny alyp gitmäge;

2) dahyllylar bilen hasaplar (goýumlar), depozitler, zaýomlar, bank karzlary, gymmat bahaly kagyzlar hem-de maýanyň hereketiniň başga pul amallary boýunça alnan diwidendleri, hak-heşdekleri we gaýry girdejileri almaga we geçirmäge;

3) dahyllylar bilen amala aşyrylýan pul amallary boýunça girdejileriň çykdajylardan ýokary geçýän möçberini geçirmäge.

2. Dahylsyzlaryň pul serişdeleriniň geçirimleri pul şertnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Pul şertnamasynyň ýa-da onda degişli düzgünler bolmadyk halatynda, pul geçirimleri milli pulda ýa-da alyş-çalyş amallarynyň düzgünlerine laýyklykda, pul geçiriminiň amala aşyrylýan senesinde ulanylýan bazar hümmeti boýunça islendik beýleki daşary ýurt pulunda amala aşyrylýar.

3. Pul şertnamasyna laýyklykda, dahylsyzyň pul serişdeleri onuň öz adyna açylan bank hasaplaryna (goýumlaryna) geçirilýär.

4. Pul serişdeleriniň üçünji taraplaryň, pul şertnamasynyň bir tarapy bolup durmaýan fiziki, şonuň ýaly-da ýuridik şahslaryň bank hasaplaryna (goýumlaryna) geçirilmegine ýol berilmeýär. Görkezilenler geçirilýän (transferabel) güwälendiriş hasaplaryň açylmagyny göz öňünde tutýan pul şertnamalaryna degişli däldir.

2-nji bap. Pul amallary

15-nji madda. Dahyllylaryň arasyndaky pul amallary

1. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň arasynda geleşikler boýunça hasaplaşyklar we tölegler milli pulda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň arasynda pul amallarynyň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär, şu aşakdakylar muňa degişli däldir:

1) dahyllylaryň-ygtyýarly karz edaralarynyň arasynda geleşikleriň geçirilmegi, şol sanda müşderileriň hasabyna we olaryň tabşyrygy boýunça, şonuň ýaly-da öz adyndan we öz hasabyna pul biržalarynda daşary yurt pulunyň satyn alynmagy-satylmagy bilen baglanyşykly amallar;

2) özlerine berlen ygtyýarnama we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly karz edaralarynyň amala aşyrmaga hukugy bolan bank amallaryna we geleşiklerine degişli pul gymmatlyklary bilen dahyllylaryň-ygtyýarly karz edaralaryň we dahyllylaryň arasynda geçirilýän amallar;

3) gymmat bahaly kagyzlara bolan hukugyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen depozitarilerde hasaba alnan we hasaplaşyklaryň milli pulda amala aşyrylan şertinde, dahyllylar tarapyndan daşary yurt pulunda goýberilen we dahylsyzlar tarapyndan goýberilen gymmat bahaly kagyzlaryň satyn alynmagy, satylmagy we (ýa-da) bahasynyň üzülmegi, şeýle hem gymmat bahaly kagyzlar boýunça hak-heşdekleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar;

4) hasaplaşyklaryň milli pulda amala aşyrylan şertinde, pul borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi hökmünde daşary yurt pulunda aňladylan wekselleriň geçirilmegi (indossamenti) bilen baglanyşykly amallar;

5) paçsyz söwda dükanlarynda, şeýle hem halkara gatnawlarynyň ugrundaky ulag serişdelerinde ýolagçylara harytlar satylanda we hyzmatlar edilende geçirilýän hasaplaşyklar bilen baglanyşykly amallar;

6) dahylsyzlar bilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) berilmegi barada şertnamalaryň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlar komissionerler (agentler, ynamdarlar) tarapyndan ýerine ýetirilende komissionerler (agentler, ynamdarlar) bilen komitentleriň (prinsipallaryň, ynanyjylaryň) arasynda amala aşyrylýan amallar;

7) ýükleriň ugradyjy, daşaýjy we gatnadyjy tarapyndan Türkmenistana we Türkmenistandan daşalmagy, ýükleriň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr gatnadylmagy arkaly daşalmagy bilen baglanyşykly hyzmatlar ýerine ýetirilende, halkara ulagynyň ugratma, daşama we gatnatma (çarter) şertnamalary boýunça amala aşyrylýan amallar, şeýle hem agzalan ýükleriň ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça amallar;

8) saglygyny bejertmek, okatmak we gaýry haýyr-sahawat maksatlar üçin muzdsuz pul geçirmeleri ýa-da pul gymmatlyklarynyň muzdsuz berilmegi bilen baglanyşykly amallar;

9) fiziki şahslar tarapyndan pul gymmatlyklarynyň saklanylmagy, sowgat berilmegi, wesýet edilmegi ýa-da miras hukugyna görä alynmagy boýunça amallar;

10) fiziki şahslar tarapyndan ýeke-täk pul belgileriniň we şaýy pullarynyň toplap saklamak maksady bilen edinilmegi we aýrybaşgalanmagy bilen baglanyşykly amallar;

11) Türkmenistanyň çäginden daşarda bolan işgärleriň iş sapar, wekilçilik we gaýry çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy boýunça amallar;

12) dahylly-ýuridik şahsyň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçasynyň, wekilhanasynyň işini üpjün etmek boýunça çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy boýunça amallar;

13) dahylly-ýuridik şahsyň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçasynda, wekilhanasynda işleýän dahyllylaryň-fiziki şahslaryň zähmet hakynyň we pul hak-heşdeginiň başga görnüşleriniň tölenilmegi boýunça amallar;

14) Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän, Türkmenistanyň başga resmi wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ýa-da halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işini üpjün etmek boýunça çykdajylaryň öweziniň dolunmagy boýunça amallar;

15) Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň gaýry resmi wekilhanalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ýa-da halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda döwlet gullugynda işleýän dahyllylara-fiziki şahslara zähmet haklarynyň we pul hak-heşdekleriniň gaýry görnüşleriniň tölenilmegi boýunça amallar;

16) dahyllylar bilen "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, potratçy we kömekçi potratçy bolup durýan şahslaryň arasynda baglaşylýan geleşikleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly amallar;

17) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen halatlarda Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň we başga hökmany tölegleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar;

18) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda syýahatçylyk işiniň, şeýle hem erkin telekeçiligiň ykdysady zolagynda, milli syýahatçylyk zolagynda işiň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly amallar.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Kanunyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2014-nji ýyl, № -nji madda)

16-njy madda. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul amallary

1. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul amallary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pul şertnamasynyň esasynda milli we (ýa-da) daşary ýurt pulunda taraplaryň ylalaşygy boýunça amala aşyrylýar, Türkmenistanyň çäginde emlägiň berilmegi we işleriň ýerine ýetirilmegi (hyzmatlaryň edilmegi) bilen baglanyşykly amallar muňa degişli däldir.

2. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda pul şertnamasy baglaşylan mahalynda Türkmenistanyň pul kanunçylygy bilen töleg puly hökmünde ätiýaçlyk pulunyň ulanylmagy baradaky talap bellenilip bilner.

3. Türkmenistanyň çäginde dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda emlägiň berilmegi we işleriň ýerine ýetirilmegi (hyzmatlaryň edilmegi) bilen baglanyşykly pul amallary diňe milli pulda amala aşyrylýar, Türkmenistanyň pul kanunçylygynda, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Eger görkezilen pul amallary dahyllylar tarapyndan dahylsyzlara emlägiň berilmegi we işleriň ýerine ýetirilmegi (hyzmatlaryň edilmegi) bilen baglanyşykly nagt däl görnüşde amala aşyrylýan bolsa, olar taraplaryň ylalaşygy boýunça daşary ýurt pulunda hem geçirilip bilner.

4. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän pul amallary çäklendirilmezden geçirilýär, şu maddanyň birinji-üçünji böleklerinde görkezilen halatlar muňa degişli däldir.

5. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallary şu Kanunyň 8-nji maddasyna layýklykda bellige alynmaga degişlidir.

Şu aşakdakylar bellige alynmaly pul amallaryna degişlidir:

1) dahyllylaryň dahylsyzlara söwda karzlaryny bermegi;

2) dahylsyzlaryň Türkmenistandaky we dahyllylaryň Türkmenistanyň çäginden daşardaky göni maýa goýumlary;

3) dahyllylaryň dahylsyzlara we dahylsyzlaryň dahyllylara ssudalary, zaýomlary we bank karzlaryny bermegi;

4) Türkmenistanda dahylsyzlaryň we Türkmenistanyň çäginden daşarda dahyllylaryň serişdeleriniň hasaplara (goýumlara) ynanyşykly dolandyrmaga çekilmegi we ýerleşdirilmegi.

6. Dahyllylar pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň dahylsyzlar bilen geçirilen pul amallary hakynda ygtyýarly karz edaralaryny şu Kanunyň 9-njy maddasyna laýyklykda ýazmaça habarly etmäge borçludyrlar.

Şu aşakdakylary edinmek bilen baglanyşykly amallar ýazmaça habarly edilmeli pul amallaryna degişlidir:

1) gymmat bahaly kagyzlar, maýa goýum gaznalarynyň paýnamalary, döredilen maliýe gurallary, içinde dahyllynyň paýy on göterimden ýokary geçmeýän şertinde esaslyk maýa gatnaşmagy üpjün etmek maksady bilen goýumlaryň goýulmagy;

2) daşary ýurt döwletlerindäki gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugy;

3) intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan aýratyn hukuk.

7. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar bilen dahylsyzlaryň arasynda şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda amala aşyrylýan maýanyň hereketiniň pul amallary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça geçirilýär.

8. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahslar bilen dahylsyzlaryň arasynda şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda amala aşyrylýan maýanyň hereketiniň pul amallary dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň eýeleriniň çözgüdi esasynda geçirilýär.

9. Dahyllylaryň dahylsyzlara şu maddanyň on ikinji böleginde göz öňünde tutulan degişli üpjünçiliksiz söwda karzlarynyň berilmegi pul şertnamasyna laýyklykda kesgitlenilýän möhlete amala aşyrylýar, şol sanda:

1) harytlar eksport edilende dahyllylar tarapyndan dahylsyzlara tölegi yza süýşürip tölemäge mümkinçilik berilýän şertlerinde - eksport edilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedini hakyky kesip geçen senesinden başlap, işler (hyzmatlar) eksport edilende - işleriň (hyzmatlaryň) hakyky ýerine ýetirilen gününden başlap yza süýşürilen tölegiň hakyky gelen gününe çenli ýa-da dahylsyz tarapyndan borçlaryň başgaça hakyky ýerine ýetirilen gününe çenli;

2) harytlar (işler, hyzmatlar) import edilende, dahyllylaryň dahylsyzlara deslapky (hakujy) tölegi görnüşinde - dahyllynyň dahylsyza pul serişdesini geçiren gününden import edilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägini hakyky kesip geçen gününe çenli, işler (hyzmatlar) import edilende - işleriň (hyzmatlaryň) hakyky ýerine ýetirilen gününe çenli ýa-da dahylsyz tarapyndan borçlaryň başgaça ýerine ýetirilen gününe çenli.

Gümrük deklarasiýasynda görkezilen sene eksport (import) edilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden hakyky kesip geçen güni, işleriň (hyzmatlaryň) hakyky ýerine ýetirilen güni bolsa - ýerine ýetirilen işleriň (hyzmatlaryň) kabul ediliş we (ýa-da) kabul ediş-tabşyryş namasynda görkezilen senesi bolup durýar.

Dahyllylaryň dahylsyzlara degişli üpjünçiliksiz söwda karzlaryny bermeginiň aňryçäk möhletleri Türkmenistanyň pul kanunçylygy ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen çäklendirilip bilner.

10. Dahylsyzyň dahyllynyň öňünde, serişdeleri yzyna gaýtarmagyň ýa-da borçlary başgaça ýerine ýetirmegiň hakyky möhletini geçirmegi, onuň wagtynda üzmedik bergisi doly tölenilýänçä pula gözegçilik edýän edaralar we agentler tarapyndan dahyllylaryň şol dahylsyz bilen ähli daşary söwda amallarynyň togtadylmagyna getirýär.

11. Eksport we import geleşikleri boýunça dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasy söwda adalgalaryny düşü