Türkmenistanyň Kanuny «Gümrük gullugy hakynda»

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Gümrük gullugy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 1, 15-nji madda)

(Türkmenistanyň 01.10.2011 ý. № 236-IV Kanuny esasynda girizilen üýtgetme bilen)

Şu Kanun gümrük gullugynyň işiniň hukuk esaslaryny hem-de ýörelgelerini, wezipelerini, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

I bölüm. Umumy düzgünler

1-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

2-nji madda. Türkmenistanyň gümrük gullugy hakyndaky kanunçylygy

1. Türkmenistanyň gümrük gullugy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Gümrük Kodeksinden, şu Kanundan hem-de gümrük gullugynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň  düzümi we ýolbaşçylygy

1. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine merkezi edarasy, onuň ýanyndaky Okuw merkezi, welaýat we welaýat hukukly şäher gümrükhanalary, olaryň Türkmenistanyň çäklerindäki we döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük postlary, gümrük gullugynyň beýleki edaralary (mundan beýläk – gümrük edaralary) girýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan başlygy ýolbaşçylyk edýär.

3. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarlary, gümrükhanalaryň başlyklary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýärler we wezipeden boşadylýarlar.

4. Türkmenistanyň gümrük gullugynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Gümrük gullugynyň işgärlerine şahsyýetini we eýeleýän wezipesini tassyklaýan şahsyýetnama we bellenilen nusgadaky tapawutlandyryş nyşanlary berilýär.

4-nji madda. Gümrük gullugynyň hukuk derejesi

1. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan, gümrük gullugynyň edaralary hakynda Düzgünnamalar bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy esasynda, döretmegiň maksatlary delillendirilip we olaryň maddy-tehniki binýadyny üpjün etmegiň, işini guramagyň deslapdan taslamasy düzülip, zerurlygyna görä, gümrükhanalar döredilip bilner.

3. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän we Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük postlary welaýat we welaýat hukukly şäher gümrükhanalarynyň aýrybaşga bölümi bolup, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama esasynda hereket edýärler.

4. Gümrük postlary ýolagçy we haryt akymlarynyň möçberlerinden, aýry-aýry sebitleriň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajyplygyndan, ulag kärhanalarynyň, harytlary daşary ýurtlara iberijileriň we daşary ýurtlardan getirijileriň, daşary söwda işi bilen meşgullanýan beýleki taraplaryň isleglerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde  döredilýär.

5-nji madda. Gümrük gullugynyň  işiniň esasy ýörelgeleri

1. Gümrük gullugy öz işinde kanunylyk, raýatlaryň kanunyň öňündäki deňligi, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi, mertebesine hormat goýulmagy ýörelgelerinden ugur alýar.

2. Gümrük gullugy raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hakyndaky kanunçylygyň talaplaryna ters gelmeýän, şeýle hem döwlet syrynyň we kanun arkaly goralýan beýleki syrlaryň açylmagyna getirmeýän halatynda, aýanlyk ýagdaýynda hereket edýär.

6-njy madda. Gümrük gullugynyň esasy wezipeleri

Gümrük gullugynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramak;

2) Türkmenistanyň daşary söwdasyny we milli ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek;

3) Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek;

4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň gümrük serhedini goramak we gümrük gözegçiliginiň çägindäki düzgüniň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

5) harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende ygtyýarlylandyryş we rugsat beriş düzgüniniň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

6) gümrük tölegleriniň möçberlerini belleýän hem-de gümrük töleglerini tölemegiň tertibini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük paçlaryny we gümrük ýygymlaryny, salgytlary töletdirmek;

7) gümrük işiniň çygrynda hukuk kadalarynyň bozulmalarynyň amala aşyrylmagy hakyndaky maglumatlary toplamak we seljermek;

8) kontrabandany hem-de gümrük kadalarynyň beýleki bozulmalaryny amala aşyran şahslara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäre görmek;

9) Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasyny we gümrük işi bilen baglanyşykly maglumatlar binýadyny ýöretmek, gümrük işi hakyndaky hasabatlary taýýarlamak we gyzyklanma bildiren taraplara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda maglumat bermek;

10) gümrük işi hakyndaky kanunçylyk namalarynyň birmeňzeş berjaý edilmegini üpjün etmek;

11) gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak;

12) gümrük işine degişli Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

7-nji madda. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi

Gümrük kadalarynyň bozulmalaryna ýol berendigi güman edilip saklanan raýatlar öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegi babatda gümrük gullugynyň işgärlerinden maglumat almaga haklydyrlar.

8-nji madda. Gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýeri 

1. Gümrük edaralary gönüden-göni gümrük gullugynyň edaralary bolan jaýlarda, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplara, şol sanda gümrük dellalçylygyny amala aşyrýan ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýörite ammarlaryna eýeçilik edýän şahslara degişli bolan çäklerde we jaýlarda, şonuň ýaly-da aeroportlaryň, deňiz we derýa portlarynyň, demir ýol we awtomobil menzilleriniň çäklerinde we jaýlarynda ýerleşip bilerler.

2. Gümrük edaralary üçin ýer bölekleri "Ýer hakynda" Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda ulanmaga berilýär.

9-njy madda. Gümrük edaralarynyň gümrük amallaryny  amala aşyrýan ýeri

Harytlar, ulag serişdeleri babatda gümrük gözegçiliginiň we gümrük taýdan resmileşdirmegiň amallary gönüden-göni gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerlerinde ýa-da şahslaryň ýüztutmasy boýunça gümrük gullugynyň dolandyryş edaralarynyň rugsady bilen beýleki ýerlerde amala aşyrylýar. Gümrük edaralary, eger munuň özi gümrük gözegçiliginiň netijeliligini pese düşürmeýän bolsa, harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýerleşýän ýerlerinde gümrük amallaryny amala aşyrýarlar. 

10-njy madda. Gümrük edaralarynyň iş tertibi

1. Gümrük edaralarynyň iş tertibi we iş wagty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gullugunyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýär.

2. Deňiz we derýa portlaryndaky, aeroportlardaky we döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük edaralarynyň iş wagty öz işini şol ýerlerde amala aşyrýan edaralaryň we gulluklaryň iş wagtyna laýyk gelmelidir. Gümrük gullugynyň beýleki ýerlerdäki edaralarynyň iş wagty işine garaşly şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakdan ugur alnyp we gümrük gullugynyň hem-de dahylly döwlet gulluklarynyň mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp bellenilýär.

II bölüm. Gümrük gullugynyň ygtyýarlyklary

11-nji madda. Gümrük gullugynyň Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary bilen özara gatnaşyklary

Gümrük gullugy döwlet gümrük syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almakda, olara ýol bermezlikde, seljeriş işleri geçirmekde, operatiw-agtaryş, anyklaýyş we öňüni alyş işlerini we gaýry çäreleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary bilen özara hyzmatdaşlykda bolýar.

12-nji madda. Gümrük gullugynyň daşary ýurt döwletleriniň gümrük we hukuk goraýjy edaralary hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy

Gümrük gullugynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gümrük işi babatda özara gatnaşyk etmek, maglumat we resminamalary alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda daşary ýurt döwletleriniň gümrük gulluklary, hukuk goraýjy edaralary we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we hyzmatdaşlyk etmäge  hukugy bardyr.

13-nji madda. Gümrük gullugynyň ýuridik we fiziki şahslar bilen gatnaşyklary

1. Ýuridik şahslar eýeçiligiň görnüşine garamazdan we fiziki şahslar gümrük gullugynyň işgärlerine gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekde ýardam bermelidirler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gullugy beýleki döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň gümrük gözegçiligine degişli bolan we olaryň ygtyýarlyklaryna girýän aýry-aýry hereketleri özleriniň gözegçiligi astynda amala aşyrmaklaryna ýol bermäge haklydyr.

14-nji madda. Gümrük gullugyna maglumat bermek we onuň derejesi

1. Gümrük işi bilen baglanyşykly hereketlere gatnaşygy bolan islendik şahs ygtyýarly gümrük işgäriniň talap etmegi boýunça Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary bellenilen möhletlerde gümrük gullugyna bermäge borçludyr.

2. Öz mazmuny boýunça ýa-da gümrük gullugyna berliş usuly boýunça gizlin bolan ähli maglumatlaryň gulluk syry derejesi bardyr. Maglumaty beren şahsyň razylygy bolmazdan, gulluk syry bolan maglumaty aýan etmäge gümrük gullugynyň haky ýokdur. Türkmenistanyň kanunçylygynda gümrük gullugynyň maglumatlary bermäge borçly edilen ýagdaýlary muňa girmeýär.

15-nji madda. Gümrük gullugynyň amala aşyrýan işleri

Gümrük gullugy öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) Türkmenistanyň döwlet gümrük syýasatyny işläp taýýarlamaga gatnaşýar we ony durmuşa geçirýär;

2) öz ygtýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny we ykdysady garaşsyzlygyny, bu ugurda döwletiň bähbitlerini goramaga gatnaşýar;

3) Türkmenistanyň gümrük işi hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýär;

4) harytlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden üstaşyr geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

5) söwda-ykdysady işini gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň serişdelerini ulanýar, gümrük serhedinden üstaşyr geçirilýän harytlar babatda ykdysady syýasatyň çärelerini işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

6) Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden harytlar, ulag serişdeleri, fiziki şahslar geçirilen halatynda kontrabanda, gümrük kanunçylygynyň hukuk taýdan bozulmalaryna, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň halkynyň we daşary ýurt döwletleriniň çeperçilik, taryhy-arheologik gymmatlyklarynyň, intellektual eýeçilige degişli zatlaryň, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň, beýleki harytlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşýär; 

7) ýaraglary, ok-därileri, zäherleýji we radioaktiw jisimleri hem-de maddalary, hereket edýän konstitusion gurluşy agdarmaga, jemgyýetçilik howpsuzlygyny we ahlagyny bozmaga çagyrýan neşirleri we beýleki maglumatlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirmäge edilýän synanyşyklaryň öňüni almak işlerini, terrorçylyga garşy göreşi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we beýleki hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde alyp barýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük tölegleriniň dogry hasaplanylyşyna, doly we öz wagtynda tölenilişine gözegçilik edýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gullugy tarapyndan ygtyýarlandyrmagy bellenilen işleriň görnüşlerini ygtyýarlandyrýar;

10) gümrük işi babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

11) gümrük edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny ösdürýär we kämilleşdirýär;

12) gümrük işini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny işläp taýýarlaýar we olary ornaşdyrýar;

13) gümrük gullugynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki işleri amala aşyrýar.

16-njy madda. Gümrük gullugynyň hukuklary

Gümrük gullugy şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşyp, gümrükhanalary we olaryň düzüm birliginde gümrük barlaghanalaryny, kinologiýa merkezini döretmäge;

2) gümrük düzgünlerine we gümrük amallaryna laýyklykda gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmek işi üçin zerur resminamalary, maglumatlary şahslardan soramaga we  almaga;

3) gümrük işi bilen bagly hereketi ýerine ýetirmäge ygtyýarlylygyny tassyk etmegini şahslardan talap etmäge, raýatlaryň we wezipeli adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan  resminamalary barlamaga;

4) gümrük barlaglaryny amala aşyrmaga, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, gümrük gözegçiligine degişli harytlar saklanýan jaýlara, ammarlara we olara degişli çäklere girmäge, zerur resminamalary almaga, şeýle jaýlary we ammarlary möhürlemäge;

5) gümrük ammarlaryny we harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlarynyň işini amala aşyrmaga;

6) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslaryň ýolbaşçylaryndan, wezipeli adamlaryndan, hususy telekeçilerden we fiziki şahslardan gümrük kanunçylygynyň bozulmalaryny düzetmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde talap etmäge;

7) gümrük kadalaryny bozýan hem-de jenaýatçylykly hereketi amala aşyran ýa-da şeýle hereketleri etmekde şübhelenilýän adamlary saklamaga we Türkmenistanyň gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynyň gulluk jaýlaryna eltmäge;

8) şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan şahsyýetnamasy bilen gümrük gullugynyň işgärlerine gümrük edaralarynyň ýerleşýän çäklerine, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük postlaryna gulluk wezipelerini ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde päsgelçiliksiz barmaga;

9) wakalary we hadysalary resmileşdirmäge, olary surata düşürmäge, audio-wideo we kino ýazgylaryny amala aşyrmaga;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maglumatlary we resminamalary ulanmaga hem-de olary saklamaga;

11) habar beriş, aragatnaşyk we maglumatlary bermek ulgamlaryny, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdelerini, şeýle hem maglumatlary goramagyň serişdelerini, şol sanda kanunda bellenilen tertipde kriptografik goragyň serişdelerini işläp taýýarlamaga, döretmäge we ulanmaga;

12) gümrük gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň  döwlet býujetinde göz öňünde tutulan we gümrük gullugynyň býujetden daşary serişdeleriniň, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden maliýeleşdirilýän serişdeleriň hasabyna harytlary, şol sanda maddy-tehniki serişdeleri we tehnikalary almaga;

13) maliýe we emläk serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyrmaga;

14) gümrük gullugynyň işgärlerini Türkmenistanyň çäklerine we daşary ýurt döwletlerine gulluk saparlaryna ibermäge;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi bilen bagly hukuk kadalarynyň bozulmalary hakynda teswirnamalary düzmäge, gümrük gullugyna degişli edilen dolandyryş iş önümçiligini ýöretmäge hem-de dolandyryş tertibinde çäre görmek hakyndaky çözgütleri kabul etmäge;

16) gümrük işi babatda raýat-hukuk gatnaşyklarynda çykyş etmäge hem-de hak islegleri bilen kazyýete ýüz tutmaga;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.

17-nji madda. Gümrük gullugynyň borçlary

Gümrük gullugy şu aşakdakylara borçlydyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmäge we bellenilen tertipde kabul etmäge, olary ýerine ýetirmäge;

2) gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmaga;

3) gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmek işlerini amala aşyrmak üçin zerur resmi iş kagyzlarynyň nusgalaryny tassyklamaga we dolanyşyga girizmäge;

4) gümrük gözegçiligine degişli harytlaryň we ulag serişdeleriniň wagtlaýyn saklanyljak ýerini kesgitlemäge we zerurlygyna görä, olaryň ýany bilen gitmäge;

5) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän ýa-da geçirilmegi göz öňünde tutulýan  harytlaryň daşary ykdysady işiniň haryt sanawy (DYIHS) boýunça kodlaryny kesgitlemäge we bu barada hem-de harytlaryň gelip çykan ýurdy barada deslapky çözgütleri kabul etmäge;

6) gümrük gullugynyň işgärleriniň maddy üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça çäreler görmäge;

7) kontrabanda we gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrmak hakyndaky işler boýunça anyklaýyş işlerini geçirmäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda üstüne ýüklenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

III bölüm. Gümrük gullugynda gullugy geçmegiň tertibi

18-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärler düzümi

1. Harby gullukçylar we harby gullukda durmaýan beýleki işgärler (mundan beýläk – işgärler) gümrük gullugynyň işgärler düzümini emele getirýärler.

2. Gümrük gullugynyň harby gullukçylaryny wezipä bellemek, başga wezipä geçirmek we  wezipeden boşatmak, olara harby atlary dakmak, şeýle  hem harby atlardan mahrum etmek "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan ýeňillikler we artykmaçlyklar degişlidir.

4. Gümrük gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

19-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluga  kabul edilmegi we gullukdan boşadylmagy

1. Türkmenistanyň döwlet dilini bilýän, çagyryş boýunça harby gullugyň bellenilen möhletini gulluk eden, öz şahsy, ahlak we işjeňlik häsiýetleri, fiziki taýýarlygy, bilimi we saglyk ýagdaýy boýunça gümrük gullugyna ýüklenen borçlary ýerine ýetirmäge ukyply, Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gümrük edaralarynyň düzüminde harby gullugy geçmek üçin meýletin esasda kabul edilýär.

2. Gümrük gullugynda gulluk etmäge kabul edilýän raýata şu aşakdaky talaplar bildirilýär:

1) Türkmenistana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly bolmak;

2) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny birkemsiz berjaý etmek;

3) raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini hormatlamak we goramak, ýokary medeniýetliligi berjaý etmek;

4) döwletiň özbaşdaklygyny, syýasy we ykdysady bähbitlerini goramak;

5) Türkmenistanyň halkynyň milli adatlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmak;

6) düzgün-nyzamy we jogapkärçiligi ýokary derejede berjaý etmek;

7) işe döredijilikli çemeleşmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk iş alyp barmagy başarmak;

8) salyhatlylyk, halallyk, öz işiniň netijelerine hakyky we tankydy baha bermegi başarmak ukyby.

3. Gümrük gullugyna işe kabul edilýän raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalary we maglumatlary berýärler.

4. Işgärleriň eýeleýän wezipelerine laýyk gelýändigini kesgitlemek, olaryň hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen gümrük gullugynda hünär synaglary geçirilýär. Hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Işgärleriň gysga möhletli harby türgenleşigi geçmekleriniň tertibi we harby türgenleşigiň möhletleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýär.

20-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk wagty we dynç almaga bolan hukugy

1. Gümrük gullugynda işgärleriň hepdelik iş wagtynyň dowamlylygynyň we dynç alyş üçin wagtynyň hasaba alnyş tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

2. Gümrük gullugynyň işgärlerine "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda her ýylky esasy rugsady we rugsatlaryň beýleki görnüşleri berilýär.

21-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň pul we gaýry üpjünçiligi

1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň pul üpjünçiligi olaryň eýeleýän wezipesi üçin bellenilen wezipe aýlyk iş hakyndan, harby ady üçin tölenýän goşmaça töleglerden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan  gaýry goşmaça pul töleglerinden ybaratdyr.

2. Gümrük gullugynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar hem-de pul, azyk we goş-golam bilen üpjün edilýärler.

IV bölüm. Gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan fiziki güýjüň, ýörite

güýçleriň we serişdeleriň, ok atýan (tabel) ýaragyň ulanylyşy

22-nji madda. Fiziki güýji, ýörite güýçleri we serişdeleri, ok   atýan (tabel) ýaragy ulanmagyň maksady we çäkleri

1. Gümrük gullugynyň işgärlerine diňe şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde fiziki güýji, ýörite güýçleri we serişdeleri ulanmaga, ok atýan (tabel) ýaragy götermäge, saklamaga, ulanmaga hukuk berilýär.

2. Fiziki güýjüň, ýörite güýçleriň we serişde1eriň, ok atýan (tabel) ýaragyň ygtyýarlyklaryň we zerur goranyş çäkleriniň artdyrylmagy bilen ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

23-nji madda. Fiziki güýjüň ulanylmagy

Gümrük gullugynyň işgärleriniň kontrabandanyň we gümrük kadalarynyň beýleki howply bozulmalarynyň öňüni almak we soňuna çykmak, olary amala aşyran adamlary saklamak, öz kanuny talaplaryna garşy hereketleri aradan aýyrmak üçin, öz üstüne ýüklenen borçlaryň ýerine ýetirilmegini beýleki usullar bilen üpjün etmek mümkin bolmasa, fiziki güýji, şol sanda söweşjeň göreş usullaryny ulanmaga hukuklary bardyr.

24-nji madda. Ýörite güýçleriň we serişdeleriň ulanylmagy

1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň şu aşakdaky halatlarda gol gandallaryny, rezin taýaklary, ulagy mejbury saklamak üçin gurluşlary, gulluk itlerini, şeýle hem beýleki ýörite ulag serişdelerini we güýçlerini ulanmaga hukuklary bardyr:

1) kontrabanda garşy göreşmek boýunça özleriniň gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän gümrük gullugynyň işgärleriniň we beýleki adamlaryň üstüne çozuşy serpikdirmekde;

2) gümrük edaralarynyň binalaryna, jaýlaryna, desgalaryna, ulag serişdelerine çozuşy serpikdirmekde;

3) eger gümrük gullugynyň işgärlerine boýun bolmaýan ýa-da garşylyk görkezýän bolsalar, gümrük kadalaryny bozujylary saklamakda;

4) gaçjakdygyny, daş-töweregindäkilere ýa-da özüne zeper ýetirjekdigini güman etmäge ýeterlik esas bar bolan saklanylanlary goragly äkitmekde we goramakda;

2. Adamyň janyna howp salýan çozuş, topar bolup çozuş ýa-da ýaragly garşylyk görkezilen halatlardan beýleki ýagdaýlarda göwreliligiň alamatlary bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we aç-açan maýyplyk alamatlary bolan adamlar babatda ýörite güýçleri we serişdeleri ulanmak gadagan edilýär.

3. Gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan ulanylýan ýörite güýçleriň we serişdeleriň sanawy we olaryň ulanylyş tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

25-nji madda. Ok atýan (tabel) ýaragyň saklanylyşy, göterilişi we ulanylyşy

1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetiryän wagtlary ok atýan (tabel) ýaragy saklamaga, götermäge we ulanmaga hukuklary bardyr.

2. Gümrük gullugynyň işgärleriniň ok atýan (tabel) ýaragy ahyrky çäre hökmünde şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanmaga hukuklary bardyr:

1) eger başga usul we serişdeler bilen adamlary goramak mümkin bolmasa, olaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşdan goramak üçin;

2) gümrük gullugynyň işgärleriniň kontrabanda we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek boýunça gulluk borçlaryny berjaý edýän wagty ýaragly ýa-da başga çozuş edilende, olaryň janyna we saglygyna howp abanan halatynda ony serpikdirmek üçin;

3) gümrük gullugy tarapyndan goralýan obýektlere, binalara we jaýlara topar bolup ýa-da ýaragly edilen çozuşy serpikdirmek üçin;

4) ýaragly garşylyk görkezýän, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakyndaky kanuny talaplary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adamy, eger ulanylan başga usullar we serişdeler bilen ýaragly adamyň garşylygyny ýeňmek, saklamak ýa-da ýaragyny elinden almak mümkin bolmadyk ýagdaýynda ýaragly adamy saklamak üçin;

5) eger ulag serişdesini dolandyrýan adam gümrük gullugynyň işgäriniň saklanmak baradaky kanuny talaplaryna tabyn bolman, adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan bolsa, saklamaga başga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda.

3. Ok atýan (tabel) ýarag ulanylmazdan ozal, ony ulanmak meýliniň barlygy barada duýdurylmalydyr.

4. Ok atýan (tabel) ýarag şu ýagdaýlarda duýdurmazdan ulanylyp bilner:

1) ýaragly, söweş tehnikasyny, ulag serişdelerini, uçujy enjamlary, deňiz we derýa gämilerini ulanmak bilen, duýdansyz çozuş edilende;

2) kontrabandany we beýleki jenaýatlary amala aşyran ýaragly adamlaryň ulag serişdelerini ulanyp gaçan wagtynda.

5. Ok atýan (tabel) ýaragyň ulanylan ähli halatlarynda gümrük gullugynyň işgäri daş-töweregindäki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge, zerurlyk bolan halatynda bolsa, jebir çekenlere gaýragoýulmasyz kömek bermäge borçludyr.

6. Göwreliligiň alamatlary bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň aç-açan alamatlary bolan adamlar babatda ok atýan (tabel) ýaragy ulanmak gadagan edilýär, muňa olaryň işgäriň janyna howp salýan ýaragly çozuş eden, ýaragly garşylyk görkezen, ýarag ulanmak ýa-da topar bolup çozmak bilen ulag serişdelerini eýelän halatlaryndan beýleki ýagdaýlarda, eger ulanylan başga usullar, güýçler we serişdeler bilen şeýle çozuşy serpikdirip bolmadyk ýagdaýy girmeýär.

7. Ok atýan (tabel) ýaragyň her bir ulanylan halaty barada gümrük gullugynyň işgäri öz ýolbaşçysyna haýal etmän habar bermelidir we gözegçilik edýän prokurory habarly etmelidir.

26-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň ýörite güýçleri we serişdeleri, ok atýan (tabel) ýaragy ulanmagynyň şertleri

Ýörite güýçleri we serişdeleri, ok atýan (tabel) ýaragy gümrük gullugynyň diňe ýörite taýýarlygy geçen işgärlerine ulanmaga rugsat berilýär.

V bölüm. Gümrük gullugynyň işgärleriniň hukuk

ýagdaýy we sosial taýdan goragy

27-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy

1. Gümrük gullugynyň işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiryän wagtlary döwlet häkimiýetiniň wekilleri bolup durýarlar we döwletiň goragynda bolýarlar. Gümrük gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplary fiziki we ýuridik şahslar, şeýle hem wezipeli adamlar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

2. Gümrük gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmezlik, olara dil ýetirmek, garşylyk görkezmek, olary ynamdan gaçyrmak, zorluk ulanyp haýbat atmak ýa-da olaryň janyna, saglygyna, namysyna we mertebesine kast etmek ýa-da şek ýetirmek, olaryň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik berýän beýleki hereketler, şeýle hem öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly, olaryň maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna islendik kast etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

3. Gümrük gullugynyň işgärleri öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde şu Kanundan we gümrük işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýarlar. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan ygtyýarly edilen adamlardan başga hiç kimiň gümrük gullugynyň işine gatyşmaga, gümrük gullugynyň işgärlerini olaryň wezipe borçlaryna girmeýän işleri ýerine ýetirmek üçin çekmäge hukugy ýokdur.

4. Gümrük gullugynyň kabul edýän çözgüdine täsirini ýetirmek ýa-da onuň işine päsgel bermek maksady bilen döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, olaryň wekilleriniň, şeýle hem wezipeli adamlaryň islendik görnüşde täsir etmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

5. Gümrük gullugynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga hak tölenýän islendik iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

28-nji madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň sosial taýdan goragy

1. Gümrük gullugynyň işgärleriniň sosial taýdan goragy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

2. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny berjaý etmegi bilen baglanyşykly döwlet ätiýaçlandyrmasy "Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Gümrük gullugynyň işgärleriniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda ýetirilen zyýanyň öwezi we gulluk bilen baglanyşyklylykda, onuň maşgala agzalarynyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar. 

4. Gümrük gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

5. Gümrük gullugynda azyndan on ýyl işlän işgärler, aradan çykan işgärleriniň maşgala agzalary, şeýle hem ýaşaýyş jaý kanunçylygynda görkezilen beýleki ýagdaýlarda, başga ýaşaýyş jaýy berilmezden, gulluk ýasaýyş jaýyndan çykarylmaga degişli däldir.

6. Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça hasapda duran, aradan çykan işgäriň maşgalasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak baradaky hukugy saklanyp galýar.

7. Gümrük gullugynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary "Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen beýleki hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

29-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň beýleki sosial hukuklarynyň kepillikleri

Gümrük gullugynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary ýaşaýyş jaý, jemagat hyzmatlary, ýangyç üçin tölegleri tölemek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde we şertlerde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

30-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň gulluk iş saparynda bolan wagtyndaky hukuklary

Gümrük gullugynyň gulluk iş saparynda bolýan işgäriniň gulluk iş saparynyň şahadatnamasy boýunça ilkinji nobatda ulaglaryň ähli görnüşleri üçin ýolagçy resminamalaryny almaga, şeýle hem myhmanhanada ýerleşmäge hukugy bardyr.

VI bölüm. Gümrük gullugynyň maliýe we

maddy-tehniki üpjünçiligi

31-nji madda. Gümrük gullugynyň işini maliýeleşdirmek

1. Gümrük gullugynyň işi bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, gümrük gullugynyň býujetden daşary serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden alynýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.

3. Gümrük gullugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz maliýe-hojalyk işiniň hasabatyny ýöredýär, buhgalteriýa hasabatyny alyp barýar we statistiki hasabaty ýöredýär.

32-nji madda. Gümrük gullugynyň maddy-tehniki üpjünçiligi

1. Gümrük gullugyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek we ony dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ministrlikler we beýleki dolandyryş edaralary gümrük edaralaryna gulluk maksatlary üçin gulluk jaýlaryny, ulag, aragatnaşyk serişdelerini we başga emlägi we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz esasda ulanmaga berýärler.

VII bölüm. Jemleýji düzgünler

33-nji madda. Gümrük gullugynyň we onuň işgärleriniň çözgütlerine şikaýat etmek

Gümrük gullugynyň we onuň işgärleriniň çözgütlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

34-nji madda. Gümrük gullugynyň işine gözegçilik

Gümrük gullugynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gözegçilik edýär.

35-nji madda. Gümrük gullugy tarapyndan kanunylygyň berjaý edilişine gözegçilik

Türkmenistanyň gümrük gullugy tarapyndan kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar gözegçilik edýärler.

36-njy madda. Gümrük gullugynyň işgärleriniň jogapkärçiligi

Gümrük gullugynyň işgärleri öz ygtyýarlyklarynyň çäginde raýatlaryň hukuklarynyň we döwletiň kanuny bähbitleriniň goralmagy, hukuk düzgünleriniň üpjün edilmegi üçin jogapkärdirler. Gümrük gullugynyň işgärleri özleri tarapyndan ýol berlen hukuk bozulmasynyň häsiýetine we agyrlygyna görä, düzgün-nyzam, maddy, dolandyryş  ýa-da jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.

37-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

     Türkmenistanyň                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 12-nji marty.

№ 91-IV.