Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2002 ý.¸ № 2¸ 19-njy madda)

Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

 

Şu kanun Türkmenistanda melhemçilik işiniň we derman üpjünçiliginiň hukuk esaslaryny belleýär.

I bap. Umumy düzgünler

1 madda. Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi

1. Melhemçilik işi diýlip derman serişdelerini işläp taýýarlamak (agtarmak), öndürmek (taýýarlamak), saklamak we ýerlemek (goýbermek) bilen baglanyşykly işe düşünilýär.

2. Derman üpjünçiligi, munuň özi ilaty we bejeriş-öňüni alyş edaralaryny Türkmenistanyň çäklerinde ulanmaga rugsat berlen derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy, guramaçylyk we gaýry çäreleriň jemidir.

2 madda. Derman serişdeleri

1. Derman serişdeleri, munuň özi adamyň we haýwanlaryň kesellerini bejermek üçin, şeýle hem keselleriň öňüni almak we anyklamak üçin ulanylýan, bejeriş häsiýetlerine eýe bolan jisimlerdir.

2. Derman serişdelerine derman serişdelerini öndürmek (taýýarlamak) üçin niýetlenen ösümlik, mineral, mal ýa-da gelip çykyşy boýunça sintetik bolan jisimler hem degişlidir.

3 madda. Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy şu kanundan we derman üpjünçiligi çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Neşe serişdeleriniň we beýnä täsir ediji jisimleriň dolanyşygy Türkmenistanyň aýratyn kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

4 madda. Şu kanunyň hereket çygry

Şu kanun Türkmenistanyň çäginde melhemçilik işini amala aşyrýan düzgünnamaly we jismi şahslara we derman serişdeleriniň dolanyşygy çygryndaky işe degişlidir.

II bap. Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi çygryndaky

döwlet syýasaty

5 madda. Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasaty

Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir:

Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine;

ilatyň saglygy goraýyş gurluşyny we dolandyrylyşyny, derman üpjünçiligi çygrynda döwlet gözegçiligi ulgamyny kämilleşdirmäge;

ilatyň derman serişdelerine bolan isleglerini üpjün etmek üçin derman senagatyny ösdürmegiň umumydöwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga;

melhemçilik işi we derman üpjünçiligi çygrynda hukuk binýadyny kämilleşdirmäge;

ylmy barlaglary amala aşyrmaga hem-de täze derman serişdelerini işläp taýýarlamaga, melhemçilik işi babatynda ylmyň gazananlaryny saglygy goraýyş işine ornaşdyrmaga;

ilatyň derman üpjünçiligini kämilleşdirmäge;

ýokary netijeli we hilli derman serişdeleriniň öndürilişini ösdürmäge;

has zerur derman serişdeleriniň elýeterli bolmagy üçin kepillikleri üpjün etmäge;

derman üpjünçiligi babatynda habar binýadyny ösdürmäge;

melhemçilik bilimi, hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmäge;

derman serişdeleriniň bazarynyň ösdürilmegine ýardam etmäge.

6 madda. Derman üpjünçiliginiň döwlet kepillikleri

Döwlet şu aşakdakylary kepillendirýär:

durmuş taýdan möhüm bolan derman serişdeleriniň bellenilen Sanawyna laýyklykda Türkmenistanyň ilatyny zerur derman serişdeleri bilen üpjün etmegi;

şu aşakdakylar üçin ýeňillikli şertlerde derman üpjünçiligini:

meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan adamlar;

Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilen tertipde raýatlaryň aýry-aýry toparlary.

7 madda. Melhemçilik işini we derman üpjünçiligini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek

1. Melhemçilik işini we derman üpjünçiligini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

derman serişdelerini döwlet tarapyndan bellige almak;

melhemçilik işini ygtyýarlylandyrmak;

melhemçilik işi we derman üpjünçilik çygrynda işleýän hünärmenleriň hünär synagy;

derman serişdeleriniň önümçiliginiň (taýýarlamagyň) ekologik we sanitariýa-epidemiologik howpsuzlygynyň seljerilmesi;

derman serişdeleriniň öndürilişine (taýýarlanylyşyna), saklanylyşyna, ýerlenilişine (goýberilişine), olaryň hiline döwlet gözegçiliginiň geçirilmegi.

2. Melhemçilik işini we derman üpjünçiligini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, beýleki döwlet edaralary tarapyndan öz ygtyýarlarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

8 madda. Melhemçilik işini ygtyýarlylandyrmak

Melhemçilik işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

III bap. Derman serişdelerini işläp taýýarlamak we

öndürmek (taýýarlamak)

9 madda. Derman serişdelerini işläp taýýarlamak

1. Derman serişdelerini işläp taýýarlamak diýlip bejeriş häsiýetine eýe bolan täze jisimleriň agtarylmagyna we öwrenilmegine, soňra olaryň farmakologik häsiýetleriniň barlanylmagyna düşünilýär.

2. Derman serişdeleri düzgünnamaly we jismi şahslar tarapyndan işlenilip taýýarlanylyp bilner. Özüniň döredijilik zähmeti bilen derman serişdesini döreden jismi şahs derman serişdesini dörediji (şärikli dörediji) hasaplanylýar.

3. Derman serişdeleriniň klinikadan öňürti barlaglary olaryň netijeliligine baha bermek we subut etmek maksady bilen geçirilýär. Derman serişdelerini işläp taýýarlaýjylar alnan derman serişdeleriniň klinikadan öňürti barlaglaryny Türkmenstanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan şertlerde we tertipde, şeýle hem halkara talaplaryna laýyklykda geçirmäge boçrludyrlar.

4. Täze derman serişdelerini işläp taýýarlaýjylaryň hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar.

10 madda. Derman serişdeleriniň kliniki barlaglary

1. Derman serişdeleriniň kliniki barlaglary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň karary boýunça geçirilýär.

2. Derman serişdeleriniň kliniki barlaglary ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş edaralarynda geçirilýär, olaryň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

3. Derman serişdelerini işläp taýýarlaýjylar ýa-da kliniki barlaglary buýrujylar kliniki barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli haýyşnama berýärler. Şol haýyşnamanyň ýanyna derman serişdesiniň nusgalary we ol hakdaky maglumatlary bar bolan habary, klinikadan ozalky barlagyň netijeleri, şeýle hem kliniki barlaglaryň maksatnamalarynyň taslamasy goşulýar.

Derman serişdelerini işläp taýýarlaýjylar ýa-da kliniki barlaglary buýrujylar kliniki barlagyna degişli bolan derman serişdeleriniň zyýanly täsiriniň ähli halatlary hakynda, şeýle hem olaryň beýleki derman serişdeleri bilen özara täsirleriniň aýratynlyklary hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine habar bermäge borçludyrlar.

4. Ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş edarasy belli bir derman serişdesiniň kliniki barlaglaryny geçirmek hakynda derman serişdesini işläp taýýarlaýjy ýa-da kliniki barlaglary buýrujy bilen şertnama baglaşýar. Nusgalaýyn şertnamanyň görnüşi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Kliniki barlaglaryň netijeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine berilýär.

5. Bejeriş-öňüni alyş edarasy kliniki barlaglara başlamazdan öň ätiýaçlandyryş guramasy bilen barlaga gatnaşýan adamyň ömrüniň we saglygynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga borçludyr. Barlaga gatnaşýan adamyň meýletin razylygy ýazmaça tassyklanylmalydyr. Kämillik ukyplylygy bolmadyk ýa-da kämillik ukyplylygy çäkli bolan adam öz kanuny wekilleriniň ýazmaça razylygy bilen derman serişdesiniň kliniki barlagyna gatnaşyp biler.

6. Eger derman serişdesiniň kliniki barlaglaryny geçirmegiň barşynda barlaglara gatnaşýan adamyň ömri we saglygy üçin howp ýüze çykarylsa, şol barlaglaryň arasy kesilip bilner. Derman serişdesiniň kliniki barlaglaryny bes etmek hakyndaky karary görkezilen barlaglaryň maskatnamasynyň ýolbaşçysy kabul edip biler. Derman serişdesiniň kliniki barlagyna gatnaşýan adam barlagyň islendik basgançagynda oňa gatnaşmakdan ýüz döndermäge haklydyr.

7. Kliniki barlagy maliýeleşdirmek derman serişdesini işläp taýýarlaýjynyň ýa-da kliniki barlaglary buýrujynyň serişdeleriniň, şeýle hem gaýry kanuny çeşmeleriň hasabyna geçirilýär.

8. Ýurdumyzda ýa-da daşary ýurtda öndürilen derman serişdeleriniň kliniki barlaglary halkara tejribesinde ulanylýan talaplary nazara almak bilen doly ýa-da gysgaldylan maksatnama boýunça geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň çözgüdi boýunça aýratyn halatlarda derman serişdesiniň kliniki barlagy geçirilmän bilner.

9. Kliniki barlaglarda döwlet belligine alynmagyndan geçmedik derman serişdeleriniň ulanylmagyna ýol berilýär.

11 madda. Derman serişdelerini öndürmek (taýýarlamak)

1. Derman serişdelerini öndürmek (taýýarlamak) melhemçilik işine ygtyýarnamasy bolan derman serişdelerini öndürýän kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Derman serişdeleri melhemçilik işine ygtyýarnamasy bolan dermanhana edaralarynda lukmanlaryň rugsat hatlary boýunça taýýarlanylyp bilner. Dermanhana edaralarynda derman serişdelerini taýýarlamagyň kadalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

3. Türkmenistanda diňe döwlet belligine alnan derman serişdeleriniň öndürilmegine (taýýarlanylmagyna) ýol berilýär, kliniki barlaglar geçirmek üçin niýetlenen derman serişdeleri muňa girmeýär.

4. Derman serişdelerini öndürmek (taýýarlamak) derman serişdeleriniň öndürilmegini guramak we hiline gözegçilik etmek kadalaryny, döwlet ölçeglerini, tehniki şertleri, şeýle hem halkara kadalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen tehnologik kada boýunça amala aşyrylýar.

Derman serişdelerini öndürmegiň we derman serişdelerini öndüriji kärhana tarapyndan önümçilik gözegçiligini geçirmegiň tehnologik kadalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşylýar.

5.Ähli öndürilýän (taýýarlanylýan) derman serişdeleriniň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýän talaplara laýyk gelýän nyşany bolmalydyr.

IV bap. Derman serişdelerini döwlet tarapyndan bellige almak

12 madda. Derman serişdelerini döwlet tarapyndan bellige almak

1. Derman serişdeleri döwlet tarapyndan bellige alnandan soň olaryň Türkmenistanda ulanylmagyna ýol berilýär, şu kanunda göz öňüne tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Şu aşakdakylar döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir:

täze derman serişdeleri;

öň bellige alnan derman serişdeleriniň täze utgaşmalary;

öň bellige alnan, ýöne başga derman görnüşlerinde öndürilen (taýýarlanan) derman serişdeleri, täze mukdarly (dozirowkaly) we başga düzümli kömekçi jisimler, şeýle hem täze görkezijiler üçin hödürlenýänler;

gaýtadan öndürilen derman serişdeleri.

3. Derman serişdelerini döwlet tarapyndan bellige almak Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň ygtyýarly edarasy tarapyndan geçirilýär.

4. Türkmenistanda bellige alnan derman serişdeleri derman serişdeleriniň Döwlet sanawyna girizilýär, ol Türkmenistanda ulanmaga rugsat edilen derman serişdeleriniň sanawydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdeleriniň Döwlet sanawyny ýöretmegi we neşir etmegi amala aşyrýar.

13 madda. Döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirmegiň tertibi

1. Derman serişdelerini döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýa-da onuň ygtyýarly edarasyna ýazmaça ýüz tutmagy esasynda geçirilýär.

Derman serişdesiniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky ýazmaça ýüz tutma degişli halatlarda şu aşakdakylar goşulýar:

derman serişdesiniň hödürlenilýän gapdaky nusgalary, onuň ady, söwda kysymy;

derman serişdesini öndürijiniň ady we salgysy;

derman serişdesini öndürmek üçin ygtyýarnama;

hereketdäki jisimiň ady (manydaş sözleri);

derman öndürmegiň görnüşi;

derman serişdesiniň düzümi;

dermanyň ulanyş usullary, ulanmak üçin görkezijileri we garşy görkezijileri;

dermanyň ulanyş mukdary (dozirowkasy);

goýbermegiň şertleri;

saklamagyň möhleti we şertleri;

derman serişdesiniň beýleki ýurtlarda bellige alnandygy hakyndaky maglumatlar;

klinika çenli we kliniki barlaglaryň maglumatlary;

derman serişdesi üçin kadalaşdyryjy resminama;

hil güwänamasy;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama. Bellige alyş ýygymynyň möçberi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň ygtyýarly edarasy üç aý möhletde derman serişdesini bellige almak hakynda ýa-da bellige almakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edýär.

3. Bellige alynmagy geçen derman serişdelerine bellige alyş belgisi dakylýar, haýyşnamaça şahadatnama berilýär, onda derman serişdesini Türkmenistanda ulanmaga rugsat berýän hereket ediş möhleti görkezilýär. Bellige alnandygy hakyndaky karar bilen derman serişdesine kadalaşdyryjy resminama hem tassyklanylýar.

4. Derman serişdesi onuň bellige alnan gününden başlap bäş ýylyň içinde Türkmenistanda ulanylyp bilner. Derman serişdesini bellige aldyrmaga arza beren adamyň islegi boýunça oňa Türkmenistanyň çäginde ulanmaga rugsat edilýän bellenilen möhlet bellige alyjy edaranyň karary boýunça gysgaldylyp bilner.

Bellige alnan derman serişdesini Türkmenistanda ulanmaga rugsat edilen möhletiň gutarmagy bilen derman serişdesi gaýtadan bellige alnan mahalynda ol ulanylyp bilner.

5. Derman serişdesiniň kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan mahalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň ygtyýarly edarasy onuň ulanylmagyny doly ýa-da wagtlaýyn gadagan etmek hakynda karar kabul edip biler.

6. Eger derman serişdesiniň netijeliligi we hili hakynda netijenamalar tassyk bolmasa, onda ony bellige almakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň ygtyýarly edarasy derman serişdesini bellige almakdan ýüz döndermek hakynda on gün möhletde arz edijä ýazmaça esasly jogap iberýär. Ýüz döndermek hakyndaky karara Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

7. Ulanmaga rugsat berlen, ulanylýan we kömekçi jisimlerden lukmanlaryň rugsat hatlary boýunça we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň buýrmagy boýunça dermanhanalarda taýýarlanylýan derman serişdeleri döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däldir.

8. Bellige almak üçin berlen resminamalar, bilermenlik netijenamalary, bellige alyş şahadatnamalarynyň nusgalary we gaýry degişli resminamalar bellige alyş edarasynda saklanylmaga degişlidir.

V bap. Derman serişdeleri bilen üpjün etmek

14 madda. Derman serişdelerini getirmek

1. Şu kanunyň 13 maddasyna laýyklykda döwlet bellige alnyşyny geçen derman serişdeleri Türkmenistanyň çägine getirilip bilner.

Derman serişdeleri getirilende derman serişdelerini öndürýän kärhananyň hil güwänamasynyň we olaryň hiliniň Türkmenistanda bellenilen döwlet ölçeglerine laýyk geliş güwänamasynyň bolmagy hökmandyr.

2. Derman serişdeleri şu kanunyň 13 maddasynyň talaplaryny berjaý etmezden, şu aşakdaky maksatlar bilen Türkmenistanyň çägine getirilip bilner:

kliniki synaglary geçirmek;

derman serişdelerini bellige almak (derman serişdeleriniň we özenini düzüjileriň nusgalary);

olary ýerlemek hukugy bolmazdan sergilerde, ýarmarkalarda, maslahatlarda görkezmek;

raýatlar tarapyndan hususy peýdalanmak;

haýwanat baglarynda anyk haýwanlary bejermek;

ýokanç keselleriň ojaklaryny, weýrançylyklaryň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanlaryny ýok etmek.

3. Ynsanperwerlik kömegi üçin niýetlenen derman serişdeleri Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde getirilýär.

4. Türkmenistanda bellige alnan derman serişdeleriniň galplaşdyrylan ýa-da bikanun nusgalary bolan derman serişdelerini Türkmenistanyň çägine getirmek gadagandyr.

15 madda. Derman serişdelerini bellemek

Derman serişdelerini bellemegiň tertibi, şeýle hem lukmanyň rugsat haty boýunça goýberilýän derman serişdeleriniň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

16 madda. Derman serişdelerini ýerlemek (goýbermek)

1. Türkmenistanyň çäginde diňe döwlet belligine alnan derman serişdeleri ýerlenilip bilner, muňa şu kanunda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

2. Derman serişdelerini ýerlemek (goýbermek) degişli ygtyýarnamasy bolan düzgünnamaly we jismi şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Derman serişdeleri raýatlara dermanhana edaralarynyň üsti bilen ýerlenilýär. Dermanhana edaralaryna dermanhanalar, şol sanda saglygy goraýyş edaralarynyň dermanhanalary, şeýle hem derman nokatlary, dermanhana dükanjyklary degişlidir.

Derman serişdelerini ýerlemek (goýbermek) Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýan derman serişdelerini ýerlemegiň (goýbermegiň) Kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Dermanhana edarasyny açmak şeýle halatlarda amala aşyrylýar, ýagny:

ilatly mekanyň çäginde ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak boýunça;

saglygy goraýyş edarasynyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşmak boýunça.

5. Dermanhana edaralary derman serişdeleri bilen birlikde saglygy goraýyş maksatly önümleri, arassalaýjy serişdeleri, sanitariýa we gigiýena, kesellilere seretmek üçin närseleri, saraýjy serişdeleri, bejeriş-mineral suwlaryny satyn almaga we satmaga hukuklydyrlar.

Dermanhana edaralarynda ýerlenilýän saglygy goraýyş maksatly önümleriň, arassalaýjy serişdeleriň, sanitariýa we gigiýena, kesellilere seretmek üçin närseleriň, saraýjy serişdeleriň, bejeriş mineral suwlarynyň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

6. Derman serişdelerini öndüriji kärhana tarapyndan berilýän hil güwänamasy bolmadyk derman serişdelerini, şeýle hem ýaramsyz, ýaramlylyk möhleti geçen derman serişdelerini ýa-da Türkmenistanda bellige alnan derman serişdeleriniň galp, bikanun nusgalaryny ýerlemek (goýbermek) gadagandyr.

7. Ýaramsyz, ýaramlylyk möhleti geçen derman serişdeleri ýa-da Türkmenistanda bellige alnan derman serişdeleriniň galp, bikanun nusgalary ýok edilmäge degişlidir. Şeýle derman serişdelerini ýok etmegiň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

17 madda. Derman üpjünçiligi çygrynda işleýän adamlara bolan talaplar

1. Derman serişdelerini öndürmek (taýýarlamak), ýerlemek (goýbermek) çygrynda belli bir wezipäni eýeleýän jismi şahslaryň ýokary ýa-da orta melhemçilik bilimi bolmalydyr.

2. Meşgullanmak üçin ýokary ýa-da orta melhemçilik bilimi talap edýän derman serişdelerini öndürmek (taýýarlamak), ýerlemek (goýbermek) çygryndaky wezipeleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

18 madda. Derman serişdeleri hakynda habar

1. Derman serişdeleri dolanyşyga derman serişdelerini ulanmak boýunça gözükdirme (işlik) bilen gelmelidir.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdeleriniň Döwlet sanawyna girizilen, şeýle hem ondan çykarylan derman serişdeleri hakynda ilatyň habarly edilmegini üpjün edýär.

3. Saglygy goraýyş we dermanhana edaralary derman serişdelerini ulanylyşy, bellenilişi, olaryň ýaramaz täsirleri we gaýry häsiýetleri hakyndaky habary bermäge borçludyrlar.

19 madda. Derman serişdelerini mazamlamak

Türkmenistanyň çäginde derman serişdelerini mazamlamak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan tertipde amala aşyrylýar.

20 madda. Derman serişdeleriniň umumydöwlet gorlary

Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykyş halatyna Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde derman serişdeleriniň umumydöwlet gorlary döredilýär.

21 madda. Derman serişdelerini Türkmenistanyň çäginden çykarmak

Derman serişdelerini Türkmenistanyň çäginden çykarmak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

VI bap. Melhemçilik işi we derman üpjünçilik çygrynda

döwlet gözegçiligi

22 madda. Derman serişdelerine döwlet gözegçiliginiň hökmanylygy

Türkmenistanyň çäginde öndürilen (taýýarlanan) we Türkmenistana getirilýän derman serişdeleri olaryň hiliniň döwlet ölçegleriniň talaplaryna we tehniki şertlerine laýyk gelşine döwlet tarapyndan hökmany gözegçilige degişlidirler.

23 madda. Döwlet gözegçiligi edaralary

Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi çygrynda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, derman serişdeleriniň hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edara, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen ygtyýarlylyklaryň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

24 madda. Derman serişdeleriniň hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarlylykly edara

1. Derman serişdeleriniň hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarlylykly edara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanynda döredilýär. Bu edara hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Derman serişdeleriniň hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarlylykly edaranyň ygtyýary melhemçilik işini we Türkmenistanyň çäginde derman serişdeleriniň dolanyşygy boýunça işi amala aşyrýan eýeçiligiň ähli görnüşindäki düzgünnamaly şahslara, şeýle hem derman serişdelerini satyn alýan, lomaý we (ýa-da) bölekleýin ýerleýän jismi şahslara degişlidir.

VII bap. Jemleýji düzgünler

25 madda. Şu kanunyň bozulmagy sebäpli jogapkärçilik

Şu kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

26 madda. Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan raýatlaryň ömrüni we saglygyny goramaga, ýokary netijeli we ýokary hilli derman serişdeleriniň öndürilişini we elýeterligini üpjün etmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşlerini ösdürýär we goldaýar.

27 madda. Halkara şertnamalary

Türkmenistanyň halkara şertnamasynda, eger şu kanunda göz öňünde tutulandakydan başgaça kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2002- nji ýylyň 5-nji iýuly

№ 122-II