Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 2, 34-nji madda)

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV, 10.05.2010 ý. № 110-IV, 04.08.2011 ý.

№ 218-IV, 10.01.2012 ý. № 260-IV, 26.09.2012 ý. № 335-IV, 04.05.2013 ý. № 398-IV, 01.03.2014 ý. № 49-V, 08.11.2014 ý. № 147-V, 18.08.2015 ý. № 273-V we 21.11.2015 ý. № 311-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ygtyýarnama - telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylan görnüşini amala aşyrmak hem-de ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý edip, ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamalar berilýän professional hyzmatlaryny bitirmek çygryndaky işi amala aşyrmaga bolan rugsat;

2) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi - Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak üçin şu Kanuna laýyklykda ygtyýarnama almak talap edilýän işiň aýry-aýry görnüşi;

3) ygtyýarnamanyň talaplary we şertleri - işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnamalarda bellenilen talaplaryň we şertleriň jemi, olaryň ygtyýarnamaly tarapyndan ýerine ýetirilmegi işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi amala aşyrylanda hökmanydyr;

4) ygtyýarnamaly - ygtyýarnama alan edara görnüşindäki ýa-da şahsy tarap;

5) ygtyýarnamanyň dalaşgäri - ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi hakynda arza bilen ygtyýarlandyryjy edara ýüz tutan edara görnüşindäki ýa-da şahsy tarap;

6) ygtyýarlylandyrmak - ygtyýarnama bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ony ýatyrmak boýunça iş;

7) ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy -ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ony gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini uzaltmak, ygtyýarnamany togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ýatyrmak hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan ýeke-täk usulyýet we maksatnama-tehniki ýörelgelerinde gurlan döwlet maglumat ulgamy.

2-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdakylara degişli däldir:

1) intellektual eýeçiligiň obýektleri peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklara;

2) "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan nebit işlerine;

3) hukuk tertibini, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanşykly ýöriteleşdirilen işe.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri

1. Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri aşakdakylardyr:

1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) ygtyýarlylandyrmagyň aýdyňlygyny üpjün etmek, bellenilen ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine jogap berýän, edara görnüşindäki we şahsy taraplar üçin deň esaslarda we deň şertlerde ygtyýarnamalar bermek;

3) ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda kanunçylygy üpjün etmek;

4) Türkmenistanyň çäginde işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň ýeke-täk sanawyny we ygtyýarlylandyrmagyň ýeke-täk tertibini bellemek;

5) işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin edara görnüşindäki we şahsy taraplaryň jogapkärçiliginiň kadalaryny bellemek.

2. Daşary ýurt edara görnüşindäki we şahsy taraplar, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahslar Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplarynyňky ýaly şertlerde we tertipde ygtyýarnamalar almak hukugyna eýedirler, olaryň işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.

3. Ygtyýarlylandyrmak telekeçilik işiniň we professional hyzmatlary bitirmek boýunça işiň monopolizasiýalaşmagyna ýa-da erkinliginiň çäklendirilmegine ýardam etmeli däldir.

Işiň görnüşini telekeçilik we professional hyzmatlary bitirmek boýunça işe degişli etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4-nji madda. Işiň görnüşini ygtyýarlylandyrmaga degişli etmek üçin esaslar

Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerine amala aşyrylmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek işiň görnüşleri degişlidir, olaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi ygtyýarlylandyrmadan başga beýleki usullar bilen amala aşyrylyp bilinmez.

II bap. Ygtyýarlylandyrmagyň döwlet tarapyndan

düzgünleşdirilişi

5-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi

Ygtyýarlylandyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem ygtyýarnama gözegçiligini (mundan beýläk - ygtyýarnama gözegçiligi edarasy) we işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan onuň ygtyýarly eden ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary (mundan beýläk - ygtyýarlylandyryjy edaralar) tarapyndan amala aşyrylýar.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitleýär;

2) ygtyýarnama gözegçiliginiň edarasyny we ygtyýarlylandyryjy edaralary kesgitleýär;

3) şu Kanunyň 20-nji maddasy bilen bellenilen sanaw boýunça işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünleri (mundan beýläk - ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler) tassyklaýar.

7-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň ygtyýarlygy

1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy:

1) şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;

2) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kämilleşdirmek, şu Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlaýar, ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň Sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri döwlet statistika edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlaýar;

3) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan berilýän ygtyýarlylandyrmak hakyndaky teklipleriň taslamalaryna garaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna berýär;

4) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany uzaltmak, gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek, möhletinden öň bes etmek hakyndaky arzanyň nusgasyny tassyklaýar;

5) ygtyýarnamanyň ýeke-täk görnüşini tassyklaýar;

6) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyny döredýär;

7) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini seljermegiň we Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankynyň esasynda ygtyýarlylandyrmak babatyndaky iş hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenilen tertipde maglumat berýär.

2. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy şu aşakdakylara haklydyr:

1) ygtyýarlylandyryjy edaralardan zerur resminamalary we maglumatlary soramaga we almaga;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan daşary barlaglaryny, şol sanda şikaýatlaryň, arzalaryň we beýleki resmi ýüz tutmalaryň esasynda geçirmäge, ýüze çykarylan düzgün bozmalary görkezmek bilen barlaglaryň netijeleri boýunça ykrarnamalary düzmäge;

3) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyndaky bar bolan maglumatlary kameral deňeşdirip barlamak arkaly, şeýle hem ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň barlaglarynyň ykrarnamalarynyň esasynda olaryň işlerine seljerme geçirmäge;

4) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan düzgün bozmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň möhletlerini görkezmek bilen karar kabul etmäge;

5) şu Kanunyň düzgünlerini we ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünleri bozmak bilen kabul edilen kararlaryň ýatyrylmagyny talap etmäge.

Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň karary ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan öz bellän möhletlerinde hökmany suratda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

8-nji madda. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklary

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) ygtyýarnamalar berýärler ýa-da olary bermekden ýüz öwürýärler;

11) ygtyýarnama goşmaça girizýärler ýa-da goşmaçany girizmekden ýüz öwürýärler;

2) ygtyýarnamalary gaýtadan resmileşdirýärler;

3) ygtyýarnamanyň hereketini togtadýarlar, uzaldýarlar, dikeldýärler ýa-da möhletinden öň bes edýärler;

4) ygtyýarnamany ýatyrýarlar ýa-da başga halatlarda ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda suda hak islegi bilen ýüz tutýarlar;

5) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri boýunça ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny döredýärler;

6) şu Kanuna laýyklykda barlaglary amala aşyrýarlar;

7) şu Kanunda bellenen halatlarda hak isleg arzasy bilen suda ýüz tutýarlar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarlylandyrmak boýunça öz ygtyýarlaryny öz ýerli ýa-da beýleki gurluş düzüm birliklerine berip bilmezler.

3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň tertibi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünnamalar bilen bellenilýär.

81-nji madda. Ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek

1. Ygtyýarlylandyrmak işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksadyna gönükdirilmelidir.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnamalylar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär.

III bap. Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmak

9-njy madda. Ygtyýarnamanyň hereketi

1. Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda berilýär.

2. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi diňe ygtyýarnama alan adam tarapyndan ýerine ýetirlip bilner.

3. Ygtyýarnamanyň hereketi Türkmenistanyň bütin çägine degişlidir, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.

4. Haçan-da işiň aýry-aýry görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamadan başga gaýry rugsat almak (ýer bölegini bermek we başgalar) talap edilen mahalynda şeýle rugsatlar ygtyýarnama alnandan soň berilýär. Ygtyýarnama bolmadyk mahalynda rugsat hakyky däl diýlip hasap edilýär.

10-njy madda. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti

1. Ygtyýarnama:

1) professional hyzmatlaryň bitirilmegi üçin (auditorçylyk işi muňa degişli däldir) –hereket ediş möhleti çäklendirilmezden;

11) auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagy üçin –kesgitli, ýöne bäş ýyldan artyk bolmadyk möhlete;

2) telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak (spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek muňa degişli däldir) üçin - kesgitli, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlete;

3) spirti, Türkmenistanda öndürilmeýän we haryt nyşany (söwda markasy) bolan ýokary hilli alkogolly önümleri, şeýle hem temmäki önümlerini getirmek üçin - bir ýyldan artyk bolmadyk möhlete berlip bilner.

2. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen bellenilýär.

3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň arzasyna laýyklykda onuň hereket ediş möhleti azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

4. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti ygtyýarnamalynyň arzasy boýunça uzaldylyp bilner. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy şu Kanunyň 12-nji maddasyna laýyklykda onuň berilmeginiň tertibine meňzeş tertipde amala aşyrylýar.

11-nji madda. Ygtyýarnama talaplary we şertleri

Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen ygtyýarnamaly tarapyndan şu aşakdakylaryň berjaý edilmeginiň hökmanylygy bellenilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem ekologik, sanitariýa-epidemiologik, gigiýena, ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň ;

2) ygtyýarnamala bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň;

3) işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan halatlarda ygtyýarnamala bildirilýän ýörite şertlere jaýlaryň, desgalaryň, enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň laýyk gelşiniň;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen içerki gözegçilik kadalarynyň.

12-nji madda. Ygtyýarnamany bermegiň tertibi

1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) edara görnüşindäki tarap üçin - doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýeri (ýerleşişi);

2) şahsy tarap üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, onuň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan şahsy tarap üçin), hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýeri (ýerleşişi).

2. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza şu aşakdakylar goşulýar:

1) edara görnüşindäki tarap üçin - esaslandyryjy resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlaryny tassyklaýan buýruk;

2) şahsy tarap üçin - hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen sanawy kesgitlenýän ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge özüniň mümkinçiligini tassyklaýan beýleki resminamalary goşulýar.

3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň şu Kanunda we ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünlerde göz öňünde tutulmadyk beýleki resminamalaryň berilmegini ygtyýarnamanyň dalaşgärinden talap etmäge haky ýokdur.

4. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna ýazgy boýunça goşulýan resminamalar olaryň ygtyýarlylandyryjy edara gelip gowşan gününde olaryň kabul edilen senesi hakyndaky bellik bilen kabul edilýär. Şeýle arzanyň nusgasy ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

5. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap otuz senenama gününiň içinde ondaky maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny, ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan bellenilen ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýarlar, munuň esasynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda karar kabul edýärler;

2) karar kabul edilenden soň üç iş gününiň içinde ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda kabul edilen karar barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde habar berýärler.

Ygtyýarnamany bermek hakyndaky habarnama bank hasabynyň maglumatlaryny we döwlet pajyny tölemek möhletini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

Eger görkezilen talaplaryň we şertleriň ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan ýerine ýetirilmeginiň bellenilen tertipde mümkin bolmazlygy ýüz öwürmegiň sebäbi bolsa, ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek hakyndaky habarnama, şol sanda ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligini barlamagyň ykrarnamasynyň nusgalaryny goşup, boýun gaçyrmagyň sebäplerini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

6. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan resminama berlenden soň ygtyýarnama on iş günüň içinde berilýär.

7. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri otuz senenama gününiň içinde döwlet pajyny tölemedik mahalynda ygtyýarlylandyryjy edara şu Kanunyň 15-nji maddasynyň dördünji böleginiň 2-nji bölümine laýyklykda görkezilen ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda karar kabul edýär.

8. Şu aşakdakylar ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek üçin esasdyr:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatyň bolmagy;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylan görnüşi amala aşyrylanda onuň peýdalanýan jaýlarynyň, desgalarynyň, enjamlarynyň, beýleki tehniki serişdeleriniň ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmezligi.

Ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy hem onuň ýatyrylan senesinden başlap bir ýylyň dowamynda ygtyýarnamany gaýtadan bermekden ýüz öwürmek üçin esas bolup durýar.

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da suda ýüz tutmak arkaly şikaýat etmek hukugyna eýedir. Şunda ygtyýarnamanyň dalaşgäri garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmek hukugyna eýedir.

10. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamany bermek ýa-da oňa goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini togtatmak (kazyýetiň ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulandygy üçin ygtyýarnamalynyň işiniň togtadylmagy hakynda karary kanuny güýje giren mahalynda), ygtyýarnamany ýatyrmak, onuň hereketini dikeltmek, uzaltmak ýa-da hereketini togtatmak hakynda özleri tarapyndan karar kabul eden gününden başlap, şeýle hem kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap on iş gününiň dowamynda degişli welaýatyň, Aşgabat şäheriniň edara görnüşindäki taraplary döwlet tarapyndan bellige alyş edarasyna we salgyt gullugyna degişli kararyň kabul edilendigini tassyklaýan resminamanyň nusgasyny ýollama haty bilen iberýärler.

11. Ygtyýarnamanyň nusgasy (dublikaty), onuň ýitirilendigi ýa-da zeper ýetendigi hakyndaky arzanyň gelip gowşan gününden başlap on bäş iş gününden gijä galman ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala berilýär.

12. Edara görnüşindäki tarapyň we hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ygtyýarnamany almak talabyna ýol berilmeýär.

13. Şahsy adam tarapyndan professional hyzmatlary bitirmek boýunça işi amala aşyrmaga ygtyýarnamany almak üçin şeýle şahsy adamyň hususy telekeçi hökmünde bellige alynmagy talap edilmeýär.

14. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüne berlen ygtyýarnama işiň goşmaça kiçi görnüşiniň girizilmegi barada ýüz tutan halatynda, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi ygtyýarnamanyň berilmeginiň şu maddada göz öňünde tutulan tertibinde amala aşyrylýar.

13-nji madda. Ygtyýarnamanyň görnüşine bildirilýän talaplar

1. Ygtyýarnamada şu aşakdakylar görkezilýär:

1) ygtyýarlylandyryjy edaranyň ady;

2) edara görnüşindäki tarapyň doly ady, hukuk salgysy, guramaçylyk-hukuk görnüşi ýa-da şahsy tarapyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary;

3) döwlet tarapyndan bellige alnan resminamanyň belgisi we senesi (professional hyzmatlary bitirmek boýunça işden başga);

4) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi we-da onuň kiçi görnüşleri;

5) ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti;

6) hususy salgyt belgisi;

7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýeri (ýerleşişi);

8) ygtyýarnamanyň belgisi;

9) ygtyýarnamany bermek we ygtyýarnama goşmaça girizmek hakynda kararyň kabul edilen senesi.

2. Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi ýa-da onuň kiçi görnüşleri Türkmenistanyň ykdysady işiniň görnüşleriniň Döwlet klassifıkatoryna laýyklykda ygtyýarnamada görkezilýär.

3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň arzasy we onuň ýanyna goşulýan resminamalar, ygtyýarnamany bermek (bermekden boýun gaçyrmak), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini uzaltmak, ony togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak hakynda kararlar, ygtyýarnamanyň göçürilen nusgasy, şeýle hem ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň barlanylmagynyň ykrarnamalary we beýleki resminamalar ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň ygtyýarnama işini düzýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyryjy edarada saklanylmaga degişlidir.

14-nji madda. Ygtyýarnamany gaytadan resmileşdirmegiň tertibi

1. Edara görnüşindäki tarapyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady ýa-da hukuk salgysy üýtgän mahalynda ýa-da şahsy tarapyň ady ýa-da ýaşaýan ýeri üýtgände, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylan görnüşiniň amala aşyrylan hakyky ýeri (ýerleşişi) üýtgän mahalynda ygtyýarnamaly ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza bermäge borçludyr.

Arzada ygtyýarnamaly hakynda täze maglumatlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda bolsa - edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň hakyky girizilenligini tassyklaýan resminama hakynda maglumatlar görkezilýär.

Eger ygtyýarnama edara görnüşindäki tarapyň hukuk oruntutaryna gaýtadan resmileşdirilse, onda arza görkezilen hukuk oruntutary tarapyndan berilýär.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakyndaky arza edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilen gününden başlap ýa-da ygtyýarnamaly tarapyndan (ygtyýarnamalynyň - edara görnüşindäki tarapyň hukuk oruntutary tarapyndan) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýeriniň (ýerleşişiniň) üýtgedilen gününden başlap on bäş senenama gününiň içinde ygtyýarlylandyryjy edara berilýär.

2. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek ygtyýarnamaly tarapyndan (ygtyýarnamalynyň - edara görnüşindäki tarapyň hukuk oruntutary tarapyndan) degişli arzanyň berlen gününden başlap on bäş senenama gününiň içinde amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirilenden soň indiki üç iş gününiň içinde ygtyýarnamaly tarapyndan döwlet pajynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň berilmezligi şu Kanunyň 15-nji maddasynda bellenilen tertipde ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak üçin esas bolup durýar.

4. Ygtyýarnamaly tarapyndan (ygtyýarnamaly – edara görnüşindäki tarapyň hukuk oruntutary tarapyndan) doly däl ýa-da şübheli maglumatlar berlen mahalynda ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwrülip bilner.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürmek hakyndaky habarnama ýüz öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen ýüz öwürmek hakyndaky kararyň kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň içinde ygtyýarnamala ýa-da onuň hukuk oruntutaryna ýazmaça görnüşde gowşurylýar.

15-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, bes etmek we ýatyrmak

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýa-da gödek bozulmagy ýüze çykarylan mahalynda ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilerler.

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda karar kabul eden ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren düzgün bozmalary düzetmek üçin ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyrlar. Görkezilen möhlet alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger ygtyýarnamaly görkezilen düzgün bozmalary düzetmese, onda ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda suda talap arza berýär.

2. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren düzgün bozmalar düzedilenden soň ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky arzany ygtyýarlylandyryjy edara berýär.

3. Ygtyýarnamanyň hereketini togtadan ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) arzany alandan soň on iş gününiň içinde Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga getiren düzgün bozmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine barlag geçirýärler;

2) soňky üç iş gününiň içinde barlagyň netijeleriniň esasynda onuň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden boýun gaçyrmak hakynda karar kabul edýärler we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar berýärler.

4. Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary bilen ýatyrylyp bilner:

1) eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlaklylygyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirse, ygtyýarnamany bermek hakyndaky kararyň bikanunlygy ýüze çykarylan mahalynda, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginiň üçünji bendinde göz öňünde tutulan halatynda ygtyýarlylandyryjy edaranyň arzasynyň esasynda suduň karary bilen.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar suduň kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilen Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga borçludyrlar;

2) eger Ygtyýarnamanyň dalaşgäri döwlet pajyny bellenilen möhletlerde tölemedik bolsa ygtyýarlylandyryjy edaralaryň karary bilen.

5. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda, Ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan we dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak barada arzanyň suda iberilendigi hakynda karar ol kabul edilenden soň üç iş gününiň içinde şeýle kararyň esaslandyrylan esaslandyrmasy bilen ýazmaça görnüşde ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala ýetirilýär.

6. Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär we hakyky däl diýlip hasap edilýär:

1) ygtyýarnamanyň berlen möhleti gutaranda;

2) ygtyýarnama ýatyrylanda;

3) edara görnüşindäki tarap ýa-da hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamaly ýatyrylanda;

4) şahsy tarapyň hukuk ukyplylygy çäklendirilende ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ol hukuk taýdan ukypsyz diýlip hasap edilende;

5) ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda Ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň togtatmak hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan karar kabul edilen mahalynda.

7. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketini uzaltmakdan ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakyndaky, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakyndaky karara ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da suda ýüz tutmak arkaly şikaýat edilip bilner.

16-njy madda. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamalynyň işi hakyndaky maglumatlara barlag geçirmegiň tertibi

1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamaly hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini berjaý edişine barlag geçirmek ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan hökmany tertipde amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edara barlaglar geçirende:

1) Ygtyýarnamanyň dalaşgärinden we ygtyýarnamalydan zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

2) barlaglaryň netijeleriniň esasynda ýüze çykarylan düzgün bozmalary görkezmek bilen ykrarnamalary düzýär;

3) ýüze çykarylan düzgün bozmalary düzetmegiň möhletlerini görkezmek bilen olary düzetmäge ygtyýarnamalyny borçly edýär;

4) Ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp biler;

5) ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrandygy üçin şahsy günäkär diýip ykrar etmek we işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakdan alnan girdejini (peýdany) Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine geçirmekgörnüşinde maliýe jerimesini ulanmak hakynda kazyýete hak isleg arzasy bilen ýüz tutýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda talap edijä degişli edilen hukuklary amala aşyrýar. Jerimäniň möçberi şeýle girdejiniň (peýdanyň) möçberinden tölenen salgytlaryň möçberine laýyklykda azalýar.

Eger geçirilýän barlaglarynyň barşynda girdejileriň (peýdanyň) ýa-da oňa degişli çykdajylaryň hasaba alynmandygy ýa-da şeýle maglumatlaryň berilmeýändigi ýüze çykarylsa, onda ygtyýarlandyryjy edara (beýleki gözegçilik edarasy) özünde bar bolan maglumatlaryň esasynda, degişli ýagdaýlarda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kesilen bahasyny, 25 göterim möçberinde düşewüntliligi (haryt dolanyşygynyň 8 göterimi – söwda işleri üçin) ulanyp, girdejiniň (peýdanyň) çak edilýän möçberini hasaplamaga we bellemäge haklydyr;

6) beýleki zerur hereketleri amala aşyrýar.

21. Ygtyýarlylandyryjy edara, bu edara tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen, ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamaly bolup durmaýan şahslaryň barlaglaryny geçirmäge haklydyr.

Barlagyň netijeleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edara:

1) öz barlagynyň netijeleri boýunça ykrar haty düzülen senesinden,şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylan barlaglaryň ykrar hatlarynyň gelip gowşan senesinden otuz senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulandygy ýa-da bozulmandygy barada çözgüt çykarýar;

2) şu maddanyň ikinji böleginiň 5-nji bendinde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrýar.

3. Beýleki gözegçilik ediji edaralary özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) geçirilýän resminamalaýyn barlaglaryň barşynda şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar we düzgün bozulmalar ýüze çykarylanda olar barada ygtyýarlylandyryjy edaralara habar berýärler;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň başlangyjy bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak üçin geçirilýän barlaglara gatnaşýarlar.

4. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly) barlaglar geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ygtyýarlylandyryjy edaralara bermäge borçludyr.

17-nji madda. Ygtyýarnamalaryň Döwlet sanawy

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen möçberde işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri boýunça ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny döredýärler we:

1) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini togtatmak, dikeltmek ýa-da bes etmek hakynda kararyň kabul edilen;

2) edara görnüşindäki taraplaryň we hususy telekeçileriň döwlet tarapyndan bellige alyş edaralaryndan edara görnüşindäki tarapy ýatyrmak ýa-da ony üýtgedip gurmak hakyndaky, hususy telekeçiniň işini bes etmek hakyndaky habary alan;

3) ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda suduň kanuny güýje giren kararynyň alnan gününden soň gelýän günden gijä galman degişli maglumatlary olara girizýärler.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşleri boýunça ygtyýarnamalaryň döwlet reýestriniň maglumatlar binýadyny hasabat döwründen soň gelýän aýyň birinji günündäki ýagdaýa görä her aýda kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerinde bermäge borçludyrlar.

2. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar banky ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan her aýyň birinji günündäki ýagdaýa görä berilýän ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny birleşdirmek arkaly döredilýär.

3. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünlerde bellenilen maglumatlar;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralar hakynda maglumatlar;

3) Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi, ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi we hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy hakyndaky arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan kabul edilen senesi hakynda maglumatlar;

4) Ygtyýarnamanyň bellige alnan senesi we tertip belgisi;

5) Ygtyýarnamanyň hereketiniň esaslary, togtatmagyň we dikeltmegiň möhleti;

6) ygtyýarnamany ýatyrmagyň esaslary we senesi;

7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmagyň hakyky ýeri (ýerleşişi);

8) ygtyýamamanyň hereketini togtatmagyň esaslary we senesi.

4. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri boýunça ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda bar bolan maglumaty berýärler:

1) Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna we beýleki gözegçilik edaralaryna olaryň haýyşy boýunça;

2) ygtyýarnamalylara, degişli arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralara gelip gowşan gününden başlap üç iş gününiň içinde olar hakda göçürmeler görnüşinde.

18-nji madda, Döwlet pajy

Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi, ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi üçin möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýän döwlet pajy tölenilýär.

Ygtyýarlylandyrmak işiniň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ygtyýarnamany ýatyrmak ýa-da edara görnüşindäki we şahsy taraplar tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagyndan alnan girdejini (peýdany) Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine almak hakynda kazyýete talap arzasy bilen ýüz tutan halatlarynda, döwlet pajyny tölemekden boşadylýarlar.

19-njy madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň we ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek

1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek:

1) býujetden maliýeleşdirilýänlerde – Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden olary saklamak üçin berilýän serişdeleriň hasabyna geçirilýär;

2) býujetden maliýeleşdirilmeýänlerde - öz serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

IV bap. Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleri

20-nji madda. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawy

1. Işiň aşakdaky görnüşleri şu Kanuna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir:

1) lukmançylyk işi;

2) dermançylyk işi;

3) lukmançylyk-tehniki iş;

4) dezinfeksion, dezinseksion we deratizasion işleri geçirmek boýunça iş;

5) weterinariýa işi;

6) tohum maldarçylyk, garaköli baganalary öndürmek we ýerlemek babatynda iş;

7) tohumçylyk işi;

8) balyk tutmak we beýleki suw haýwanlaryny awlamak bilen baglanyşykly iş;

9) tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;

10) nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;

11) spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek, ýerlemek babatynda iş;

12) azyk önümlerini we ot-iýmleri öndürmek we ýerlemek hem-de sarp edijileri çüýşelere gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;

13) ilatyň iýmit nokatlaryny guramak we taýýar azygy ibermek boýunça iş;

14) standartizasiýa we metrologiýa babatynda iş;

15) senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş;

16) ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;

17) awiasiýa işi;

18) deňiz we içerki suw ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi;

19) awtomobil ulagynda daşamak, ulag-ekspedisiýa işi;

20) elektroenergetika babatynda iş;

21) aragatnaşyk babatynda iş;

22) himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;

23) geodeziýa we kartografıýa işi;

24) gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş;

25) gurluşyk babatynda iş;

26) bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;

27) neşirýat işi;

28) çaphana işi;

29) syýahatçylyk işi;

30) bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş;

31) humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;

32) auditorçylyk işi;

33) ätiýaçlandyryş babatyndaky iş;

34) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işi;

35) baha kesmek işi;

36) rieltorçylyk işi;

37) bank işi;

38) gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;

39) aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş;

40) edara görnüşindäki taraplara we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek;

41) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky iş;

42) raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;

43) medeniýet we sungat çygryndaky iş;

44) audio, wideo- we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly iş;

45) awtoulag serişdelerini ýerlemek babatynda iş;

46) ýol işi;

47) lotereýa işi.

2. Işiň beýleki görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň girizilmegi diňe amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň Sanawyna şu Kanunda göz öňünde tutulan goşmaçalary girizmek arkaly mümkindir.

3. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň düzüminde önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kiçi görnüşleri we (ýa-da) sanawy bellenilip bilner.

21-nji madda. Işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan edara görnüşindäki taraplar

1. Şu aşakdakylar işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyrlar;

1) agzalan kararda işiň degişli görnüşleri göz öňünde tutulan şertinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda bellenilen tertipde döredilen,

düzümine bu kärhanalar girýän döwlet häkimiýet we dolandyryş edarasy tarapyndan ygtyýarlylandyrylmagy amala aşyrylýan işiň gönüşlerini alyp barýan,

döwlet kärhanalary;

2) erkin ykdysady zonanyň (erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy, milli syýahatçylyk zonasy we beýlekiler) çäginde işi bellenilen tertipde amala aşyrýan edara görnüşindäki taraplar, görkezilen iş bu zonanyň çägi bilen çäklenýän şertinde we (ýa-da) konsessiýa şertnamasynyň şertlerinde.

3) Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda bellenilen tertipde döredilen, bilim we işgärleriň hünär taýýarlygy babatdaky işi şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýan, bu işi Türkmenistanda amala aşyrmaga daşary ýurt döwletiniň rugsady (ygtyýarnamasy) bolan bilelikdäki bilim edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralary.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edara görnüşindäki taraplar ygtyýarlylandyrylmak hakyndaky düzgünler bilen bellenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

V bap. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak

hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik. Jedelleri çözmek

22-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň wezipeli adamlary ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmedik we hukuga garşy hereketleri (hereketsizligi) amala aşyran halatlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Ygtyýarnamany bermekden esassyz ýüz öwrülmegi ýa-da ygtyýarnamalynyň hukuklarynyň bozulmagy bilen dörän ýitgileriň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy ýa-da olar tarapyndan ygtyýarlylandyrýan edaranyň ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakyndaky kararynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

Şeýle işden alnan girdeji (peýda) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine alynmaga degişlidir.

23-nji madda. Jedelleri çözmek

Ygtyýarlylandyrylmak bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

VI bap. Jemleýji düzgünler

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden iki aýdan soň güýje girýär.

2. Şu Kanuna ters gelýän Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary onuň güýje giren gününden gijä galman şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

3. Şu Kanunyň 20-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrmak üçin ygtyýarnama talap edilýän işiň görnüşleriniň Sanawynda bellenilmedik işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak şu Kanunyň güýje giren gününden başlap togtadylýar.

4. Şu Kanunyň güýje girmegine çenli döwürde edara görnüşindäki we şahsy taraplara berlen ygtyýarnamalar:

1) eger olar şu Kanunyň 20-nji maddasynda bellenilen işiň aýry-aýry görnüşleri üçin berlen bolsa, olaryň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli hukuk güýjüne eýedirler;

2) eger olar şu Kanunyň 20-nji maddasynda bellenilmedik işiň aýry-aýry görnüşleri üçin berlen bolsa, şu Kanunyň güýje giren gününden başlap güýjüni ýitiren diýlip hasap edilýär.

5. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, şu aşakdaky kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" 1999-njy ýylyň 14-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 2, 39-njy madda);

2) "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" 2000-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 21-nji madda);

3) "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda" 2001-nji ýylyň 20-nji awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 3-4, 38-nji madda);

4) "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda" 2002-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 4, 76-njy madda);

5) "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2005-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý. № 3, 4, 31-nji madda);

6) "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda" 2008-nji ýylyň 8-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 2, 27-nji madda).

Türkmenistanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2008-nji ýylyň 25-nji iýuny.

№ 202-III.