Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip

çykan ýeriniň ady hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 4, 53-nji madda)

(Türkmenistanyň 22.06.2013 ý. № 414-IV Kanuny

esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Şu Kanun bilen haryt nyşanlarynyň, hyzmat ediş nyşanlarynyň we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň adynyň hukuk taýdan goralmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

Pariž konwensiýasy - 1883-nji ýylyň 20-nji martynda Parižde kabul edilen senagat eýeçiligini goramak boýunça konwensiýa.

Madrid ylalaşygyna Teswirnama - 1989-njy ýylyň 27-nji iýunynda Madridde kabul edilen, nyşanlaryň halkara hasaba alnyşy hakyndaky Madrid ylalaşygyna Teswirnama.

Senagat eýeçiliginiň obýektleri - şu Kanunyň ulanylmagyna degişli haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary (mundan beýläk - haryt nyşanlary), harydyň gelip çykan ýeriniň ady.

Haryt nyşany - ýuridik şahsyň ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň harytlaryny aýrybaşgalaşdyrmaga hyzmat edýän belgi.

Hyzmat ediş nyşany - ýuridik şahsyň ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň ýerine ýetirýän işlerini we/ýa-da edýän hyzmatlaryny (mundan beýläk -hyzmatlar) aýrybaşgalaşdyrmaga hyzmat edýän belgi.

Harydyň gelip çykan ýeriniň ady - harytlaryň aýratyn häsiýetleri bilen baglanyşykly geografık obýektiň atlandyrylyşy.

Şahs - ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs, ýa-da ýuridik şahs.

Haýyşnamaçy - haryt nyşanyny ýa-da harydyň gelip çykan ýerleriniň adyny ulanmaga hukuk almak üçin haýyşnama tabşyran şahs, haryt nyşanynyň hemmä bellidiginiň ykrar edilmegi hakynda arza beren şahs.

Haýyşnama - haryt nyşanyny hem-de harydyň gelip çykan ýerleriniň adyny bellige almak we/ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga hukuk almak üçin zerur bolan resminamalaryň toplumy.

Birinji haýyşnama - Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna senagat eýeçiliginiň obýekti üçin, berlen senesine görä konwension ilkinjilik bellenilýän haýyşnama.

Konwensiýa haýyşnamasy - konwensiýa ilkinjiliginiň berilmegini soramak bilen, haryt nyşany üçin haýyşnama.

Haryt nyşanynyň ilkinjiligi - haryt nyşanyny bellige aldyrmak üçin haýyşnama berlende wagt taýdan birinjilik.

Konwensiýa ilkinjiligi - Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna birinji haýyşnama berlen senesi boýunça haryt nyşanyna bellenilýän ilkinjilik.

Kysmy bir harytlar we hyzmatlar - harytlaryň we/ýa-da hyzmatlaryň bir kysmyna we görnüşine degişli bolup, çalymdaş haryt nyşanlary bilen bellik edilende sarp edijide olaryň şol bir öndürijä degişlidigi barada düşünje döredip biljek harytlar we/ýa-da hyzmatlar.

HHHK - nyşanlary bellige almak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň halkara klassifıkasiýasy.

HNŞEWK - haryt nyşanlarynyň şekillendiriş elementleriniň Wena klassifikasiýasy.

Haryt nyşanyna şahadatnama - Türkmenistanyň haryt nyşanynyň resmi taýdan bellige alnandygyny, ilkinjiligini we onuň eýesiniň şahadatnamada görkezilen harytlar we/ýa-da hyzmatlar babatda haryt nyşanyna bolan aýratyn hukugyny tassyklaýan gorag resminamasy.

Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga hukuk berýän şahadatnama - Türkmenistanyň harydyň gelip çykan ýeriniň bellige alnan adyndan peýdalanmaga bolan hukugy tassyklaýan gorag resminamasy.

Haryt nyşanynyň eýesi - haryt nyşanyna aýratyn hukugy bolan şahs.

Haryt nyşanynyň başga birine berilmegi - haryt nyşanyna bolan hukugyň şertnama esasynda başga bir şahsa berilmegi.

Haryt nyşanyna ygtyýarnama - haryt nyşanynyň eýesiniň ygtyýarnama şertnamasy esasynda ony başga bir şahsa ulanmaga berýän rugsady.

Býulleten - Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň senagat eýeçiliginiň Türkmenistanda bellige alnan obýektleri baradaky maglumatlary çap etmek üçin niýetlenen döwürleýin resmi neşiri.

Bikanun harytlar - bellige alnan haryt nyşany, harydyň gelip çykan ýeriniň ady ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli meňzeş bolan belgisi bikanun ulanylýan harytlar, etiketkalar we şol harytlaryň gaplary.

Patent ynamdary - Türkmenistanyň territoriýasynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynda hünär synagyndan geçen we bellige alnan hem-de professional esasda fiziki we ýuridik şahslaryň intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukugy edinmekdäki we onuň goragyndaky bähbitlerine wekilçilik edýän raýat.

2-nji madda. Intellektual eýeçilikdäki obýektleriň goralmagy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi

1. Intellektual eýeçilikdäki obýektleriň goralmagy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy (mundan beýläk - Türkmenpatent) tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenpatent öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda:

- seretmek üçin haýyşnamalary kabul edýär, olar boýunça ekspertiza geçirýär we haryt nyşanlarynyň hem-de harytlaryň gelip çykan ýerleriniň adyny döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;

- Türkmenistanyň gorag resminamalaryny berýär we döwlet reýestrlerini ýöredýär;

- ygtyýarnamalary we haryt nyşanynyň başga birine berilmegi hakyndaky şertnamalary bellige alýar;

- haryt nyşanlarynyň we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň adynyň bellige alnyşyna üýtgetmeler girizýär;

- goralýan obýektler baradaky maglumatlaryň Býulletende döwürleýin çap edilmegini amala aşyrýar;

gyzyklanýan şahslaryň senagat eýeçiliginiň goralmagy çygryndaky bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary baradaky nägileliklerine garaýar;

- Türkmenistanyň patent kanunçylygyny kämilleşdirmek we intellektual eýeçiligi çygrynda halkara şertnamalaryny baglaşmak boýunça teklipleri işläp düzýär;

- patent ynamdarlarynyň hünär derejesiniň barlagyny we bellige alynmagyny amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenpatente berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde intellektual eýeçiliginiň obýektlerini hukuk taýdan goramak meseleleri boýunça halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň öz üstine alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

II bap.

Haryt nyşany

3-nji madda. Haryt nyşanlarynyň görnüşleri

l. Dilden aýdylan, şekillendiriş, göwrümli we beýleki belgiler ýa-da olaryň utgaşmalary haryt nyşany hökmünde bellige alnyp bilner.

2. Haryt nyşany islendik reňkde ýa-da gatyşyk reňkli bellige alnyp bilner.

4-nji madda. Haryt nyşanynyň hukuk taýdan goralyşy

1. Türkmenistanda haryt nyşanynyň hukuk taýdan goragy şu Kanunda bellenen tertipde onuň döwlet tarapyndan bellige alnyşy esasynda ýa-da Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynyň güýji bilen berilýär.

Haryt nyşanyna bolan hukuk kanun tarapyndan goralýar we şahadatnama bilen tassyklanylýar.

2. Haryt nyşanynyň bellige alynmagy haýyşnamanyň Türkmenpatente gelen senesinden başlap on ýylyň dowamynda hereket edýär.

3. Haryt nyşany haryt öndürýän ýa-da hyzmat edýän (mundan beýläk - harytlar) ýuridik ýa-da telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň adyna bellige alnyp bilner.

4. Haýyşnama berlen belgä haýyşnamanyň berlen senesinden onuň Reýestrde bellige alnan senesine çenli wagtlaýyn hukuk goragy berilýär.Haryt nyşanyny bellige almazlyk barada çözgüt kabul edilen halatynda, wagtlaýyn hukuk goragy başlanmadyk diýlip hasap edilýär. Belgini wagtlaýyn hukuk goragynyň hereket edýän döwründe ulanýan şahs haryt nyşanynyň eýesine ol bellige alnandan soň, taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenilýän öwez tölegini töleýär.

Wagtlaýyn hukuk goragynyň hereket edýän möhleti haýyşnamaçynyň özüne degişli belgini ulanýan şahsyň beren haýyşnamasy barada ýazmaça habar eden senesinden başlaýar.

5. Haryt nyşanynyň eýesine haryt nyşanyny ulanmak, oňa ygtyýarlyk etmek, şeýle hem başga şahslar tarapyndan haryt nyşanynyň ýa-da onuň bilen gatyşyp gitme derejesine çenli meňzeş bolan belgileriniň ulanylmagyny gadagan etmäge aýratyn hukuk degişlidir. Haryt nyşanynyň eýesiniň haryt nyşanyna bolan aýratyn hukugy haryt nyşanynyň şahadatnamasynda görkezilen harytlar babatynda hem saklanyp galýar.

6. Eýesiniň rugsady bolmazdan, Türkmenistanda goralýan haryt nyşanyny ulanmaga hiç kimiň haky ýokdur.

5-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmazlygy üçin esaslar

1. Tapawutlandyryş alamatlary bolmadyk we diňe aşakdaky ýaly böleklerden durýan belgileriň haryt nyşany hökmünde döwlet bellige alnyşyna ýol berilmeýär:

a) mahsus çyzgylaýyn ýerine ýetirilmedik aýratyn harplar we/ýa-da sanlar;

b) çyzyklar, ýönekeý geometrik şekiller, şeýle hem olaryň belli bir görnüş emele getirmeýän utgaşmalary;

ç) harytlaryň belli bir görnüşini belgilemek üçin ählumumy ulanyşa giren belgiler;

d) umumy kabul edilen simwollar we adalgalar;

e) harytlary häsiýetlendirýän, şol sanda olaryň görnüşini, hilini, mukdaryny, häsiýetlerini, näme üçin niýetlenendigini, harytlaryň gymmatyny, şeýle hem olaryň öndürilen ýa-da ýerlenen wagtyny, ýerini, usulyny aňladýan belgiler.

Şeýle belgilere, hususan-da, aşakdakylar degişli bolup biler:

- harytlaryň ýönekeý atlary;

- harytlaryň häsiýetlerini, şol sanda mahabat (magtama) häsiýeti bolanlary görkezýän belgiler;

- çig malyň materialyny ýa-da düzümini görkezýän belgiler;

- harytlaryň agramyny, göwrümini, nyrhlaryny görkezýän belgiler;

- harytlaryň öndürilen senesi;

- önümçiligiň dörediliş taryhyndan maglumatlar;

- haryt öndürijileriň we dellalçylyk firmalarynyň salgylary;

- dolulygyna ýa-da bölekleýin geografik atlardan durup, haryt öndürijiniň ýerleşýän ýeri hökmünde kabul edilip bilinjek belgiler.

ä) harytlaryň esasan häsiýetleri ýa-da näme üçin niýetlenenligi bilen kesgitlenilýän şekilini aňladýan belgiler.

"a" - "ä" kiçi bölümlerde görkezilen bölekler haryt nyşanynda agdyklyk edýän ýagdaýda bolmasalar, onda olar haryt nyşanyna goralmaýan bölekler hökmünde girizilip bilner.

Şu bölümde göz öňünde tutulan düzgünler ulanylmagy netijesinde tapawutlandyryş ukyplaryna eýe bolan belgiler babatda ulanylmaýar.

2. Aşakdaky ýaly böleklerden durýan ýa-da şeýle bölekleri özünde saklaýan belgileriň haryt nyşany hökmünde döwlet bellige alnyşyna ýol berilmeýär:

a) döwletleriň atlary, döwlet tugralary, baýdaklary hem-de beýleki döwlet nyşanlary we belgileri;

b) halkara, hökümetara guramalarynyň gysgaldylan ýa-da doly atlary, olaryň tugralary, baýdaklary hem-de beýleki nyşanlary we belgileri;

ç) resmi gözegçilik, kepillendiriş we düzümini anyklaýyş tagmalary, möhürleri, sylaglary we beýleki tapawutlandyryş nyşanlary, ýa-da olar bilen gatyşyp gitme derejesine çenli meňzeş bolan böleklerden durýan belgiler.

Eger-de degişli ygtyýarly edaranyň razyçylygy bar bolsa, onda şeýle bölekler haryt nyşanyna goralmaýan bölekler hökmünde girizilip bilner.

3. Aşakdaky ýaly böleklerden durýan ýa-da şeýle bölekleri özünde saklaýan belgileriň haryt nyşany hökmünde döwlet bellige alnyşyna ýol berilmeýär:

a) olar ýalan bolsalar ýa-da sarp edijini haryt ýa-da ony öndüriji babatda ýalňyş pikire iterip bilýän bolsalar;

b) jemgyýetçilik bähbitlerine, ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ters gelýän bolsalar.

4. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýratyn gymmatly desgalarynyň ýa-da bütindünýä medeni ýa-da tebigy mirasynyň resmi atlary we/ýa-da şekilleri bilen birmeňzeş ýa-da gatyşyp gitme derejesine çenli meňzeş bolan belgileriň haryt nyşany hökmünde bellige alynmagyna ýol berilmeýär.

5. Aşakdakylara barabar ýa-da olar bilen gatyşyp gitme derejesine çenli çalymdaş bolan belgileriň haryt nyşany hökmünde bellige alynmagyna ýol berilmeýär:

a) bellige aldyrmak üçin haýyşnama berlen (eger-de haýyşnama yzyna alynmadyk bolsa) ýa-da Türkmenistanda, şol sanda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda meňzeş harytlar babatda goralýan we has öň berlen ilkinjiligi bolan beýleki şahslaryň haryt nyşanlary;

b) beýleki şahslaryň şu Kanunda bellenilen tertipde Türkmenistanda hemmelere mälim diýlip ykrar edilen haryt nyşanlary.

Şu bölümde meňzeş harytlar babatda görkezilen, gatyşyp gitme derejesine çenli çalymdaş bolan belgileriň haryt nyşany hökmünde diňe oňa hukugy bolan şahsyň razyçylygy bilen döwlet bellige alnyşyna ýol berilýär.

6. Belgiler harytlaryň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga hukugy bolan şahslaryň adyna bellige alynýan haryt nyşanyna goralmaýan bölek hökmünde girizilen ýagdaýyndan başga, islendik harytlar babatda harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen barabar ýa-da gatyşyp gitme derejesine çenli çalymdaş bolan belgiler haryt nyşany hökmünde bellige alnyp bilinmez.

7. Aşakdakylara barabar bolan belgiler haryt nyşany hökmünde bellige alnyp bilinmez:

a) Türkmenistanda olara bolan hukuklary başga şahslarda bellige alynýan haryt nyşanyna berlen haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy üçin ýüz tutulan ilkinjilik senesinden öň döräp, birdeň harytlar babatda Türkmenistanda goralýan firma adyna (onuň bölegine), seleksiýa arkaly gazanylanyň adyna, senagat nusgasyna, domen adyna;

b) awtorlyk hukugynyň eýesiniň ýa-da onuň hukuk oruntutarynyň razyçylygy bolmasa ýa-da bu eserlere bolan hukuk bellige alynýan haryt nyşanyna berlen ilkinjilik senesinden öň ýüze çykan bolsa, haýyşnamanyň berlen senesine çenli Türkmenistanda ady belli bolan ylym, edebiýat we sungat eseriniň, gahrymanyň adyna ýa-da şeýle eserden alnan parça, sungat eserine ýa-da onuň parçasyna;

ç) eger-de muňa şol adamlaryň ýa-da olaryň mirasdarlarynyň razyçylygy bolmasa, oňa ygtyýarly döwlet edarasynyň rugsady bolmasa, haýyşnamanyň berlen senesine çenli belli adamlaryň familiýasyna, adyna, tahallusyna ýa-da şolardan gelip çykýan belliklerine, portretlerine we golly möhürlerine.

6-njy madda. Haryt nyşanyny bellige aldyrmak üçin haýyşnamanyň berlişi

1. Haryt nyşanyny bellige aldyrmak baradaky haýyşnama Türkmenpatente berilýär.

2. Haýyşnama gyzyklanma bildirýän şahs tarapyndan, şeýle hem onuň Türkmenistandaky wekiliniň ýa-da patent ynamdarynyň üsti bilen berlip bilner.

Türkmenistanyň daşynda hemişelik ýaşaýan fiziki şahslar ýa-da daşary ýurtly ýuridik şahslar ýa-da olaryň patent ynamdarlary haryt nyşanlaryny bellige aldyrmak we hukuk goragy bilen baglanyşykly işleri Türkmenistanyň patent ynamdarynyň üsti bilen alyp barýarlar.

7-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy baradaky haýyşnama bildirilýän talaplar

1. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy baradaky haýyşnama her haryt nyşanyna aýratynlykda berilýär.

2. Haýyşnamada aşakdakylar bolmalydyr:

- haýyşnamaçynyň adyny, şeýle hem onuň ýerleşýän ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini görkezmek bilen, haryt nyşany hökmünde belginiň döwlet bellige alnyşy baradaky arza;

- haýyşnama edilýän belgi we onuň beýany;

- HHHK-nyň klaslary boýunça jemlenen haryt nyşanlaryny döwlet tarapyndan bellige almak üçin soralýan harytlaryň sanawy;

- HNŞEWK-nyň haryt nyşanlarynyň şekillendiriş elementleriniň ýazgysy.

Haýyşnamanyň resminamalaryna bildirilýän talaplar Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

3. Haýyşnamanyň ýanyna şular goşulýar:

- haýyşnamany tabşyrmak üçin tölenmeli pajyň bellenen möçberde tölenendigi barada ýa-da paç tölemekden boşadylýandygyny ýa-da onuň möçberini azaltmak üçin esasyň bardygyny tassyklaýan resminama;

- eger-de haýyşnama wekiliň ýa-da patent ynamdarynyň üsti bilen berilýän bolsa, olaryň ygtyýarlygyny tassyklaýan ynanç haty;

- eger-de haýyşnama kollektiw nyşany bellige aldyrmak barada berilýän bolsa, onda kollektiw nyşanyň tertipnamasy.

Haýyşnama bilen bilelikde berilýän, haýyşnamany tabşyrmak üçin tölenilmeli pajyň bellenen möçberde tölenendigi barada resminamadan beýleki haýyşnama goşulýan resminamalar, haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, iki aýyň dowamynda Türkmenpatente tabşyrylmalydyr.

Eger-de towakganama bellenilen möhlet tamamlanmanka gelip gowşan bolsa we bellenen paç tölenen bolsa, haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça görkezilen möhlet ýene-de uzaldylyp bilner.

Resminamalary tabşyrmagyň möhletiniň uzaldylmagy görkezilen iki aý möhletiň tamamlanan gününden başlap alty aýdan köp bolmaly däldir.

Resminamalaryň bellenilen möhletde tabşyrylmadyk halatynda haýyşnama yzyna alyndy diýlip hasap edilýär we bu barada haýyşnamaçy habardar edilýär.

4. Arza döwlet dilinde berilýär we oňa arza berýän ýa-da onuň wekili ýa-da patent ynamdary gol çekýär.

Haýyşnama goşulýan beýleki resminamalar Türkmenistanyň döwlet diline geçirilen terjimesi goşulyp, başga bir dilde berlip bilner. Başga bir dilde berlen resminamalar, olaryň terjimesi haýyşnama berlen senesinden soňky iki aýyň dowamynda gelip gowşan bolsa, Türkmenpatente gelen senesinde berildi hasap edilýär.

Eger-de agzalan terjime haýyşnama berlen senesinden soňky iki aýyň dowamynda berilmese, bellenen möhlet goşmaça paç tölenen şertlerinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça iki aý uzaldylyp bilner.

Terjimesi bellenen möhletlerde berilmedik halatynda haýyşnama yzyna alyndy diýlip hasap edilýär.

5. Ilkinjilik soralanda, haýyşnama şular goşulmalydyr:

- eger-de konwensiýa ilkinjiliginiň berilmegini soraýan bolsa, haýyşnamaçynyň Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletde beren, şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda bellenen tertipde güwä geçilen birinji haýyşnamasynyň nusgasy;

- eger-de haýyşnamaçy şu Kanunyň 8-nji maddasynyň üçünji bölümine laýyklykda, sergi ilkinjiliginiň berilmegini soraýan bolsa, onda resmi halkara sergisinde ýa-da resmi diýlip ykrar edilen halkara sergisinde haýyşnama berlen haryt nyşanyny ulanmak bilen eksponatlary görkezendigini tassyklaýan güwä geçilen resminama;

Ilkinjilik berilmegi soralan halatda haýyşnama goşulýan resminamalar haýyşnamanyň gelen senesinden başlap, üç aý möhletiň dowamynda Türkmenpatente tabşyrylmalydyr.

Ilkinji haýyşnamanyň tassyklanan nusgasynyň terjimesi soralan halatynda Türkmenpatente tabşyrylmalydyr.

6. Haýyşnamanyň berlen senesi Türkmenpatente aşakdaky resminamalaryň gelip gowşan senesi boýunça bellenilýär:

- haýyşnamaçynyň adyny we onuň salgysyny görkezmek bilen belgini haryt nyşany hökmünde döwlet bellige alnyşy baradaky arza;

- belginin şekili;

- harytlaryň sanawy.

Eger-de görkezilen resminamalar birwagtda berilmedik bolsa, onda berlen möhleti soňky resminamanyň gelen senesi boýunça bellenýär.

8-nji madda. Haryt nyşanynyň ilkinjiligi

1. Haryt nyşanynyň ilkinjiligi şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji we üçünji bölümlerine laýyk gelýän haýyşnamanyň Türkmenpatente gelen senesi boýunça bellenilýär.

2. Eger-de haýyşnama ilkinjiligiň görkezilen senesinden başlap, alty aýyň dowamynda Türkmenpatente gelen bolsa, şol bir belgi üçin şol bir haýyşnamaçynyň Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletde (konwensiýa ilkinjiligi) beren birinji haýyşnamasynyň senesi boýunça haryt nyşanynyň ilkinjiligi bellenilip bilner.

3. Eger-de haryt nyşanyna haýyşnama eksponatyň görkezilmeginiň görkezilen senesinden başlap, alty aýyň dowamynda Türkmenpatente gelen bolsa, Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň biriniň çäklerinde guralan resmi halkara sergisinde ýa-da resmi diýlip ykrar edilen halkara sergileriniň eksponatlarynda ýerleşdirilen haryt nyşanynyň ilkinjiligi eksponatlaryň sergide açyk görkezilip başlan senesi boýunça bellenilip bilner (sergi ilkinjiligi).

4. Konwensiýa ýa-da sergi ilkinjiligi hukugyndan peýdalanmak isleýän haýyşnamaçy bu barada haryt nyşany üçin berilýän haýyşnamada ýa-da haýyşnamanyň Türkmenpatente gelen senesinden başlap, iki aýyň dowamynda görkezmäge borçludyr.

5. Eger-de birmeňzeş haryt nyşanyna şol bir günüň içinde birnäçe haýyşnama berlen bolsa, ilkinjilik Türkmenpatentiň has öň bellige alnan belgisi bolan haýyşnama degişlidir.

6. Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna laýyklykda, haryt nyşanynyň ilkinjiligi haryt nyşanynyň halkara bellige alnyşynyň senesi boýunça bellenilip bilner.

7. Bölüp berlen haýyşnamalar boýunça haryt nyşanynyň ilkinjiligi haryt nyşanynyň ilkibaşdaky haýyşnamanyň ilkinjiliginiň senesi boýunça bellenilip bilner.

9-njy madda. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşyna berlen haýyşnamanyň ekspertizasy

1. Haryt nyşanynynyň döwlet bellige alnyşyna berlen haýyşnamanyň ekspertizasy Türkmenpatent tarapyndan geçirilýär we ol deslapky ekspertizany hem-de mälim edilen belginiň düýp mazmuny boýunça ekspertizany öz içine alýar.

2. Haýyşnamanyň Türkmenpatente gelen senesinden başlap, iki aýyň dowamynda haýyşnamaçynyň goşmaça paç tölemezden öz başlangyjy bilen haýyşnamasyna üýtgetmeler girizmäge, takyklamaga ýa-da ondaky maglumatlary düzetmäge haky bardyr.

Haýyşnamanyň gelen senesinden iki aý geçenden soňra (haýyşnamanyň ilkinjiligi üç aý geçenden soň tassyk bolýan materiallar üçin) haýyşnamaçydan goşmaça maglumatlar gelip gowşan wagtynda degişli paç tölenilýär.

3. Eger-de goşmaça maglumatlar haýyşnamanyň mazmunyny düýpli üýtgedýän bolsa, onda ol maglumatlar garamak üçin kabul edilmeýär we olar haýyşnamaçy tarapyndan özbaşdak haýyşnama hökmünde resmileşdirilip bilner.

Eger-de goşmaça maglumatlar öň haýyşnama berlenler babatda harytlaryn sanawynyň üstüni meňzeş bolmadyk harytlar bilen doldurýan ýa-da ony çalşyrýan bolsa, ýa-da ol girizilýän üýtgetmeler haýyş edilen belgä düşünilmegini düýbünden üýtgedýän bolsa, onda olar haýyşnamany üýtgedýän diýlip ykrar edilýärler.

4. Ekspertiza geçirilýän döwründe Türkmenpatentiň ekspertizany geçirmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary haýyşnamaçydan talap etmäge haky bardyr. Şunda ekspertizanyň möhleti degişlilikde uzaldylýar.

Talap edilýän goşmaça maglumatlar talapnamanyň ugradylan senesinden başlap, üç aý möhletiň içinde berilmelidir. Eger-de towakganama şu möhlet geçmezden öň gelen bolsa we degişli paç tölenen bolsa, onda haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça bu möhlet uzaldylyp bilner. Ekspertizanyň talapnamasy boýunça goşmaça materiallary bermegiň möhletiniň uzaldylmagy bellenen üç aýlyk möhletiň tamamlanan senesi geçenden soň alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger-de haýyşnamaçy görkezilen möhleti bozsa ýa-da ekspertizanyň talapnamasyny jogapsyz goýsa, haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär we bu barada haýyşnamaça habar berilýär.

5. Haýyşnamanyň ekspertizasy geçirilýän döwründe, ol barada çözgüt kabul edilýänçä, haýyşnamaçynyň şol belgä ilkibaşdaky haýyşnamada görkezilen harytlaryň sanawyndaky bölegini özünde jemleýän başga haýyşnamany bermäge haky bardyr. Bu ýagdaýda şol haýyşnamadaky harytlar ilkibaşdaky haýyşnamadan aýrylýar.

6. Haýyşnama haýyşnamaçynyň haýyşy boýunça haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan senesinden gijä goýulman, oňa garalýan döwrüň islendik tapgyrynda yzyna alnyp bilner.

Yzyna alnan haýyşnama boýunça hukuk taýdan ähmiýetli hereketler amala aşyrylmaýar. Beýleki haýyşnamalaryň ekspertizasy wagtynda yzyna alnan haýyşnamalara üns berilmeýär. Yzyna alnan haýyşnama dikeldilmeýär we haýyşnamaça gaýtarylmaýar.

7. Haýyşnamaçynyň ekspertiza geçirilýän döwründe ýüze çykýan meseleleriň seredilmegine gatnaşmaga haky bardyr.

10-njy madda. Haryt nyşanyna berlen haýyşnamanyň formal ekspertizasy

1. Haryt nyşanyny almak üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden iki aý geçenden soň, şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji we üçünji bölümlerinde göz öňünde tutulan resminamalar bolan halatynda, ol boýunça bir aý möhletiň içinde formal ekspertiza geçirilýär.

2. Formal ekspertizanyň barşynda zerur resminamalaryň barlygy we olara bellenilen talaplaryň berjaý edilişi barlanylýar.

3. Eger-de formal ekspertizanyň barşynda haýyşnamanyň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi anyklansa, onda haýyşnamaça ýüze çykarylan kemçilikleri görkezmek bilen, talapnamanyň iberilen senesinden başlap, üç aýyň dowamynda ýetmeýän ýa-da düzedilen maglumatlary ibermegi sorap talapnama ugradylýar.

Ekspertizanyň talap etmegi boýunça berilýän goşmaça maglumatlara şu Kanunyň 9-njy maddasynyň üçünji we dördünji bölekleriniň talaplary degişli bolup durýarlar.

Ekspertizanyň bildiren talabyna jogap berilmedik wagtynda we bellenen möhletde onuň möhletiniň uzaldylmagy hakynda towakganama berilmedik halatynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär we bu barada haýyşnamaça habar berilýär.

4. Formal ekspertizanyň netijeleri boýunça haýyşnamaça haýyşnamasynyň seredilmek üçin alnandygy barada habar berilýär ýa-da oňa haýyşnamasyna seredilmänligi hakyndaky delillendirilen hat ugradylýar.

5. Haýyşnamasy seredilmek üçin kabul edilen halatynda, haýyşnamaçy ilkinjiligiň bellenilýändigi barada habarly edilýär, emma konwension ýa-da sergi ilkinjiligi soralyp, haýyşnama garamak üçin kabul edilen pursatynda tassyklaýjy resminamalaryň bolmadyk halatlary muňa girmeýär.

11-nji madda. Haýyş edilen belginiň düýp mazmuny boýunça ekspertizasy

1. Formal ekspertiza tamamlanandan soň, haýyş edilen belginiň düýp mazmuny boýunça ekspertiza haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, on iki aýyň dowamynda, ýöne ilkinjilik senesinden alty aýdan ir bolmadyk döwürde geçirilýär.

2. Düýp mazmuny boýunça ekspertiza aşakdakylary öz içine alýar:

- haýyşnamanyň şu Kanunyň 7-nji maddasynda bellenilen talaplara laýyklygynyň soňraky barlagyny;

- haýyş edilen belginiň şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji-dördünji bölümlerinde bellenilen talaplara laýyklygynyň barlagyny;

- harytlaryň toparlara bölünişiniň HHHK boýunça dogrulygynyň barlagyny;

- haryt nyşanynyň şekil elementleriniň beýan edilişiniň HNŞEWK boýunça dogrulygynyň barlagyny;

- şu Kanunyň 5-nji maddasynyň bäşinji we altynjy bölümlerinde görkezilen talaplara laýyklykda barabar we meňzeş belgileriň gözlegini geçirmegi;

- haýyş edilen belginiň şu Kanunyň 5-nji maddasynyň bäşinji we
altynjy bölümlerinde görkezilen talaplara laýyklygynyň barlagyny;

- eger-de formal ekspertizanyň netijeleri boýunça ilkinjilik bellenilmedik bolsa, şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda haryt nyşanynyň ilkinjiliginiň bellenilmegini.

Ekspertizanyň netijeleri boýunça haýyş edilen belginiň goranyş ukyplary bellenilýär we onuň haryt nyşany hökmünde bellige alynmagy ýa-da bellige alynmazlygy barada çözgüt kabul edilýär.

3. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy baradaky çözgütde şular görkezilýär: haýyşnamanyň san belgisi, haýyşnamanyň berlen senesi, ilkinjilik baradaky maglumatlar, haýyşnamaçynyň ady we salgysy, HHHK-a laýyklykda toparlaryny görkezmek bilen harytlaryň sanawy, HNŞEWK boýunça şekil elementlerini görkezmek bilen haryt nyşanynyň şekili.

Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy baradaky çözgütde, eger-de bar bolsa, haryt nyşanyndaky goralmaýan bölekler, şeýle hem reňkli ýerine ýetirilen nyşany bellige almak soralýan bolsa - reňk sazlaşygy, möçberi we ony tölemegiň möhletleri, çözgüde şikaýat etmegiň şertleri we möhletleri hem-de beýleki zerur bolan maglumatlar sanalyp geçilýär.

4. Haryt nyşanyna berlen haýyşnama boýunça çözgüt kabul etmek beýleki has öň ilkinjilik berlen haýyşnama garamagyň netijelerine bagly bolsa, onda giç berlen haýyşnama boýunça çözgüt öň ilkinjilik berlen haýyşnama garamak tamamlanandan soň çykarylýar.

5. Eger-de haýyşnama edilen belginiň ekspertizasy netijesinde onuň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylsa, onda haryt nyşanyny döwlet belligine almakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermegiň sebäpleri görkezilen çözgüt haýyşnamaça iberilýär.

Türkmenpatentiň çözgüt çykarylýança haryt nyşanyny bellige almazlygyna esas bolup biljek delilleri, eger zerur bolsa, maglumatlaryň degişli çeşmesine salgylanmalary getirmek bilen we getirilen delilleri inkär etmek teklibi, şeýle hem goşmaça maglumatlary bermek ýa-da haýyşnamada zerur bolan takyklamalary girizmek barada haýyşnamaça talapnama ibermäge haky bardyr.

Eger şeýle jogap şu Kanunyň 9-njy maddasynyň üçünji we dördünji bölümleriniň talaplaryna laýyklykda berilmedik bolsa, haýyşnamaçynyň jogaby haýyşnama boýunça çözgüt kabul edilende göz öňünde tutulýar.

Haýyşnamaçynyň ekspertiza geçirilen wagty ulanylýan maglumatlar bilen tanyşmaga haky bardyr. Garşy goýlan maglumatlaryň nusgalary talapnama iberilen senesinden başlap, üç aý möhletiň içinde talap edilip bilner.

6. Ekspertizanyň netijesi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, haýyşnamaçynyň çözgüt iberilen gününden üç aý möhletiň içinde delillendirilen nägilelikleri bermäge haky bardyr. Eger-de towakganama üç aý möhlet geçmänkä gelen bolsa we uzaldylan her aý üçin degişli paç tölenen bolsa, onda haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça nägileligi bermegiň möhleti alty aýa çenli uzaldylyp bilner.

Nägilelige ekspertiza tarapyndan ol alnan gününden başlap, iki aý möhletiň içinde garalmalydyr, onuň netijeleri boýunça gutarnykly çözgüt çykarylýar.

7. Şeýle hem islendik gyzyklanýan şahs, paç tölän şertlerinde, haryt nyşanynyň hasaba alynýandygy barada gutarnykly çözgüt çykarylýança, haryt nyşanynyň bellige alynmagynyň garşysyna delillendirilen nägilelik berlip biler. Nägilelik gelendigi barada haýyşnamaça habar berilýär.

12-nji madda. Haryt nyşanyna haýyşnama boýunça ekspertizanyň çözgüdine şikaýat edilişi we geçirilen möhletleriň dikeldilişi

1. Haýyşnamaçynyň formal ekspertizanyň çözgüdi ýa-da ekspertizanyň gutarnykly çözgüdi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, çözgüdiň iberilen senesinden başlap, üç aýyň dowamynda Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna özüniň delillendirilen nägileligini bermäge haky bardyr.

Haýyşnamaçynyň hut özüniň ýa-da wekiliniň üsti bilen nägilelige seredilişine gatnaşmaga haky bardyr.

2. Ekspertizanyň talap etmegi boýunça haýyşnamaçy tarapyndan resminamalary we göşmaça materiallary tabşyrmagyň geçirilen möhleti, deslapky çözgüde nägilelik bildirmegiň möhleti ýa-da ekspertizanyň çözgüdi dikeldilip bilner. Geçirilen möhleti dikeltmek baradaky towakganama haýyşnamaçy tarapyndan geçirilen möhletiň geçen gününden alty aýdan gijä galman Türkmenpatente degişli paç tölenen ýagdaýynda berilýär.

Geçirilen möhletiň dikeldilendigi barada haýyşnamaça habar berilýär.

13-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy

1. Ekspertizanyň haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy baradaky çözgüdiniň esasynda, Türkmenpatent bellenilen pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminamany alandan soň haryt nyşanyny Reýestrde bellige alýar.

2. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alnandygy we oňa şahadatnama berlendigi üçin pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama haryt nyşanynyň bellige alnandygy baradaky çözgüdiň haýyşnamaça iberilen senesinden başlap, üç aýyň dowamynda Türkmenpatente gelip gowuşmalydyr.

Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy bellenen pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama alnandan soň bir aýyň dowamynda geçirilýär.

Her geçirilen aý üçin degişli paç tölenen halatynda, bellenen möhletiň geçen senesinden başlap, ýüz tutuja alty aýa barabar bolan ýeňillikli möhlet berilýär. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy bellenen paçlaryň tölenilendigi barada resminama alnandan soň bir aý möhletiň içinde geçirilýär.

3. Bellenen we ýeňillikli möhletlerde pajyň tölenendigini tassyklaýan resminamalar berilmedik halatynda haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy geçirilmeýär.

Şu ýagdaýda haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşy baradaky çözgüt ýatyrylýar we haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär hem-de bu barada haýyşnamaça habar berilýär.

4. Reýestre haryt nyşanynyň şekili, onuň eýesi hakyndaky maglumatlar, haýyşnamanyň berlen senesi, nyşanyň ilkinjiligi baradaky maglumatlar we onuň döwlet belligine alnan senesi, haryt nyşanlary bellige alnan harytlaryň sanawy, harytlaryň we/ýa-da hyzmatlaryň sanawy, haryt nyşanynyň şekil elementleriniň HNŞEWK boýunça ýazgysy, haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşyna degişli beýleki maglumatlar, şeýle hem ol maglumatlaryň soňraky üýtgetmeleri girizilýär.

Şeýle hem Reýestre döwlet bellige alnyşynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we/ýa-da togtadylmagy we ýatyrylmagy baradaky maglumatlar girizilýär.

Kollektiwleýin nyşan döwlet belligine alnanda, Reýestre şol nyşandan peýdalanmaga hukugy bolan adamlar hakyndaky maglumatlar girizilýär.

5. Islendik gyzyklanýan adam degişli pajy töländen soň, Reýestrden tassyklanan göçürmäni alyp biler.

14-nji madda. Haryt nyşanyna şahadatnama berlişi

1. Bellige alnan haryt nyşanyna şahadatnama berilýär. Türkmenpatent tarapyndan şahadatnamanyň berilmegi haryt nyşanynyň Reýestrde döwlet belligine alnan senesinden başlap, üç aýyň dowamynda amala aşyrylýar.

2. Haryt nyşanyna berilýän şahadatnamanyň görnüşi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

Şahadatnamada görkezilýän esasy maglumatlaryň sanawyna şular girýär:

- şahadatnamanyň san belgisi;

- döwlet belligine alnan senesi;

- döwlet bellige alnyşynyň hereket ediş möhleti;

- haýyşnamanyň san belgisi;

- berlen senesi;

- ilkinjilik senesi;

- şahadatnamanyň eýesiniň ady;

- haryt nyşanynyň şekili;

- HHHK boýunça toparlarynyň görkezilmegi bilen harytlaryň sanawy;

- haryt nyşanynyň görnüşi;

- haryt nyşanynyň şekil elementleriniň HNŞEWK boýunça beýan edilişi.

15-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylyşy

1. Haryt nyşanynyň eýesiniň bellige alnyşyň hereket edýän soňky ýylynyň dowamynda beren arzasy boýunça döwlet bellige alnyşynyň hereket ediş möhleti, bellenilen paç tölenen şertinde Türkmenpatente haýyşnamanyň gelip gowşan gününden başlap, soňraky her on ýyl üçin uzaldylyp bilner.

Uzaldylyş möhleti öňki möhletiň gutaran senesinden hasaplanylýar. Degişli paç tölenen şertinde, haryt nyşanynyň eýesine döwlet bellige alnyşyň hereket edýän möhletini uzaltmak üçin ýeňillikli alty aý möhlet berilýär.

2. Bellige alnyşyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky ýazgy Reýestre girizilýär we bu barada onuň eýesine habar berilýär.

Bellige alnyşyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky ýazgy haryt nyşany üçin şahadatnama berlen halatynda, oňa hem girizilýär.

Döwlet bellige alnyşynyň möhletiniň uzaldylandygy hakyndaky maglumatlar Türkmenpatentiň býulleteninde çap edilýär.

16-njy madda. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşyna üýtgetmeleriň girizilişi

1. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşyna onuň eýesinin adynyň we/ýa-da salgysynyň üýtgemegi, haryt nyşany bellige alnan harytlaryň sanawynyň kemelmegi, döwlet belligine alnan haryt nyşanyndaky, haryt nyşanynyň düýp manysyny üýtgetmeýän aýratyn elementlerine, şeýle-de haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşyna degişli beýleki üýtgetmeler girizilýär.

2. Degişli paç tölän şertinde haryt nyşanynyň eýesiniň arzasy boýunça üýtgetmeler girizilýär. Üýtgetmeleri girizmek barada arzanyň berlişiniň we garalşynyň düzgüni Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenýär.

Üýtgetmeler Reýestre, haryt nyşanynyň şahadatnamasy getirilip berilse, şahadatnama hem girizilýär.

17-nji madda. Haryt nyşany baradaky maglumatlaryň çap edilişi

1. Haryt nyşanynyň döwlet bellige alnyşyna degişli maglumatlar we Reýestre girizilen ähli üýtgetmeler, haryt nyşanynyň bellige alnan ýa-da üýtgetmeleriň Reýestre girizilen senesinden başlap, alty aýyň dowamynda Türkmenpatentiň býulleteninde çap edilýär.

2. Haryt nyşanlarynyň döwlet bellige alnyşy barada çap edilýän maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenýär.

18-nji madda. Haryt nyşanynyň halkara bellige alnyşy we daşary döwletlerde bellige alnyşy

1. Türkmenistanyň şahslarynyň haryt nyşanyny daşary ýurtlarda bellige aldyrmaga we/ýa-da onuň halkara bellige alnyşyny amala aşyrmaga hukuklary bardyr.

2. Madrid ylalaşygyna Teswirnama gatnaşyjy ýurtlarda haryt nyşanyny bellige aldyrmak Türkmenpatentiň üsti bilen intellektual eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň halkara bölümine bir halkara haýyşnamany bermek arkaly amala aşyrylýar.

3. Haryt nyşanyny daşary ýurtlarda bellige aldyrmak we halkara bellige alnyşy bilen bagly harajatlary haýyşnamaçynyň özi çekýär.

19-njy madda. Hemmelere mälim haryt nyşany

1. Ýuridik şahsyň ýa-da telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň arzasy boýunça şu aşakdakylar Türkmenistanda hemmelere mälim diýlip ykrar edilip bilner:

- bellige alnyşynyň esasynda Türkmenistanyň çäklerinde goralýan haryt nyşany;

- Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bellige alynmazdan Türkmenistanyň çäklerinde goralýan haryt nyşany;

- Türkmenistanyň çäklerinde hukuk taýdan goragy bolmadyk haryt nyşany hökmünde ulanylýan belgi.

Haryt nyşanlary ýa-da belgiler intensiw peýdalanylmagynyň netijesinde haýyşnamada görkezilen senedäki ýagdaýa görä, Türkmenistanda şahslaryň harytlary babatynda degişli peýdalanyjylaryň arasynda giňden belli bolan bolsa, onda olar hemmelere mälim diýlip ykrar edilýär.

2. Eger-de birmeňzeş harytlar babatda ulanmak üçin niýetlenilen başga bir şahsyň birmeňzeş ýa-da olar bilen gatyşyp gitme derejesine çenli çalymdaş haryt nyşanlary ilkinjilik berlen senesinden soň giňden belli bolan bolsa, onda bu haryt nyşany ýa-da belgisi hemmelere mälim diýlip ykrar edilip bilinmez.

3. Haryt nyşanyny hemmelere mälim diyip ykrar etmegiň tertibi we düzgünleri Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenýär.

20-nji madda. Hemmelere mälim haryt nyşanyna hukuk goragynyň berlişi

1. Hemmelere mälim haryt nyşanyna şu Kanunda haryt nyşany üçin göz öňünde tutulan hukuk goragy berilýär.

Hemmelere mälim haryt nyşanyna hukuk goragynyň berilmegi hemmelere mälim haryt nyşanynyň aýratyn hukuklarynyň ykrar edilendigini aňladýar.

Hemmelere mälim haryt nyşanynyň hukuk goragy möhletsiz hereket edýär.

2. Hemmelere mälim haryt nyşanyna hukuk goragy şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji bölümine laýyklykda berlen arza boýunça Türkmenpatentiň kabul eden çözgüdiniň esasynda berilýär.

3. Hemmelere mälim diýlip ykrar edilen haryt nyşany Türkmenistanyň hemmelere mälim haryt nyşanlarynyň Sanawyna girizilýär.

4. Hemmelere mälim bolan haryt nyşanyna şahadatnama bermeklik onuň Sanawa girizilen senesinden başlap, üç aýyň dowamynda amala aşyrylýar. Şahadatnamanyň görnüşi we onda görkezilmeli maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan bellenýär.

5. Haryt nyşanynyň hemmelere mälim diýlip ykrar edilendigi baradaky maglumatlar Türkmenpatentiň býulleteninde çap edilýär.

6. Eger haryt nyşanynyň hemmelere mälimligi ykrar edilen harytlar bilen meňzeş bolmadyk harytlar babatda ulanylmagy sarp edijilerde hemmelere mälim haryt nyşanynyň eýesi bilen assosirlenýän bolsa we onuň kanuny bähbitlerini çäklendirse, hemmelere mälim haryt nyşanynyň hukuk goragy şol meňzeş däl harytlara hem degişlidir.

21-nji madda. Kollektiwiň nyşany

1. Şahslaryň, döredilmegi we alyp barýan işi döredilen döwletiniň kanunçylygyna ters gelmeýän birleşmesiniň Türkmenistanda şol birleşmä girýän we ýeke-täk hil ýa-da gaýry umumy häsiýetleri bolan şahslar tarapyndan öndürilýän we/ýa-da ýerlenilýän harytlary belgilemek üçin niýetlenen kollektiw nyşany bellige aldyrmaga hukugy bar.

Birleşmä girýän her bir şahs kollektiwiň nyşanyndan peýdalanyp biler.

2. Kollektiwiň nyşany we ondan peýdalanmaga hukuk başga şahslara berlip bilinmez.

3. Kollektiwiň nyşanyny bellige aldyran we birleşmä giren şahs öz haryt nyşanyndan kollektiwiň nyşany bilen bir hatarda peýdalanmaga haklydyr.

22-nji madda. Kollektiwiň nyşanynyň döwlet belligine alnyşy

1. Kollektiwiň nyşanyny döwlet belligine aldyrmak baradaky haýyşnamanyň ýanyna özünde birleşigiň ady, bu kollektiwiň nyşanyndan peýdalanmaga hukugy bolan şahslaryň sanawy, nyşany döwlet belligine aldyrmagyň maksady, kollektiwiň nyşany bilen belgilenjek harytlaryň sanawy we hil taýdan bitewi ýa-da gaýry umumy häsiýetnamalary, nyşanyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmegiň şertleri we tertibi, kollektiwiň nyşanynyň tertipnamanyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik baradaky maglumatlary jemleýän tertipnamasy goşulýar.

2. Şu Kanunyň 14-nji maddasynyň ikinji bölüminde göz öňünde tutulan maglumatlara goşmaça edip, Reýestre we kollektiwiň nyşanynyň şahadatnamasyna kollektiwiň nyşanyny ulanmaga hukugy bolan şahslar baradaky maglumatlar girizilýär. Bu maglumatlar, şeýle hem kollektiwiň nyşanynyň tertipnamasyndan ýeketäk hil ýa-da gaýry umumy häsiýetleri bellige alnan harytlar barada göçürme Türkmenpatent tarapyndan resmi býulletende çap edilýär. Kollektiwiň nyşanynyň eýesi kollektiwiň nyşanynyň tertipnamasyndaky ähli üýtgetmeler barada Türkmenpatente habar berýär.

3. Ýeketäk hil ýa-da gaýry umumy häsiýetleri bolmadyk harytlarda kollektiwiň nyşanyndan peýdalanylan halatynda kollektiwiň nyşanynyň hukuk taýdan goragy islendik gyzyklanýan şahsyň beren arzasy boýunça Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgüdi ýa-da kazyýet tarapyndan kabul edilen karar esasynda doly ýa-da bölekleýin bes edilip bilner.

4. Kollektiwiň nyşany we ony döwlet belligine aldyrmak baradaky haýyşnama degişlilikde haryt nyşanyna we haryt nyşanyny döwlet belligine aldyrmak baradaky haýyşnama ýa-da tersine özgerdilip bilner. Şeýle özgertmegiň tertibi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

23-nji madda. Haryt nyşanynyň ulanylmagy

1. Haryt nyşanynyň ulanylmagy diýip özleri babatda haryt nyşanlary bellige alnan harytlarda ýa-da hyzmatlarda we/ýa-da şu Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda haryt nyşanynyň eýesiniň ýa-da ygtyýarnama şertnamasy esasynda şeýle hukuk berlen şahsyň olary harytlarda ulanmagy ykrar edilýär.

Haryt nyşanynyň mahabat üçin, neşir önümlerinde, asylýan ýazgylarda, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende, şeýle hem Internet ulgamynda ulanylmagy haryt nyşanynyň ulanylmagy diýlip ykrar edilip bilner.

2. Dellalçylyk işlerini amala aşyrýan şahslar haryt taýýarlaýjynyň haryt nyşany bilen bilelikde şertnama esasynda öz haryt nyşanyny, şeýle hem haryt taýýarlaýjynyň haryt nyşanynyň deregine öz haryt nyşanyny ulanyp biler.

3. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy onuň eýesine nyşanyň eýesiniň gönüden-göni özi tarapyndan ýa-da onuň razylygy bilen Türkrnenistanda hojalyk dolanyşygyna girizilen harytlar babatda bu haryt nyşanyny beýleki şahslara ulanmagy gadagan etmäge hukuk bermeýär.

4. Haryt nyşanynyň bellige alynmagynyň hereketi ol döwlet belligine alnandan soňraky islendik üç ýylyň dowamynda üznüksiz ulanylmazlygy bilen baglylykda, tutuş harytlar ýa-da onuň bir bölegi babatda möhletinden öň bes edilip bilner. Haryt nyşanynyň ulanylmaýandygy bilen baglylykda haryt nyşanynyň bellige alynmagynyň hereketini möhletinden öň bes etdirmek baradaky arza, eger-de şol haryt nyşany şeýle arza berilýänçä ulanylmaýan bolsa, islendik gyzyklanýan şahs tarapyndan görkezilen üç ýyl geçenden soň Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna berlip bilner.

Haryt nyşanynyň ulanylýandygynyň subutnamasyny onuň eýesi berýär.

Haryt nyşanynyň düýp mazmuny üýtgedilmän, onuň käbir bölekleriniň üýtgedilmegi bilen ulanylmagy hem haryt nyşanynyň ulanylmagynyň subutnamasy diýlip ykrar edilýär.

5. Ulanylmaýandygy bilen baglylykda, haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagynyň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi baradaky mesele çözülende, haryt nyşanynyň onuň özüne bagly bolmadyk ýagdaýlara görä ulanylmandygy barada haryt nyşanynyň eýesiniň getirýän subutnamalary göz öňünde tutulyp bilner.

24-nji madda. Duýduryş belgilemesi

1. Haryt nyşanynyň eýesiniň haryt nyşanynyň ýanynda ulanylýan haryt nyşanynyň Türkmenistanda bellige alnandygyny we onuň goralýandygyny görkezýän tegelegiň içindäki "R" latyn harpy görnüşindäki ýa-da söz bilen ýazylan "bellige alnan haryt nyşany" aňlatmasy görnüşindäki duýduryş belgilemesini goýmaga haky bardyr.

2. Türkmenistanda bellige alynmadyk we goralmaýan nyşan babatda duýduryş belgilemesini goýýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýär.

25-nji madda. Haryt nyşanynyň bikanun ulanylandygy üçin jogapkärçilik

1. Haryt nyşanynyň ýa-da onuň bilen gatyşyp gitme derejesine çenli çalymdaş bolan belginiň bikanun ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige getirip biler.

2. Aşakdaky ýaly bikanun hereketler haryt nyşanynyň eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip hasap edilýär:

- mahabat üçin, çap edilen önümlerde, resmi edara kagyzlarynda, asma ýazgylarda, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende taýýarlamak, ulanmak we peýdalanmak;

- ýurda getirmek, satmak üçin teklip etmek, satmak we Türkmenistanyň çäklerinde hojalyk dolanyşygyna başga hili girizmek we/ýa-da şu maksat bilen daşamak;

- işler ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende ulanmak we/ýa-da ýerleşdirmek;

- domenleriň adynda we/ýa-da elektron bilen ugratmagyň beýleki usullarynda ulanmak;

- haryt nyşany ýa-da onuň bilen belgilenen harytlar babatda onuň eýesine we sarp edijilere zelel ýetirýän gaýry hereketler.

Haryt nyşany bilen gatyşyp gitme derejesine çenli meňzeş bolan belgiler babatda amala aşyrylan ýokarda agzalan hereketler hem haryt nyşanynyň eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip hasap edilýär.

3. Haryt nyşanyny bikanun ulanýan adam haryt nyşanynyň eýesiniň talap etmegi ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça:

- ony ulanmagyny bes etmäge;

- haryt nyşanyna bolan hukugyň bozulmagyna çenli hereket eden ýagdaýy dikeltmäge;

- ýitirilen peýdany goşmak bilen, zeleliň ýerini dolmaga ýa-da öwez tölegini tölemäge. Öwez töleginiň möçberi kazyýetiň çözgüdi bilen ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär;

- haryt nyşanynyň eýesiniň işewürlik abraýyny dikeltmek maksady bilen, kazyýetiň çözgüdini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etdirmäge;

- harytdan ýa-da onuň gabyndan bikanun ulanylýan haryt nyşanyny ýa-da onuň bilen gatyşyp gitme derejesine çenli meňzeş bolan belgileri aýyrmaga borçludyr.

4. Kazyýet bikanun önümleri elden almak barada çözgüt çykarmaga haklydyr.

26-njy madda. Haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi

1. Bellige alnan haryt nyşanyň harytlaryň hemmesine ýa-da bir bölegine bolan aýratyn hukugy onuň eýesi tarapyndan beýleki gyzyklanýan şahsa şertnama esasynda geçirilip bil