Türkmenistanyň Gümrük kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak

we güýje girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda)

1-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksini, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

4-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň gümrük işi babatda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär.

5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirilýänçä Türkmenistanyň Gümrük kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirmeli.

    Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

№ 137-IV.

TÜRKMENISTANYŇ

GÜMRÜK KODEKSI

Şu Kodeks Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji bap. ESASY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanyň gümrük syýasaty

Türkmenistanda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölegi bolup durýan ýeke-täk gümrük syýasaty durmuşa geçirilýär.

2-nji madda. Türkmenistanda gümrük işi

Türkmenistanda gümrük işi harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, gümrük düzgünleriniň ulanylmagynyň, gümrük tölegleriniň töledilmeginiň, gümrük gözegçiliginiň tertibini we şertlerini kesgitleýän meseleleriň we Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň beýleki çäreleriniň gümrük taýdan düzgünleşdirilmeginiň usullarynyň we serişdeleriniň jeminden ybarat bolup durýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy

1. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň gümrük işi babatdaky gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksdäkiden başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4-nji madda. Türkmenistanyň gümrük çägi we gümrük serhedi

1. Territorial suwlaryny we onuň üstündäki howa giňişligini hem goşmak bilen, Türkmenistanyň çägi Türkmenistanyň gümrük çägini düzýär.

2. Türkmenistanyň gümrük çägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň ýuridik taýdan garamagynda durýan Türkmenistanyň aýratyn ykdysady zolagynda we Türkmenistanyň kontinental şelfinde ýerleşen emeli adalary, desgalary we gurluşlary hem öz içine alýar.

3. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginiň bir bölegi bolup durýan ýörite ykdysady zolaklar hem ýerleşip bilýär. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagynyň maksatlary üçin, ýörite ykdysady zolaklaryň çäginde ýerleşdirilen harytlara Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda ýerleşýän harytlar hökmünde garalýar, şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

4. Türkmenistanyň gümrük çäginiň serhetleri, şeýle hem şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen çäkleriň serhetleri Türkmenistanyň gümrük serhedi bolup durýar.

5. Türkmenistanyň gümrük serhedi Türkmenistanyň Döwlet serhedi bilen gabat gelýär, şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen çäkleriň serhetleri muňa degişli däldir.

5-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

1. Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) dahylly şahslar – eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmaýan bolsa, gümrük edaralarynyň harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatdaky çözgütlerinde, hereketlerinde (hereketsizliginde) gös-göni we aýratynlykda bähbitleri aralýan şahslar;

2) daşary ýurt harytlary – şu bölegiň 25-nji bendine laýyklykda türkmen harytlary bolup durmaýan harytlar;

3) daşary ýurtly şahs – şu bölegiň 26-njy bendine laýyklykda Türkmenistanyň şahsy bolup durmaýan şahs;

4) daşaýjy – Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden harytlary daşamagy we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiligindäki harytlary daşamagy amala aşyrýan ýa-da ulag serişdesiniň ulanylmagy üçin jogapkär bolup durýan şahs;

5) deklarant – gümrük deklarasiýasyny berýän şahs ýa-da adyndan gümrük deklarasiýasy berilýän şahs;

6) erkin dolanyşyk – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlaryň dolanyşygy;

7) gümrük amaly – gümrük maksatlary üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibini göz öňünde tutýan hem-de harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň statusyny kesgitleýän düzgünleriň jemi;

8) gümrük deklarasiýasy – şu Kodekse laýyklykda gümrük edarasyna berilmegi üçin zerur bolan maglumatlar görkezilýän bellenilen görnüşdäki gümrük resminamasy;

9) gümrük dellaly (wekili) – deklarantyň ýa-da şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjy ýüklenen ýa-da şeýle hukuk berlen başga şahsyň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük operasiýalaryny amala aşyrýan araçy;

10) gümrük düzgüni – harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň hem-de Türkmenistanyň gümrük çäginde ýa-da bu çäkden daşarda ulanylmagynyň maksatlaryna baglylykda olaryň statusyny kesgitleýän, şu Kodeksde bellenilen kadalaryň jemi;

11) gümrük edaralary – gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we onuň tabynlygyndaky gümrük edaralary;

12) gümrük gözegçiligi – Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň hem-de ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň jemi;

13) gümrük işi babatdaky iş – ýuridik şahslaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler, gümrük ammarlaryna eýelik edýänler we gümrük dellallary (wekilleri) hökmündäki işi;

14) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy – ýerine ýetiriji häkimiýetiň Türkmenistanda gümrük işine ýolbaşçylygy amala aşyrýan merkezi edarasy;

15) gümrük maksatlary üçin harytlaryň we ulag serişdeleriniň statusy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlary we ulag serişdelerini peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň bolmagy ýa-da bolmazlygy;

16) gümrük operasiýalary – harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilen mahalynda şahslar we gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda amala aşyrylýan aýratyn hereketler;

17) gümrük resminamalary – diňe gümrük maksatlary üçin düzülýän resminamalar;

18) gümrük tölegleri – gümrük paçlary, salgytlar, gümrük ýygymlary.

Salgytlara harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töledilip alynmagy Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen goşmaça tölegler (aksizler) degişlidir;

19) harytlar – Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän islendik gozgalýan emläk, şu bölegiň 28-nji bendinde görkezilen ulag serişdeleri muňa degişli däldir;

20) harytlary goýbermek – gümrük edaralarynyň dahylly şahslara

harytlary ýerleşdirilen gümrük düzgünine laýyklykda peýdalanmaga we (ýa-da) olara ygtyýarlyk etmäge rugsat berilmegini özünde jemleýän hereketi;

21) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň islendik usul bilen Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da bu çäkden alnyp gidilmegi boýunça hereketleriň amala aşyrylmagy:

a) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden hakykatdan geçirilmegi hem-de gümrük edaralary tarapyndan goýberilýänçä, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ähli soňraky hereketleriň amala aşyrylmagy;

b) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi – gümrük deklarasiýasynyň berilmegi ýa-da harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen, şu kiçi bendiň ikinji tesiminde görkezilen hereketleriň amala aşyrylmagy, şeýle hem harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň hakykatdan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegine çenli, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ähli soňraky hereketleriň amala aşyrylmagy.

Harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen hereketlere Türkmenistandan çykyp gidýän fiziki şahsyň gümrük gözegçiligi zolagyna girmegi, ulag serişdesiniň Türkmenistanyň gümrük çäginden çykyp gitmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerine girmegi, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary ibermek üçin ulag kärhanalaryna ýa-da halkara poçta ugratmalarynyň poçta aragatnaşyk kärhanalaryna berilmegi, şahsyň harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen ýerden başga ýerlerden gümrük serhedinden hakykatdan geçmäge gös-göni gönükdirilen hereketleri degişlidir;

22) harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar – gümrük serhedinden geçirilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiliginde daşalýan harytlara degişli bolan we olaryň ýany bilen iberilýän ulag (daşaýyş), täjirçilik we gümrük resminamalary;

23) şahs – ýuridik ýa-da fiziki şahs;

24) täjirçilik resminamalary – eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna ýa-da iş dolanyşygynyň adatlaryna laýyklykda daşary söwda we başga iş amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan we kanunyň, taraplaryň ylalaşygynyň ýa-da iş dolanyşygynyň adatlarynyň hereketine laýyklykda harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklamak üçin peýdalanylýan hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri we başga resminamalar;

25) türkmen harytlary – gümrük maksatlary üçin Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolmak statusyna eýe bolan harytlar:

a) dolulygyna Türkmenistanda öndürilen;

b) Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen;

ç) Türkmenistanda dolulygyna öndürilen we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen harytlardan ýasalan;

26) Türkmenistanyň şahsy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanda ýerleşýän ýuridik şahs, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs;

27) ulag (daşaýyş) resminamalary – halkara daşamalary mahalynda harytlary daşamagyň şertnamasynyň bardygyny we mazmunyny tassyklaýan hem-de harydyň ýany bilen iberilýän konosament, ýol-ulag resminamasy ýa-da başga resminamalar;

28) ulag serişdeleri – ýolagçylary we harytlary halkara gatnawy boýunça gatnatmak-daşamak üçin ulanylýan islendik deňiz (derýa) gämisi (özi ýöreýän we özi ýöremeýän lihtýorlary, baržalary hem goşmak bilen), howa ýassygy bilen hereket edýän gämi, howa gämisi, awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulag serişdelerini hem goşmak bilen) ýa-da demir ýol ulag düzüminiň birligi, şeýle hem ulag serişdeleri bilen bilelikde äkidilýän bolsa, öndüriji tarapyndan olarda göz öňünde tutulan ätiýaçlyk şaýlary, esbaplar, enjamlar we öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan gaplaryndaky ýangyç-ýaglaýjy materiallar we ýangyç.

2. Şu Kodeksde ähli başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kodeksiň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.

2-nji  bap. TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK SERHEDINDEN

HARYTLARYŇ WE ULAG SERIŞDELERINIŇ

GEÇIRILMEGINIŇ ESASY ÝÖRELGELERI

6-njy madda. Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilmegi

1. Ähli şahslaryň deň esaslarda şu Kodeksde bellenilen tertipde Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlary we ulag serişdelerini geçirmäge hukugy bardyr, şu Kodeksde, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýär.

7-nji madda. Harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilen mahalynda gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegi

1. Eger şu Kodeksde ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden haýal etmän alnyp gidilmegine degişlidir. Görkezilen harytlar daşaýjy tarapyndan alnyp gidilýär.

Alnyp gidilmegi mümkin bolmadyk ýa-da haýal etmän alnyp gidilmegi berjaý edilmedik halatynda, ol harytlar şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslaryň hasabyna wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýa-da gümrük gözegçiligi zolaklary bolup durýan başga ýerlere ýerleşdirilmäge degişlidir. Şeýle harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň aňryçäk möhleti, eger harytlaryň aýratyn görnüşleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa - üç gije-gündizden ybarat. Bu möhlet geçenden soň görkezilen harytlara ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi çäklendirilen harytlaryň getirilmegine (şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa - gümrük edarasy tarapyndan goýberilmegine) rugsat berilýär.

2. Alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden hakykatda alnyp gidilmäge degişli däldir.

3. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi çäklendirilen harytlaryň alnyp gidilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda rugsat berilýär.

4. Şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslaryň, deklarantlaryň, daşaýjylaryň ýa-da başga şahslaryň, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine ýa-da olaryň şol çäkden alnyp gidilmegine gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly çykdajylarynyň öwezi gümrük edarasy tarapyndan dolunmaýar.

8-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek we gümrük gözegçiligi

1. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde gümrük taýdan resmileşdirilmäge we gümrük gözegçiligine degişlidir.

2. Gümrük edarasynyň we onuň wezipeli adamlarynyň gümrük taýdan resmileşdirmegi we gümrük gözegçiligini amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulmadyk talaplary we çäklendirmeleri bellemäge haky ýokdur.

9-njy madda. Harytlaryň goýberilmegi üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjy

Şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, şu aşakdakylar harytlaryň goýberilmegi üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjuny çekýärler:

1) Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň şahsy tarapyndan baglaşylan daşary ykdysady geleşige laýyklykda amala aşyrylýan bolsa - şeýle daşary ykdysady geleşigi baglaşan ýa-da adyndan ýa-da tabşyrmagy boýunça şol geleşik baglaşylan Türkmenistanyň şahsy;

2) eger harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi Türkmenistanyň şahsy bilen daşary ykdysady geleşik baglaşylmazdan amala aşyrylýan bolsa:

a) Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlara eýelik etmäge hukugy we (ýa-da) harytlary peýdalanmaga hukugy bolan şahs;

b) gümrük gözegçiligindäki harytlar bilen ýuridik ähmiýetli hereketleri öz adyndan amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna we (ýa-da) şu Kodekse laýyklykda ýeterlik derejede ukyby bolan başga şahslar.

3-nji bap. MAGLUMAT WE MASLAHAT BERLIŞI

10-njy madda. Gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumat

1. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we beýleki gümrük edaralary gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumatlaryň erkin tölegsiz, şol sanda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak bilen peýdalanylmagyny üpjün edýär.

2. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy döwürleýin metbugat neşirlerinde bu edara tarapyndan kabul edilen gümrük işi babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň çap edilmegini üpjün edýär.

11-nji madda. Gümrük işiniň meseleleri we gümrük edaralarynyň ygtyýarlygyna degişli başga meseleler boýunça maslahatlaryň berilmegi

1. Gümrük edaralary dahylly şahslara gümrük işiniň meseleleri we ol edaralaryň işine degişli başga meseleler boýunça maslahat berýärler. Dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça maglumatlar mümkin bolan gysga möhletde, emma görkezilen ýüz tutma alnan gününden başlap bir aýdan gijä galynman berilýär.

2. Gümrük edaralary tarapyndan maslahat bermek dilden we ýazmaça görnüşde tölegsiz amala aşyrylýar.

3. Maslahat berilýän mahalynda dahylly şahslara berlen maglumatlar gümrük edaralary tarapyndan harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda gümrük operasiýalary amala aşyrylan mahalynda çözgütleri kabul etmek ýa-da hereket etmek (hereket etmezlik) üçin esas däldir.

4. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary şu babyň düzgünlerine laýyklykda şahslara berilýän maglumatlaryň hakykylygyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

4-nji bap. HARYTLARYŇ GELIP ÇYKAN ÝURDY

12-nji madda. Harytlaryň gelip çykan ýurdunyň kesgitlenilişi

1. Harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemek gümrük-tarif düzgünleşdiriş çäreleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagynyň harytlaryň gelip çykan ýurduna bagly bolan ähli halatlarynda şu babyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Harytlaryň dolulygyna öndürilen ýa-da ýeterlik derejede gaýtadan işlenilmeginiň şu Kodeksiň 14-nji maddasynda bellenilen ölçeglerine laýyklykda ýeterlik derejede gaýtadan işlenilen ýurdy harytlaryň gelip çykan ýurdy hasap edilýär.

3. Ýurtlaryň topary, ýurtlaryň gümrük birleşmeleri, eger harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň maksatlary üçin şeýle bölmeklige zerurlyk bar bolsa, sebit ýa-da ýurduň bir bölegi harytlaryň gelip çykan ýurdy hasap edilip bilner.

4. Gümrük edaralary şu Kodeksiň 6-njy babyna laýyklykda deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemek hakynda deslapky çözgüdi kabul edýär.

13-nji madda. Dolulygyna belli bir ýurtda öndürilen harytlar

Şu harytlar dolulygyna belli bir ýurtda öndürilen harytlar hasap edilýär:

1) şol ýurduň ýeriniň astyndan, onuň çägindäki suwlardan (deňizden) ýa-da onuň deňiz düýbünden gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar;

2) şol ýurtda ösdürilip ýetişdirilen ýa-da ýygnalan ösümliklerden alnan, gelip çykyşy ösümlikden bolan önüm;

3) şol ýurtda dünýä inen we ýetişdirilen haýwanlar;

4) şol ýurtda ýetişdirilen haýwanlardan bu ýurtda alnan önüm;

5) şol ýurtda awçylyk we balykçylyk işleriniň netijesinde alnan önüm;

6) şol ýurduň gämisi bilen alnan deňiz balykçylyk işiniň önümi we deňiz awçylygynyň başga önümi;

7) şol ýurduň gaýtadan işleýän gämisiniň bortunda diňe şu maddanyň 6-njy bendinde görkezilen önümden alnan önüm;

8) şol deňiz düýbüni ýa-da deňziň astyndaky ýerleri işlemäge aýratyn hukuklary bolan şertinde, şol ýurduň territorial suwlarynyň (deňziň) çäginiň daşynda deňziň düýbünden ýa-da deňziň astyndaky ýerlerden alnan önüm;

9) şol ýurtda gaýtadan işlemek boýunça önümçilik ýa-da başga işleriň netijesinde alnan galyndylar we bölekler (ikilenç çig mal), şeýle hem şol ýurtda ýygnalan we diňe gaýtadan işläp çig mala öwürmek üçin ýaramly bolan, öň ulanylan önümler;

10) şol ýurtda, diňe şu maddanyň 1-9-njy bentlerinde görkezilen önümden öndürilen harytlar;

11) şol ýurduň çäginde işlenip çykarylan elektrik energiýasy.

14-nji madda. Harytlary ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçegleri

1. Eger harytlaryň öndürilmegine iki we şondan köp ýurt gatnaşýan bolsa, şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçeglerine laýyk gelýän, harytlary gaýtadan işlemek ýa-da öndürmek boýunça soňky operasiýalaryň amala aşyrylan ýurdy, harydyň gelip çykan ýurdy hasap edilýär.

2. Eger harytlaryň aýratyn görnüşleri ýa-da haýsy-da bolsa bir ýurt babatda, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň aýratynlyklary şu maddanyň üçünji bölegine laýyklykda aýratyn agzalyp geçilmeýän bolsa, onda, eger harytlaryň gaýtadan işlenmegi we öndürilmegi boýunça operasiýalaryň amala aşyrylmagy netijesinde Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň toparlara bölüniş kody islendik birinji dört belginiň derejesinde üýtgän bolsa, harytlar şol ýurtdan gelip çykan hasap edilýän umumy düzgün ulanylýar.

3. Harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemek üçin harytlaryň ýeterlik derejede gaýtadan işlenilmeginiň şu aşakdaky ölçegleri-de ulanylýar:

1) önümçilik ýa-da tehnologik operasiýalaryň bolup geçen ýurdunyň harytlaryň gelip çykan ýurdy hasap edilmegi üçin ýeterlik bolan anyk önümçilik ýa-da tehnologik operasiýalaryň ýerine ýetirilmegi;

2) harytlaryň bahasynyň, ulanylan materiallaryň bahasynyň ýa-da goşulan bahanyň göterimleýin paýynyň ahyrky önümiň bahasyndaky bellenilen paýa ýetmegi bilen üýtgemegi (adwalor paýyň düzgüni).

4. Şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen düzgünlere garamazdan, şular ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçeglerine gabat gelmeýär:

1) harytlar saklanylýan ýa-da ulagly daşalýan wagtynda olaryň abatlygynyň üpjün edilmegi boýunça operasiýalar;

2) harytlaryň satuwa we ulagly daşamaga taýýarlanylmagy (tapgyryň bölünmegi, ugratmalaryň düzülmegi, aýyl-saýyl edilmegi, gaýtadan gaplanylmagy) boýunça operasiýalar;

3) berkidiji materiallaryň (hyrlaryň, gaýkalaryň, nurbatlaryň we başgalaryň) ýa-da berçinlemek, kebşirlemek, galaýylap tutdurmak ýa-da ýelimlemek arkaly harydyň düzüm bölekleriniň ýygnalmagyna düşünilýän, ýönekeý ýygnama operasiýalary;

4) eger ahyrky önümiň häsiýetleri garylýan harytlaryň häsiýetlerinden düýpli tapawutlanmaýan bolsa, dürli ýurtlardan gelip çykýan harytlaryň garylmagy;

5) mallaryň soýulmagy;

6) ýokarda görkezilen operasiýalaryň iki ýa-da şondan köp sanysynyň gatyşmasy.

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň tarif preferensiýalaryny berýän ýurtlaryndan getirilýän harytlaryň aýratyn görnüşleri üçin ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçeglerini ulanmagyň tertibi bellenilen mahalynda tarif preferensiýalaryny bermek maksady bilen, gös-göni satyn almagyň we göni ýükläp ugratmagyň düzgünlerini ulanmagyň şertlerini kesgitlemäge haklydyr.

15-nji madda. Harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň aýratynlyklary

1. Eger önümçilik ýa-da ulag şertleri zerarly bir tapgyrda ýükläp ibermek mümkin bolmaýan, sökülen ýa-da ýygnalmadyk görnüşde birnäçe tapgyrlar bilen getirilýän harytlaryň, şeýle hem ýalňyşlyk sebäpli tapgyry birnäçe tapgyrlara bölünen harytlaryň gelip çykan ýurdy anyklananda, şeýle harytlara deklarantyň islegine görä bir bitewi haryt hökmünde garalýar.

2. Şu aşakdakylar şu maddanyň birinji böleginiň düzgünleriniň ulanylýan şertleri bolup durýar:

1) harytlaryň tapgyrlaýyn iberilmeginiň sebäbini görkezmek bilen, sökülen ýa-da ýygnalmadyk görnüşde getirilýän harytlar hakynda gümrük edarasyna deslapdan habar berilmegi we her bir tapgyra girýän harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça toparlara bölüniş kodlaryny, bahasyny we gelip çykan ýurduny görkezmek bilen her bir tapgyrynyň ýöriteleşdirilmesiniň (spesifikasiýasynyň) berilmegi. Ýalňyşlyk goýberilmegi ýa-da nädogry salga iberilmegi netijesinde harydyň birnäçe tapgyra bölünen halatlarynda şeýle bölmäniň ýalňyşdygynyň resminamaly tassyklamasy goşmaça berilýär;

2) harytlaryň ähli tapgyrlarynyň bir kontraktyň çäklerinde bir ýurtdan bir iberiji tarapyndan iberilmegi;

3) harytlaryň ähli tapgyrlarynyň bir gümrük edarasynda deklarirlenilmegi;

4) gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň birinji tapgyry babatda gümrük deklarasiýasy kabul edilen gününden başlap alty aýdan uzak bolmadyk möhletde harytlaryň ähli tapgyrynyň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi. Harytlaryň haryt alyja bagly bolmadyk sebäplere görä getirilmegi mümkin bolmadyk halatda esaslandyrylan arza boýunça harydyň galan tapgyrlarynyň getiriliş möhleti gümrük edarasy tarapyndan uzaldylyp bilner. Şunda, görkezilen uzaldylma harydyň birinji tapgyrynyň getirilen gününden başlap bir ýyldan uzak bolup bilmez.

3. Maşynlar, enjamlar, abzallar ýa-da ulag serişdeleri bilen bilelikde ulanmak üçin niýetlenilen kömekçi serişdeler, esbaplar, ätiýaçlyk şaýlary we gurallar, eger şol kömekçi serişdeler, esbaplar, ätiýaçlyk şaýlary we gurallar ýokarda görkezilen maşynlar, enjamlar, abzallar ýa-da ulag serişdeleri bilen olaryň ýany bilen iberilýän tehniki pasportda, tehniki formulýarda we beýleki tehniki resminamalarda görkezilen mukdarda bir toplumda getirilýän we ulanylýan bolsalar, olar maşynlaryň, enjamlaryň, abzallaryň ýa-da ulag serişdeleriniň gelip çykan ýurdundan gelip çykan hasap edilýär.

4. Harydyň Türkmenistanyň gümrük çägine gaplanylyp getirilýän gaby harydyň özüniň gelip çykan ýurdundan gelip çykan hasap edilýär, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda gabyň harytdan aýratynlykda deklarirlenilýän halatlary muňa degişli däldir. Şu halatlarda gabyň gelip çykan ýurdy harydyň gelip çykan ýurdundan aýratyn kesgitlenilýär.

16-njy madda. Harytlaryň gelip çykan ýurdunyň tassyklanylmagy

Harydyň gelip çykyşy hakynda deklarasiýa ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama harytlaryň belli bir ýurtdan gelip çykandygyny tassyklaýan resminamalar bolup durýar.

17-nji madda. Harydyň gelip çykyşy hakynda deklarasiýa

1. Eger harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemäge mümkinçilik berýän maglumatlar görkezilen bolsa, harytlaryň gelip çykyşy hakynda erkin görnüşde düzülen deklarasiýa şu Kodekse laýyklykda harydyň gelip çykan ýurduny tassyk edýän resminama bolup hyzmat edip biler. Harytlara degişli, harytlaryň gelip çykan ýurdy hakynda öndüriji, satyjy ýa-da eksport ediji tarapyndan harytlaryň alnyp gidilmegi bilen baglanyşykly mälim etmesini özünde jemleýän täjirçilik ýa-da islendik başga resminamalar şeýle deklarasiýa hökmünde ulanylyp bilner.

2. Eger harydyň gelip çykyşy hakynda deklarasiýada harydyň gelip çykan ýurdy hakynda maglumatlar ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň Türkmenistanda ulanylýan ölçeglerinden başga ölçeglere esaslanýan bolsa, harydyň gelip çykan ýurdy şu Kodeksiň 14-nji maddasynda görkezilýän ölçeglere laýyklykda kesgitlenilýär.

18-nji madda. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama

1. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama – harydyň gelip çykan ýurdunyň ýa-da eger haryt alnyp gidilýän ýurtda güwänama harydyň gelip çykan ýurdundan alnan maglumatlar esasynda berilýän bolsa, haryt alnyp gidilýän ýurduň ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen, harydyň gelip çykan ýurduny tassyk edýän resminama.

2. Haryt Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda, eger harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama harydyň getirilmeli ýurdunyň kanunçylygy boýunça kontraktyň şertlerine görä zerur bolsa ýa-da şeýle güwänamanyň bolmagy Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistanyň degişli ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan görkezilen güwänama berilýär.

3. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama beren Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy şulara borçludyr:

1) harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň göçürme nusgasyny we harydyň gelip çykyşyny tassyklamak üçin esas bolan başga resminamalary olaryň berlen gününden başlap azyndan üç ýyl saklamaga;

2) gümrük edarasynyň talaby boýunça onuň bellän möhletinde harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň hakykylygyny ýa-da esaslydygyny barlamak üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary bermäge.

4. Eger harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamada harydyň gelip çykan ýurdy hakyndaky maglumatlar ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň Türkmenistanda ulanylýan ölçeglerinden başga ölçeglere esaslanýan bolsa, harydyň gelip çykan ýurdy şu Kodeksiň 14-nji maddasynda görkezilýän ölçeglere laýyklykda kesgitlenilýär.

5. Güwänamanyň ýa-da ondaky maglumatlaryň hakykylygy babatda şübhelenme ýüze çykan halatynda gümrük edarasy harydyň gelip çykan ýurdunyň güwänamany beren ygtyýarly edarasyna goşmaça ýa-da takyklaýjy maglumatlary habar bermegini delillendirip, haýyş edip biler.

19-njy madda. Harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamalaryň berilmegi

1. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda Türkmenistan ol harytlaryň gelip çykan ýurduna tarif preferensiýalaryny beren halatynda berilýär.

Gümrük edarasy, gümrük paçlarynyň we salgytlaryň möçberleriniň we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagyna täsir edýän, harytlaryň gelip çykan ýurdy hakynda mälim edilen maglumatlaryň dogry däldigini çak etmäge esaslar bar bolan başga halatlarda, harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamanyň berilmegini talap etmäge haklydyr.

Görkezilen halatlarda, harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminama gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak üçin zerur bolan gümrük deklarasiýasy we başga resminamalar bilen bir wagtda, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan görnüşinde berilýär.

2. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama ýitirilen mahalynda şu Kodeksiň 18-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara tarapyndan berlen öwezlik nusgasy kabul edilýär.

3. Harytlaryň gelip çykan ýurdy harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamada görkezilen maglumatlaryň harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolan maglumatlar bilen kybaplanylandan soň gümrük edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Gümrük edarasynda resmi taýdan berlen blanklaryň, möhürleriň, ygtyýarly adamlaryň gollarynyň nusgalyklarynyň, şeýle hem harytlaryň gelip çykyşy hakynda güwänamalary tassyklamaga we bermäge ygtyýarly edaralaryň salgylarynyň bolmagy gümrük edarasy tarapyndan harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň kabul edilmeginiň şerti bolup durýar.

20-nji madda. Harydyň gelip çykyşynyň delilleri boýunça harydy goýbermekden ýüz öwürmek üçin esaslar

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda harydyň gelip çykan ýurdy, harydy Türkmenistana getirilmäge degişli bolmadyk ýurt bolsa, gümrük edarasy harydy goýbermekden ýüz öwürýär.

2. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň ýa-da deklarasiýanyň nädogry resmileşdirilip berilmegi ýa-da olaryň berilmezligi harydy goýbermekden ýüz öwürmek üçin esas bolmaýar, şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

3. Harydyň gelip çykan ýurdy tassyklanmadyk halatynda, şeýle haryt babatda bellenilen gümrük paçlarynyň iň ýokary möçberleri ulanylýar.

4. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen haryt babatda preferensial düzgün ýa-da has amatly düzgün gümrük edarasy tarapyndan gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününden başlap bir ýylyň dowamynda degişli harydyň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminama alnan şertinde ulanylýar (dikeldilýär).

5-nji bap. DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ HARYT

NOMENKLATURASY

21-nji madda. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy

1. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamy esasynda tassyklanylýar.

2. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy gümrük-tarif düzgünleşdirmek çäreleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagy, daşary söwdanyň gümrük statistikasynyň ýöredilmegi üçin peýdalanylýar.

22-nji madda. Harytlaryň toparlara bölünişi

1. Harytlar şu Kodeksiň 11-nji babyna laýyklykda deklarirlenilen mahalynda toparlara bölünmäge degişlidir, oňa laýyklykda her bir harydyň Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça toparlara bölüniş kody bardyr.

2. Harytlar deklarirlenilen mahalynda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça olaryň toparlara bölüniş kody nädogry görkezilen halatynda, şeýle harytlary gümrük edarasynyň özi toparlara bölýär.

3. Gümrük edarasynyň harytlary Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda toparlara bölmek boýunça çözgüdi hökmanydyr. Deklarant Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şeýle çözgüde şikaýat etmäge haklydyr.

4. Harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda görkezilen maglumatlaryň, şeýle hem bilermenler seljermesini amala aşyrýan guramalar tarapyndan berilýän netijenamalaryň, kepilnamalaryň, bilermenler seljermesiniň namalarynyň kömekçi (maglumat beriş) häsiýeti bardyr we olar harytlar toparlara bölünen mahalynda göz öňünde tutulyp bilner.

5. Deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasy şu Kodeksiň 6-njy babyna laýyklykda harydyň toparlara bölünişi hakynda deslapky çözgüdi kabul edýär.

6-njy bap. DESLAPKY ÇÖZGÜT

23-nji madda. Deslapky çözgüdiň kabul edilmegi

1. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän gümrük edaralary deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň (mundan beýläk şu bapda – arza beriji) ýüz tutmasy boýunça anyk haryt babatda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek hakynda, harydyň anyk ýurtdan gelip çykandygy (harytlaryň gelip çykan ýurdy) hakynda deslapky çözgüdi kabul edýär.

2. Deslapky çözgüdi kabul etmegiň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

24-nji madda. Deslapky çözgüdi kabul etmek hakynda arza

1. Deslapky çözgüdi kabul etmek hakynda arza (mundan beýläk şu bapda - arza) arza beriji tarapyndan degişli gümrük edarasyna ýazmaça görnüşde iberilýär.

2. Arzada haryt hakynda deslapky çözgüdi kabul etmek üçin zerur maglumatlar bolmalydyr. Şular arzanyň ýanyna goşulmalydyr: harydyň nusgalyklary we nusgalary, onuň beýany, fotosuratlary, suratlary, çyzgylary, täjirçilik, tehniki we beýleki resminamalar.

3. Eger başga maglumatyň berilmegi ýa-da bilermenler seljermesiniň geçirilmegi talap edilmeýän bolsa, gümrük edarasy arza seredýär we otuz günüň dowamynda deslapky çözgüdi berýär.

4. Eger arza beriji tarapyndan berlen maglumatlar deslapky çözgüdiň kabul edilmegi üçin ýeterlik däl bolsa, onda gümrük edarasy arzany alan gününden başlap otuz günüň dowamynda arza berijä goşmaça maglumat bermegiň zerurlygy hakynda habar berýär we onuň berilmeli möhletini belleýär. Bellenilen möhletde goşmaça maglumat berilmedik mahalynda arza ret edilýär.

5. Arza ret edilen halatynda gümrük edarasy iki günüň dowamynda arza berijä ýazmaça görnüşde delillendirilen habar ibermäge borçludyr.

Arzanyň ret edilmegi, onuň ret edilmegi üçin esas bolan sebäpler aýrylan şertinde, arza berijiniň deslapky çözgüdiň kabul edilmegi hakynda gaýtadan ýüz tutmagyna päsgelçilik bermeýär.

25-nji madda. Deslapky çözgüdiň ýuridik ähmiýeti we hereket ediş möhleti

Deslapky çözgüt ähli gümrük edaralary üçin hökmany bolup durýar. Eger şu Kodeksiň 26-njy maddasyna laýyklykda deslapky çözgüt ýatyrylan ýa-da üýtgedilen bolmasa, ol kabul edilen gününden başlap üç ýylyň dowamynda hereket edýär.

Deslapky çözgütden diňe arzasy boýunça şeýle çözgüt kabul edilen şahsyň peýdalanmaga haky bardyr.

26-njy madda. Deslapky çözgüdiň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy

1. Deslapky çözgüdi kabul eden gümrük edarasy, ony üýtgetmäge ýa-da ýatyrmaga haklydyr.

2. Deslapky çözgüt şu halatlarda üýtgedilýär:

1) Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan Türkmenistanda ulanylmagy hökmany bolan çözgütler kabul edilende;

2) eger Türkmenistanyň harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň meselelerine degişli kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň başga talaplary we şertleri bellenilýän bolsa;

3) Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy ýa-da Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň deslapky çözgüdi kabul etmek babatdaky düzgünleri üýtgedilende;

4) deslapky çözgüt kabul edilen mahalynda goýberilen ýalňyşlar ýüze çykarylanda.

Deslapky çözgüdiň üýtgedilmegi üýtgetmek hakyndaky çözgüt kabul edilen gününden başlap güýje girýär.

Deslapky çözgüdi üýtgetmek hakyndaky çözgüt deslapky çözgüt berlen şahsa üç gün möhletde iberilýär.

3. Eger deslapky çözgüt arza beriji tarapyndan berlen galp resminamalar we nädogry maglumatlar esasynda kabul edilen bolsa, deslapky çözgüt ýatyrylýar. Deslapky çözgüdiň ýatyrylmagy, şeýle çözgüdi ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilen gününden güýje girýär.

Deslapky çözgüdiň ýatyrylmagy hakyndaky çözgüt üç günüň dowamynda ýazmaça görnüşde deslapky çözgüt berlen şahsa iberilýär.

II BÖLÜM. GÜMRÜK AMALLARY

1-nji kiçi bölüm. GÜMRÜK TAÝDAN RESMILEŞDIRMEK

7-nji bap. GÜMRÜK TAÝDAN RESMILEŞDIRMÄGE

DEGIŞLI ESASY DÜZGÜNLER

27-nji madda. Şu babyň ulanylyş çygry

Şu babyň düzgünleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulag serişdeleri babatda amala aşyrylýan ähli gümrük operasiýalaryna degişli bolup durýar.

28-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçiriliş tertibi

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek şu Kodeksde we Türkmenistanyň şoňa laýyklykda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmegiň tertibi we tilsimatlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň görnüşlerine, olaryň şeýle geçirilmegi üçin ulanylýan ulagyň görnüşine, harytlary we ulag serişdelerini geçirýän şahslaryň derejelerine görä bellenilýär.

3. Gümrük operasiýalary harytlaryň gelip çykan, ugradylýan we barýan ýurduna garamazdan deň ulanylýar.

29-njy madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň başlanmagy we tamamlanmagy

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek şu halatlarda başlanýar:

1) harytlar getirilen mahalynda – gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasy ýa-da şu Kodeksiň 40-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlar babatda resminamalar berlen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa – şahsyň gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak maksadyny tassyklap dilden mälim eden ýa-da başga hereketleri eden pursatynda;

2) harytlar alnyp gidilen mahalynda – gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasy berlen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa – şahsyň gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak maksadyny tassyklap dilden mälim eden ýa-da başga hereketleri eden pursatynda.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmek, harytlaryň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi we eger şeýle gümrük düzgüni kesgitli möhletiň dowamynda hereket edýän bolsa, ol düzgüniň hereketiniň tamamlanmagy, şeýle hem gümrük töleglerini hasaplamak we töledip almak üçin, şu Kodekse laýyklykda zerur bolan gümrük operasiýalarynyň geçirilmegi bilen tamamlanýar.

Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa we beýleki görnüşlerine degişli harytlar babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.

30-njy madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçirilýän ýeri we wagty

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýerlerinde olaryň iş wagtynda geçirilýär.

2. Deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalyndaky aýratyn gümrük operasiýalary gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýerlerinden daşarda we iş wagtyndan başga wagtda geçirilip bilner.

31-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar we maglumatlar

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalynda, şu Kodeksde kesgitlenilen şahslar, gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary gümrük edaralaryna bermäge borçludyrlar.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalynda gümrük edaralary diňe berilmegi şu Kodekse laýyklykda göz öň&

Goşundylar

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi RU
Ýükle

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi TM
Ýükle