Habarlar

Ýurdumyzda Täze Ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
2 Ýan
Ýurdumyzda Täze Ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar

Täze 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy we ünsümizi duýmak üçin birnäçe günüň dowamynda döredilen ajaýyplyklar bolup durýar.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralan medeni çäreler, sergiler we konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we oýunlar Täze ýyly garşylamak üçin ajaýyp sebäp boldy, hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi.

Täze ýyl agşamy «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança jadyly gyşky baga öwrüldi, bu ýerde garyň we gar syrgynlarynyň ýerine neon dekorasiýalary we elektrik gar tozgajyklary ulanyldy. Zer sapaklary bilen bezelen derwezeler we ötükler seýilbaglarynyň wezipesini, ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşanlary bolsa owadan şarlar bilen bezelen ýurdumyzyň Baş arçasy üçin baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabarany alypbaryjy ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimizi Täze ýyl, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize bagt, saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra baýramçylyk dabarasy, Täze ýyl gijesi türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň dolandyryş merkezleri bilen birleşdirýän çäre bilen utgaşyp, teleýaýlymlara göni teleköpri arkaly ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki baş arçada geçirilýän baýramçylyk dabaralary uly şatlyk we öwüşgin çaýdy. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ajaýyp baýramçylygyň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan nähili baýram edilýändigini synlamaga mümkinçilik berýär, olar hem öz gezeginde Aşgabatda guralan Täze ýyl dabaralaryna goşulyşyp, paýtagtly ýaşaýjylaryň şatlyklaryny paýlaşdylar.

Ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimize ýadawsyz zähmeti we Watanymyzyň, eziz halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri üçin çäksiz hoşallyk beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň täze belent üstünlikler hem-de zähmet ýeňişleri bilen özüniň şöhratly ýyl ýazgysyny mynasyp dowam etdirjekdigine hiç hili şübhe bolup bilmez.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzy Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylda hemmelere üstünligiň hemra bolmagyny arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda geçen ýylyň esasy wakalaryny, şol sanda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyny, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki «Akýaýla» suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygy ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna badalga berilmegini mysal getirdi.

Soňra baýramçylyk feýerwerki nurana asmanymyzy bezedi. Täze ýyl täze gadamlar bilen türkmen topragyna gadam basyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň töweregini dürli yşyklar bilen ýagtylandyrdy.

Täze ýyl agşamy dury asmanymyzyň nurly gijelerini dürli yşyklar bilen şöhlelendirip, howada gaýyp bolan, emma ynsan kalbynda süýji arzuw-islegleri galdyran dabaranyň her bir tomaşaçysyna hyýaly «çemenleri» gowşurdy.

Baýramçylyk feýerwerkinden soň, hormatly Prezidentimiziň sözlerine agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazyny ýazan «Arzuw» aýdymynyň ýaňlanmagy hemmeler üçin ýakymly täzelik boldy.

Täze ýyl agşamynda bu aýdymyň hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanmagy ähli halkymyzy ganatlandyryp, ýürekden çykýan iň gowy arzuw bolup eşidildi.