Gümrük habarlary

Lebap welaýat gümrükhanasynda okuw maslahaty geçirildi
11 Ýan
Lebap welaýat gümrükhanasynda okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasynyň internet sahypasynda ýerleşýän (www.terminal.gov.tm) gümrük amallaryny öňünden hasaba almak hyzmatynyň kömegi bilen daşary ykdysady işe gatnaşyjylar deslapdan harytlar barada degişli maglumatlary gümrük edarasyna mälim edip bilýändigi, her bir daşary ykdysady işine gatnaşyja internet ulgamy arkaly, gümrük edarasyna barmazdan, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin resminamalary elektron gönüşinde ýollamaga mümkinçilik döredilendigi, bu hyzmatyň ýeňillikleri serhetýaka gümrük postlarynda gelýän harytlary resmileşdirmekde wagtyň tygşytlanmagy hem-de deslapdan seljermek mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikler hakynda Lebap welaýat gümrükhanasynyň guramagynda halkara daşamalary amala aşyrýan ulag kärhanalaryň, telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň hem-de beýleki daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda bu ulgamyň mümkinçilikleri barada okuw görnüşli maslahat geçirildi.