Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna nobatdaky harby atlar dakyldy
24 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna nobatdaky harby atlar dakyldy

2020-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda harby gullukçylaryň birnäçesine Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin nobatdaky harby atlar dakyldy. Dabaraly çärä Gullugymyzyň şahsy düzümi gatnaşdy.

Nobatdaky harby atlary alan harby gullukçylar mähriban halkymyza, eziz Watanmyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam kabul etdiler.