Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «Kamaz» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
13 Few
Türkmenistanyň Prezidenti «Kamaz» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy dünýäniň ýük awtoulaglaryny we ýöriteleşdirilen ulag serişdelerini öndürijileriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz we myhman pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini ikitaraplaýyn bähbit üçin netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.