Habarlar

Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi
13 Few
Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi

2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üsti ýene bir altyn medal bilen ýetirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilogramdan ýokary derejede çykyş edip, umumylykda jemi 411 kilogram agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Şunda biziň türgenimiz silterläp götermekde hem (180 kg), itekläp götermekde hem (231 kg) hemmelerden rüstem geldi.

Bir gün öň ýanynda türkmenistanly agyr atletikaçylar ýurdumyzyň ýygyndy toparyna üç medal — bir kümüş we iki bürünç medal getirdiler.

Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli 7 medala, şol sanda bir altyn medala mynasyp boldy. Iň tapawutlanan türgenler dörtýyllygyň esasy sport ýaryşlaryna — şu ýyl Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.