Habarlar

Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatorynyň Aşgabada sapary
14 Few
Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatorynyň Aşgabada sapary

2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasýasynyň wekilçilikli wekiliýeti Aşgabada geldi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özarahereketleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde möhüm orna eýe bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Soňra A.D.Beglowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar iki ýurduň Baştutanlarynyň özara saparlarynyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar. Halkara we sebitleýin guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Bu ugurda Türkmenistanyň sebitde hem-de onuň çäginden daşarda parahatçylygyň, durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen başlangyçlary aýratyn nygtaldy.   

Taraplar rus kompaniýalarynyň birnäçesiniň Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan taslamalara işjeň gatnaşmaklary bilen bir hatarda söwda-ykdysady gataşyklarynyň ýokary derejesi barada gürrüň etdiler. Nebitgaz we ulag ulgamlaryndaky häzirki we geljegi uly taslamalara seredilip geçildi.   

Şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, sungat we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlar, aýratyn hem ýokary tehnologiýalar ulgamynda bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagy üçin zerur bolan kadalaşdyryjy binýadynyň kemala getirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň meselelerine seredilip geçildi.

Iki ýurduň baý medeniýeti hakynda gürrüň etmek bilen taraplar Türkmenistanda we Sankt-Peterburgda medeni çäreleriň geçirilmeginiň üstünlige eýe bolýandygyny nygtadylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem dowam etdiriljekdigine umyt bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A.D.Beglowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekdiler.