Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
14 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol wekiliýete ýolbaşçylyk edip, paýtagtymyza geldi, diýip TDH habar berýär.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri boýunça pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe, onuň uly kuwwaty ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Söwda-ykdysady, energetika, gämigurluşyk, gazsenagat toplumy, IT-tehnologiýalary, hususan-da, täze «akylly şäherleriň» gurluşygynda ulanylýan tehnologiýalar hem-de kommunikasiýa ulgamynda tagallalary birleşdirmek, şol sanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman giň ugurlar boýunça işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, şeýle gatnaşyklaryň uzak möhletli özara bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň strategik ugruna laýyk gelýändigini bellediler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.