Gümrük habarlary

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäre
8 Mar
Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäre

2020-nji ýylyň 7-nji martynda Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabarasy boldy. 

Onda Gullugymyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döwletimiz ýurtdaky her bir zenan maşgala üns berýär: işleýän, kömek puluny ýa-da pensiýa alýan, ýokary okuw jaýynda, mekdepde we hat-da çagalar bagynda okaýanlarada. 

Aýal-gyzlaryň gününi bellemek, baharyň gyz gözelliginiň, näzikligiň, ruhy paýhasyň we aýal-gyzlaryň ýagdaýyna we ýaşyna garamazdan üns berilýän güni hasaplanýar.

Bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty döredilýän täze durmuş hem-de ykdysady şertlerde zenanlarymyzyň diňe bir maşgala ojagyny goraýjylar bolman, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylym, sungat, sport dünýäsinde öz mynasyp orunlaryny tapmagyna gönükdirilendir.