Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy hukuk goraýjy edaralary tarapyndan täsir ediş çäreleri barada wideo aragatnaşyk arkaly okuw çäresi
10 Iýun
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy hukuk goraýjy edaralary tarapyndan täsir ediş çäreleri barada wideo aragatnaşyk arkaly okuw çäresi

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy hukuk goraýjy edaralary tarapyndan täsir ediş çäreleri barada wideo aragatnaşyk arkaly okuw çäresi geçirildi. 

Okuw çäresi Türkmenistanyň Döwlet gümrük we serhet gulluklarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, şeýle hem Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan Respublikalarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.  

Halkara bilermenler hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň halkara utgaşdyryjylary hem-de bu müdirligiň barlaghanasynyň wekili çykyş etdiler. Okuw çäresiniň açylyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň sebitleýin wekili hanym Aşita Mittal, Merkezi Aziýanyň sebitleýin utgaşdyryjy habar beriş Merkeziniň müdiri Miralizoda Rustam çykyş etdiler. 

Okuw çäresiniň dowamynda, oňa gatnaşyjylar ýiti ýokanç keseliniň ýaýran döwründe hukuk goraýjy edaralaryň işinde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de çylşyrymly ýagdaýlarda täsir ediş çäreleri görmek babatda tejribe alyşdylar.