Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13 Iýun
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, şolaryň esasynda hususy kärhanalary döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady bähbidine ünsi çekdi, munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň doly berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere meýilleşdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýän we guýularyň netijeliligini artdyrmagyň hasabyna nebitiň gazylyp alnyşynyň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe maýa goýum taslamalarynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýerli çig mallaryň esasynda metallurgiýa kremnisiniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň agyr senagatyny ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän wajypdygyny aýtdy hem-de ýerli çig malyň esasynda uly isleg bildirilýän gurluşyk önümlerini öndürmegi mundan beýläk-de içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamlaryny döretmegiň we işe girizmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň degişli Kanunlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýat we şäher häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň döredilýändigini, bu işleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek ýoly bilen mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksadynda 2019-njy ýyldan başlap, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli Konsepsiýasynyň amala aşyrylýandygyny nygtady. IT-hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegi bu Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Milli Liderimiz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ulgamy ösdürmek boýunça işleriň möhüm bölegini ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň, şol sanda milli torly giňişligiň gerimini giňeltmek boýunça kanunçylyk goldawyny işläp taýýarlamakda, internet-hyzmatlar toplumyny hödürlemekde möhüm işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow içerki we daşarky bazarlarda dokma önümleriniň ýerlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmeginiň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmagynyň netijesinde, türkmen dokmasynyň diňe bir içerki däl, eýsem, halkara bazarlarynda hem bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýandygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi — 2020-ä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda guramak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň hem-de baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetiniň möhümdigini nygtap, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny kämilleşdirmekde, milli mirasymyzy giňden wagyz etmekde, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmekde munuň möhüm ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ylmy-barlag edaralarynyň kuwwatyndan peýdalanmagyň ugurlaryny giňeltmegiň, ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini we bilimlerini ulanmagyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine ýokarda agzalan Maksatnamany durmuşa geçirmek, ykdysady diplomatiýanyň ýörelgelerini amala aşyrmak, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüneçekijiligini ýokarlandyrmak, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça maksadalaýyk işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

20-nji iýunda Mejlisiň 10-njy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär, şonda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan täze kanunçylyk resminamalaryna garalar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine hem-de maksatlaryna ygrarlydygyny nygtady, bu doktrinada parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň we onuň serhetleriniň mizemezliginiň strategiki esaslary kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.