Gümrük habarlary

Wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň 135-nji we 136-njy mejlisleri geçirildi
26 Iýun
Wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň 135-nji we 136-njy mejlisleri geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edara binasynda wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň 135-nji we 136-njy mejlisleriniň işine gatnaşyldy. 

Mejlisiň dowamynda Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamyna 2022-nji ýyl üçin üýtgetmeler, maliýe meseleler we 2020-2021-nji ýyl üçin býujeti tassyklamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Gurama agza döwletleriniň indiki ýüzbe-ýüz duşuşygy 2020-nji ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirildi.

1993-nji ýylyň 17-nji maýyndan ýagny, Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiň döredilmegini tassyklaýan Konwensiýa goşulan senesinden başlap Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň agzasy bolup durýandygyny ýatladýarys. 

Bu gurama bilen hyzmatdaşlygymyz soňky döwürde işjeňleşdirildi. Ozal habar berilişi ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Gullugymyzdan 21 sany harby gullukçynyň gatnaşmagynda  Täzeden seredilen Kioto konwensiýasy diýlip atlandyrylýan Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça halkara konwensiýasyna goşulyşmak meselesine baglaşylan Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri bilen sanly wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Şeýle hem, Harytlary beýan etmegiň we kodlara bölmegiň sazlaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak bilen bagly we bu ugurda ýüze çykyp biljek meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşygynyň ýakyn günlerde geçirilmegi hem meýilleşdirildi.