Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27 Iýun
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmek boýunça degişli işler geçirilendigi barada hasabat berip,  munuň ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu toplumyň durnukly işlemeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine sazlaşykly goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi jemlemek hakynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz her ýyl geçirilýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegine itergi berýän hem-de täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýän «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik çäresiniň ähmiýetini belläp, onuň jemleýji dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de Medeniýet hepdeligini geçirmegiň nobatyny dabaraly ýagdaýda Lebap welaýatyna bermegi tabşyrdy, ol Lebap welaýatynda indiki ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz, şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de medeniýet ulgamynyň işgärlerine hormatly atlary dakmak mynasybetli dabaralary bu wakalaryň ähmiýetine kybap ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada habar berdi.

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek babatda halkara maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Bu resminama BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we agza ýurtlaryň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy bu daşary syýasy ýeňiş bilen gutlap, milli Liderimize giň gerimli asylly işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu waka ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga we ösüşi üpjün etmäge saldamly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu resminamanyň biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de bu abraýly halkara Guramasynyň degişli köptaraplaýyn resminamalarynda tassyk edilen Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyny belleýän ýylymyzda kabul edilmeginiň aýratyn many-mazmunynyň bardygyny nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça bütindünýä bileleşiginiň bähbitlerine Baş Assambleýanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak meseleleri boýunça örän möhüm Rezolýusiýalary işläp taýýarlandygyny we kabul edendigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz aýdyşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň giň manysy bar. Bu sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewiligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini has-da artdyrýar. Sebäbi, medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, kämillige, parasatlylyga eýlenen dürdäne goşgulary il-ýurda wepalylygyň beýik mekdebine öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň erkinlik, abadançylyk, agzybirlik baradaky belent arzuw-hyýallary häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy, ähli medeniýet işgärlerimizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan döredijilikli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.