Habarlar

Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine
28 Iýun
Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine

Gadyrly döredijilik işgärleri we «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly atlara mynasyp bolmagyňyz hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Häzirki döwürde mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy, raýatlaryň jan saglygynyň goraglylygynyň üpjün edilmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde, etraplarynda we obalarynda medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabaralar, medeni-köpçülikleýin çäreler merdana halkymyzyň hoşniýetlilige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan döwrebap ýörelgelerini has-da kämilleşdirýär, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterýär. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň durmuşyndaky möhüm wakalar, beýik özgertmeler ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň kalbynda täze döredijilik joşgunyny, çäksiz buýsanjy döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Ajaýyp döwrümiziň taryhy özgerişlerinden köňülleri joşgunly medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýär.

Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň her ýylda geçirilmegi milli sungatymyzy, edebiýatymyzy, metbugatymyzy täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda, aýratyn zehini, hünär ussatlygy bilen tapawutlanýan ýazyjy-şahyrlary, medeniýet, sungat işgärlerini höweslendirmekde, il içinden täze zehinleri ýüze çykarmakda özboluşly ýörelgä öwrüldi. Bu bäsleşige gatnaşyjylaryň sanynyň her ýylda köpelmegi, bäsleşikde göz öňünde tutulan ugurlar boýunça

döredilýän eserleriň hiliniň yzygiderli ýokarlanmagy, many-mazmunyň kämilleşmegi medeni-ruhy gymmatlyklarymyza, döredijilik işine goýulýan hormat-sarpanyň ähmiýetini barha artdyrýar. Bäsleşige hödürlenýän eserleriň her biri halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň belent waspyna öwrülýär.

Ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şöhratly wakalary dabaralandyrmak, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň täze ösüşlerini aýdyň ýüze çykarmak maksady bilen, «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilýän günlerinde sylaglamagy makul bildik. Bu bolsa medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan döredijilikli, halal zähmetine döwletimiziň uly hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärleri!

«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijileri!

Siz geljekde hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge öz mynasyp goşandyňyzy goşmalysyňyz. Siziň ylhamdan doly kalbyňyzdan joşup çykjak, çuň many-mazmunly we ýokary derejede çeper eserleriňiz raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermelidir, watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrmalydyr.

Sizi Türkmenistanyň hormatly atlaryna eýe bolmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, zehiniňiziň hemişe gaýnap joşmagyny, döredijilik işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW