Habarlar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi
28 Iýun
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi

2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda dynç güni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi. Bu bolsa çagalaryň dynç alyş möwsüminiň ýatda galyjy wakalara beslenmegini şertlendirdi.

Gyzgalaňly tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyjaklary bilen bilelikde atçylyk toplumyna bardy, diýip TDH habar berýär.

Ahalteke bedewlerine gadyr goýmak ýörelgesi milli Liderimiziň agtyjaklarynyň türkmen atlaryna söýgi bilen garamaklaryna ruhlandyrýar. Olar mähriban atasy bilen atçylyk toplumyna gelip, ahalteke bedewleri bilen didarlaşýandyklaryna begendiler.

Döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen toplumyň çägi bilen ýöräp barşyna bu ýerleriniň gözelligini synlady. Bu ýerlerde ýylyň ähli paslynda amatly howa we ekologiýa gurşawy saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen toplumyň ýapyk manežine geldi. Bu ýere milli Liderimiziň agtygy, at çapmakda ussatlygyň ýokary derejesini, bedew seýislemekde birnäçe gezek kämilligini görkezen Kerim ajaýyp ahalteke bedewlerini açyk maneže alyp geldi.

Şu pursatda döwlet Baştutanymyzyň uly agtygy Enejan bedewiň suratyny çekmäge başlady. Milli Liderimiziň beýleki agtyjagy Aýgül özüniň zehin siňdirip dokan alajasyny bedewiň boýnuna dakdy. Hormatly Prezidentimiziň agtyjagy Aýjeren hem özüniň bedewiň boýnuna dakmak üçin niýetläp alaja dokandygyny aýtdy. Aýjeren dokan alajasyny behişdi bedewiň boýnuna dakdy. Döwlet Baştutanymyz agtyjaklarynyň döreden el işlerine guwandy.

Bularyň ählisi dürli hünärlerden baş çykarýan we islendik asylly işe tutuş durky bilen berilýän hem-de oňa gujur-gaýratyny, bilimini, yhlasyny, zehinini siňdirýän atanyň asylly ýörelgeleriniň ösdürilýändigini äşgär edýär. Munuň özi milli gymmatlyklaryň dowamatlylygynyň gadymy ýörelgeleriniň aýawly saklanylýandygyny alamatlandyrýar.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýjereni bedewe mündirdi. Şu pursatda begenjinden uçaýjak bolýan agtyjagyň atasyna bolan guwanjy aýdyň duýulýar.

Hormatly Prezidentimiz agtyjagy Aýjereni bedewden düşürip, oňa özi atlandy we manežiň çapuw ýodasynda öwrüm etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Şapolat atly bedewe atlandy we manežiň çapuw ýodasynda öwrüm etdi.

Milli Liderimiz agtyklary bilen suratkeş agtygy Enejanyň çeken suratyny synladylar. Kagyzyň ýüzünde buýsançly ahalteke bedewiniň keşbini janlandyran Enejan öz eserinde ajaýyp bedewiň özboluşly aýratynlyklaryny kämil derejede şekillendirdi. Munuň özi yhlas bilen kämillik ýoluna düşen ýaş suratkeşiň yhlasynyň, zehininiň aýdyň miweleri bolup durýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen ýadygärlik surata düşdi. Munuň özi ahalteke bedewlerine aýratyn buýsanç duýgusy bilen garaýan çagalaryň durmuşynda iň ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz we milli Liderimiziň agtyjaklary ynsan gylykly bedewler bilen hoşlaşyp, atçylyk toplumyndan “Altyn köle” tarap ugradylar.

... Milli Liderimiziň gatnaşmagynda 15-nji iýunda “Altyn kölüň” kenarynda bina edilen dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki güne çenli bu ýerde häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy emele geldi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän täsin kölüň keşbi düýpli özgerdi. Bu ýerde Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýetlenen giň mümkinçilikler döredildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen “Altyn kölüne” geldi. Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýörite suw ulagyna münüp, kölde birnäçe öwrüm etdi. Tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirýän çagalar bu purstatlara has-da begendiler.

Döwlet Baştutanymyz ösüp barýan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly adamlar üçin bolşy ýaly, çagalar üçin hem oňyn şertleri özünde jemleýän dynç alyş-sagaldyş merkezleri hereket edýär.

Häzirki wagtda ýaşajyk türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de saglyk üçin peýdaly geçirmekleri ugrunda ähli mümkinçilikler bar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň mekany hökmündäki ornunyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli Liderimiz agtyklary bilen suw ulagynda ýüzüşi tamamlap, kölüň kenaryna geldi. Soňra döwlet Baştutanymyz we agtygy Kerim hersi bir skuterde kölde ýüzüşi amala aşyrdylar. Kölüň kenarynda hormatly Prezidentimiziň maşgala agzalary bu ýerden açylýan ajaýyp görnüşleri, töweregiň tebigy aýratynlyklaryny we kölüň kenarynda emele gelen dynç alyş düzümine degişli desgalary synladylar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, şeýle hem dynç alyş ähmiýetli ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýüzüşi tamamlap, kenara çykdy we Aşgabadyň ýakasyny bezäp oturan bu kölüň täsin gözelligini synlady.