Habarlar

Daýhanlaryň bugdaý ýygnamak baradaky borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine bagyşlanan dabara
30 Iýun
Daýhanlaryň bugdaý ýygnamak baradaky borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine bagyşlanan dabara

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.    

Mejlis başlamazdan öňürti, hoş habara — gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi.

Her welaýatyň elleri bugdaý desseli we ak bugdaýdan doldurylan horjunly çagalary zala girdiler.

Çagalar milli Liderimizi goşgy setirleri bilen şatlykly gutladylar. Sahawatly türkmen topragyny we zähmetsöýer daýhanlary, olaryň yhlasy bilen ýetişdirilýän berekedi wasp etdiler. Şeýle hem körpeler mähriban Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Arkadag Prezidentimiziň asylly işlerine bagyşlanan goşgulary okadylar.

Her welaýata wekilçilik edýän oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, zähmetkeş adamlar hakynda edýän aladasy, ýokary hasyl almak we oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halal zähmetiň derejesini belende götermek ugrunda edýän aladasy üçin welaýatlaryň zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Körpeler milli Liderimizi galla oragynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bugdaý desselerini gowşurdylar.

Welaýatlaryň gallaçy zähmetkeşleriniň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi, Balkan welaýatynyň häkimi, Daşoguz welaýatynyň häkimi, Lebap welaýatynyň häkimi, Mary welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlaryny berdiler.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şöhratly pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny dowam edýän ýaş nesilleriň joşgunly çykyşlary bu günki dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çagalaryň nurana ýüzleri, şadyýanlygy, dabaranyň belent ruhy oba zähmetkeşlerine, gallaçy kärendeçilere bildirilýän hormat-sarpany aňlatdy.

Gallany öz eliň ýa-da kombaýn bilen oranyňda bolsa, aýratyn ýakymly duýgulary başdan geçirýärsiň. Sebäbi çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşi hem hasaplanýar. Arzyly myhman ýönelige duz-çörek bilen garşylanmaýar. Ýakyn adamyň uzak ýola çöreksiz ugradylmaýar.

Munuň özi halkymyzyň asylly dessurlarydyr, asyrlardan gözbaş alýan däpleridir. Bu däpler häzirki döwürde diňe bir dowam etdirilmän, eýsem, täze many-mazmun bilen hem baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Haçan-da, gyzgynjak çöregiň ýakymly ysyny alyp, tagamyny dadanyňda bolsa, halkyň ykbalyna, gallaçy daýhanyň mukaddes kärine özüňi hem dahylly duýýarsyň. Ine, şu görnüşlere ýüregim joşup, kalbymda mukaddes bugdaý, daban azaby bilen galla ýetişdirip, Watana, ene topraga çäksiz söýgüsini siňdirýän zähmetkeş daýhanlarymyz barada şahyrana setirler döredi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýazan goşgusyny okap berdi.

BUGDAÝ

Säher synlap bereketli meýdany,

Göwnüm tapdy ylham-heýjany, bugdaý!

Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany!

Çoýup dur çoguna dünýäni, bugdaý!



Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym,

Bagtyň baky mukamydyr Watanym!

Ýurdum diýip, belent maksat tutanyň

Joş urar döwleti, döwrany, bugdaý!



Ýeriň mähri, Arşyň rehmeti bilen,

Durmuşyň höziri, rehneti bilen,

Jepakeş ilimiň zähmeti bilen

Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!



Ojaklar otludyr, saçaklar doly,

Döwletim rowaçdyr, açykdyr ýoly,

Halkym yhlasyndan tapýar kemaly,

Ýaşaýşyň dowamat-dowamy, bugdaý!



Daýhan, güýç goşulyp kuwwat-güýjüňe,

Nur-bereket insin altyn çäjiňe!

Meňzäp topragymyň tylla täjine,

Şugla saçsyn mydam Gün ýaly, bugdaý!

Milli Liderimiziň ýürekden gaýdýan joşgunly goşgy setirleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.