Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
30 Iýun
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onuň başynda milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda hökümet agzalary bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, galla oragynyň gidişi, agrosenagat toplumynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleri bilen tanşandyklaryny belledi. Daýhanlara döwletiň goldaw bermegi netijesinde uly üstünlikler gazanylýar.

Şeýle hem ýerlerde kuwwatly tehnikalar bar, bol gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertler üpjün edilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, tolkunyp duran altynsow ak bugdaýly meýdanlary synlanyňda, rysgal-berekediň nyşany bolup, kalbyňda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi ykbalyny ene topraga baglan jepakeş daýhanlarymyzyň yhlasynyň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy türkmen halky üçin möhüm sene bolan pygamber ýaşyna ýetmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagy, şolaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň dürsdügine we netijelidigine güwä geçýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň adyndan iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň milli goşunlarynyň kuwwatynyň berkidilmegine, goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly harby özgertmeler üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýurdumyzyň sebitleriniň hem-de paýtagtymyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Häkim milli Liderimize ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan işlerinde uly üstünlik, bagt we abadançylyk arzuw edip, oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladasy, obasenagat toplumyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň ýokary derejeli durmuşy we netijeli zähmeti ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Täze oba-şäherler, ýaşaýyş jaý toplumlary, çagalar baglary, mekdeplerdir beýleki medeni-durmuş we önümçilik desgalary giň gerim bilen gurulýar.

Milli Liderimiz merdana daýhanlarymyzyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge uly goşant goşandyklaryny buýsanç bilen belledi. Watan ammaryna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy. Ammarlarymyz galladan, saçaklarymyz mele-myssyk nandan doly bolsa, adamyň başga näme kemi bolup biler?!

Gazanylýan bu üstünlikler merdana halkymyz bilen bilelikde agzybirlikli alyp baran yhlasly we tutanýerli işlerimiziň netijesidir. Men geljekde hem şular ýaly, el-ele berip zähmet çekip, ata Watanymyzy ösdürmek, dünýädäki abraýyny has-da artdyrmak boýunça öňümizde goýan belent wezipelerimizi üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.