Gümrük habarlary

Harytlary beýan etmegiň we kodlara bölmegiň sazlaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslahaty
5 Iýul
Harytlary beýan etmegiň we kodlara bölmegiň sazlaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslahaty

2020-nji ýylyň 29-njy iýuny-1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Harytlary beýan etmegiň we kodlara bölmegiň sazlaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuwyň maksady Harytlary beýan etmegiň we kodlara bölmegiň sazlaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak bilen bagly we bu ugurda ýüze çykyp biljek meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de halkara tejribesi bilen tanyşmakdan ybarat. Oňa gümrük statistikasy we gümrük tölegleri boýunça işleýän işgärler gatnaşdy. 

Okuwy Bütindünýä gümrük guramasynyň sekretariatynyň gümrük attaşesi jenap Ýuriý Andriýanow alyp bardy. Okuwyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar Konwensiýanyň umumy düzgünleri we oňa goşulyşmagyň oňyn taraplary barada maglumat aldylar. Şeýle hem, jenap Ýuriý Andriýanow Sazlaşdyrylan ulgamynyň Esasy Düzgünlerini mysallar arkaly düşündirdi, enjamlaryň we toparlara bölünişi hem-de Guramanyň Sazlaşykly ulgam boýunça komitetinde garalýan käbir meseleler bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem, iş tejribede ýüze çykýan dürli meseleler sorag-jogap arkaly  hem ara alnyp maslahatlaşyldy.