Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTARA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
11 Iýul
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTARA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň wekiliçiliginde türkmen-rumyn we rumyn-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň Başlyklary, şeýle-de iki ýurduň deputatlary wekiliýetleriň düzümine girizildi.



Taraplar iki dostlukly ýurduň parlamentleriniň işine degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň saklanylmagyna we ösdürilmegine ymtylýandyklaryny tassykladylar.



Şeýle-de syýasy we medeni ulgamlarynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin bilimleriň hem-de tejribeleriň alyşylmagy boýunça işjeň ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.



Dünýä çygryndaky pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, söhbetdeşler Türkmenistanyň we Rumyniýanyň parlamentleriniň onlaýn görnüşindäki yzygiderli duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berdiler.