Habarlar

DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR
18 Iýul
DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.



Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.



Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz gorlaryny hem-de Günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda açylan täze nebit ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýalaryny we tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny işjeň çekmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.



Hormatly Prezidentimiziň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidilen netijeli başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny döretmäge gönükdirilendir.



Bu ulgamda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.



Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 2009-njy ýylyň dekabrynda bu gaz geçirijiniň ulanylmaga berlen wagtyndan bäri geçen döwürde her ýyl HHR-e, ilkinji nobatda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ýokary hilli türkmen tebigy gazynyň ençeme milliard kub metri eksport edilýär.



Bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak üçin «Gazprom» bilen baglaşylan 5 ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna tebigy gazyň iberilýändigini bellemek zerurdyr.



Eksport bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesi energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň okgunly ösýändigi bilen şertlendirilendir.



Hususan-da, şolaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin öndürýän desga, Gyýanlydaky ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen öndürýän polimer zawody hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod bar.



Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uludyr. Bilermenler şolaryň gorlarynyň nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonna, şeýle hem tebigy gazyň 6,1 trillion kub metre barabardygyny çaklaýarlar.



Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we onuň möhüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tassyklan strategiýasynyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.