Habarlar

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ NUSGAWY DÄBI
22 Iýul
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ NUSGAWY DÄBI

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada esasy ugry bolup durýan durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy we baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz düzümlerine öwrüldi. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine we ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen ägirt uly başlangyçlaryna laýyklykda Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi. Aziada-2017 ýaryşlarynyň geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk taslama öwrüldi, biziň ýurdumyz iri möçberli ýaryşlary kabul etmäge ukyply sport döwleti derejesine eýe boldy. 2018-nji ýylda üstünlikli geçirilen “Amul-Hazar” Halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga ýardam etdi. Awtoralliniň ugry taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçdi. Şeýlelikde, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň doly hukukly agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketini giňeltmäge hem-de wagyz etmäge ýardam edýär. Türkmenistan dünýäniň sport durmuşynda iri, şanly çäreleriň başyny başlamak hem-de geçirmek bilen, dünýä halklaryny we yklymlaryny ýakynlaşdyrýar. Sport ähli döwürlerde parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi bolup hyzmat etdi, şonuň üçin milli Liderimiziň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi sporty ösdürmekde, olimpiýa we bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň gymmatlyklaryny ilerletmekde Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň üstünliginiň, şeýle hem eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli taglymlarynyň we asylly başlangyçlarynyň töwereginde türkmenistanlylaryň jebisliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.