Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
28 Iýul
TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi.

Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilip, bank ulgamyna innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň düzüminiň, önümleriniň hem-de döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak, ätiýaçlandyrmak işlerini geçirmek üçin ulgama her gün birnäçe gezek girip çykýarlar. Türkmenistanda dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank önümi arkaly hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň mukdary artýar.

Terminallaryň üsti bilen bank kartlary arkaly söwda hem-de hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik togy), Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini hasaba goýmak, tehniki pasport almak, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtomobil döwlet belgilerini, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulagy dolandyrmak boýunça synag üçin tölegler geçirilýär.

“Türkmennebitönümlerine” degişli awtomobillere ýangyç guýujy beketlerde ykjam töleg terminallary arkaly bank kartlary bilen ýangyç üçin tölemäge mümkinçilikler döredildi, jemgyýetçilik ulagynda ýol üçin töleg geçirilende ulanylýan plastik ýol kartlarynyň üstüni doldurmak üçin ykjam terminallar oturdyldy.

“Aşgabadyň şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmentelekom” hem-de “Türkmenpoçta” döwlet kompaniýalarynyň ähli kassalarynda nagt däl görnüşde töleg geçirmek mümkinçiligi bar. Banklaryň müşderileri öýjükli telefonlarynyň, IP-telewideniýe we internet hasaplarynyň üstüni doldurmak üçin “Internet-bank” hem-de “Mobile bank” ykjam bank hyzmatlaryny giňden ulanýarlar. Ýörite goşundylar arkaly bolsa “Türkmendemirýollary” agentliginiň demir ýol ulagynda hem-de “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň şäherara awtobuslarynda ýol peteklerini satyn alyp bilýärler.

Ýurdumyzyň banklary ýyllyk 5 — 7 göterimli “Goýum bank karty” açmak boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Onda “Maşgala” karty esasynda müşderiniň islegi boýunça maşgala agzalary kesgitlenen mukdaryň çäklerinde töleg kartynyň serişdelerini ulanyp bilýärler.

Dünýä tejribesi içgin öwrenilenden soňra, Türkmenistanyň kadalaşdyryş binýadyna degişli üýtgetmeler girizildi. “Cash back» hyzmatlary peýdalanylanda, yzyna gaýtarylýan pul serişdeleriniň paýy ýurdumyzyň karz edaralarynyň müşderileri tarapyndan amala aşyrylýan nagt däl amallaryň möçberiniň 0,5 — 2 göterimine deňdir. Bu hyzmatyň artykmaçlyklaryndan peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek.

 “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda “Altyn asyr” bank karty boýunça berilýän owerdraft görnüşli karz bermek ulgamynyň ornaşdyrylmagyny innowasiýa häsiýetli bank hyzmatlarynyň üstünlikli sanlylaşdyrylýandygynyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar hem-de hyzmatdaşlygyň sanly usullarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi müşderilere zerur derejede, zerur ýerinde hem-de zerur wagtynda bank hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.