Habarlar

MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
30 Iýul
MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY

Düýn zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumyna baryp, athanada Garlawaç atly mele bedewiň ýanyna geldi.

Hormatly Prezidentimiz athananyň gapysyny açyp, bedewe kelleki dakdy. Döwlet Baştutanymyz onuň beden gurluşyny synlap, milli seýisçilik däplerine laýyklykda biraz salym oňa ideg etdi, soňra bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Häzirki döwürde Diýarymyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen türkmen halkynyň milli buýsanjy ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler ýaýbaňlandyryldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir atçylyk pudagynyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň – atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň tutuş nesliniň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemeli.

Bedewli gezelençden soň, döwlet Baştutanymyz ony athana getirdi, onuň kellekisini aýyrdy we bedewiň öňüne ot dökdi. Soňra bolsa Garlawajy arassa suwa ýakdy. Milli Liderimiz ýörite dürüşde taýýarlap, bedewi iýmledi. Edilýän idege hoşallygyň nyşany hökmünde üşükli Garlawaç öz eýesine başyny atdy.

Taryhyň dowamynda bedewlere ideg etmegiň kämil nusgasyny kemala getiren türkmen seýisleriniň atşynaslyk işi häzirki wagtda ylmy esasda ösdürilýär. Şonda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we täzeçil usullar giňden peýdalanylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işler özüniň ajaýyp miwesini berýär.

Mähriban halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren hem-de kemala getiren şöhratly ahalteke bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr. Bu gün milli atçylygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän netijeli usullaryň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini görkezýär.