Habarlar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
1 Awg
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip TDH habar berýär.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak däbiniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimize doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Bu kesel örän giň çäkleri gurşap alyp, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen “Lapis Lazuli” ylalaşygynyň çäklerinde döredilen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ädim boldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýene-de birek-biregi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de asylly işlerinde üstünlikleri, türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.