Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
1 Awg
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip TDH habar berýär.

Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Taraplar ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändiklerini belläp, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, açyklyk esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly we sazlaşykly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklara, iki goňşy halky baglanyşdyrýan umumy ruhy hem-de medeni gymmatlyklara esaslanýar. Munuň özi iki halkyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny aňladýar. Ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň bar bolan ýokary derejesi hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we eýeleýän ornunyň ýakynlygy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek hem-de doganlyk halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen we halkara durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňüni alyş işleri ýaly möhüm meselä deglip geçildi.

Milli Liderimiz ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň öz wagtynda guralandygyny we wajypdygyny aýtdy. Şonuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam eder. Onuň netijeli peýdalanylmagy söwda gatnaşyklarynyň berkidilmegine, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam eder.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Gurban baýramy mynasybetli özara gutlaglary aýdyp, birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.