Habarlar

«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary
5 Awg
«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, diýip TDH habar berýär.

Žurnalyň täze sanynyň mazmunyny taryhçy alymlaryň we arheologlaryň, etnograflaryň we medeniýeti öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň makalalary düzýär. Olar häzirki zaman ynsanperwer ylymlarynyň ösmegi üçin häsiýetli bolan umumy kanuna laýyklyklary beýan edýär.

Däp bolan «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölüminde Magtymguly Pyragynyň döwrüni we döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmegiň netijeleri baradaky makalalar toplumy çap edilýär. Şolarda tutuş dünýäde beýik nusgawy şahyryň şahsyýetine, garaýyşlaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine beslenen ajaýyp eserlerine bildirilýän uly gyzyklanma öz beýanyny tapýar.

«Şähryslamyň külalçylyk önümleri» atly makalanyň awtory dürli çeşmelere hem-de arheologik gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan gadymy gymmatlyklara salgylanyp, senediň bu görnüşiniň ösüş taryhy barada gyzykly maglumatlary getirýär.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölüminde «Abu Aly Ibn Sina Nesiminiň dünýägaraýyşynda» atly makala ýerleşdirilipdir. Onda orta asyr yslam filosofiýasynyň meşhur akyldaryň edebi eserlerine täsiri seljerilýär.

«Türkmenistanda pul-haryt gatnaşyklarynyň gözbaşy» atly makalada taryhy çeşmeleriň–milli gymmatlyklaryň arasynda gadymy pullary, olaryň üsti bilen pul-haryt gatnaşyklaryny öwrenýän numizmatika ylmynyň ähmiýetiniň uludygy nygtalýar. Makalada bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň çäginde pul dolanyşygy biziň eýýamymyzdan ozalky IV asyryň ahyrynda başlanypdyr.

«Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölüminde geçen ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-ylmy we medeni durmuşyndaky çärelere syn berilýär.

Bu bölümde döwlet Baştutanymyzyň ylmy-tehniki ösüş we durmuş ugurly syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň gazananlaryny ulanmak babatda amala aşyrýan syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýän möhüm ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapdy.

Köp sanly suratlar türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Miras» žurnalynyň awtorlarynyň makalalarynyň üstüni ýetirýär. Munuň özi žurnalyň dünýäniň köp ýurtlarynda giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.