Gümrük habarlary

Türkmenistanda öndürilýän jorap önümlerine daşary ýurtlarda islegler artýar
8 Sen
Türkmenistanda öndürilýän jorap önümlerine daşary ýurtlarda islegler artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri öz netijelerini berýär. Bu ugurda importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ähli ýerlerde importyň ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan kärhanalar açylýar. Telekeçilerimiziň we haryt öndürijilerimiziň mümkinçilikleri giňeýär.

Bu oňyn işleriň netijesinde ýurdumyzdan çykarylýan eksport harytlarynyň möçberi hem artdyrylýarýar. Türkmenistanda öndürilen harytlara daşary ýurtlarda islegler ýokarlanýar. Telekeçi S.Annakowyň kärhanasynyň «Akar» haryt nyşany astynda öndürýän jorap önümleri hem uly islegden peýdalanýar. Ýewropa hiline laýyk gelýän bu jorap önümleriniň eksport edilýän möçberi bu barada şaýatlyk edýär. 

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 560 961 müň jübit jorap önümi eksport gümrük düzgüninde resmileşdirildi. Haryt tapgyrlary esasan Russiýa Federasiýasyna we Gazagystan Respublikasyna eksport edildi. 

Bu görkezijiler örän guwandyryjydyr we olar täze maksatlary goýmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijilerine täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!