Gümrük habarlary

Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde «EKO-93 kysymly ulag benzininiň» eksporty ýokarlandy
11 Sen
Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde «EKO-93 kysymly ulag benzininiň» eksporty ýokarlandy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýylynda döwletimiziň ähli işleri şowlylyk bilen başlanýar. 

Ahal welaýat gümrükhanasynda eksport gümrük düzgüninde resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýalaryna laýyklykda şu ýylyň sekiz aýynda «EKO-93 kysymly ulag benziniň» eksporty birsyhly artýar.     «EKO-93 kysymly ulag benzini», «Dizel fraksiýasy» we «Suwklandyrylan gazy» «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümleridir. «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» şeýle-hem, «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamalara eýe bolan bu zawod geçen ýylyň iýun aýyndan bäri işleýär. 

Belläp geçişimiz ýaly, Ahal welaýatynyň iş çägindäki, ýagny «Diýar» gümrük nokadynyň üsti bilen Türkmenistanyň önümi bolan «EKO-93 kysymly ulag benzini», «Dizel fraksiýasy» we «Suwklandyrylan gazy» häzirki wagtda Rusiýa Federasiýasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Gruziýa, Welikobritaniýa, Özbegistan Respublikasy, Bolgariýa we Daniýa ýaly ýurtlara iberilýär. Isleg bildirýän ýurtlaryň sany artýanlygy sebäpli  gelejekde bu önümçiligiň mukdaryny hasda artdyrmak boýunça dowamly işler alnyp barylýar.  

Munuň özi, tebigy gazyň düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegi netijesinde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köp mukdarda iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän eýsem, eksportuň haryt düzümini ösdürmegiň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna şol bazarda ýurdumyzyň önümlerine islegiň artýandygyna şaýatlyk edýär.